2024-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Özbegistana täjirçilik we söwda maksady bilen baran daşary ýurtlularyň üçden iki bölegi türkmenistanlylar boldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berdi.
Bellenilişi ýaly, şu ýylyň on aýynyň dowamynda 133,1 müň sany daşary ýurtly täjirçilik we söwda maksatlary bilen Özbegistana bardy. Şonuň 88,9 müň sanysy ýa-da 66,7 göterimi Türkmenistanyň raýatlarynyň paýyna düşýär. Şeýlelikde, goňşy ýurda täjirçilik we söwda maksatlary bilen barýan raýatlarynyň sany boýunça Türkmenistan birinji orny eýeledi. Şeýle-de bu sanawda ilkinji bäşlikden Täjigistan (34,2 müň), Owganystan (2,6 müň), Türkiýe (1,1 müň) hem-de Hytaý (1,08 müň) orun alypdyr.
Ýeri gelende bellesek, bilermenler soňky bir ýylyň dowamynda söwda we täjirçilik maksady bilen Özbegistana barýan türkmenistanlylaryň sanynyň görnetin artmagynda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň has işjeňleşmegini sebäp edip görkezýärler. Munuň şeýledigini türkmen-özbek söwda dolanyşygyny ýylsaýyn artýandygy hem tassyklaýar.
Mundan ozal Turkmenportal 2024-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 947 million amerikan dollaryndan gowrak bolandygyny habar beripdi.