Şu gün paýtagtymyzdaky Mekan köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýy geçirildi.Beýik Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen forumyň işine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Ýaşlar guramasynyň ýurdumyzyň şäherleriniň hem-de welaýatlarynyň derejesindäki düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen gurultaýyň gün tertibine Ýaşlar guramasynyň öňünde durýan möhüm meseleler, häzirki döwürde döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşiniň tapgyrlary we birnäçe guramaçylyk meseleleri girizildi. Ýaşlaryň bu gezekki gurultaýynyň ýurdumyzyň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilmeginde çuňňur many bar. Çünki hormatly Prezidentimiz berkarar Watanymyzyň geljeginiň ýurduň kuwwaty, mertebesi we abraýy bolan ýaşlar bilen berk baglanyşyklydygyny nygtaýar.
Gurultaýa gatnaşyjylaryň garamagyna forumyň gün tertibi hödürlenilýär.Ol biragyzdan tassyklanylýar.Soňra Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy S.Babaýew geçen gurultaýdan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylan çäreler barada çykyş etdi.
Bellenilişi ýaly, döwletimiziň giň möçberli üstünlikleri, Diýarymyzyň barha belende galýan halkara abraýy, halkymyzyň bagtyýar durmuşy milli Liderimiziň ýurdumyzyň ýaşlarynyň işine esasy ugur edinýän paýhasly, öňdengörüjilikli syýasaty bilen berk baglanyşyklydyr. Ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi bilen baglanyşykly meselelere döwlet derejesinde ähmiýet berilýär, olaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi, ýokary hilli bilim almagy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Iri senagat kärhanalarynyň ulanylmaga berilmegi netijesinde ýaşlar täze iş orunlary bilen üpjün edilýär.Milli Liderimiziň başlangyjy bilen, Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.Onda ýaşlar syýasatynyň hukuk esaslary berkidildi we Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Çykyş edýän döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watany söýmek, halkymyza hem-de Watanymyza päk ýürekden gulluk etmek, milli mirasymyza hormat goýmak ýörelgeleriniň nusgalykdygyny, munuň bolsa ýaşlary ýurdumyzyň rowaçlygynyň bähbidine döredijilikli zähmet çekmäge we öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine täzeçil çemeleşmäge ruhlandyrýandygyny belledi.
Hasabatda Ýaşlar guramasynyň 2016 — 2019-njy ýyllarda dürli ugurlar boýunça alyp baran işleriniň maglumatlary beýan edildi.Türkmen ýaşlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän içeri we daşary syýasaty wagyz etmäge, milli ruhy gymmatlyklarymyzy gorap saklamaga, geljekki nesillerde belent ruhy-ahlak ýörelgelerini kemala getirmäge uly goşant goşýandyklary bellenildi. 1991-nji ýylyň noýabr aýynda döredilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň häzirki döwürde 4 müň 973 ilkinji guramasy, 909 müň 765 agzasy bar. Ýaşlaryň has işjeňlik görkezýänleri bu guramanyň hataryna ýyl-ýyldan barha köp çekilýär. Şunuň bilen baglylykda, durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmakda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlaryny ýerine ýetirmekde Ýaşlar guramasyna möhüm ornuň degişlidigi nygtaldy. Ýaşlaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi, boş wagtlaryny netijeli geçirmegi, olaryň arasynda ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň berkidilmegi, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň we sportuň giňden wagyz edilmegi babatda amala aşyrylýan çäreleriň işjeňleşdirilmegi üçin zerur şertleriň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunlukda, ýurdumyzyň beýleki jemgyýetçilik guramalary, döwlet edaralary, şeýle hem ýokary we orta okuw mekdepleri, ylym hem-de medeniýet edaralary bilen bilelikde degişli çäreleriň geçirilmeginiň ähmiýeti bellenildi. Ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda her ýylda bäsleşikler we beýleki medeni çäreler geçirilýär.
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy, Gulbaba adyndaky çagalar baýragy has tapawutlananlara gowşurylýar, şeýle hem ylmy işler boýunça bäsleşik, Ýylyň parlak ýyldyzy, Talyp joşguny, Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri, Merdana nesil, Talyp gözeli, Iň eýjejik gyzjagaz, Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary.
Ylham joşguny, Ezber gözeli we beýleki döredijilik bäsleşikleri, sport ýaryşlary guralýar we telegepleşikler döredilýär.Hasabat döwründe ýaşlar guramasynyň wekilleri dünýäniň 30-a golaý ýurdunda geçirilen halkara maslahatlara we sammitlere gatnaşdylar.
Daşary ýurtlaryň türkmen ýaşlarynyň bilim alýan ýokary okuw mekdeplerine we bilim edaralaryna saparlar yzygiderli guralýar.Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen Özbegistanyň Ýaşlar guramasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.
Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň meýilnamasyna laýyklykda, Ýaşlar we kanun atly kanunçylyk namalarynyň ýygyndysy, 2017-nji ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýanynda Ýaş alymlar merkezi, ylym we bilim edaralarynda bolsa ýaş alymlaryň geňeşleri döredildi. 2016-njy ýylda yashlar.gov.tm elektron saýty açyldy. Çykyş edýän Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ähli agzalarynyň adyndan parahat we bagtyýar durmuş, döwletimiziň we jemgyýetimiziň okgunly ösüşine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi. Ýaşlar guramasynyň paýtagtymyzyň we sebitleriniň bölümleriniň ýolbaşçylarynyň, Ýaş alymlar merkeziniň, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň bölüminiň, talyplaryň we harby gullukçylaryň bölümleriniň ýolbaşçylarynyň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda amala aşyrylýan syýasatyň baş maksady ösüp barýan ýaş nesiller hakyndaky aladadan ybaratdyr. Ýaşlaryň ruhy, ahlak we beden taýdan taýýarlygy bilen baglanyşykly meseleler döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde saklanýar. Ýurdumyzda şöhratly pederlerimiziň ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän ýörelgelere esaslanýan döwlet ýaşlar syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow üstünlikli durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasatynyň kanunçylyk derejesine möhüm üns berýär. Şeýlelikde, Türkmenistanyň ýaş raýatlary syýasy hukuklar we azatlyklar bilen üpjün edilýär.Olaryň döwletimiziň we jemgyýetimiziň ykdysady syýasy hem-de medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagy, olarda ruhy-ahlak ýörelgeleriniň berkarar bolmagy, ösüp barýan ýaş nesilleriň watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelenmegi üçin amatly şertler döredilýär.
Häzirki döwürde ýurdumyzda döwrebap derejede bilim almak, ylym we döredijilik bilen meşgullanmak, ýaş raýatlaryň doly derejeli hukuk we durmuş derejesini üpjün etmek, hukugyny we azatlygyny goramak, ýaş maşgalalara goldaw bermek üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Abraýly halkara düzümler we dürli ýurtlaryň ýaşlar guramalary bilen netijeli gatnaşyklary berkitmegiň wajypdygy nygtaldy.Gurultaýa gatnaşyjylaryň çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaşlar guramasynyň we ähli ýaşlaryň öňünde goýýan anyk wezipelerinde döwlet ösüşiniň täze tapgyrynda döwlet ýaşlar syýasatynyň we milli ösüş strategiýasynyň çäklerindäki ýerine ýetirilmeli işleriň anyk ugurlarynyň kesgitlenendigi barada aýdyldy.
Munuň özi bilim, ösüp barýan ýaşlaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenilmegi, sagdyn durmuş ýörelgeleri, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň giňden wagyz edilmegi, sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy ýaly meselelerden ybaratdyr. Çünki ýurdumyzyň ýaşlarynyň Watana, mähriban halkymyza ak ýürekden gulluk etmegi, hormatly Prezidentimiziň özleri üçin edýän aladasyna mynasyp jogap bermegi, olaryň güýç-gaýraty we maksadaokgunlylygy, Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň bagtyýar geljeginiň bähbidine alyp barýan beýik işleri mynasyp dowam etdirmegi möhüm wezipe bolup durýar.
Umuman, çykyş edenler Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň öňünde durýan wezipelerden ugur alyp, öz işlerini barha ýokarlandyrýandygyny bellediler.Döwletimiziň gazanýan uly üstünlikleri, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýeten sepgitleri ýaşlary döredijilikli zähmete ruhlandyrýar.
VI gurultaýyň mejlisiniň dowamynda oňa gatnaşyjylar guramaçylyk meselesine garadylar.Olar Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň agzalarynyň täze düzümini, onuň ýolbaşçylaryny saýladylar.Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynyň wekilleri guramanyň Merkezi Geňeşiniň başlygy wezipesine Ý.Öwezberdiýewi saýladylar, başlygyň orunbasary wezipesine Ý.Keriýew saýlanyldy. Ý.Öwezberdiýew ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, gurultaýyň wekillerine özüne bildirilen ynam üçin hoşallyk sözlerini aýtdy we öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallasyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaşlar bilen duşuşmak üçin Mekan köşgüne gelmegi gurultaýyň wekilleri üçin garaşylmadyk ýakymly waka öwrüldi.
Munuň özi milli Liderimiziň türkmen ýaşlaryna we ýaşlar syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna möhüm ähmiýet berýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.Gurultaýa gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Ýaşlaryň agzybirlikde aýdýan Arkadaga şöhrat!
diýen sözleri el çarpyşmalar bilen utgaşyp, uly ruhubelentlik döretdi.Döwlet Baştutanymyza ýaşlar forumynyň wekilleriniň adyndan gurultaýda çykyş etmegi haýyş etdiler.Milli Liderimiz sahna çykyp, ýygnananlara gutlag sözi bilen ýüzlendi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan — rowaçlygyň Watany ýylynyň şanly wakasy bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlady we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň täze saýlanan ýolbaşçylaryny tüýs ýürekden gutlady hem-de olara uly üstünlikleri arzuw etdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu gurultaý uly wakanyň öň ýanynda geçýär.Biz ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramyny ruhubelentlik bilen garşylaýarys. Şanly Garaşsyzlyk güni bilen, hormatly ýaşlar, sizi, ýurdumyzyň ähli ýaşlaryny tüýs ýürekden gutlaýaryn, diýip aýtdy.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk her bir ynsanda watançylyk duýgusyny ösdürýän mukaddes düşünjedir.Bu söz özünde ägirt uly many-mazmuny jemlemek bilen, merdana ata-babalarymyzdan bize miras galan eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe we beýik geljegine düýpli düşünmäge mümkinçilik berýär.
Garaşsyzlyk baýramy ata-babalarymyzyň wesýet eden ynsanperwer ýörelgeleriniň doly durmuşa geçirilýändiginiň, özygtyýarly döwlet, adalatly jemgyýet hakynda asyrlarboýy edip gelen arzuwlarynyň hasyl bolandygynyň aýdyň subutnamasydyr.Bu baýram gazanan üstünliklerimize buýsanç döredýän, beýik geljegimize ynamy berkidýän baýramdyr!
Eziz Watanymyzyň iň täze taryhy, biziň üstünliklerimiziň hem-de ösüşlerimiziň ählisi beýik Garaşsyzlykdan başlanýar.Taryh üçin gysga döwrüň içinde dünýä döwletleri bilen dostluk we hyzmatdaşlyk üçin açyk bolan Türkmenistan ösüşiň demokratik ýoluna gyşarnyksyz eýerýändigini tassyklady. Ýurdumyz kuwwatly we abadan döwlet hökmünde dünýädäki abraýyny has-da berkitdi.
Ygtybarly, açyk, howpsuzlygy kepillendirýän hyzmatdaşa, parahatçylygyň merkezine öwrüldi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.Milli Liderimiz gurultaýa gatnaşýan göreldeli okuwçylara hem-de talyp ýaşlara, dürli pudaklarda joşgunly zähmet çekýän ýaşlarymyza berk jan saglyk, uly üstünlikler, bagtyýarlyk we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Goý, Garaşsyzlygyň röwşen ýoly bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly barýan eziz Diýarymyz mundan beýläk-de gülläp össün!Goý, Garaşsyz döwletimiziň, agzybir halkymyzyň at-abraýy we şan-şöhraty dünýä dolsun diýip, hormatly Prezidentimiz gurultaýyň wekillerine ýüzlendi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegine, dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.Gözel Diýarymyzyň obadyr şäherçelerini, etrap merkezlerini, abadanlaşdyrmak, ýokary hilli ýaşaýyş jaý toplumlaryny gurmak, öňdebaryjy tehnologiýaly iri senagat toplumlaryny döretmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Bu özgertmeler döwletimiziň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün edip, halkymyzyň hal-ýagdaýyny düýpli ýokarlandyrmaga ýardam berýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.Parahatçylyk söýüji, hoşniýetli we ynsanperwer ýörelgelere eýerýän, özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegi ileri tutýan Bitarap Watanymyzyň dünýädäki at-abraýy barha ýokarlanýar.
Biz Ýer ýüzüniň halklarynyň dost-doganlyga, abadançylyga, parahatçylyga ymtylýan döwründe diňe milli bähbitlerimize däl, eýsem halkara bileleşiginiň ählumumy maksatlaryna laýyk gelýän giň hyzmatdaşlyk syýasatyny ýöredýäris.Dünýäniň ösüşiniň täze şertlerini, milli we umumadamzat bähbitlerini nazara alyp, abraýly halkara guramalar bilen köpugurly hyzmatdaşlygy alyp barýarys. Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyz döwletimiz syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim, ulag, aragatnaşyk we energetika ýaly ugurlarda iri taslamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine hem işjeň gatnaşýar.
Türkmenistan — rowaçlygyň Watany ýylynda ýokary derejede geçen birinji Hazar ykdysady forumy muny doly tassyklap, ata Watanymyzyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy diýip, milli Liderimiz belledi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, 2016-njy ýylyň 6-njy aprelinde geçen ýurdumyzyň ýaşlar maslahatynda ata Watanymyzyň gazanýan üstünliklerinde, eýeleýän belent sepgitlerinde mähriban halkymyzyň, hususan-da, ýaşlarymyzyň hyzmatynyň örän uludygyny aýratyn belläpdim.
Bu gün hem men Watanymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine ýokary baha berýärin diýdi.Bagtyýar ýaşlarymyz bu gün döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, iň kämil we çylşyrymly tehnologiýaly iri kärhanalarda milli hem-de döwlet maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmak boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürýärler.
Telekeçilik we jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanyp, ykdysadyýetimizi ösdürmäge işjeň gatnaşýarlar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.Ykballaryny sporta baglan ýaş türgenlerimiz bolsa, ussatlygyň ajaýyp nusgasyny görkezip, Garaşsyz döwletimiziň abraýyny has-da ýokarlandyrýarlar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhuny, ynsanperwerlik ýörelgelerini, asylly milli hem-de zähmet däplerini mynasyp dowam edýän ýaş nesillerimiziň mundan beýläk-de ähli gujur-gaýratyny mähriban Watanymyzyň berkararlygyny has-da pugtalandyrmaga bagyş etjekdigine berk ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyzyň sözüniň dowamynda belleýşi ýaly, biziň beýik geljegimiz ýaşlaryň bagtyýarlygy, kadaly ösüşi bilen berk baglydyr.Merdana halkymyzyň watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp häsiýetlerini özünde jemleýän nesilleri terbiýelemegi Watanymyzyň gülläp ösmeginiň örän zerur şertleriniň biridir. Şoňa görä-de, halkymyzyň baý durmuş tejribesine daýanyp, ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni-aň-bilim, beden taýdan ösüşine, döwrebap bilim-terbiýesine hem-de jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin ähli şertleri döretmäge, sagdyn durmuş kadalaryny kemala getirmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Milli Liderimiz bilim özgertmelerinde öňe sürýän baş taglymatym mähriban halkymyza we Garaşsyz Watanymyza bolan egsilmez söýgä ýugrulandyr.Bu taglymat aýratyn hem ýaşlarda iň asylly häsiýetleri — ahlak arassalygyny, ruhubelentligi, ylym-bilime ymtylyşy terbiýelemäge we bilesigeliji bolmaga çagyrýar diýip aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, ylym we bilim adamzadyň ähli ösüşleriniň hem-de özgerişleriniň esasyny düzýän, islendik ýurduň geljegini, halkyň ykbalyny kesgitleýän gymmatlykdyr diýip belledi. Şonuň üçin hem, Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, bagtyýar durmuşymyz hem-de beýik geljegimiz üçin ylymly-bilimli, ýokary hünärli nesilleri terbiýelemek, ýaşlarymyzy mynasyp adamlar edip ýetişdirmek üçin yzygiderli alada edilýär diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Eziz Diýarymyzda häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen, üpjün edilen orta we ýokary okuw mekdeplerini, çagalar baglarydyr dynç alyş-sagaldyş merkezlerini giň gerim bilen gurýarys.
Sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny gazanmak maksady bilen, sanly bilim ulgamynyň ösüşini çaltlandyrýarys diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.Ylmyň soňky gazananlaryny hem-de okatmagyň innowasion usullaryny bilim ulgamyna ornaşdyrmagyň gerimini giňeldýäris.
Bu bolsa, bilimiň hiliniň ýokary derejä laýyk bolmagyny üpjün etmek bilen, ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermäge giň ýol açýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.Biz bedenterbiýä we sporta uly üns bermek bilen, jemgyýetimiziň sazlaşykly ösmegini üpjün edýäris. Ýaşlara etjek sargydym — sport ynsanyň häsiýetini, maksada okgunlylygy, çydamlylygy, mertligi hem-de durnukly bolmagy terbiýelemegiň ajaýyp serişdesidir.
Sport bilen yzygiderli meşgullanmak adamda özüne ynam, merdemlik, güýç-kuwwat, çakganlyk, başarnyk, ruhubelentlik we beýlekileriň ýeňşine guwanmak häsiýetlerini terbiýeleýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Şu ajaýyp häsiýetleri özünde terbiýelän adam uly hormata mynasypdyr.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli künjeklerinde döwrebap sport desgalary, iň häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilen stadionlar, sport mekdepleri, atçylyk-sport toplumlary, sport meýdançalary gurulýar.Döwlet Baştutanymyzyň çykyşynyň dowamynda belleýşi ýaly, Awaza milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap sport toplumlary, Aşgabat şäherinde sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi, Golf sport toplumy bina edildi, döwrebap sport düzümleri döredildi.
Berkarar döwletimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini, bedenterbiýäni, sporty we olimpiýa hereketini işjeňleşdirmek boýunça uly üstünlikler gazanyldy diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.Bu gün Garaşsyz Türkmenistan kuwwatly döwletdir. Ýaşlarymyzyň tagallalary, yhlasy, arzyly pellehana ýetmäge bolan ynamy bilen kuwwatly döwletimiziň sporty hem güýçli bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljek ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň üstünlikli çykyş edip, Döwlet baýdagymyzy belende galdyrjakdygyna berk ynam bildirdi.
Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýip yglan eden berkarar döwletimizde ýaşlar hakynda uly alada edilýär diýip, milli Liderimiz ýaşlar syýasatynyň milli kanunçylyk namalary, halkara ýörelgeleri esasynda durmuşa geçirilýändigini belledi.
Bu syýasat toplumlaýyn işleri öz içine alýar we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň öňünde täze wezipeleri goýýar. Ýaşlar guramasynyň tagallalary ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, olaryň arasynda ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklarymyzy, milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmek; sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da rowaçlandyrmak; watansöýüjiligi, raýat jogapkärçiligini, zähmete söýgini terbiýelemek; döwlet we jemgyýetçilik bähbitleri bilen ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny utgaşdyrmak; ýaşlaryň jemgyýetçilik-şahsy başlangyçlaryny ileri tutmak, goldamak we höweslendirmek; ýaşlar toparlarynyň isleglerini öwrenmek, hasaba almak we olary kanagatlandyrmak ýaly örän möhüm wezipeleriň çözülmegine gönükdirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Milli Liderimiz Garaşsyz döwletimizde ýaşlaryň hak-hukuklary ygtybarly goralýar. Ýaş maşgalalar üçin durmuş ýeňillikleri giňeldilýär. Ýaşlarymyza okuw jaýyny, okuwyň dilini, ugruny we görnüşini saýlap almaga doly hukuk berilýär.Ykdysady özbaşdaklyk, ýaşlar telekeçiligine goldaw bermek hem bu syýasatyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar diýip, aýratyn belledi.
Biz ýurdumyzyň ýaşlar birleşikleri bilen beýleki döwletleriň hem-de halkara ýaşlar guramalarynyň arasynda dostlukly we işewür gatnaşyklaryň ösdürilmegine, tejribe alşylmagyna ýardam edýän halkara saparlarynyň guralmagyna goldaw berýäris. Şoňa görä-de, dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlarymyzyň sany yzygiderli artýar.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan üstünliklerinde Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň we onuň ähli agzalarynyň mynasyp goşandy bardyr. Ýaşlar guramasy beden we ruhy taýdan sagdyn, zähmetsöýer, iş başarjaň, Watana wepaly nesilleri kemala getirmekde özüniň döredilen gününden, ýagny 1991-nji ýylyň 16-njy noýabryndan bäri netijeli işleri alyp barýar.
Geçen şu döwürde Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ýaşlarymyzy jebisleşdirmekde, olaryň güýç-kuwwatyny, aň-düşünjesini Garaşsyz Watanymyzy ösdürmäge gönükdirmekde öz wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirip gelýär.Häzirki döwürde bu guramanyň öňünde täze wezipeler durýar. Ýaşlar guramasy döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny, taryhy özgertmelerini ýaşlaryň arasynda wagyz edip, olary beýik işlere giňden çekmelidir.
XXI asyryň ösen şahsyýetini kemala getirmegiň esasy hökmünde halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, milli medeniýetine, däp-dessurlaryna daýanyp, ýaş nesillerde taryhy we medeni mirasymyza hormat goýmak we aýawly garamak endiklerini terbiýelemelidir.
Döwlet nyşanlaryna hormat goýýan, şahsyýetiň hukuklaryny we azatlyklaryny hormatlaýan, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň hakyky watançy raýatlaryny terbiýeläp ýetişdirmelidir. Ýaşlarymyzda döredijilik we öz hukugyny goramak başarnyklaryny, jemgyýetçilik birleşmelerine işjeň gatnaşmagyny ösdürmelidir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu guramanyň geljekde öňünde durýan esasy wezipelerini kesgitledi. Ýaşlara ylmyň we bilimiň dürli ugurlary boýunça internet ulgamynyň elýeter bolmagyna, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine gönükdirilen işleri dowam etmeli, bilim edaralary üçin ylmy-usuly gollanmalaryň, maglumat, görkezme esbap, ylmy-barlag, gözleg, agtaryş serişdeleriniň taýýarlanmagyny üpjün etmeli, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerini tamamlan ýaşlarymyzy iş bilen doly üpjün etmeli, ýaş maşgalalary goldamaly, şol sanda çaga dogluşynyň ösüşini höweslendirmeli. Ýaşlaryň iş bilen üpjünçiliginiň derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, täze önümçilikleri, işiň görnüşlerini we orunlaryny döretmek boýunça teklipleri taýýarlamaly, zähmet bazarynda bäsleşik ukybyny ýokarlandyrmak maksady bilen, hünär taýýarlygyny, gaýtadan taýýarlyk we hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin okuwlary guramaly, ýurdumyzyň sebitlerinde, uzak aralykda ýerleşýän we barmasy kyn bolan ilatly ýerlerde ýaşlarymyzyň işlemäge bolan isleglerini artdyrmak üçin höweslendiriş çärelerini işläp düzmeli diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini we tebigata aýawly garaýşyny kämilleşdirmek, milli mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy wagyz etmek we düşündirmek üçin toplumlaýyn çäreleri işläp taýýarlamaly, ýaşlary kitaphanalara köpräk çekmeli, kitaphanalaryň hyzmatyndan peýdalanmagyň derejesini ýokarlandyrmaly, ýaş ýazyjy-şahyrlaryň, bagşy-sazandalaryň arasynda döredijilik festiwallaryny we bäsleşikler geçirip, täze zehinleri ýüze çykarmaly, mümkinçiligi çäkli ýaşlar üçin niýetlenen okuw edaralaryny degişli tälimçiler bilen üpjün etmeli, olar bilen sagaldyş, bedenterbiýe we sport çärelerini guramaly diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Telekeçilik bilen meşgullanmaga höwesli ýaşlar üçin gysga möhletleýin tölegli okuwlary guramaly, ýaş harby gullukçylaryň we işgärleriň Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän olimpiadalara, bäsleşiklere, maslahatlara, sergilere we festiwallara gatnaşmagyna ýardam etmeli, ýaş alymlaryň, inženerleriň, tehnologlaryň we hünärmenleriň ylmy barlaglaryny höweslendirmeli, olary daşary ýurtlarda geçirilýän halkara ylmy maslahatlara, duşuşyklara ibermeli, bilelikdäki ylmy taslamalary amala aşyrmaga, şol sanda hojalyk hasaplaşygyndaky ylmy işlere çekmeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Ýaşlaryň durmuş we zähmet hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, iş bilen üpjün etmek hem-de täze iş orunlaryny döretmek maksady bilen, Türkmenistanda ýaşlary zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmagyň we olaryň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmegiň ýörite Maksatnamasynyň kabul edilendigini döwlet Baştutanymyz belledi.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, bilim jemgyýeti we döwleti sazlaşykly ösdürmegiň berk binýadydyr.Sebäbi, arassa ahlakly, giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleriň täze neslini kemala getirmek biziň özgertmelerimiziň esasy maksady bolup durýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin ylymly-bilimli, ýokary hünärli nesilleri taýýarlamagy üstünlikli dowam etmek zerurdyr.
Döwlet Baştutanymyz ýaşlara sargyt etmek bilen, siz ajaýyp döwürde ýaşaýarsyňyz!Siziň sagdyn ösmegiňiz, bagtyýar durmuşda bilim almagyňyz, il-ýurdumyza peýdaly adamlar bolup ýetişmegiňiz üçin döwletimiz ähli mümkinçilikleri döredýär.
Siz okamak we öwrenmek, yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny, mertebesini öňküden-de belende götermelisiňiz diýip aýtdy.Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylmyň ähmiýeti baradaky gürrüňi dowam edip, ylym adamzadyň aň-düşünjesine hem-de durmuşyna özgerdiji täsir edýän gymmatly baýlykdyr.
Her bir döwletiň we jemgyýetiň durnukly hem-de sazlaşykly ösmegi ylym bilen aýrylmaz baglydyr. Şoňa görä-de, Garaşsyz döwletimizde ylym ulgamyny dünýä derejesine çykarmaga uly üns berýäris.Ylmy barlaglary jemgyýetimiziň we döwletimiziň ösüşiniň örän möhüm meselelerini çözmäge gönükdirýäris diýip belledi.
Ylmy-barlag edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga we döwrebaplaşdyrmaga möhüm ähmiýet berýäris. Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, zehinli ýaşlaryň ylma höwesini artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli işleri amala aşyrýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky institutlarda, Tehnologiýalar merkezinde, pudaklaýyn ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde munuň üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýaş alymlarymyzyň we talyplarymyzyň halkara ylym-bilim bäsleşiklerinde gazanýan üstünliklerine guwanýarys.
Bu ugurda ylmy barlag institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň alyp barýan işlerine aýratyn buýsanýarys diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.
Häzirki döwürde Nanotehnologiýalar we tehnologiýalar merkezleri, innowasion şäherler, nou-haular hem-de sanly tehnologiýalar adamzat jemgyýetiniň kämilleşmegine alyp barýar.Döwrüň bu tehnologik täsiri biziň jemgyýetimizde hem barha giňelýär. Şonuň netijesinde, öňdebaryjy tehnologiýalardan habarly täze nesil kemala gelýär. Şundan ugur alyp, biz 2016-njy ýylda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetini, şu ýyl bolsa Telekommunikasiýalar we informatika institutyny döretdik.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýaşlarymyzyň tehnologik ösüşden yza galmazlygy üçin, olara döwrebap hünärleri ele almaga, nazary bilimleri kämilleşdirmäge, amaly endiklerini ýokarlandyrmaga, sanly tehnologiýalary özleşdirmäge, täze ylmy taglymatlary, öňdebaryjy barlaglary we tehnologik tejribeleri öwrenmäge ýardam bermek biziň esasy wezipelerimiziň biridir.
Aýdyň maksatlary ýörelge edinen ýaşlarymyzyň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gazanýan üstünlikleri, täze ylmy açyşlary Garaşsyz döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi üçin täze mümkinçilikleri döredýär.Häzirki döwürde Ýaşlar guramasynyň ýaş şahsyýeti terbiýelemekde esasy ýörelgeleriniň biri hem ýigitlere we gyzlara ýokary ruhy-ahlak, kämil beden terbiýesini bermek arkaly olarda sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmekden ybaratdyr.
Watansöýüji, giň düşünjeli, ynsanperwer, zähmetsöýer, maksada okgunly, belent ahlakly bagtyýar nesillerimiz ähli ukyp-başarnyklaryny eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine bagyş etmelidir. Ýaş ynsanda şeýle häsiýetleri terbiýelemek biziň Ýaşlar guramamyzyň belent borjy we baş maksady bolmalydyr.
Milli däpler nesilleriň hem-de döwürleriň üznüksiz baglanyşygyny üpjün edýär.Ynsanperwerlik, agzybirlik, haýyr-sahawatlylyk, ak ýüreklilik, lebzi halallyk, zähmetsöýerlik, belent ahlaklylyk, ýaşuly nesle sarpa goýmak baý medeniýeti bolan halkymyzyň gadym döwürlerden bäri durmuş ýörelgesine öwrülip geldi.
Bu asylly däpler biziň agzybirligimiziň hem-de üstünliklerimiziň kepili bolup hyzmat edýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.Türkmen halkynyň şöhratly taryhy, özboluşly medeniýeti, milli gymmatlyklary, beýik akyldarlarymyzyň sabyrlylyk, ýagşylyk etmek, dogruçyllyk hakyndaky parasatly wesýetleri, kämil ündewleri milli medeniýetimiziň möhüm bölegidir.
Her bir maşgalanyň asudalygy hem-de agzybirligi jemgyýetimiziň abadançylygynyň girewidir. Şoňa görä-de, watançy nesillerimiz maşgala ojagynyň asylly däplerini we milli ýörelgelerimizi dowam etmelidir.Ynsanyň abraý-mertebesi, gadyr-gymmaty onuň zähmeti bilen kesgitlenýär.
Zähmetsöýerlik milletimiziň, jemgyýetimiziň, her bir maşgalanyň agzybirlikde we bolçulykda ýaşamagynyň esasydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Şoňa görä-de, Ýaşlar guramasy jemgyýetçilik işinde toplan tejribesine daýanyp, ýaş nesillerimize ruhy-ahlak, medeni-aň-bilim, beden we zähmet terbiýesini bermekde netijeli işleri alyp barmalydyr.
Beýik maksatlara ýetmek üçin her bir ýaş ynsan zähmeti baýdak edinmelidir.Halallyk, arassalyk, kalby päklik, zähmetsöýerlik we watansöýüjilik durmuşda ýaşlarymyzyň baş ýörelgesi bolsun diýip, milli Liderimiz aýtdy.Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýaşlarynyň ene-ata we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý etmek üçin sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerjekdigine, ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişjekdigine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdigine ynam bildirdi.
Döretmek we gurmak adamzadyň durmuşyny gözelleşdirýär. Şoňa görä-de, okamak we öwrenmek, zähmet çekmek bilen kämillige ymtylmak ýaş nesillerimiziň baş maksady bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.Hormatly Prezidentimiz gurultaýa gatnaşyjylary ýetip gelýän Garaşsyzlyk baýramy hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek gutlap, olaryň ylym-bilimleri, yhlasly zähmeti bilen, berkarar Watanymyzyň dünýädäki at-abraýyny, merdana halkymyzyň şan-şöhratyny has-da belende götermelidiklerini aýtdy. Ýygnananlaryň ählisine berk jan saglyk, bagtyýar we abadan durmuş, ýurt parahatçylygyny, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde täze üstünlikler arzuw etdi.
Milli Liderimiz öz çykyşyny şahyrana setirler bilen tamamlady, oňa ýygnananlaryň ählisi bir agyzdan goşuldylar: Parahatlyk — ýürek baýdagy,Älem-jahan — mähir mukamy.Türkmenistan — bahar baýramy,Türkmenistan — dostluk mekany. Öňe, öňe, ýaşlar bilen diňe öňe,Jan Watanym Türkmenistan!
Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň çykyşyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler we ony şowhunly el çarpyşmalar bilen kabul etdiler. Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy gurultaýa gatnaşyjylaryň adyndan ýurdumyzyň ýaşlary bilen duşuşmaga wagt tapandygy üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol döwlet Baştutanymyzyň maslahatlarynyň, sargytlarynyň özleri üçin möhüm gollanma bolup durýandygyny nygtady.
Türkmenistanyň ýaşlary Arkadag Prezidentimiziň göreldesine eýerip, ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine beýik maksatlary amala aşyrmak ugrunda güýç-gaýratlaryny, bilimlerini, ukyplaryny we yhlaslaryny gaýgyrmazlar, ýurdumyzyň halkara abraýynyň belende galmagy ugrunda yzygiderli tagalla ederler diýip, guramanyň ýolbaşçysy belledi.
Hormatly Prezidentimiz ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, Mekan köşgünden çykdy.VI gurultaýa gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň Ýaşlar guramasynyň öňünde goýan wezipelerinden gelip çykýan Kararnamany biragyzdan kabul etdiler.VI gurultaýa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.
Onda ýaşlar hakynda edilýän alada üçin milli Liderimize çuňňur hoşallyk bildirilip, döredijilik gözlegleriň, işjeň çözgütleriň we täzeçil çemeleşmeleriň häzirki ýaş nesilleriň alyp barýan işlerinde baş ýörelgä öwrüljekdigi bellenilýär. Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we onuň welaýat, etrap, şäher bölümleriniň agzalary, umuman, ýurdumyzyň ähli ýaşlary Türkmenistanyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, mähriban Watanymyzyň halkara abraýyny pugtalandyrmak ugrunda zerur tagallalary ederler. Ýaşlar forumyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri, ýeten derejesi, türkmen halkynyň baý medeni mirasy barada gürrüň berýän serginiň gymmatlyklary bilen tanyşdylar.
Bu gezekki gurultaý türkmen ýaşlarynyň agzybirligini, täze taryhy eýýamyň beýik gazananlarynyň dabaralanmagynyň we mähriban Watanymyzyň nurana geljeginiň bähbidine döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşynda mäkäm jebisleşendigini has aýdyňlygy bilen äşgär etdi.