10.12.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, birnäçe ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.Iş maslahatyň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, wajyp özgertmeleriň durmuşa geçirilişiniň barşy baradaky hem-de döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meseleleri girizildi.

Milli Liderimiz ilki bilen wideoşekilli aragatnaşyga Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýewi çagyrdy. Ý.Kakaýew Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmagyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň barşy hakynda hasabat berdi.

Hususan-da, häzirki wagtda täze energetika ulgamynyň türkmen bölegini gurmak işleriniň dowam edýändigi bellenildi.Owganystanyň we Pakistanyň çäklerinde turbageçirijini çekmäge taýýarlyk görülýär.Degişli geologiýa-tehniki, ýerleri öwrenmek işleri ýerine ýetirilýär, desganyň daşky gurşawa täsiri kesgitlenilýär.

Bu döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň esasy talaplarynyň biri bolup durýar. Şeýle hem turba önümlerini getirmek, Owganystanda we Pakistanda gaz geçirijini gurmak üçin bäsleşikleri geçirmäge taýýarlyk işleri tamamlaýjy tapgyrda barýar. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi TOPH gaz geçirijisiniň Owganystanyň we Pakistanyň çäklerinden geçýän bölegini gurmagyň taslamasyny ätiýaçlandyrmagyň strategiýasyny taýýarlamak we maslahat bermek boýunça hyzmatlary etmek, şeýle hem ätiýaçlandyryş maksatnamasyny işläp taýýarlamak, dünýäniň iri ätiýaçlandyryş guramalary bilen gepleşikleri geçirmek, şertnamalary baglaşmak boýunça “TAPI Pipeline Company Limited” paýdarlar jemgyýeti tarapyndan yglan edilen halkara bäsleşiginiň netijeleri barada habar berdi.

Bäsleşigi geçirýän topara tehniki-täjirçilik teklipleri, hususan-da, Beýik Britaniýanyň “Willis Towers Watson” kompaniýasyndan amatly teklip gelip gowuşdy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow TOPH gaz geçirijisini gurmak boýunça işleriň barşyny makullap, onuň taslamasy boýunça halkara guramalary, maliýe düzümleri we nebitgaz kompaniýalary bilen gatnaşyklary ýola goýmak bilen bagly birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, uglewodorod serişdeleriniň uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň energetika strategiýasy ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge hem-de dünýäniň energetika ulgamyna sazlaşykly goşulyşmagyna gönükdirilendir.Köpugurly gaz geçiriji düzümi döretmek, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek bu ugurda geçirilýän işleriň möhüm ugrudyr. Ýurdumyzyň känlerinden gözbaş alýan energetika ulgamlary dünýäniň energetika howpsuzlygynyň täze gurluşynyň möhüm halkalary bolup durýar.

Milli Liderimiz tutuş dünýäniň giň goldawyna eýe bolan Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň şol ulgamy döretmäge gönükdirilendigini belledi.Döwlet Baştutanymyz Günorta Aziýanyň uly ýurtlaryna türkmen “mawy ýangyjyny” uzakmöhletleýin ugratjak TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, täze halkara energiýa köprüsiniň Owganystany asuda ýagdaýda dikeltmek, onuň durmuş-ykdysady düzümini galdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek ýaly möhüm meseleleri çözmek babatda uly ähmiýeti bar.

Bu, öz nobatynda, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam eder. Şunuň bilen birlikde, TOPH gaz geçirijisi sebitde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, onuň okgunly ösmegine hyzmat eder.Soňra wideoşekilli göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew çagyryldy.

Wise-premýer ulag-üstaşyr geçelgesini ösdürmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.Wise-premýer Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) demir ýolunyň açylmagy bilen Owganystany Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyna we onuň üsti bilen halkara gatnaw ýollaryna birikdirmek hakynda milli Liderimiziň başlangyjynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda Hyratdan awtoulag ýük kerweniniň (Owganystan) Turgundy menziline gelýändigi, şol ýerden demir ýol wagonlaryna ýüklenip, ýurdumyzyň çäklerinden geçjekdigi hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugradyljakdygy habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we deňhukuklylyk ýörelgelerinde guralýar diýip belledi.Döwlet Baştutanymyz halklarymyzy gadymdan gözbaş alýan doganlyk hem-de birek-biregi hormatlamak däpleriniň, umumy ruhy we taryhy gymmatlyklaryň birleşdirýändigini nygtady.

Milli Liderimiz türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp, ýurtlarymyzyň arasynda söwda we ykdysady, energetika, ulag, ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulandygyny, şonuň bilen birlikde, dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Türkmenistanda demir ýol, awtomobil, howa hem-de suw ulaglary üçin amatly we howpsuz halkara ýollary döredilýär, munuň özi sebitde durnukly ösüşi, halklaryň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegini, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň berkidilmegini, haryt dolanyşygynyň artmagyny üpjün edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen 2018-nji ýylyň fewralynda Lazurit ulag-üstaşyr geçelgesine girýän Serhetabat — Turgundy demir ýoly ulanylmaga berildi.

Türkmen-owgan ýolunyň gurluşygyny doly öz üstüne alan ýurdumyz doganlyk halka hemmetaraplaýyn kömek we goldaw berýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.Demir ýoluň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde, Turgundy demir ýol menziliniň geçirijilik ukyby ýokarlanyp, Owganystanyň haryt dolanyşygynda ähmiýeti artdy, gysga we amatly ýol bilen owgan önümlerini halkara bazarlaryna çykarmak hem-de import harytlaryny ýurdumyza getirmek mümkinçiligi artdy.

Milli Liderimiz giň gerimli gatnaşyklaryň uzakmöhletleýin türkmen-owgan hyzmatdaşlygy üçin ygtybarly esas boljakdygyna ynam bildirip, Türkmenistanyň wekiliýetiniň “Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakyndaky Ylalaşyga” laýyklykda ilkinji ýük kerweniniň ugradylmagy mynasybetli geçiriljek dabara gatnaşmagynyň maksada laýyk boljakdygyny aýtdy. Şu maksat bilen, Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministrini Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat şäherine gulluk iş saparyna ibermek hakyndaky degişli Buýruga gol çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu çäräniň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek barada wise-premýere tabşyryk berdi.

Soňra wideoşekilli göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew çagyryldy.Wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, obasenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň barşy hakynda hasabat berdi.Agrotehniki kadalara laýyklykda, güýzlük bugdaý üçin bölünip berlen ýerlerde ilkinji ösüş suwy tutulyp, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri amala aşyrylýar. Şeýle hem tehnikalary ýaz ekişine taýýarlamak, pagta arassalaýjy kärhanalarda bolsa, pagtany gaýtadan işlemek dowam edýär.

Hususy oba hojalyk önüm öndürijileri bilen degişli işler geçirilýär, olar täze ýyldan başlap gowaçany, dänelik ekinleri, gök we bakja önümlerini ösdürip ýetişdirmäge girişerler.Bu maksatlar üçin olara sebitlerde döredilen ýörite ýer gaznalaryndan uzakmöhletleýin peýdalanmak üçin ýerler bölünip berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, geljekki hasylyň esasyny tutýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda geçirilmegine uly üns bermegi tabşyryp, şolaryň ylmy taýdan esaslandyrylan agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmegini talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzyň tohumçylygyny has-da kämilleşdirmäge we ösdürmäge gönükdirilen zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak obasenagat toplumynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.

Bu ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmagyň, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan usullaryny önümçilige giňden ornaşdyrmagyň, seçgiçilik işlerini degişli derejede guramagyň hasabyna gazanylmalydyr.Hormatly Prezidentimiz bu barada gürrüňi dowam edip, ýerli toprak-howa şertlerine oňat uýgunlaşan bugdaýyň, gowaçanyň we beýleki ekinleriň ýokary hasylly görnüşlerini kesgitlemäge, bu ugurda öňdebaryjy halkara ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns bermelidigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleri güýçlendirmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.Soňra milli Liderimiz wideoşekilli göni aragatnaşyga Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy G.Müşşikowy çagyrdy.

Ol ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işini barlamagyň tassyklanan maksatnamasyna laýyklykda geçirilýän işler barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu düzümiň işini kämilleşdirmek boýunça zerur çäreleri görmegiň möhümdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda alnyp barylýan islendik durmuş ýa-da ykdysady işe kanunçylyk nukdaýnazaryndan, yzygiderli we toplumlaýyn gözegçilik edilmelidir.Barlag geçirilýän ministrlikleriň ýa-da pudak edaralarynyň talabalaýyk işlemegini üpjün etmek üçin, onuň maksada laýyk hem-de netijeli bolmagy gazanylmalydyr.

Munuň üçin iň gowy dünýä tejribesi özleşdirmelidir.Hut şoňa görä-de, geçirilýän işiň netijeli bolmagy möhümdir.Kemçilikler ýüze çykarylan ýagdaýynda barlaglaryň netijesi boýunça degişli düzümleriň ýolbaşçylary bilen maslahat geçirip, olary barlagyň netijeleri bilen tanyşdyrmalydyr hem-de kemçilikleri düzetmegiň ýollaryny bilelikde maslahatlaşylmalydyr.

Umuman, şol ýolbaşçylara iş ýüzünde ýardam bermek arkaly işiň geljegi uly bolan ugurlaryny kesgitlemäge kömek edilmelidir. Şonuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz bar bolan oňyn tejribäni umumylaşdyryp, öňdebaryjy tejribäniň ýaýradylmagyna hem-de dolandyryş işini we ulgamyny kämilleşdirmek üçin öňdebaryjy usullaryň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanylmalydygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz iş usulyny kämilleşdirmegiň möhümdigini belläp, Ýokary gözegçilik edarasynyň ýolbaşçysyna bu barada birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyna aragatnaşyk ministri B.Öwezowy çagyrdy.

Ministr ýolbaşçylyk edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek hem-de kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz milli emeli hemramyzyň älem giňişligine çykarylmagy bilen ägirt uly mümkinçilikleriň dörändigine ünsi çekip, bu ugurda işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz aragatnaşygyň häzirki zaman görnüşleriniň depginli ösdürilmeginiň milli ykdysadyýetimiz üçin hem, ilatymyz üçin hem aýratyn ähmiýetiniň bardygyny belläp, bu ulgamyň mümkinçiliklerini geljekde has-da giňeltmek hem-de işini döwrebaplaşdyrmak meselelerini çözmegiň wajypdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz bu işleriň öňdebaryjy tehnologiýalary, ygtybarly we ýokary netijeli enjamlary giňden ulanmak esasynda amala aşyrylmalydygyny nygtady.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilata edilýän aragatnaşyk hyzmatlarynyň gerimini we görnüşlerini giňeltmegiň, emeli hemramyzy doly güýjünde ulanmagyň, Internet, telefon hem-de ykjam aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanmak mümkinçiliklerini ösdürmegiň döwrüň möhüm talabydygyny belläp, bu babatda ministre anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, sanly ykdysadyýetiň binýatlaýyn düzümlerini — Internetiň üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmäge aýratyn üns berilmelidigi, döwletimiziň ykdysadyýetini mundan beýläk-de sanly ulgama geçirmegiň köp pudaklary ösdürmek üçin esasy şert bolup durýandygyny nazara alyp, ilaty, telekeçiligi we döwleti sanly ykdysadyýete çekmegiň derejesiniň ýokarlandyrylmagy bilen bagly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagyň möhümdigini belläp, bu barada ministre birnäçe degişli görkezmeleri berdi.

Soňra wideoşekilli iş maslahatynda Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy B.Çaryýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan, işleriň ýagdaýy hem-de daşarky bazarlarda ýurdumyzda öndürilýän önümleriň ýerlenilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, birža söwdalaryny gowulandyrmak üçin harytlar bazaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň, daşary söwda amallaryny höweslendirip, öz harytlarymyzyň eksport edilýän möçberlerini artdyrmagyň, daşary ýurt firmalaryny we bilelikdäki kärhanalary çekmek bilen, işewür gatnaşyklary giňeltmegiň, ýurdumyzyň bazarynda sagdyn bäsdeşligi kemala getirmegiň zerurdygyny nygtady. Şonuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz gyzyklanma bildirýän ministrlikler we pudaklaýyn edaralar bilen bilelikde kärhanalarda bar bolan, ulanylman duran haryt-maddy gymmatlyklary we galyndylary birža dolanyşygyna çekmek üçin olary ýüze çykarmak boýunça işleri geçirmegiň maksada laýyk boljakdygyny nygtady.

Milli Liderimiz daşarky bazarlarda ýurdumyzyň önümleriniň eýeleýän ornuny berkitmek üçin anyk çäreleri görmegiň zerurdygyny belläp, şu babatda Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üstüne ýüklenen wezipeleriň ähmiýetini nygtady.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda öndürilen ýokary hilli harytlary yzygiderli mahabatlandyrmak, olary dünýä bazarlarynda işjeň ilerletmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahaty Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy N.Garlyýewiň hasabaty bilen dowam etdi.N.Garlyýew ýurdumyzyň teleradiogepleşikler ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz teleradiogepleşikleriň maglumat bermekden başga-da, döwletde örän möhüm hyzmaty ýerine ýetirýändigini, bu ulgam medeni aň-bilim we beýleki maksatlar bilen birlikde, ilata belli bir derejede täsir etmek işine gönüden-göni gatnaşýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, bu ulgam arkaly belli bir durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilýändigini, ol ýa-da beýleki syýasy, ahlak we durmuş garaýyşlarynyň ornaşdyrylýandygyny, ruhy gymmatlyklar we dünýäniň gurluşy baradaky garaýyşlaryň ýaýradylýandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, bu edaranyň ýolbaşçysynyň alyp barýan işinden nägiledigini, teleradiogepleşikler ulgamynyň öz üstüne ýüklenen wezipeleri doly ýerine ýetirip bilmeýändigini nygtady.Bu ulgamda soňky ýyllarda döredilen maddy-enjamlaýyn binýat doly möçberde ulanylmaýar.

Biziň ruhy gymmatlyklarymyz, halkymyzyň taryhy telewideniýede we radioda giňden beýan edilmeýär.Milli Liderimiz örän möhüm strategiki maksatnamalarymyzy amala aşyrmagyň çäklerinde geçirilen ägirt uly işleriň mazmunyny we ähmiýetini anyk maglumatlar arkaly açyk görkezmek üçin ýeterlik mysallar bar hem bolsa, olaryň doly beýan edilmeýändigine ünsi çekdi.

Milli Liderimiz kabul edilen şol maksatnamalarymyzyň ýurdumyzyň özbaşdaklygynyň esaslaryny berkitmäge, hususan-da, galla bilen üpjünçiligi, ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa garaşsyzlygyna niýetlenendigini, ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny döwrebap ýagdaýa getirmäge, öňdebaryjy tehnikalar we tehnologiýalar bilen üpjün etmäge, has döwrebap kärhanalary döretmäge gönükdirilendigini belledi.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz teleradioýaýlymlarda bilim ulgamy bilen bagly gepleşikleriň ýokdugyny belledi.Okuw işiniň geçirilişinden alyp görkezmek ol ýa-da beýleki ugurdan bilim alýan talyplara kömek ederdi.

Milli Liderimiz ýurdumyz bilen sebitiň we dünýäniň dürli döwletleriniň arasyndaky medeni gatnaşyklary beýan etmek we wagyz etmek işleriniň hem dowam etdirilmeginiň, zehinli sungat işgärlerini ýüze çykaryp, halk köpçüligine giňden görkezmelidigini möhüm meseleleriň hatarynda görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlardan ugur alyp, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň işini häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda ýola goýmagyň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Täze ýyl baýramyna bagyşlap, telewideniýede we radioda merdana halkymyzy şöhratlandyrýan gyzykly gepleşikleri taýýarlamagy tabşyrdy.Soňra döwlet Baştutanymyz wideoşekilli göni aragatnaşyga birwagtyň özünde Baş prokuror, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Atdaýewi hem-de içeri işler ministri I.Mulikowy çagyrdy.

Biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň uly baýramlaryň öňýanynda günäsini geçýäris.Beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri yzygiderli geçirip durýarys diýip, milli Liderimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Baş prokuror, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Atdaýewe söz berdi.

Ol degişli çözgüdiň taslamasy barada hasabat berdi.Milli Liderimiz asylly däbe eýerip, iş kesilen raýatlarymyzyň 796-synyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow içeri işler ministri I.Mulikowa ýüzlenip, hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlaryň ählisiniň tussaglykdan boşadylyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Biz günä geçmek çäresini geçirmek bilen, eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmetleri bilen ýuwup, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmaklary üçin mümkinçilikleri döredýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz welaýatlaryň we etraplaryň, şäherleriň häkimlerine, beýleki degişli ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.Günäsi geçilen adamlara bolsa, yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmaklaryny, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine işlerinde we ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň hem-de bagtyýar durmuşynyň bähbidine öňde goýlan wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti dürli pudaklaryň işini guramak boýunça maslahat geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti dürli pudaklaryň işini guramak boýunça maslahat geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti dürli pudaklaryň işini guramak boýunça maslahat geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden
Berdimuhamedow TOPH-y ätiýaçlandyrmakçy bolýar
20.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl : nebitgaz toplumy