100 ýyldan soň gaýtarylan kitap

Meşhur iňlis dramaturgy Wilýam Şekspiriň kitaby bir asyrdan soň ABŞ-nyň Nýu-Jersi şäherindäki Patersonyň jemgyýetçilik kitaphanasyna gaýtarylyp berildi. Ýerli ýaşaýjy Sintiýa Deleý merhum enesiniň zatlarynyň arasyndan Genrih V pýesasynyň seýrek neşiriniň üstünden barýar.

Onda kitabyň 1923-nji ýylda kitaphanadan alnandygy bellik edilipdir.Sintiýa kitaphananyň işgärleri bilen habarlaşyp, kitaby yzyna gaýtarmakçydygyny habar berýär.Yzyna berilmeli we möhleti geçen kitaplary kitaphana gaýtarmak hiç wagt giç däl.

Emma şunuň ýaly ýagdaýa soňky 20 ýylda ilkinji gezek gabat geldim diýip, kitaphananyň müdiri Kori Fleming aýdýar.Bu kitabyň 1910-njy ýylda çäkli neşirde çap edilendigi we kolleksionerler üçin aýratyn ähmiýete eýedigi bellendi. Şol bir wagtyň özünde, kitap kitaphananyň yzyna berilmeli möhleti geçen kitaplary boýunça rekord goýmakdan uzakda. Şeýle rekordy Bremeniň arhiýepiskopy hakda nemes dilinde ýazylan neşir saklaýar.

Ginnesiň rekordlar kitabynyň maglumatlaryna görä, şol kitap 1609-njy ýylda neşir edilipdir.Iňlis polkownigi Robert Wolpol ony 1667-1668-nji ýyllarda Kembrijdäki kitaphanadan okamaga alypdyr.Netijede, kitap 288 ýyldan soň yzyna gaýtaryldy.

Professor Jon Plamb kitaby markiz Çamliniň Norfolkdaky hususy kitaphanasyndan tapdy.Dünýägözel SEÝIDOWA, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kitaphanasynyň 1-nji derejeli bibliografy. /* custom css */ .td_uid_15_67373a01bf163_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_67373a01bf163_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Paýhaslar
BEÝIK MAGTYMGULYNYŇ ÝADYGÄRLIGI BELENTDEN SELEŇLÄP GÖRÜNÝÄR
Aşgabatda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumy açyldy
12-nji dekabrda Türkmenistandaky teatrlarda baýramçylyk çykyşlary we konsertler bolar
12-nji dekabrda Türkmenistandaky teatrlarda baýramçylyk çykyşlary we konsertler bolar
Ýurdumyzyň teatrlarynda dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler