Şu gün Arçabil myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Suw meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-owgan utgaşdyryjy toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi.Iki günlük çärä Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Garagumderýasuwhojalyk birleşiginiň, şeýle hem Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň suwhojalyk önümçilik birleşikleriniň wekilleri gatnaşýarlar.
Owganystanyň wekiliýetiniň düzüminde Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň, daşary syýasat edarasynyň, Şäher ösdüriş we ýer serişdeler ministrliginiň geodeziýa we kartografiýa bölüminiň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri we beýlekiler bar.
Suw diplomatiýasy Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ähmiýetli ugrudyr.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň hem-de beýleki iri maslahatlaryň mejlislerinde beýan eden halkara başlangyçlary suw meselesiniň ähli ugurlary boýunça sebit we sebitara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.
Hususan-da, munuň özi serhetüsti suw serişdelerini toplumlaýyn we sazlaşykly peýdalanmagyň özara kabul ederlikli guralyny işläp taýýarlamak meselelerine degişlidir. Şol meseleler, milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, diňe halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynyň we ýörelgeleriniň esasynda, sebitiň ähli döwletleriniň bähbitleri göz öňünde tutulyp çözülmelidir.
Bu meseläniň wajyplygy Merkezi Aziýada oba hojalygy we senagat, elektrik energiýasyny öndürmek, ilaty agyz suwy bilen üpjün etmek üçin ulanylýan suw serişdeleriniň esasy çeşmeleri bolup durýan derýalaryň ählisiniň diýen ýaly serhetüsti suw bolup durýandygy bilen şertlenendir.
Bu ýagdaý nazara alnyp, öz döwründe serhetüsti suwy bilelikde dolandyrmak üçin Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerinde Döwletara utgaşdyryjy suwhojalyk topary döredildi.Bu toparyň wezipelerine sebitiň iri derýalarynyň giňişliklerinde gatlaklaryň möçberleriniň çäklerini kesgitlemek, suw serişdelerini hasaba almak we goramak, olaryň oýlanyşykly peýdalanylyşyna gözegçilik etmek we beýleki wezipeler girýär.
Kabul edilýän çözgütleriň ýerine ýetirilişine, suw hojalyk desgalarynyň ulanylyşyna we olara tehniki taýdan hyzmat edilişine jogapkärçilik Amyderýa hem-de Syrderýa howdan görnüşli suw hojalyk guramalarynyň üstüne ýüklenendir.Türkmenistan 2017 — 2019-njy ýyllarda AHHG-a başlyklyk etmek bilen hyzmatdaşlygyň bu ugruna sebitiň döwletleriniň durnukly durmuş-ykdysady ösüşiniň, olaryň energetika, ekologiýa we azyk howpsuzlygynyň, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň möhüm ýagdaýy hökmünde örän uly üns berýär. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz ikitaraplaýyn derejede suwdan bilelikde peýdalanmagyň netijeli ulgamyny ýola goýmak üçin anyk çäreleri görýär. Şunda Owganystanyň degişli düzümleri bilen özara hereket etmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Bu ýurduň çäklerinde, bilermenleriň baha bermegine görä, Amyderýanyň akymlarynyň 20 göterimine çenlisi emele gelýär we mundan başga-da, Murgap hem-de Tejen derýalary öz gözbaşlaryny alyp gaýdýar.Türkmen-owgan utgaşdyryjy toparyň häzirki mejlisiniň goňşy döwletleriň suw ulgamyna degişli hünärmenleriniň üçünji duşuşygydygyny bellemek gerek.
Duşuşyk Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) Merkezi Aziýada suw serişdelerini serhetüsti dolandyrmak diýen sebitleýin maksatnamasynyň goldaw bermeginde geçirilýär.Iş maslahatyna gatnaşyjylar şu gün geçirilen gürrüňdeşligiň netijelerini jemläp, halkara hukugyň kadalary we ýörelgeleri hem-de taraplaryň bähbitlerini özara nazara almagyň esasynda, serhetüsti suw serişdelerini bilelikde peýdalanmak babatda Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak we ösdürmek barada pikirlerini aýtdylar.
Ertir mejlis öz işini dowam eder, onuň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekiler.