Hytaýda öndürilen “Zeekr 001” elektroulag bir gezekki zarýady bilen 1032 kilometr ýol geçip bilýär. “Geely” kompaniýasynyň lýuks brendi bolan “Zeekr”-iň heçbek modeliniň täze nusgasyny satuwa çykardy.
Daşky şekili ozalky nusgasyndan o diýen tapawutlanmaýan täze elektroulagyň uzynlygy 4970 mm, ini 1999 mm, beýikligi 1560 mm, öňki we yzky tigirleriniň arasy 3005 mm. 2023-nji ýylyň nusgasynda ulagyň narynç, gök we gara reňkli görnüşleri öndürilýär.
Ulagyň içki dizaýnynyň ýönekeý, emma lýuksdygyny görmek bolýar.Multimediýa ulgamy we ekranlar bilen üpjün edilen ulagyň oturgyçlarynda ýyladyjy, howalandyryjy we massaž funksiýalary bar.Yzda oturýan ýolagçylar üçin 5,7 dýuýmlyk köp funksiýaly sensorly ekranlar oturdylypdyr.
Ulagyň geljekde has kämil awtomatlaşdyrylan sürüş ulgamlary bilen üpjün ediljekdigi mälim edildi.
Ulagyň iki motorly, dört tigri aýlanýan nusgasy 0-100 km/sagat tizlige 3,8 sekuntda ýetýär. Bu ulagyň bir gezekki zarýady bilen 546 hem-de 656 km ýol geçip bilýän görnüşleri bar.
Bir motorly yzky tigirleri aýlanýan nusgasynyň bolsa, 741 hem-de 1032 km ýol geçip bilýän görnüşleri bar. 1032 kilometrlik görnüşini jemi 1000 sanysynyň öndüriljekdigi mälim edildi. Ulagyň ýylyň ikinji çärýeginde müşderilere ýetirilip başlanjakdygy habar berildi.
Ysmaýyl Atamyradow, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy