100  ýyllyk “wagt kapsulasy”

ABŞ-nyň Missuri ştatynyň Kanzas-Siti şäherinde 1924-nji ýylda gömülip goýlan “wagt kapsulasy” açyldy.Bu wagt kapsulasy birinji jahan urşy we XX asyryň başyndaky durmuş barada resminamalary, şeýle hem artefaktlary saklapdyr.

Bu barada CNN neşiri habar berýär.Wagt kapsulasy 1924-nji ýylda Birinji jahan urşuna gatnaşyjylara bagyşlanan Azatlyk ýadygärligini gurmak taslamasynyň çäklerinde milli muzeýiň taryhçylary we kuratorlar topary tarapyndan döredildi.

Kapsulany goýmak dabarasy 100 müňe golaý adamy özüne çekdi, aýratyn hem oňa Kanzas-Sitiniň köp sanly belli ýaşaýjylary gatnaşdy.Bu kapsulany açmak aňsat hem bolmady, sebäbi ol hek daşy bilen betonyň aralygynda ýerleşýärdi.

Ony almak üçin hem Azatlyk ýadygärlik diňiniň diwaryny burawlamaly boldy.Bu kapsula açylandan soň, onda birnäçe resminamalar ýagny, ýurduň Konstitusiýasynyň göçürme nusgasy, gazetler, Injil we Birinji jahan urşy bilen baglanyşykly resminamalar tapyldy.

Aýratyn hem artefaktlaryň arasynda tohumly çüýşe, goşun serkerdeleriniň hatlary we 1921-nji ýyldaky “Kansas City Star” gazetiniň nusgasy ünsi özüne çekdi.Mundan başga-da kapsulanyň misden edilen gabynda birnäçe gol oýulyp çekilipdir.

Muzeýiň hünärmenleri gol çekenleriň şahsyýetini anyk kesgitläp bilmediler, emma onuň kapsulany goýmaga gatnaşan işçilerdigi baradaky netijä geldiler.

Mährem BABAMYRADOWA, TMÝG-nyň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.

Ýene degişli makalalar

Amerikanyň Kent döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary derejede bellenip geçildi
50 ýyldan soň çempion boldy
ABŞ-da 17 ştat prezident saýlawlarynyň netijeleri boýunça Ýokary kazyýete ýüz tutdy
Dünýä habarlary gysga setirlerde
Klublardan köp çempionlyk gazandy