Şu gün Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara deňiz portuna bardy we bu ýerde işiň guralyşy bilen tanyşdy.Bu iri düzümleýin desga mundan bäş ýyl ozal düýbüniň tutulmagyndan başlap, şu ýylyň maý aýynda gurluşygynyň tamamlanmagyna çenli döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde boldy, milli Liderimiz Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagynda hem-de köptaraplaýyn halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginde ýurdumyzyň deňiz derwezesine ägirt uly ornuň degişlidigini belleýär.
Türkmenbaşy porty Merkezi Aziýanyň we Hazar sebitiniň ähli ýurtlary üçin strategik ähmiýete eýedir, onuň mümkinçilikleriniň doly herekete getirilmegi döwletlerimizi hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna çykarýar, ykdysady gatnaşyklaryň halkara ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyna, Türkmenistanyň yklymyň multimodal gatnawlar ulgamynda ornuny pugtalandyrmaga ýardam berýär. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyz taryhy tejribä daýanýar, gadymy döwürlerde ýurdumyzyň çäkleri Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolupdyr, bu ýoluň ähmiýetiniň artdyrylmagyna öz döwründe Merw, Köneürgenç, Nusaý ýaly gadymy türkmen şäherleriniň täsiri uly bolupdyr.
Munuň özi logistikanyň kemala gelmeginiň başlangyjy boldy.Täze eýýamda Türkmenistan ulag geçelgelerini döredýär, awtomobil we demir ýol, howa hem-de deňiz gatnawlarynyň ugurlaryny giňeldýär, ählumumy parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, sebitde durnukly ykdysady ösüşe ýardam berýär.
Sözüň doly manysynda, munuň özi Beýik Ýüpek ýolunyň täze görnüşde dikeldilmeginde netijeli ädimlerdir. Şunda gämi gatnawlary hem-de port hojalygy möhüm orun eýeleýär, bu düzümler tutuş Ýewraziýa giňişliginde ýük daşamagyň artdyrylmagy üçin mümkinçilikleri döredýär.
Täze Halkara deňiz portunyň döwrebap düzümleri diňe bir häzirki wagtda bar bolan islegleri kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, geljekde-de ýokary hilli teklipleri hem-de hyzmatlary hödürlemäge ukyplydyr.Onuň doly kuwwatyna çykarylmagy wagtyň geçmegi bilen yklymda ýük gatnawlarynyň logistika baglanyşygynda strategik üýtgetmelere getirer, Türkmenistanyň ýük geçiriji terminallary has amatly hem-de bähbitli gatnawlar hökmünde möhüm çatryk bolar. ...
Deňiz portunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň birnäçesi, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, beýleki düzümleriň ýolbaşçylary garşyladylar. “Deňiz derwezesiniň” dabaraly ýagdaýda ulanmaga berlen gününden bäri üç aý geçdi hem-de häzirki wagtda bu menziliň çäklerinde joşgunly işler alnyp barylýar.
Deňiz portunyň ähli ýük terminallary, önümçilik enjamlary, menzile barýan ýollar dolandyryşyň umumy ulgamy esasynda bitewi logistika toplumy emele getirýär.Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň düzümine parom, ýolagçy hem-de konteýner terminallary, “Balkan” gämigurluşyk we gämi abatlaýyş zawody, kenar düzüminiň köp sanly beýleki desgalary, ulag üpjünçiligi düzümleri: estakadalary bolan awtomobil we demir ýollary girýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Balkan” gämigurluşyk we gämi abatlaýyş zawodyna bardy.Biziň ýurdumyz üçin düýbünden täze bolan bu önümçilik gämi gurluşygyny ösdürmek üçin binýat boldy.Kuwwaty ýylda 10 müň tonna polady işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýän zawod döwrebap tehnologiýalary hem-de halkara ölçeglerine kybap gelýän awtomatlaşdyrylan ulgamlary ulanmak bilen, şol döwrüň içinde dört we ondan hem köp gämini gurmaga hem-de 20 gämini abatlamak we hyzmat etmek boýunça işleri geçirmäge ukyplydyr.
Heniz zawodyň gurluşygy alnyp barylýarka Türkmenistanda hem, ýurdumyzyň çäklerinden daşarda hem operatorlary, ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak we okatmak boýunça toplumlaýyn çäreler geçirildi.Zawod IAСS — International Assoсiation of Сlassifiсation Soсieties (MAKO—Hünär synaglary jemgyýetleriniň halkara assosiasiýasy) MAKO deňiz gatnawlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek babatynda standartlary we kadalary işläp düzmek wezipesini ýerine ýetirýär.
Dünýä söwda flotunyň möçberiniň 90 göterimden gowragy MAKO jemgyýetleriň agzalaryna degişlilidir.Häzirki wagtda “Balkan” zawodynda üç gäminiň abatlaýyş işleri alnyp barylýar, olar “Türkmenistan” we “Magtymguly” gury ýük gämileridir hem-de “Bitarap” nebit guýulýan tankerdir.
Hazar deňziniň türkmen böleginde işleýän daşary ýurt kompaniýalarynyň gämilerini abatlamak üçin hem mümkinçilikler bar.Bu ýerde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa dürli derejeli we görnüşli gämileriň şekilleri görkezilen planşetler görkezildi, bu gämileri “Balkan” zawodynda gurmak göz öňünde tutulýar. Şolaryň hatarynda olar tigirli awtomobil tehnikasyny, (ýük awtomobillerini, tirkegleri we wagonlary), tankerleri, guryýük gämilerini, halas ediş, heläkçilikleri aradan aýyrmaga niýetlenen gämileri we beýlekileri daşamaga niýetlenen RO-RO paromlary bar, Milli Liderimiz gämileriň görnüşleri we tehniki häsiýetnamalary bilen tanşyp, deňiz gatnawlarynda dürli pudaklarda bar bolan islegler bilen baglanyşykly meselelere garady.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ulag syýasatynyň wezipeleriniň ýurdumyzyň Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça öňde goýan maksatlaryna gönükdirilendigini, bu wezipeleriň ulag toplumynyň kuwwatlyklarynyň hem-de ýurdumyzyň deňiz flotunyň, ilkinji nobatda bolsa, söwda flotunyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegini talap edýändigini belledi.
Biziň ýurdumyz dünýä ykdysadyýetiniň möhüm bölegi, häzirki wagtda ösüşiň esasy hereketlendirijisi bolan ulag-aragatnaşyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine uly goşant goşýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Bu ulgamda örän uly kuwwata eýe bolan Türkmenistan iri halkara we sebit ähmiýetli taslamalaryň birnäçesini öňe sürýär. Şolaryň amala aşyrylmagy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň goňşy sebitleriň arasynda ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny häzirkizaman derejesine çykarmaga, uzak geljekde sebitara gatnaşyklaryna kuwwatly itergi bermäge, Merkezi Aziýany, Hazar, Gara deňiz hem-de Baltika sebitlerini, Orta we Ýakyn Gündogary, Günorta hem-de Günorta Gündogar Aziýany birleşdirýän, täze geoykdysady giňişliginiň keşbiniň esasyny goýmaga mümkinçilik berer.
BMG-niň Baş Assambleýasy ýurdumyzyň başlangyjy esasynda ulag boýunça üç Kararnamany — 2014-nji ýylda “Durnukly ösüş maksady bilen, halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag we üstaşyr geçelgeleriň orny”, “2015-nji ýylda “Durnukly multimodal üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam etmek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy üpjün etmegiň ýolunda” hem-de 2017-nji ýylda “Durnukly ösüş ulgamynda maksatlara ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmak” atly Kararnamalary kabul etdi.
Türkmenistanyň giň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen hem-de ähli ýurtlaryň we halkaryň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän başlangyçlary öňe sürmek bilen, şolaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi üçin anyk çäreleri görýändigini bellemek gerek, Türkmenbaşy şäherinde täze Halkara deňiz portunyň açylmagy şol çäreleriň biridir.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew döwlet Baştutanymyza gurulmagy meýilleşdirilen demir ýol paromlary barada hasabat berdi.Deňiz gatnawlarynyň ýükleriň portda düşürilip gaýtadan ýüklenilmegini talap etmeýän şeýle görnüşi iň ýokary öndürijilikli hasaplanylýar, munuň peýdalanylmagy bolsa ýükleri düşürmek—ýüklemek amallaryny geçirmegiň wagtyny ep-esli tygşytlamaga mümkinçilik berýär.
Milli Liderimiz ýükleri uzak aralyklara daşamakda ulagyň bu görnüşiniň uly islege eýe bolup durýandygyny belledi. Şeýle hem munuň özi, mysal üçin, biziň portumyzyň üsti bilen deňze çykmaga mümkinçiligi bolan Özbegistandan demir ýol düzümlerini üstaşyr geçirmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow yzygiderli eksport gatnawlarynyň sanyny artdyrmak üçin gury ýük gämilerine islegler barada hasabat berdi.Häzirki wagtda önümçiligiň ösüşi ýurdumyzda öndürilen harytlaryň köp görnüşlerini daşary ýurtlara ibermegi ýola goýmaga mümkinçilik berýär hem-de deňiz gatnawlary söwda ýük akymynyň täze ugurlaryny açmaga şert döredýär.
Goranmak ministri B.Gündogdyýew raýat goranyşy we adatdan daşary ýagdaýlar gulluklarynyň işi hem-de deňizde howpsuzlygy üpjün etmekde gämileriň ulanylyşy barada hasabat berdi.Içeri işler ministri I.Mulikow ýangyn söndüriji gämiler hem-de katerler barada hasabat berdi, bu wezipeler gämilerden diňe bir ýörite enjamlaryň bolmagyny däl-de, eýsem, suw desgalarynda ýa-da kenarýaka zolakda ýangyn ýüze çykan halatynda tizden-tiz hereket etmek üçin çeýeligini ýokarlandyrmagy talap edýär.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Osmanow gämileriň gümrük gözegçiligini üstünlikli amala aşyrmak üçin peýdalanylyşy barada habar berdi.Milli Liderimiz gümrük gullugy edaralarynyň işiniň netijeliliginiň we hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagynyň, olaryň hyzmatlarynyň hiliniň ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynyň möçberiniň artdyrylmagyna, gözegçilik çäreleriniň ýeňilleşdirilmegine we çaltlandyrylmagyna, harytlaryň resmileşdirilmegine degişli halkara kadalaryna laýyk gelmegine gönükdirilmelidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Osmanowa hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa tabşyryklary bermek bilen, Türkmenbaşy portunda ýükleri ýüklemegiň möçberiniň artdyrylmagy, milli söwda flotunyň giňeldilmegi Türkmenistanyň dünýä söwdasyndaky paýynyň ýokarlanmagyna, daşary haryt dolanyşygynyň düzümleriniň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna hem-de ýurdumyzyň dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulyşmagyna oňyn täsirini ýetirjekdigini belledi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň önümçilik işleriniň halkara bölünişiginiň döwrebaplaşdyrylan ulgamyna giňden goşulyşmagynyň hem-de ýük gatnawlarynyň möçberiniň artdyrylmagynyň täze uly göwrümli ýükleri daşamaga niýetlenen täze gämileriň gurulmagyny talap edýändigini nygtady, munuň özi eksporta iberilýän harytlaryň köpelmegine kömek eder.
Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew öz çykyşynda daşary bazarlara nebiti gaýtadan işleýän hem-de nebithimiýa toplumynyň önümlerini eksport etmek üçin tanker flotuny ösdürmek bilen baglanyşykly teklipleri aýtdy.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, tankerleriň enjamlaşdyrylmagy ýük daşamak amallarynyň howpsuzlygyny hem-de deňziň nebit önümleri bilen hapalanmagynyň öňüniň alynmagyny üpjün etmelidir. Şeýle hem deňiz ýollary arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň önümlerini ýerlemek üçin täze bazarlara çykmak zerurdyr, şol sanda polipropilen önümlerini ýerlemegiň çäkleri giňeldilmelidir. Ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly gämigurluşyk kärhanasynyň döredilmegi Türkmenistanyň ykdysadyýetine goşmaça kuwwat berer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze pudagyň ösdürilmegi üçin ýokary hünärli işgärleriň zerurdygyny hem-de iň gowy dünýä tejribesiniň özleşdirilmeginiň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gämi gurluşygynda hem-de deňiz gatnawlarynda öňdäki orunlary eýeleýän ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň wajypdygyny aýtdy.
Milli ýolagçy we söwda flotuny diňe bir daşary ýurtlardan satyn almagyň hasabyna däl-de, ýurdumyzda dürli görnüşli gämileri gurmak bilen ösdürmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.Munuň özi deňiz-derýa ulaglary boýunça ýük dolanyşygynyň artmagyna, ýurdumyzyň kenarýaka ilatly nokatlarynyň arasynda yzygiderli gatnawlaryň üpjün edilmegine, şeýle hem Hazarýaka ýurtlarynyň arasynda gämili gezelençleri ösdürmäge ýardam eder.
Milli Liderimiz bu meseläniň üstünde durup geçmek bilen, ýurdumyzyň ýolagçylary we halkara syýahatçylyk ugurlary üçin katamaranlary gurmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.Beýleki gämilerden artykmaçlyklarynyň bolmagy netijesinde, häzirki wagtda katamaranlar barha uly meşhurlyga we islege eýe bolýar.
Muňa maglumatlar hem şaýatlyk edýär: dünýädäki ähli ýolagçy gämileriniň ýarysyny katamaranlar düzýär. Şolar uly sygymlylygy, suwa çuň çümmeýändigi we has ýokary tizligi, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy netijesinde, içerki we sebitara ýolagçy gatnawlarynda örän amatly ýolagçy gämileridir.
Munuň özi kenarýaka etraplarda ýerüsti ulagyň ornuny tutup biler diýip, döwlet Baştutanymyz Gyýanly, Gyzylsuw we beýleki ugurlarda bu gämileri gatnatmagyň mümkindigini aýtdy.Mundan başga-da, şunuň ýaly gämiler adalarda, mysal üçin, Ogurjaly adasynda ylmy barlaglary geçirmek üçin peýdalanmaga amatlydyr. Şeýlelikde, gämi gurluşygynyň ösdürilmegi türkmen deňizýaka sebitiniň diňe bir senagat pudagyny pugtalandyrman, eýsem, bu sebitiň durmuş we ulag düzümlerini ösdürmek üçin şertleri döreder.
Awaza şypahana zolagynyň meşhurlygynyň artýandygyny nazara almak bilen, gezelenç edilýän, ýahta flotuny göz öňünde tutmak hem-de giňeltmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.Häzirki wagtda halkara syýahatçylyk ulgamynda gämilerde gezelenç etmäge isleg artýar, bu meýiller Hazar sebitinde hem äşgär duýulýar we Türkmenistan bu babatda amatly häzirki zaman gämilerinde gezelençleri guramak hyzmatlaryny hödürlemelidir.
Gämilerde gezelenç etmek dürli ýurtlar we şäherler boýunça jahankeşdeligi myhmanhanalarda bolmazdan dynç almak hem-de ýokary derejeli hyzmatdan peýdalanmagy utgaşdyrmagyň amatly usulydyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda gurlan syýahatçylyk gämilerinde ýolagçylar üçin iň gowy şertleri döretmegiň möhümdigini nygtady.
Bu hyzmatlar kaýutalary we hyzmatlary saýlap almaga giň mümkinçiligi, gyzykly syýahatçylyk hem-de dynç alyş maksatnamalaryny, maglumat beriş ulgamlaryny we beýlekileri öz içine alýar.Milli Liderimiz Awazanyň ösdürilmegi hem-de beýleki döwletlerden ýurdumyza deňiz ýakasynda dynç almaga gelýänleriň sanynyň artýandygy bilen baglylykda, häzirki wagtda uly mümkinçilikleriň açylýandygyny belläp, türkmen kenarýaka zolagynyň syýahatçylygyň hem-de şypahana-dynç alyş, saglygy berkitmek halkara merkezi hökmünde mundan beýläk-de ykdysady we durmuş ösüşine ýardam bermek maksady bilen, ýahtaly gezelençleri ösdürmegiň möhümdigini aýtdy.
Amatly howa şertleri, kenar ýakasynyň çäkleriniň uzynlygy hem-de deňiz kenarynda dynç almagy halaýan daşary ýurtlaryň ekologiýa babatynda Hazar giňişliginiň has arassa bölegine eýe bolan ýurdumyza gyzyklanmalarynyň artmagy Balkan welaýatynda ýahtaly gezelenji ösdürmegiň mümkinçiliklerini şertlendirýär, şunda gämileri gurmak we abatlamak üçin önümçilik binýadynyň bolmagy möhüm ähmiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, täze port Awaza milli syýahatçylyk zolagyna gelýän syýahatçylaryň, ozaly bilen goňşy Hazarýaka döwletlerinden gelýän jahankeşdeleriň sanynyň artmagyna ýardam eder.Bu ýerde dynç alýanlary ýokary derejeli hyzmatlary hödürleýän kaşaň myhmanhanalar we oňaýly kottež toplumlary, döwrebap sport desgalary hem-de ösen dynç alyş düzümi garşy alar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Awazany mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, ony bagy-bossanlyga büremek hem-de amatly ekologiýa ýagdaýyny gorap saklamak boýunça görkezmeleri berdi.
Deňiz port hojalygynyň durnukly ösüşinde tebigaty goraýyş işleriniň örän möhüm ähmiýetiniň bardygyny belläp, döwlet Baştutanymyz ekologiýa howpsuzlygy ulgamynda toplumlaýyn çäreleriň zerurdygyny aýtdy, şolar hapa maddalaryň dökülmeginiň öňüni almak, bu hapa maddalary ýygnap alýan ýöriteleşdirilen gämileriň doly taýýarlykda durmagy ýaly çäreleri öz içine alýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçirilen söhbetdeşligiň jemlerini jemläp, ýolbaşçylaryň ünsüni ýurdumyzyň söwda flotunyň ilkinji nobatdaky meselelerine, onuň işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, ýolagçy deňiz gatnawlarynyň hem-de gämi gurluşygynyň ösdürilmegine, Hazarda gämili gezelençleriň guralmagyna çekdi, munuň özi sebitara derejesinde medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hem ýardam berer.
Döwlet Baştutanymyz halk hojalyk toplumynyň öňünde durýan wezipeleriň gämigurluşyk pudagynyň meýilnamalary bilen barabarlygyny içgin seljermegi tabşyrdy, munuň özi ýurdumyzyň hakyky zerurlyklaryny üpjün etmek, şol bir işleriň gaýtalanmagyny aradan aýyrmak hem-de daşary ýurtdan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we Türkmenistanyň ulag toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmek ugrunda ýene bir ugur hökmünde, hakykatdan-da, ýokary tehnologiýaly, innowasiýa häsiýetli önümçiligi döretmek üçin zerur bolup durýar.
Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedde portuň çägi boýunça geçip, onuň ähli desgalaryny hem-de alnyp barylýan işleri synlady.Onuň iň iri düzümleriniň biri kuwwaty ýylda ortaça 4 million tonna barabar bolan umumy ýükleriň terminalydyr.
Häzirki wagtda bu ýerde polipropilen gaplaryna gaplanylan 5 müň tonna kükürt Ýewropa ibermäge, Bolgariýa ibermek üçin bolsa karbamid taýýarlanylyp goýlupdyr. Ýük terminaly dürli gurluşyk serişdelerini, demir, polat, agaç, ulaglar, enjamlar ýaly ýükleri kabul etmäge we ugratmaga niýetlenendir.
Polipropileni saklamak we ýüklemek boýunça ýöriteleşdirilen terminal barada aýdylanda bolsa, bu önüm Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän nebit önümleriniň sanawynda esasy orunlaryň birini eýeleýär.Ol dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýar, munuň şeýledigine bolsa, hususan-da, Döwlet haryt-çig mal biržasynda baglaşylýan köp sanly şertnamalar şaýatlyk edýär.
Türkmen polipropilenini Ýaponiýa, Russiýa, Türkiýe, Eýran, Özbegistan, Azerbaýjan we beýleki ýurtlar sarp edýär.Eksport harydynyň agramly bölegi deňiz bilen daşalýar. Ürgün ýükler terminaly dürli çig mal serişdelerini, nebithimiýa önümlerini, klinkeri, demir magdanyny, boksi, alýumini, kömri, iýmleri, dökünleri, dänäni, şekeri, duzy we beýlekileri ýüklemek üçin niýetlenendir, şolary saklamak üçin bolsa ammarlar we bunkerler guruldy.
Onuň ýyllyk kuwwaty 3 million tonna deňdir.Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýyllyk kuwwaty ortaça 400 müň standart konteýnere deň bolan konteýner terminalyny synlady.Onuň duralgasynyň uzynlygy ýük göterijiligi 5 müň tonna deň bolan gämileriň birbada üçüsinde ýükleýiş-düşüriş işlerini geçirmäge mümkinçilik berýär.
Häzirki wagtda terminalda Owganystana we Özbegistandan Ýewropa üstaşyr geçirilýän ýükli konteýnerler bar.Bu ýerde şeýle hem refrižerator konteýnerlerini saklamak göz öňünde tutulandyr, meýdany 9 müňden gowrak inedördül metre deň bolan ýapyk ammarlar bar.
Bu terminal sebitiň eksport-import ýük gatnawlar ulgamynda Türkmenistany öňdäki orunlara çykarmaga ukyplydyr.Multimodal logistika toplumy howa, awtomobil we demir ýol ulaglary bilen getirilen konteýner ýüklerini saklamak hem-de toplumlaýyn işlemek boýunça hyzmatlar ulgamyny amala aşyryp biler, şolary gämilere ýüklemek we düşürmek amallaryny ýerine ýetirer.
Konteýner terminalyna gelýän ähli maglumatlary operatorlaryň monitorynda görkezýän gözegçiligiň hemra ulgamy bilen üpjün edilendir hem-de ähli babatda CTQI (Container Terminal Quality Indicator — konteýner terminallarynyň hil görkezijisi) ölçegine laýyklykda taslandy.
Soňky birnäçe ýylyň dowamynda tutuş dünýäde konteýnerleriň dolanyşygy çalt artýar, bu bolsa konteýner terminallarynyň sanynyň artmagyna täsirini ýetirdi.CTQI ölçeginiň ornaşdyrylmagy hyzmatlaryň bu görnüşinde bir bitewi hil gözegçiligini döretmäge mümkinçilik berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň esasy “deňiz derwezesiniň” hem-de flotunyň düzümini ösdürmegiň meseleleriniň utgaşykly bolup, nebitgaz, senagat toplumlarynyň, demir ýol ulagynyň we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynyň meýilnamalary, deňizýaka şäheriniň häkimligi, umuman, Hazar sebitinde işleýän ähli düzümler bilen özara baglydygyny belläp, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini amala aşyrmak boýunça meýilnamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginde Hazarýaka sebitine aýratyn ornuň degişlidigini, bu ýerde ulagyň ähli görnüşlerini netijeli peýdalanmak üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygyny nygtady. Şonuň netijesinde, bu ýerde möhüm logistika merkezi kemala gelýär, bu bolsa deňiz, awtomobil, demir ýol hem-de howa ulaglaryny peýdalanmak bilen ýük akymlaryny utgaşdyrmaga mümkinçilik berer.
Has takygy, Türkmenistan örän iri halkara logistika merkezine öwrüler, bu dereje tutuş Ýewraziýa giňişliginde döwletara gatnaşyklarynyň netijeli ösdürilmegine ýardam berer.Hazarýaka ýurtlarynyň gatnaşmagynda dürli derejedäki maslahatlarda hem-de duşuşyklarda öňe sürlen bu başlangyçlar ählumumy maksatlara we bähbitlere laýyk gelýär.
Döwlet Baştutanymyz port toplumynyň köp ugurlydygyna ünsi çekmek bilen, onuň çylşyrymly düzüminiň ähli bölekleriniň özara amatly birleşdirilmelidigini, portuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň möhüm şertleriniň biri bolan ýerüsti logistika düzümine aýratyn üns bermelidigini nygtady.
Milli Liderimiz häzirki zaman logistika merkezleriniň diňe bir ammarlar hem-de ýük akymlarynyň çatryklary däl-de, işewürlik, söwda we maliýe merkezlerinde bolup durýandygyny belläp, dürli logistika, söwda kompaniýalarynyň, banklaryň şahamçalarynyň we beýlekileriň wekilhanalary üçin ähli şertleri döretmegi tabşyrdy.
Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň mundan beýläk-de ösdürilmegi ýurdumyzyň halkara söwda gatnaşyklarynyň giňeldilmegine gönükdirilendir, netijede bolsa, ol milli ykdysadyýetimiziň ösdürilmegine hem-de türkmen halkynyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam eder diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda degişli ýolbaşçylara berlen tabşyryklary umumylaşdyrdy.
Hazar deňziniň ekologiýasyny goramak üçin her bir terminalda bioarassalaýjy enjamlar oturdyldy.Umuman, tutuş taslama “Ýaşyl port” (Greenport) halkara ölçeglerine laýyklykda işlenip taýýarlanyldy.Täze deňiz portunyň gurluşygynyň barşynda gazylyp çykarylan toprak Türkmenbaşy şäheriniň golaýyndaky deňiz aýlagynda meýdany 170 gektar bolan emeli adany döretmek üçin ulanyldy.
Bu ada gyzylinjikleriň, gazlaryň, ördekleriň, hokgarlaryň, gotanlaryň we beýleki guşlaryň ýaşaýan, höwürtgeleýän we gyşlaýan ýerine öwrüldi. Ýokary tehnologiýaly önümçiligiň guralmagyna hut şeýle, ekologik çemeleşmä bilermen ekologlaryň halkara bileleşigi tarapyndan nusgalyk hökmünde baha berildi, halkara güwänamalarynyň birnäçesi muňa şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Durnukly ösüşiň maksatlary kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji maslahatynyň çäklerinde 2015-nji ýylyň sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda sammitde çykyş etmek bilen, daşky gurşaw hakynda alada etmezden, dünýäniň döwletleriniň hem-de halklarynyň durmuş we ykdysady ösüşini üpjün edip bolmajakdygyny aýtdy.
Biziň umumy wezipämiz takyk ykdysady bähbitleri, halkara hyzmatdaşlygynyň ýagdaýlaryny ekologiýa deňagramlylygyny saklamagyň zerurlygy bilen utgaşdyrmakdyr diýip, milli Liderimiz nygtaýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan hemişe beýleki döwletler hem-de halkara düzümleri bilen hyzmatdaşlygy, şol sanda energiýa serişdeleri gazylyp alnanda ekologiýa töwekgelçiliklerini azaltmak maksady bilen, netijeli gorag tehnologiýalarynyň önümçilik işine ornaşdyrylmagy babatynda gatnaşyklary giňeltmegiň ýoluny işjeň gözleýändigini görkezýär.
Biziň ýurdumyzda häzirki wagtda uglewodorod serişdelerini çykarmagyň usullarynyň ekologiýa standartlarynyň iň ýokary talaplaryna laýyk gelýändigini, degişli kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň döredilendigini bellemek gerek.Muňa BMG-niň biologiýa köpdürlüligi hakyndaky, çölleşmäge garşy göreş, howanyň üýtgemegi baradaky, ozon gatlagyny goramak baradaky, serhetüsti suw akymlaryny goramak we peýdalanmak hem-de halkara kölleri boýunça tebigaty goraýyş konwensiýalarynyň ýurdumyz tarapyndan tassyklanylmagy-da şaýatlyk edýär.
BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy ýaly halkara düzümleri we beýleki düzümler bilen bilelikde Türkmenistan milli we sebit derejelerinde ekologiýa maksatnamalarynyň hem-de taslamalarynyň onlarçasyny amala aşyrýar. 2030-njy ýyla çenli täze Gün tertibiniň 17 maksadynyň hatarynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan işlenip taýýarlanylan milli maksatnamalara üstünlikli uýgunlaşdyrylan-- gönüden-göni tebigaty goramak işleri bilen baglanyşykly howanyň üýtgemegi hem-de onuň ýetiren netijelerine garşy göreş boýunça dessin çäreleri görmek, ummanlaryň, deňizleriň we deňiz serişdeleriniň goralyp saklanmagyna hem-de olaryň rejeli peýdalanylmagyna, guryýer ekologiýa ulgamlarynyň gaýtadan dikeldilmegine, tokaýlardan rejeli peýdalanylmaga, çölleşmäge, ýerleriň zaýalanmagyna hem-de bioköpdürlüligiň ýitmek hadysalaryny togtatmaga degişli meseleler bar.
Mälim bolşy ýaly, Hazar deňziniň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň bioköpdürlüligi iki ýarym müň görnüşden gowrakdyr, şolaryň üçden bir bölegi deňziň türkmen bölegine degişlidir.Türkmenistan tarapyndan Hazar deňziniň ygtybarly ekologiýa gorag ulgamynyň döredilmegine uly ähmiýet berilmegi, ozaly bilen, iň iri içerki, dünýä ummanyndan aýrybaşga bolan bu deňziň aýratyn hukuk derejesi bilen şertlendirilendir, ol köp ösümlik we haýwanat dünýäsiniň aýratyn görnüşlerini özünde jemleýän hakyky tebigy dürdänedir.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň hünärmenleriniň baha bermegine we abraýly halkara bilermenleriniň netijenamalaryna laýyklykda, Hazar deňziniň türkmen bölegi ekologiýa taýdan has arassa hasap edilýär, munuň özi bu ulgamda yzygiderli hem-de maksada gönükdirilen işleriň geçirilýändigi bilen düşündirilýär.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda bu ugurda Hazar deňziniň meseleleri boýunça Pudagara topary döredildi.Milli Liderimiz tarapyndan yzygiderli öňe sürülýän hem-de bu täsin tebigy suw howdanynyň örän baý serişdeleriniň goralyp saklanylmagyna, artdyrylmagyna hem-de rejeli peýdalanylmagyna gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi boýunça teklipleri işläp taýýarlamak bu düzümiň öňünde goýlan möhüm wezipeleriň biridir.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa diplomatiýasyny Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde öňe sürmek bilen, halkara gatnaşyklarynyň ulgamynyň ynsanperwerleşdirilmeginiň hem-de oňa ekologiýa häsiýetiniň berilmeginiň, ahlak ýörelgeleri bilen utgaşdyrylmagynyň möhümdigine ünsi çekip, ynsan ömrüniň gymmatynyň ilkinji derejeli maksat bolup durýandygyny äşgär edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ekologiýa başlangyçlaryny dünýä derejesinde ilerletmek bilen, Türkmenistan halkara hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýady döredýär, özüniň gymmatly tejribesini özleşdirýär, bu tejribe ählumumy meseleleriň oňyn çözülmegine uly goşant bolar.
Bu meseleleriň ählisi — Hazar deňziniň ekologiýa ulgamyny goramak, ulag gatnawlary, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hem-de ynsanperwer ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri Gazagystanyň deňiz ýakasyndaky Aktau şäherinde 12-nji awgustda boljak Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitinde ara alyp maslahatlaşmak üçin gün tertibine giriziler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna şu gezekki iş sapary Türkmenistanyň bäştaraplaýyn gatnaşyklary hemmetaraplaýyn goldamak hem-de ony ösdürmegiň täze görnüşlerini öňe sürmek bilen, Hazar deňzini parahatçylyk, howpsuzlyk we döredijilik zolagyna öwürmek üçin anyk ädimleri ädýändigini ýene bir gezek görkezdi.