100 uçar sargyt etdi

Hytaýyň China Eastern Airlines awiakompaniýasy bu ýurtda işlenip taýýarlanan ilkinji uçar bolan C919 uçaryndan 100 sanysyny sargyt etdi. Awiakompaniýa ilkinjileriň hatarynda mundan ozal hem şol uçardan satyn alypdy. Täze sargyt edilen howa gämileri 2024-2031-nji ýyllar aralygynda gowşurylar. China Eastern Airlines 2021-nji ýylda, entek uçaryň önümçiligi ýola goýulmanka 5 sany C919 sargyt edipdi.

C919 uçaryny Hytaýyň täjirçilik uçar kompaniýasy (COMAC) işläp taýýarlady. Ýurduň ilkinji ýerli ýolagçy uçary hasaplanýan howa gämisi 156-168 aralygynda ýolagçy orunlyk bolup, orta uzaklyga gatnamaga niýetlenendir. Häzirki wagtda dünýäde ýolagçy uçar önümçiliginde Boeing hem-de Airbus öňdeligi eýeleýär.

Şamuhammet AŞYROW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

9-njy oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Turkish Airlines-yň Aşgabatdaky satuw ofisinde howa gatnawynda daşamak bolmaýan zatlar barada gürrüň berdiler
Turkish Airlines-yň saýtynda awiapetek almakdan başga-da köp hyzmatlar hödürlenýär
Efiopiýa Afrikanyň iň uly howa menzilini gurmakçy
Turkish Airlines: täze nyrhlar we amatly tertipnama
Turkish Airlines-y saýlaň we syýahatyňyzy gijikdirmäň
Turkish Airlines innowasion üstünlikleri üçin abraýly Inovalig baýragynda ilkinji üçlüge girdi