11.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna resmi sapary

Şu gün ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady.Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda oňyn bitaraplyk, Açyk gapylar we giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna esaslanýan daşary syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistan goňşy ýurtlar, şol sanda Azerbaýjan bilen netijeli gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn berkidilmegine we ösdürilmegine ähmiýet berýär.

Häzirki döwürde birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze belentlige çykdy.Däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, döwletara gatnaşyklary iki halkyň taryhy-medeni umumylygyna daýanyp, ýyl-ýyldan täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Türkmenistan we Azerbaýjan netijeli syýasy gatnaşyklary ösdürmek arkaly köpugurly esasda, abraýly sebitara we halkara guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklary ösdürýär. Şunlukda, wajyp ählumumy meseleler boýunça garaýyşlaryň ýakynlygy äşgär edilýär.Azerbaýjan Respublikasy ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen daşary syýasat başlangyçlaryna yzygiderli goldaw berýär.

Döwlet Baştutanlarynyň yzygiderli özara gatnaşyklary, şol sanda ikitaraplaýyn saparlar, ýokary derejedäki gepleşikler, halkara häsiýetli iri çäreleriň dowamyndaky duşuşyklar türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde möhüm orun eýeleýär.Dürli derejedäki wekiliýetleriň saparlary, Daşary işler ministrliginiň ugry boýunça yzygiderli gatnaşyklar, Aşgabat we Baku şäherlerindäki ilçihanalaryň netijeli işleri hyzmatdaşlygyň ähli meseleleri boýunça özara ylalaşyklaryň işlenip taýýarlanylmagyny, hyzmatdaşlygyň täze, geljekki ugurlaryny şertlendirýär. 2017-nji ýylyň awgust aýynda hormatly Prezidentimiziň Azerbaýjan Respublikasyna bolan resmi sapary döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi.

Onuň jemleri boýunça iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnama, şeýle hem dürli ugurlardaky özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin zerur mümkinçilikleri üpjün edýän birnäçe resminamalara gol çekildi. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejede geçirilýän bu gezekki duşuşygyň dowamynda resminamalar toplumyna gol çekmek meýilleşdirildi.

Olar türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny öz içine almak bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň üstüni ýetirer we ony has-da berkider.Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ägirt uly serişde mümkinçilikleri söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek we köpugurly esasda ösdürmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny höweslendirmek hem-de giňeltmek üçin amatly mümkinçilikleri döredýär.

Hazar deňzinde döwrebap port düzümine eýe bolan ýurtlaryň geografik taýdan amatly ýerleşmegi multimodal üstaşyr-ulag geçelgelerini döretmek we logistika ugry boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmek babatda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň uly geljegini üpjün edýär. Şunuň bilen birlikde, ynsanperwer ulgam döwletara gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýar.

Bu ugurda ylym, bilim we medeniýet ulgamlaryndaky netijeli gatnaşyklara möhüm ähmiýet berilýär.Azerbaýjanyň wekilleriniň Türkmenistanda geçirilýän ylmy we döredijilik maslahatlaryna yzygiderli gatnaşýandyklaryny bellemeli. Şeýle hem sport we syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikler bar.

Iki halky baglanyşdyrýan taryhy-medeni kökler, ruhy gymmatlyklar, asylly ýörelgeler we olaryň parahatçylyga we döredijilige bolan gyzyklanmalary häzirki zaman türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň pugta binýadyny kemala getirýär. Şeýlelikde, ýokary derejede geçiriljek bu gezekki duşuşygyň deňhukuklylyk, özara bähbitlilik we uzak möhletleýin esasda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň geljekki ösüşi üçin ygtybarly binýady emele getirjekdigi gürrüňsizdir.

Hormatly Prezidentimiziň uçary Baku şäheriniň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinde gondy.Belent mertebeli myhmanyň hormatyna uçaryň ýanynda düşelen haly ýodajygynyň gyrasynda Hormat garawulynyň esgerleri hatara düzüldi.

Azerbaýjanyň paýtagtynyň howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar we olar milli Liderimizi Azerbaýjan topragynda görýändiklerine şatdyklaryny nygtadylar.Döwlet Baştutanymyzyň ulag kerweni howa menzilinden Azerbaýjanyň Prezidentiniň Zagulba kabulhanasyna tarap ugrady.

Bu ýerdäki meýdançada belent mertebeli myhmany resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy.Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen mähirli görüşdi.Iki ýurduň Liderleri salamlaşykdan soň, özleri üçin ýörite taýýarlanan ýere geçdiler.

Kabulhananyň öňündäki meýdançada hatara duran Hormat garawulynyň esgerleriniň serkerdesi dabaraly ýagdaýda hasabat berdi.Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew Azerbaýjanyň Döwlet baýdagyna tagzym edip, Hormat garawulynyň esgerleriniň öňünden geçdiler.

Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlandy.Hormat garawulynyň esgerleriniň dabaraly ýörişi belent mertebeli myhmany resmi taýdan garşylamak dabarasyny jemledi.Olar meýdançadan dabaraly ýöriş bilen geçdiler.Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek çäresi tamamlanandan soň, türkmen-azerbaýjan ýokary derejedäki ikiçäk gepleşikleri boldy.

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti belent mertebeli myhmany Bakuwda görýändigine şatdygyny ýene bir ýola belläp, ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklaryň yzygiderli häsiýete eýedigini, şolaryň dowamynda örän möhüm meseleler boýunça çözgütleriň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny we kabul edilýändigini aýtdy.

Dostlukly goňşy döwletiň Baştutanynyň belleýşi ýaly, biziň halklarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar köpasyrlyk taryha eýedir.Bu gatnaşyklar dostluk, doganlyk, özara goldaw gatnaşyklarynyň taryhydyr.Häzirki wagtda Azerbaýjan bilen Türkmenistan Garaşsyz döwletler hökmünde saýlap alan ýollary bilen ynamly öňe barýarlar.

Prezident Ilham Aliýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we dostlukly türkmen halkyny Garaşsyzlyk döwrüniň ýokary gazanylanlary, halkara giňişlikde eýeleýän işjeň orny, durmuş hem-de ykdysady meselelerde gazanan köp sanly üstünlikleri bilen gutlady we Azerbaýjanyň hakyky dost hökmünde muňa buýsanýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Baştutanynyň şu gezekki sapary giň ugurlar boýunça işjeň döwletara gepleşikleriň dowamydyr, bu gepleşikler syýasy, ykdysady, ulag, ynsanperwerlik ulgamlaryny öz gerimine alýar diýip, Azerbaýjanyň Baştutany şu gezekki gepleşikleriň baý many-mazmunly, netijeli boljakdygyna hem-de oňat netijelere getirjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjana resmi sapar bilen gelmäge çakylyk we myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, ähli ugurlar — syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, şeýle hem halkara derejede üstünlikli ösdürilýän hoşniýetli goňşuçylyk, döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy babatynda şu günki duşuşygyň ähmiýetini belledi.

Türkmenistanyň Baştutany şu gezekki gepleşikleriň netijeli türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygyna täze güýçli itergi berjekdigine, iki halkyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.Milli Liderimiz Prezident Ilham Aliýewe ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirip, Azerbaýjanyň Baştutanyna we onuň üsti bilen dostlukly ýurduň ähli halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, açyklyk we ynanyşmak ýörelgeleri netijeli hyzmatdaşlygyň nusgasydyr, ähli bilelikdäki başlangyçlary üstünlikli amala aşyrmak üçin oňyn binýatdyr. Ýurtlaryň ikisi hem ägirt uly serişde, ykdysady, ulag-aragatnaşyk mümkinçiliklerine eýe bolup durýar.

Bu bolsa özara bähbitlere bolşy ýaly, ählumumy Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda, energetika pudagynda hyzmatdaşlyk, ulag geçelgelerini döretmek we aragatnaşyk pudagynda özara gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar.

Iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň we döwlet düzümleriniň arasynda pikir alyşmalary guramak üçin ygtybarly binýat bolup durýan Hökümetara türkmen-azerbaýjan toparyna ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun degişlidir. Şeýle hem taraplar gepleşikleriň barşynda özara gyzyklanma bildirilýän sebitara we halkara syýasatyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti özi üçin amatly wagtda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentini ýurdumyza sapar bilen gelmäge çagyrdy.Bu çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi.Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde — iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.

Prezident Ilham Aliýew ýokary derejede yzygiderli geçirilýän döwletara gatnaşyklaryň okgunly häsiýetini hem-de şu gezekki gepleşikleriň gün tertibiniň baý many-mazmunly bolandygyny belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strategik häsiýetini kanagatlanma bilen nygtady.

Gol çekmek üçin taýýarlanylan resminamalar toplumy hem muňa şaýatlyk edýär, olar hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň üstüni ýetirer.Azerbaýjanyň Baştutany türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň hoşniýetli goňşuçylyk derejesini aýratyn belledi, iki halky birleşdirýän köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklary onuň esasyny düzýär.

Goňşy döwletiň Baştutanynyň belleýşi ýaly, geçen ýyl Aşgabatda we Bakuwda türkmen Lideri bilen geçirilen duşuşyklaryň barşynda hem hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşmak üçin oňat mümkinçilikler döredi.Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk oňyn netijeler bilen häsiýetlendirilýär, bilelikdäki Hökümetara topary netijeli işleýär, pudagara derejede gatnaşyklar işjeňleşdirilýär.

Prezident Ilham Aliýew iki ýurduň hem uly kuwwata eýe bolan ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerine degip geçmek bilen, Azerbaýjanda we Türkmenistanda degişli döwrebap düzümleri döretmek we iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly işleriň alnyp barylýandygyny nygtady.

Azerbaýjanyň Lideri döwletara gatnaşyklaryň köpugurly häsiýeti barada aýdyp, däp bolan ynsanperwer ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy belledi, şu gün gol çekilmegi göz öňünde tutulýan resminamalaryň birnäçesi hem bu ugurda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir. Şeýle hem Prezident Ilham Aliýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we bütin türkmen halkyny şu ýyl bellenilýän Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly senesi bilen tüýs ýürekden gutlady. Şunda ýurdumyzyň bitaraplyk hukuk derejesiniň sebitde durnuklylygyň we ösüşiň täsirli guraly bolup çykyş edýändigi bellenildi.

Azerbaýjanyň Baştutany şeýle hem özüniň ak mermerli binalary we gaýtalanmajak gözelligi bilen haýran galdyrýan Aşgabat baradaky täsirlerini paýlaşdy.Prezident Ilham Aliýew türkmen Liderini Azerbaýjanda ýene bir gezek görýändigine şatdygyny aýdyp, şu gezekki gepleşikleriň örän netijeli boljakdygyna hem-de olaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ähli meseleleriniň üstünlikli çözülmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Soňra hormatly Prezidentimize söz berildi.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bildirilen myhmansöýerlik we netijeli işlemek üçin döredilen şertler üçin azerbaýjan kärdeşine minnetdarlyk bildirip, Azerbaýjana bolan bu gezekki resmi saparyň baş maksadynyň döwletara hyzmatdaşlygy has-da berkitmekden, ony ikitaraplaýyn gyzyklanmalara, şeýle hem ýurtlarymyzyň eýe bolan anyk mümkinçiliklerine laýyklykda, täze hil we mazmun bilen baýlaşdyrmakdan ybaratdygyny aýtdy.

Türkmen we azerbaýjan halklarynyň gatnaşygy diňe bir taryhy doganlyk, köpasyrlyk hoşniýetli gatnaşyklar, kökleriň, diliň, diniň, medeni-ahlak esaslarynyň umumylygy bilen çäklenmeýär.Bu günki gün iki döwletiň halkara we sebitara howpsuzlygy hem-de durnuklylygyny gorap saklamaga we pugtalandyrmaga berk ygrarlydygy türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň esasydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň bu möhüm meseledäki berk we ynamly garaýyşlary Merkezi Aziýada, Zakawkazýede, Hazar deňzi sebitinde syýasy ýagdaýlaryň ösüşine uly täsirini ýetirýär. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň we beýleki halkara hem-de sebit düzümleriniň çäklerinde özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Azerbaýjana Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky Rezolýusiýany goldandygy we awtordaş hökmünde çykyş edendigi üçin minnetdardyr. Özara goldamak tejribesi biziň ikitaraplaýyn bähbitlerimize, dünýä bileleşiginiň ählumumy howpsuzlygyň binýadyny pugtalandyrmak baradaky uzak möhletleýin maksatlaryna laýyk gelýär.

Pursatdan peýdalanyp, milli Liderimiz Prezident Ilham Aliýewi Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara, şol sanda şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti” atly halkara maslahata gatnaşmaga çagyrdy.

Azerbaýjan biziň Hazar deňzindäki goňşymyzdyr.Bu ugurda aýratyn hem soňky ýyllarda köp işler amala aşyryldy. 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Aktau şäherinde Hazarýaka döwletleriň bäşisiniň ýolbaşçylary tarapyndan Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekilmegi iň esasy üstünlik boldy.

Munuň özi ilkinji nobatda, Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýany utgaşdyrmak boýunça ylalaşykly çäreleriň görülmegine degişlidir.V Hazar sammitiniň beýannamasynda daşary işler ministrlikleriniň howandarlygynda bäştaraplaýyn maslahatlaşmalaryň ýörite guralyny döretmek hakyndaky çözgüt berkidildi.

Konwensiýanyň düzgünlerini iş ýüzünde ulanmak baradaky wezipe hem şonuň üstüne ýükleniler.Türkmenistan bu işe anyk gatnaşmaga taýýardyr.Hazar meselesi boýunça türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda geçen ýylyň awgustynda Türkmenistanda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň möhüm ähmiýete eýe bolandygyny aýratyn bellemek gerek.

Gazanylan ylalaşyklar umumyhazar gatnaşyklaryna hem-de ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermelidir. Şolaryň hatarynda energetika, ulag, senagat, söwda, innowasiýalar, ekologiýa aýratyn ähmiýete eýe bolýar.Häzirki wagtda iri ulag-logistika merkezi hökmünde Hazar sebitiniň orny has ýokarlanýar.

Munuň özi Hazarýaka ýurtlarynyň arasynda, şeýle hem daşarky bazarlara çykmak babatda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň giň mümkinçiliklerini açýan strategik ugurdyr.Hazar deňzi — Gara deňiz ulag ugry taslamasynyň başyny başlamak boýunça bilelikdäki işler bu ulgamda möhüm ugur bolup durýar.

Hazar we Gara deňiz sebitleriniň bitewi ulag geçelgesine birleşdirilmegi, gürrüňsiz, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, önümçilik we energetika taýdan goşulyşmak, söwda, maýa goýumlary üçin giň mümkinçilikleri açýar. Özi-de diňe bir ulag taslamasyna gönüden-göni gatnaşýan ýurtlar üçin däl, eýsem, Aziýanyň we Ýewropanyň beýleki döwletleri, yklymara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge gyzyklanma bildirýän iri ykdysady birleşikler üçin hem giň mümkinçilikleri döredýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Rumyniýaly we gruziýaly hyzmatdaşlar bilen bilelikde, Türkmenistan we Azerbaýjan bu işiň yzygiderli, uzak möhletli häsiýete eýe bolmagynda möhüm orun eýelediler.Geçen ýylyň martynda Buharestde geçirilen dörttaraplaýyn ministrler duşuşygy hyzmatdaşlygyň geljegi uly we özara bähbitli ugruny döretmegiň ýolunda wajyp ädim boldy.

Halkara energetika hyzmatdaşlygy ulgamynda Türkmenistan we Azerbaýjan energiýa serişdelerini Ýewropa bazarlaryna ibermegiň deňagramly, köpugurly ulgamyny döretmek ugrunda çykyş edýär, ulgamyň energiýa serişdelerini ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, olaryň hereket etmeginiň anyk-aýdyň usullaryna, ygtybarlylygyň hem-de howpsuzlygyň kepilliklerine, köptaraplaýyn bähbitleri nazara almaga esaslanýar.

Türkmenistan nebitgaz we himiýa senagatynda, dokma pudagynda, beýleki ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taýýardyr, şeýle hem ýokary tehnologiýalar ulgamynda Azerbaýjan bilen gatnaşyklaryň derejesini we hilini ýokarlandyrmaga gyzyklanma bildirýär.

Iki ýurduň geografik ýerleşişi Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky utgaşykly ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmek boýunça oýlanyşykly strategiýasyna esaslanýan ysnyşykly hyzmatdaşlygyň zerurdygyny şertlendirýär. Şeýle strategiýa diňe bir Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň däl, eýsem, üçünji ýurtlaryň gatnaşmagynda täze ýollaryň gurulmagyny göz öňünde tutmalydyr.

Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (Lapis Lazuli) ulag geçelgesi şeýle üstünlikli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar.Ulag ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, awtomobil-parom we demir ýol-parom gatnawlarynyň netijeli gurallaryny işläp taýýarlamak arkaly Türkmenbaşy we Baku portlarynyň, şeýle hem Alýat deňiz portunyň mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmak zerurlygy ýüze çykýar.

Türkmen-azerbaýjan söwda hyzmatdaşlygy barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda soňky ýyllarda ösüşiň göze ilýändigini belledi. Şeýlelikde, 2018-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende, haryt dolanyşygy 2019-njy ýylda 40 göterimden hem gowrak artdy.

Hökümet we pudagara derejesinde özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesi toplanyldy. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara topar has netijeli işlemelidir.Iki ýurduň işewürler bileleşikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikler açylýandygy hem guwandyryjy ýagdaýdyr.

Häzirki wagtda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ugry boýunça ýurdumyzda gurluşykda, söwdada, düzümleýin desgalary gurmakda, hyzmatlar ulgamynda, syýahatçylyk we dynç alyş ulgamynda iri taslamalar amala aşyrylýar.Türkmenistan azerbaýjan kompaniýalarynyň bu taslamalara işjeň gatnaşmagyny goldaýar.

Milli Liderimiz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksady bilen, Bakuwda Türkmenistanyň Söwda öýüni we degişlilikde, Aşgabatda Azerbaýjanyň Söwda öýüni döretmek baradaky meselä içgin seretmegi teklip etdi.Mundan başga-da, döwletleriň ikisinde hem hususy ulgamyň işjeň ösýändigini nazara almak bilen bilelikdäki türkmen-azerbaýjan Işewürler geňeşini döretmek boýunça tagalla etmek zerurdyr.

Onuň düzümine iki ýurduň kompaniýalarynyň wekilleri girip biler.Medeni-ynsanperwer ulgam hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.Soňky döwürde bu ugruň okgunly ösüşe eýe bolandygyny aýtdy.

Ylym we bilim ugurlary boýunça, sungat işgärleriniň arasynda gatnaşyklar giňeldildi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň Prezidentleriniň Bakuwda hem-de Aşgabatda türkmen we azerbaýjan el halylarynyň sergilerini geçirmek baradaky bilelikdäki başlangyjynyň 2019-njy ýylda amala aşyrylandygyny bellemek zerurdyr.

Medeni-ynsanperwer ugurdaky döwletara gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen, Medeniýet günlerini hem-de iki ýurduň döredijilik toparlarynyň we sungat ussatlarynyň özara çykyşlaryny her ýyl guramagy, şeýle hem her ýyl iki ýurduň ýaşlar we çagalar döredijilik toparlarynyň özara çykyşlarynyň guralmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Biziň ýurtlarymyz syýahatçylygy ösdürmek boýunça uly kuwwata eýedir.Olarda uly gyzyklanma bildirilýän baý taryhy-medeni mirasyň, täsin tebigy desgalaryň we taryhy ýadygärlikleriň bolmagy esasy şert bolup hyzmat edýär.

Doly özara düşünişmek, ynanyşmak we açyklyk ýagdaýynda geçýän şu saparyň barşyna we netijelerine ýokary baha berip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewe oňyn garaýyşlar, Türkmenistan bilen doganlyk gatnaşyklary ösdürmäge hemişe taýýardygy we uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem milli Liderimiz özüniň Azerbaýjan kärdeşini we goňşy döwletiň ähli halkyny golaýda parlament saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda Azerbaýjanyň doganlyk halkyna parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi.Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Türkmenhowaýollary agentligi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Ulag, aragatnaşyk we ýokary tehnologiýalar ministrliginiň ýanyndaky Döwlet raýat awiasiýasy agentliginiň arasynda Teswirnama; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Azerbaýjanyň Telewideniýe we radiogepleşikler ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Migrasiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Kitaphana işi babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen Azerbaýjanyň Milli kitaphanasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Baku döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnama; Türkmentelekom elektrik aragatnaşyk kompaniýasy bilen Azertelecom jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň aragatnaşyk operatorlary tarapyndan Türkmenistan — Azerbaýjan ugry boýunça Hazar deňziniň düýbünden optiki süýümli aragatnaşyk ulgamyny bilelikde gurmak, eýelik etmek we ulanmak boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Türkmenistanyň Türkmenaragatnaşyk agentligi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Ulag, aragatnaşyk we ýokary tehnologiýalar ministrliginiň arasynda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnama; Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Ekologiýa we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda Hazar deňziniň biologik köpdürlüligini gorap saklamak we öwrenmek babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Teswirnama; Ýer kadastry babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Ykdysadyýet ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Gozgalmaýan emläge bolan hukuklary döwlet tarapyndan bellige almak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Ykdysadyýet ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Azerbaýjan Respublikasynda Türkmenistanyň ilçihanasyny we Türkmenistanda Azerbaýjan Respublikasynyň ilçihanasyny ýerleşdirmek üçin ýer böleklerini özara bermek hakyndaky Ylalaşyga; Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty bilen Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň Dolandyryş ulgamlary institutynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty bilen Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasynyň Nyzamy Genjewi adyndaky Edebiýat institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Eksporty we maýa goýumlary höweslendiriş gaznasynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Kiçi we orta işewürligi ösdürmek agentliginiň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Döwlet emlägini dolandyrmak we hususylaşdyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Ykdysadyýet ministrliginiň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Halkara awtomobil gatnawy hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2008-nji ýylyň 19-njy maýyndaky Ylalaşyga üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky Teswirnama gol çekilýär.

Bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, iki ýurduň Liderleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Gepleşikleriň jemleri barada aýdyp, Prezident Ilham Aliýew olaryň iki ýurduň we halklaryň arasynda dostluk hem-de doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmek üçin ähmiýetli bolandygyny nygtady.Pursatdan peýdalanyp, Azerbaýjanyň Lideri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we tutuş türkmen halkyny ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygy bilen gutlady.

Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistan ösüşiň we döredijiligiň uly hem-de şöhratly ýoluny geçdi, şeýle hem dünýä bileleşiginiň ägirt uly hormatyna mynasyp boldy.Munuň özi türkmen Lideriniň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň milli we umumy bähbitlere kybap gelýändigini alamatlandyrýar. — Biz Siziň goňşyňyz we hoşniýetli dostuňyz bolmak bilen, gazanýan üstünlikleriňize hemişe begenýäris diýip, Azerbaýjanyň Baştutany sözüni dowam etdi. Şeýle hem ol Türkmenistanda birnäçe gezek bolandygyny we ýurduň öz Lideriniň ýolbaşçylygynda sazlaşykly ösýändigini nygtady.

Türkmen Lideri döwlet ösüşiniň ähli meselelerini, şol sanda şähergurluşygy bilen baglanyşykly işleri hemişelik üns merkezinde saklaýar.Azerbaýjan Lideri özüniň 2018-nji ýylda Aşgabada bolan sapary mahalynda ajaýyp sport desgalary bilen tanşandygyny aýtdy.

Aşgabadyň yzygiderli gurulmagy we gözel görnüşe eýe bolmagy oňa barýanlarda ýakymly täsirler galdyrýar hem-de doganlyk Türkmenistanyň kuwwatyny we häzirki zaman derejesini äşgär edýär.Ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada aýdylanda bolsa, şu gün hyzmatdaşlygyň gün tertibiniň ähli meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we onuň strategik ösüşine ikitaraplaýyn gyzyklanmalar tassyklanyldy diýip, Prezident Ilham Aliýew belledi. Şu günki duşuşygyň jemleri boýunça gol çekilen resminamalar döwletara gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi.

Azerbaýjanyň Baştutanynyň Türkmenistana bolan resmi sapary mahalynda gol çekilen resminamalar bilen bilelikde, olar häzirki döwürde bar bolan ähli ikitaraplaýyn resminamalaryň ýaryna golaýyny düzýär.Bellenilişi ýaly, munuň özi bir ýarym ýylyň dowamynda şertnamalaýyn hukuk binýadyny berkitmekde ägirt uly işleriň bitirilendiginiň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, Azerbaýjan Lideri döwlet Baştutanlarynyň Bilelikdäki Beýannamasy barada aýratyn nygtady.

Onda taraplaryň özara meýilleri beýan edilýär we dünýäde hem-de sebitde bolup geçýän ýagdaýa, geljekki ösüşe bolan gyzyklanmalara baha berilýär.Iki ýurduň çäk bitewüliginiň, serhetleriniň we özygtyýarlylygynyň eldegrilmesizligine goldaw bermek Beýannamanyň möhüm bölegine öwrüldi.

Prezident Ilham Aliýew söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösüşe eýedigini, şol sanda haryt dolanyşygynyň artýandygyny nygtap, şu günki gepleşiklerde ulag-logistika ulgamynyň meseleleriniň jikme-jik ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi.

Bu ugurdaky işleri ösdürmek, iki ýurduň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini berkitmekde tagallalary utgaşdyrmak boýunça degişli döwlet düzümlerine tabşyryklar berildi.Taraplar Türkmenistanda we Azerbaýjanda ulag düzüminiň ösdürilmegine ägirt uly üns berilýändigini nazara alyp, ony döwrebaplaşdyrmak boýunça ikitaraplaýyn iş alyp barmagyň zerurdygyny bellediler.

Häzirki döwürde iki döwletiň esasy portlary utgaşykly we sazlaşykly işleýär.Bu bolsa ýükleriň artýan möçberlerini yzygiderli ugratmaga, şeýle hem biziň üstaşyr mümkinçiliklerimizi beýleki ýurtlara geçirmäge mümkinçilik berýär diýip, azerbaýjan Lideri belledi. Ýokary derejede geçirilen bu gezekki duşuşykda düzümleýin mümkinçilikleri we gelýän ýük akymlaryny artdyrmak üçin şertleri döretmek boýunça goşmaça çäreler bilen bilelikde, bar bolan kuwwatlyklary berkitmäge gönükdirilen möhüm çözgütler kabul edildi. Şunuň bilen birlikde, ägirt uly netijelere eýe bolýan we uzak ýyllaryň dowamynda gatnaşyklar ýola goýlan energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem gepleşikleriň dowamynda iki halkyň etniki, dil we medeni umumylygyny nazar alyp, ynsanperwer gatnaşyklaryň wajypdygy barada aýdyldy.

Bir söz bilen aýdanyňda, şu günki duşuşygyň gün tertibi örän netijeli boldy we umuman, biziň döwletlerimiz işjeň gatnaşyklary alyp barýarlar diýip, Azerbaýjanyň Baştutany nygtady.Prezident Ilham Aliýew türkmen Lideriniň bu gezekki resmi saparynyň döwletara gatnaşyklary berkitmegiň ýolunda täze möhüm ädime öwrülendigini belledi. Çykyşynyň ahyrynda Azerbaýjanyň Lideri Türkmenistanyň doganlyk halkyna üstünlik, parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejede geçirilen duşuşygyň jemlerini teswirläp, ýurdumyzyň wekiliýetiniň adyndan Azerbaýjana gelip görmäge çakylyk, myhmansöýerlik, mähirli kabul edilendigi hem-de bilelikde işlemek üçin amatly şertleriň döredilendigi üçin Prezident Ilham Aliýewe ýene bir gezek çuňňur minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, döwletara gatnaşyklaryň ýagdaýy we geljegi, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi babatynda meseleleriň giň toplumyna garaldy. Şeýle hem hyzmatdaşlygyň häzirki döwründe syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk meselelerine garaldy.

Döwlet Baştutanymyz Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistanyň sebitde strategik hyzmatdaşy bolup durýandygyny nygtady.Biziň garaýyşlarymyz köp babatda meňzeşdir, biz bütin dünýäde, Merkezi Aziýada we Zakawkazýede, Hazar deňzi sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek ugrunda çykyş edýäris.

Bu işleriň ählisi abraýly halkara düzümleriň — Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz halkara derejede Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldaýandygy üçin Azerbaýjan tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine garaldy, energetika pudagy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi.Türkmenistan hem, Azerbaýjan hem uglewodorod serişdelerine örän baý ýurtlardyr.Energetika meseleleri barada aýdylanda, biz bu serişdeleri dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň tarapdarydyrys, şunda, öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň hem-de sarp edijileriň arasyndaky deňeçerlik ýörelgesi öňe sürülmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.

Taraplar şeýle hem gaz we nebithimiýa hem-de dokma senagaty, obasenagat toplumy ýaly we beýleki pudaklar boýunça bilelikdäki hereketleri ylalaşdylar..Soňra döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şeýle hem gepleşiklerde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösdürilmegine üns berildi.

Biziň ýurtlarymyzy parahatçylygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň deňzi bolan Hazar deňzi baglanyşdyrýar. Şol sebäpli hem Hazar deňziniň hukuk derejesini kesgitleýän halkara Konwensiýa kabul edildi, ony daşary syýasat edaralarynyň derejesinde amala aşyrmagyň guraly kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmäge ynam bildirilendigi, şeýle hem onuň işine Azerbaýjanyň işjeň gatnaşandygy üçin ähli Hazarýaka ýurtlara minnetdarlygymyzy beýan edýäris. Üstaşyr-ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şunda onuň dogry logistikasynyň düzülmeginiň möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Gürrüň, hususan-da, Lapis-Lazuli geçelgesiniň taslamasy boýunça gol çekilen ylalaşyk barada barýar.Bu geçelge Owganystanda başlanyp, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Türkiýäniň çäklerinden geçýär we Ýewropa çykýar. Şeýlelikde, biziň ýurtlarymyz Aziýanyň we Ýewropanyň möhüm birleşdiriji köprüsi hökmünde uly orun eýeleýärler.

Milli Liderimiz şeýle hem iki döwletiň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberleriniň artandygyny belledi, muňa onuň 40 göterimden hem artandygy şaýatlyk edýär. Şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara topar utgaşdyryjy düzüm bolup durýar. Şeýle hem şu gün biz hususy bölege, kiçi we orta telekeçilikden başlap, ýokary işewürlige çenli düzümleriň meselelerine, ikitaraplaýyn Işewürler geňeşini döretmek meselelerine degip geçdik. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Baku şäherinde we Azerbaýjanyň Aşgabat şäherinde Söwda öýlerini döretmek barada ylalaşyga geldik.

Munuň özi bize Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky haryt dolanyşygy babatynda heniz peýdalanylmadyk mümkinçiliklerini artdyrmaga goşmaça şert döreder.Gepleşikleriň dowamynda, şeýle hem döwletara medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga, ylym, bilim, sport we syýahatçylyk ugurlarynda gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine uly üns berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, biziň halklarymyzy taryhy köklerimiziň, dillerimiziň, milli mirasymyzyň umumylygynyň birleşdirýändigini belledi, türkmen we azerbaýjan halylary bu mirasyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.Taraplar şeýle hem ajaýyp halylara bagyşlanan maslahatlary we sergileri geçirmek barada ylalaşdylar.

Milli Liderimiz özara ynanyşmak we hormat goýmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň netijeli we oňyn häsiýetini nygtap, özüniň azerbaýjan kärdeşini demokratik parlament saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen ýene bir gezek gutlady.Munuň özi meşhur syýasy işgär Geýdar Aliýew tarapyndan goýlan döwlet binýadynyň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

Sözüniň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Prezident Ilham Aliýewe jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikler, doganlyk azerbaýjan halkyna bolsa abadançylyk, bagtyýarlyk we ösüş arzuw etdi. Şeýle hem şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Idaýat ogly Asadow bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde yzygiderli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary we onuň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Premýer-ministr Ali Idaýat ogly Asadow Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky ynanyşmak we özara düşünişmek derejesiniň ýakyndygyny, wajyp halkara meseleler boýunça çemeleşmeleriň hem-de garaýyşlaryň birmeňzeşdigini kanagatlanma bilen belläp, iki ýurduň birek-birege hormat goýmak we milli bähbitleri nazara almak arkaly ýola goýlan däp bolan gatnaşyklara täze itergi bermäge bolan gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň umumymilli Lideri Geýdar Aliýewiň aramgähine bardy.Bu ýerde Azerbaýjanyň ilkinji Prezidentiniň we meşhur syýasy işgäriň ýagty ýadygärligine çuňňur sarpa hökmünde gül dessesini goýdy.

Döwlet Baştutanymyz Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň mähriban käbesiniň ýadygärligini hem sarpalap, onuň gubruna gül dessesini goýdy.Soňra milli Liderimiz Şehitler ýadygärligine tarap ugrady.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň azatlygy hem-de garaşsyzlygy ugrunda gurban bolan halk gahrymanlarynyň ýadygärligini hatyralap, bu ýadygärlige gül çemenini goýdy.

Soňra belent mertebeli myhman şäheri synlamak üçin özi üçin ýörite bellenilen ýere çagyryldy, bu ýerden Baku şäheriniň ajaýyp görnüşi açylýar.Milli Liderimiz şeýle hem Azerbaýjanyň paýtagtynyň taryhy bilen-de tanyşdyryldy.

Soňra milli Liderimiziň awtoulag kerweni Azerbaýjanyň milli haly muzeýine tarap ugrady.Bu ýerde Türkmenistanyň Baştutanyna bu medeni-aň-bilim we ylmy-barlag merkeziniň alyp barýan umumy işi barada maglumat berildi.

Muzeý 1967-nji ýylda döredilipdir. 2014-nji ýylda ol täze binagärlik çözgüdi bolan we dolanan halynyň şekilinde taslamalaşdyrylan hem-de Bakuwyň merkezindäki Deňizýaka seýilgähinde ýerleşýän täze bina göçdi.Häzirki döwürde muzeýiň sergi zallarynda we gaznalarynda 14 müňden gowrak gymmatlyk saklanýar.

Ol bürünç asyryndan biziň günlerimize çenli bolan döwri öz içine alýar. Örän seýrek hem-de aýratyn gymmatly halylar we milli nagyşlary we şekilleri bolan haly önümleri Azerbaýjanyň sebitleýin halyçylyk mekdebi üçin häsiýetli hasaplanylýar.

Olar dürli dokma tehnikalarynda tüýjümek we tüýjümek bolmadyk ýüplükler arkaly dokalýar.Mundan başga-da, bu ýerde görkezilýän gymmatlyklaryň arasynda zergärçilik önümleri, lybaslar, nagyşlar, aýnadan, agaçdan keçeden taýýarlanylan häzirki zaman bezeg işleri bar.

Türkmenistanda bolşy ýaly, azerbaýjan topragynda hem halyçylyk örän gadymy döwürden başlanypdyr.Munuň şeýledigini köp sanly arheologik barlaglar subut etdi. 2010-njy ýylyň noýabr aýynda azerbaýjan halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Şeýle hem bu sanawa 2019-njy ýylda türkmen halyçylyk däpleriniň girizilendigini bellemeli.

Bu çeper senet gadymy döwürlerden bäri türkmen we azerbaýjan halklarynyň taryhynda umumy ýörelgelere eýedir. Şol bir wagtyň özünde bolsa milli özboluşlylyk arkaly tapawutlanýarlar. Ýakynda Bakuwyň haly muzeýi ilkinji gezek dünýäniň islendik ýerinden onlaýn tertibinde tomaşa edip bolar ýaly şert bilen üpjün edilen täze sergini açdy.

Muzeýiň gymmatlyklary bilen tanşyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen we azerbaýjan halklarynda halyçylyk däpleriniň ýakyndygyny, ony taýýarlamagyň usulynda, dokalyş aýratynlyklarynda umumylygyň bardygyny belledi. Şol bir wagtyň özünde bu sungatyň köp asyrlaryň dowamyndaky ösüşinde milli we sebit aýratynlyklary möhüm orun eýeleýär.

Türkmen halylarynyň nagşynda iki dörtburçlukdan emele gelen sekiz burçly ýyldyz aýratyn orun eýeleýär.Türkmen we azerbaýjan halklary üçin haly diňe bir durmuş serişdesi däl-de, milli gymmatlyk bolup durýar.

Hazar deňziniň kenarlarynda ýaşaýan ilatda Haly bar ýerinde öý bar diýen jümle ýörgünli bolupdyr.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwrüň haly ussatlaryny köp asyrlaryň dowamynda halkyň döreden ajaýyplyklaryny aýawly saklap, oňa täze görnüş we çeperçilik serişdelerini bermek üçin döredijilik gözleglerini dowam etmäge çagyrdy. Şeýlelikde, halyçylyk we ony wagyz etmek hem-de ylmy-barlag işleri, bu ugurda tejribe alyşmak, ikitaraplaýyn sergileri geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň örän ähmiýetli boljakdygyny belläp, döwlet Baştutanymyz bu ugruň Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugur boljakdygyna ynam bildirdi.

Agşam belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew resmi agşamlyk naharyny berdi, şonda döwlet Baştutanlary söz sözlediler.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna resmi saparyny tamamlap, Baku şäheriniň Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menziline baryp, bu ýerden Watanymyza ugrady.

Ýene degişli makalalar

21.09.2017 | “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasynda türkmenleriň janlandyrylan taryhy: Dhistan we Köneürgenç
“Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasynda türkmenleriň janlandyrylan taryhy: Dhistan we Köneürgenç
Amanullah Transport and Logistics kompaniýasy halkara logistika hyzmatlarynyň bitewi toplumyny ýerine ýetirýär
Pisse saglyk üçin peýdaly miwe
06.03.2018 | 2017-nji ýylyň ýylýazgysy: ulag we aragatnaşyk