“Harasat” (Hurricane) lakamly amerikaly Juliýa Hokins öz ýaş toparynda 100 metr aralyga ylgamakda täze dünýä rekordyny goýdy. Bu barada “USA Today” gazeti habar berýär diýip, lenta.ru belleýär.
105 ýaşly aýal bu aralygy 1 minut 2,95 sekuntda geçdi. Ýaryş 6-njy noýabrda Luiziana ştatynda geçirildi. “Sen näçe ulaldygyňça, şonça-da güýmenjäň köp bolmaly... Işjeň hereketde bolmak bu meniň esasy hobbilerimiň biri” diýip, türgen gazete gürrüň berdi.
Ylgaw ýaryşy Hokinsiň Ponçatauladaky çagalyk öýüniň golaýynda geçdi. Hokins şol ýerde orta mekdepde-de sapak beripdi. Garry gatnaşyjynyň öňki okuwçylarynyň käbiri ony goldamak üçin ýaryşa geldi. Hokins 2022-nji ýylyň maý aýynda geçiriljek Fort-Loderdeýldäki Milli oýunlara gatnaşmaga çagyryldy. Ýöne “Harasat” heniz gutarnykly jogaby bermedi.
Hokins ylgaw boýunça ýaryşlara 100 ýaşynda gatnaşyp başlady.Ondan öň ol welosiped sürmek bilen meşgullandy.Ol 2017-nji ýylda 100-104 ýaş toparynda dünýä rekordyny goýdy, şonda 100 metr aralygy 40,12 sekuntda geçdi. 2019-njy ýylda ol 100 metr aralygy 46,07 sekuntda geçdi.
Türgeniň aýdyşy ýaly, ol her gün ylgamaýar, ýöne işjeň hereketde bolup, her gün bir mil aralygy (1,6 kilometr) geçmäge çalyşýar.