105 Ýyl Ozal Siwasda Ýakylan Ot Türkiýäniň Ýoluna Şöhle Saçmaga Dowam Edýär

105 Ýyl Ozal Siwasda Ýakylan Ot Türkiýäniň Ýoluna Şöhle Saçmaga Dowam Edýär

Siwas kongresiniň ähli agyr şertlere garamazdan jebisligini, agzybirligini gorap saklan türk milletiniň Garaşsyzlyk göreşini ýeňiş bilen tamamlandygyny ýatladan Erdogan, gelejegiň esasy başlangyç nokatlaryndan biri bolan Kongresde kabul edilen taryhy kararlaryň Azat edijilik söweşine ýol açyp, Respublikanyň gelejegini ugrukdyrandygyna ünsi çekdi.

Prezident Eredogan ýüzlenmesinde; “Mundan 105 ýyl ozal Siwasda garaşsyzlyk we watan yşgy bilen ýakylan ot, döwrebap medeniýet ýörişimiziň ýoluny şöhlelendirmäge dowam edýär. Şanly taryhymyza buýsanýan, gahryman ata-babalarymyz bilen şolbir ruha hem-de düşünjä eýe bolan ýaş nesiller ýurdumyzy Türkiýe asyry maksadyna ýetirer.

Şu günki günde biz hem Siwas kongresinde kabul edilen we Türkiýe Respublikasynyň öwezini emele getirýän kararlara tabynlykda hereket edýäris. Siwas kongresiniň geçirilen gününde Gahryman Mustafa Kemalyň başda durmagynda ähli gahrymanlarymyzy hormat bilen hatyralap, Kongrese ýer eýeçiligini eden siwaslylylary we ähli raýatlarymyzy gyzgyn gutlaýaryn” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdoganyň 19-njy maý Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramy bilen bagly gutlagy
“Trabzonspor” bilen “Porto” legionerleri bilen Super Kubogy eýelediler
Ýewropada “Super” şenbe
ÝB, Russiýa Goýan Sanksiýalarynyň Möhledini Uzatdy
ÝB, Russiýa Goýan Sanksiýalarynyň Möhledini Uzatdy
Spor Toto Super Liganyň 38-nji we soňky hepdesi tamamlandy