Awstraliýanyň Jelong şäherindäki botanika bagynda ösüp oturan Rafflesia Arnoldii güli açyldy. Ösümligiň bu görnüşi seýrek ýagdaýda açylýar.Gülüň açylanyny eşiden adamlar ony görmek we surata düşürmek üçin baga ýygnandylar.
Bu gül dünýäniň iň uly güli hasaplanyp, gülýapraklarynyň diametri 1 metre ýetýär. Ösümlik ortaça, 10 ýyldan bir gezek gül açýar.Owadan hem bolsa, gülüň örän ýakymsyz ysy bar.
Botanika bagynyň ýolbaşçylary güli göni ýaýlym arkaly köpçülige ýaýratdylar.Bu ösümlik bir-iki günden solýar.Bu ýagdaý bolsa, ony görmek isleýänleriň sanyny artdyrýar. Ösümlik tebigy ýagdaýda Sumatra we Borneo adalarynda hem-de Tailandda duş gelýär.
Begmyrat MEREDOW, Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 13-nji orta mekdebiň mugallymy. /* custom css */ .td_uid_15_67373a10416f4_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_67373a10416f4_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }