10 ýyllyk dünýä rekordyny täzeledi

Niderlandlardan welosportçy Jeffri Hoogland dünýä rekordyny goýdy.Ol Meksikanyň deňiz derejesinden 1887 metr beýiklikde ýerleşýän Aguaskalientes Welodromynda geçirilen synanyşykda 1 kilometr aralygy 55,403 sekuntda geçip, 10 ýyllyk dünýä rekordyny täzeledi. 30 ýaşyndaky türgen 1 kilometr wagta garşy bäsleşikde dünýä rekordynyň täze eýesi boldy.

Bu ugurda ozalky rekord fransiýaly türgen Fransua Perwise degişli bolup, ol 2013-nji ýylda 1 kilometri 56,303 sekuntda tamamlapdy.

Ýene degişli makalalar

"Louis Vuitton" brendiniň eýesi ýene-de dünýäniň iň baý adamy
Teýlor Swift ilkinji gezek milliarderleriň sanawyna girdi
Mask bilen Bezosyň maliýe emlägi ABŞ-nyň Maliýe ministrliginiň serişdelerinden köp
TÜRKMENISTAN ABŞ: HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE GÖZÝETIMLERI
ABŞ ekologiýa babatda Türkmenistanyň gazananlaryna ýokary baha berdi
ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Energetika serişdeleri boýunça kömekçisi bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi