10 ýaşly zehinli sazanda

Seba Stefens bary-ýogy 10 ýaşynda, ýöne ol deprek, bas, gitara we fortepiano saz gurallaryny ezberlik bilen çalyp bilýär. Seba ýakynda meşhur Berkli sazçylyk kollejiniň onlaýn programmasy arkaly aýdym-saz hünär şahadatnamasyny aldy.

Sebanyň maşgalasy ABŞ-nyň Tennessi ştatynyň Memfis şäherinde ýaşaýar.Memfis aýdym-sazly şäherleriň biridir.Oglanjyk çagalykdan deprek çalmaga höwes edýär. Üç ýaşyndaka hossarlary ondan sowgat hökmünde näme isleýändigini soranlarynda, ol: Deprek diýip jogap berýär.

Ene-atasy onuň islegini amala aşyrýar.Ony okadýan deprekçi mugallym Sebanyň ýiti zehininiň bardygyny, dört ýaşyndadygyna seretmezden eýýäm deprek çalmagy öwrenendigini aýdýar.Soňra onuň höwesi has-da artyp, gitara we pianino çalmagy hem öwrenýär.

Seba çagalar bagyna gatnaýan döwründe ol ýerde aýdym-saz toparyny döredýär. Çagalardan düzülen toparyň ýerine ýetirýän aýdym-sazlaryna terbiýeçileri geň galýarlar.

2020-nji ýylda Seba 8 ýaşyndaka Berkli sazçylyk kollejiniň tomusky onlaýn programmasyna goşulýar. Şeýdip ol tomusky dynç alyşda bas saz guralyny çalmagy öwrenýär. 2021-nji ýylda Ahuta ştatynda Rok sazly mekdebinde çykyş edýär.

Birnäçe saz guralyny çalyp bilýän kiçijik sazanda köpçüligiň söýgüsini gazanýar.Seba Berkli sazçylyk kollejiniň Professional şahadatnamasy gowşurylýar.Ol bu şahadatnamany alan iň ýaş sazandadyr.Häzirki wagtda Seba SoundBox aýdym-saz toparynda çykyş edýär. Žurnalistleriň Sebanyň ene-atasy bilen geçiren söhbetdeşliginde: Çaga ýaşlygynda uly üns bermeli.

Olaryň isleglerini kanagatlandyrmaly.Sebäbi çaganyň gazanýan üstünlikleri we ösüşi gönüden-göni hossarlaryna bagly bolup durýar diýip jogap berdiler.

Ýene degişli makalalar

Duşuşyklar azalsa, aýlyklar hem peseler
Aşgabatdaky ms studio fotostudiýasy ýokary hilli fotosurat hyzmatlaryny hödürleýär
Floýd Meýwezer Konor Makgregor bilen boljak rewanşy anons etdi
Ispaniýaly Alkaras US Open-iň ýeňijisi boldy
Alkaras resmi taýdan ATP-niň reýtinginde birinji orundan Medwedewi gysyp çykardy
Dünýäniň birinji raketkasy ady ugrunda Alkaras bilen Ruud göreşer