11.09.2020 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Howa kodeksine, Türkmenistanyň Söwda deňiz gatnawynyň kodeksine, “Awtomobil ulagy hakyndaky”, “Demir ýol ulagy hakyndaky” we “Ätiýaçlandyryş hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, hökmany döwlet ätiýaçlandyryş işini kämilleşdirmek hem-de ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçylaryny, howa, deňiz, derýa, awtomobil ulaglarynyň ekipaž agzalaryny we demir ýol ulaglarynyň işgärlerini ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçylarynyň, howa, deňiz, derýa, awtomobil ulaglarynyň ekipaž agzalarynyň we demir ýol ulaglarynyň işgärleriniň hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy hakynda Düzgünnama tassyklanyldy.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy bilen ylalaşyp, Ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçylarynyň, howa, deňiz, derýa, awtomobil ulaglarynyň ekipaž agzalarynyň we demir ýol ulaglarynyň işgärleriniň hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy boýunça ätiýaçlyk gorlaryny emele getirmegiň we harçlamagyň Tertibini bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.

“Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna” laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem zawodlar toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna önümçilikde zerur bolan sorujy enjamy we dürli görnüşli sorujy enjamlaryň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň “Helensville Group Limited” kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Durdylyýew Durdyly Baýlyýewiçe käýinç yglan edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Öwezow Baýramgeldi Orazgeldiýewiçe käýinç yglan edildi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Türkmen-Rus uniwersitetiniň, drama teatryň we orta mekdebiň gurluşygy maslahatlaşyldy
Aşgabatda Türkmen-Rus uniwersitetiniň, drama teatryň we orta mekdebiň gurluşygy maslahatlaşyldy
Parahatçylygyň ýaş çaparlary akyl-paýhas bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy
Arkadag şäheriniň edaralaryna ýolbaşçylar bellendi
Daşoguzyň ýörite sungat mekdebinde uçurymlaryň konserti geçirildi
TÝL ― 2023: 5-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar