1000-nji duşuşygynda hem Maradonadan, hem-de Ronaldodan öňe geçdi

Katar 2022-de 1/8 finalyň duşuşyklarynyň ilkinji gününde çärýek finalyň 1 duşuşygynyň taraplary belli boldy.

Günüň ilkinji duşuşygynda Niderlandlar ABŞ-nyň ýygyndysyny Depaý (10), Blind (45+1) hem-de Dumfrisiň (81) gollary bilen 3-1 hasabynda ýeňdi.ABŞ-nyň ýeke-täk goluny-da Haji Raýt derwezä girizdi (76).

Netijede, Niderlandlar 11-nji gezek gatnaşýan ýaryşynda 7-nji gezek çärýek finala çykdy.Niderlandlaryň çärýek finaldaky garşydaşy Argentina bolup, tangoçylar 1/8 finalda Awstraliýany 2-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Argentinanyň gollaryny 35-nji minutda Lionel Messi bilen 57-nji minutda goragçydyr derwezeçiniň gödek ýalňyşlygyndan soň Hulien Alwares derwezä girizdi.Duşuşygyň 77-nji minutynda-da Enzo Fernandesiň ýalňyşlyk bilen öz derwezesinden geçiren goly awstraliýalylary ymytlandyran hem bolsa, ýeňşe ýeterlik bolmady. Şunlukda, Argentinanyň ýygyndysy 10-njy gezek çärýek finala çykdy.

Bu duşuşyk super ýyldyz Lionel Messiniň karýerasyndaky 1000-nji duşuşygy hökmünde hasaba alyndy. Ýubileý duşuşygynda tapawutlanan Lionel Messiniň karýerasyndaky gollarynyň sany 789-a ýetdi.Dünýä Kubogyndaky 9-njy goluny geçiren Messi argentinalylaryň arasynda Diego Maradonadan (8) öňe saýlandy.

Ol ýene-de 2 gol geçirse, Dünýä Kubogy ýaryşlaryndaky iň köp gol geçiren argentinaly futbolçy bolan Gabriel Batistutadan öňe geçer.Messiniň Dünýä Kubogyndaky gollarynyň sany 9-a ýetmek bilen ol bu ugurda esasy bäsdeşi Kristinao Ronaldodan hem öňe saýlandy.

Katar 2022-de 3 gol geçiren Messi Polşa bilen geçirilen duşuşykda penalti hem geçirip bilmedi.

Argentinanyň ýygyndysy çärýek finalda Niderlandlaryň ýygyndysy bilen duşuşar. Duşuşyk 9-njy dekabrda, anna güni Lusail Iconic stadionynda oýnalar.

Ýene degişli makalalar

… we Dünýä Kubogy Messiniň ellerinde
Argentina Fransiýa: 3-nji çempionlygyň finaly
Türkmen diplomaty: Aýal-gyzlar üçin ýörite geýim talaby we sürüjilik şahadatnamasyny almakda çäklendirme ýok
Aşgabatda Kölegeler teatrynyň döredijilik topary çykyş etdi
Türkmen döwlet gurjak teatrynda Türkiýäniň Kölegeler teatry çykyş etdi
Türkmenistanda geçiriljek halkara teatr festiwalynyň çäginde Türkiýäniň Kölegeler teatry hem çykyş eder