10-njy sentýabrda Buharestiň Parlament köşgündäki Konstantin Brankuzi galereýasynda türkmen halkynyň žiwopis we amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Çäräni ýurdumyzyň Buharestdäki Ilçihanasy Rumyniýa-Türkmenistan dostlugy Parlamentara topary bilen bilelikde gurady.
Dabara Rumyniýa-Türkmenistan dostlugy Parlamentara toparynyň başlygy Istwan-Ýanoş Antal, rumyn parlamentiniň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Buharestde ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, dürli ýyllarda ýurdumyzda işlän ilçiler Tasin Jemil we Ion Porožan, medeniýet hem-de ylym işgärleri, talyp ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdelerniň wekilleri, şeýle hem rumyn paýtagtynyň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi Annamämmet Annaýew we Rumyniýa-Türkmenistan dostlugy Parlamentara toparynyň başlygy Istwan-Ýanoş Antal gutlag sözi bilen çykyş edip, serginiň dostlukly iki ýurduň arasynda ynsanperwer hyzmataşlygy giňeltmäge saldamly goşant goşmaga niýetlenendigini nygtadylar.
Konstantin Brankuzi galereýasyndaky sergi türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasy barada giňişleýin düşünje berýär.Fotosuratlar ýurdumyzyň arheologiýa we tebigy ýadygärlikleri, Aşgabadyň gözel ýerleri we ýurdumyzyň häzirki durmuşy bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.
Amaly-haşam eserlerinden ýokary çeperçilikli haly önümleri, milli lybaslar we özboluşly el keşdeleri, nepis şaý-sepler hem-de milli saz gurallary görkezilýär.Sergi şeýle hem türkmen nakgaşlarynyň eserleri bilen tanyşdyrýar.
Neşirýat önümleri bölüminde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň işleri görnükli orun tutýar.Dabaranyň çäklerinde türkmen halkynyň datly tagamlary taýýarlanyldy, bu ýere gelenlere türkmen we rumyn halklarynyň iň gowy tagamlary hödür edildi.
Sergi 2019-njy ýylyň sentýabr aýynyň ahyryna çenli dowam eder.