10.11.2018 | Aşgabatda geçirilen agyr atletika boýunça 2018-nji ýylyň dünýä çempionaty — sport we dostluk baýramçylygynyň nusgasy

Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň jemleýji güni.Olimpiýa şäherçesinde agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň ýapylyş dabarasy boldy. Şondan soň, erkekleriň we zenanlaryň toparlarynyň arasynda ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Ýapylyş dabarasynyň öň ýanynda Halkara agyr atletika federasiýasynyň baýdagyny 2019-njy ýylda dünýä birinjiligini kabul etjek Taýland Patyşalygynyň wekiline gowşurmak dabarasy boldy.

Ozal belleýşimiz ýaly, çempionaty guramagyň derejesi boýunça Türkmenistan mynasyp derejä eýe boldy. Çünki bu ýerde ähli işler ýokary derejede geçirildi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda sporty ösdürmäge, bu ugurda halkara gatnaşyklaryny giňeltmäge uly üns berip, türgenleri parahatçylygyň ilçileri diýip atlandyrýar.

Giň gerimli sport taslamalaryň birnäçesiniň umumy döwlet, şeýle hem halkara ähmiýetli taslamalar hökmünde başyny başlamak bilen, milli Liderimiz sporty milli maksadymyz we işjeň diplomatik ugur hökmünde kesgitledi.Netijede, ýurdumyz iri ýaryşlaryň geçirilýän ýerine öwrülýär. Şeýle derejedäki çäräni kabul etmek uly jogapkärçilikdir. Şunda Türkmenistan dünýäniň ähli künjeklerinden daşary ýurtly myhmanlary bir ýere jemlän iri sport ýaryşlarynyň ýer eýesi hökmünde çykyş etmek bilen, bu wezipäniň hötdesinden abraý bilen gelmegi başardy.

Munuň şeýledigini ençeme ýurtlardan Aşgabada gelen türgenler, olaryň tälimçileri, dünýäniň esasy habar beriş serişdeleriniň, ýöriteleşdirilen neşirleriniň we teleýaýlymlarynyň žurnalistleri hem-de Halkara agyr atletika federasiýasynyň wekilleri tassykladylar.Sportuň abraýly türgenleriniň we bilermenleriniň, wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň pikirine görä, Aşgabat diňe dünýä derejesindäki ýaryşlary däl-de, eýsem, Olimpiýa oýunlaryny geçirmäge mynasypdyr.

Munuň üçin bu ýerde şeýle derejäniň talaplaryna laýyk gelýän ähli şertler, şol sanda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde döwrebap sport düzüminiň talaplaryna laýyk gelýän ähli şertler bar.Onuň gurluşygyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi gözegçilik etdi.

Geçen on günüň dowamynda söweş sungaty toplumynda tolgundyryjy pursatlar köp bolup, dünýä rekordlarynyň üsti täze görkezijiler bilen ýetirildi. Ähli türgenler noýabr aýynyň birinji on gününiň dowamynda medallar ugrunda tutanýerli bäsleşdiler, emma muňa garamazdan, açyk we ynamly gatnaşyklara, dostluga bolan ymtylma janköýerlere ajaýyp duýgulary peşgeş berdi.

Aşgabatda geçirilen 2018-nji ýylyň agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşyjylar üçin guralan dabaraly agşamlyk nahary mahalynda Halkara agyr atletika federasiýasynyň toparyna, meýletinçilere hem-de geljekki gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk üçin täze binýat bolan bu ägirt uly sport çäresiniň üstünlikli geçirilmegine goşant goşanlaryň ählisine hoşallyk bildirildi.

Munuň özi biziň üçin agyr atletikany ösdürmek ulgamynda birnäçe ýurtlaryň we milli federasiýalaryň tejribesi bilen tanyşmaga hem-de geljekde peýdaly boljak başarnyklara eýe bolmaga ajaýyp mümkinçilikdir.Myhmanlar üçin baý mazmunly medeni maksatnama hem taýýarlanyldy, ol çempionata gatnaşyjylara Türkmenistanyň taryhy hem-de halkymyzyň baý mirasy, gadymy özboluşly däp-dessurlary bilen tanyşmaga, milli tagamlary dadyp görmäge, ak mermerli Aşgabadyň ajaýyp künjeklerini synlamaga mümkinçilik berdi. Şu gezekki geçirilen dünýä çempionaty uly üstünliklere beslendi.

Bu bolsa, ilkinji nobatda, rekordlaryň köp bolmagy bilen baglydyr. Ýaryşlara gatnaşyjylar we köp sanly myhmanlar bu ýagdaýy ajaýyp tehniki we guramaçylyk şertleriniň döredilmegi bilen baglanyşdyrýarlar.Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatyndan türgenler hem, janköýerler hem çäksiz kanagatlanma duýgusyna eýe boldular, bu bolsa, Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň üns bermegi we goldawy netijesinde mümkin boldy diýip, Halkara agyr atletika federasiýasynyň prezidenti Tamaş Aýan öz çykyşynda belledi, ol hemmeleri uly sport baýramçylygy bilen gutlady. Ýaryşa gatnaşan türgenleriň her biri öz ýurduna hem-de baýdagyna buýsanç bilen wekilçilik etdi.

Olar öz çykyşlary bilen tomaşaçylary begendirdiler hem-de agyr atletikanyň taryhyna täze sahypany ýazdylar.Onuň taryhy bolsa Aşgabatda başlandy.Soňra toparlaýyn çykyşlarda gowy netijeleri görkezen milli ýygyndy toparlara kuboklar gowşuryldy.

Medallaryň umumy sany boýunça Hytaý Halk Respublikasynyň topary birinji orny, Tailandyň topary ikinji we Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň türgenleri üçünji orny eýelediler.Iň gowy meýletinçä hem-de tapawutlanan işgäre hem sowgatlar gowşuryldy.

Meýletinçiler hoşgylawlygy, öz borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirmegi bilen müňlerçe adamlaryň Olimpiýa şäherçesinde wagtyny ýakymly geçirmegine ýardam etdiler. Şeýlelikde, olar Beýik Ýüpek ýoly döwründen bäri ata-babalarymyzdan miras galan myhmansöýerlik däplerini mynasyp dowam etdiler, ýurtlary we halklary birleşdiren bu taryhy ýol häzirki wagtda Aşgabatda täze görnüşde dikeldilýär. 2018-nji ýylyň dünýä çempionaty tamamlanyp, hemmelere ýatdan çykmajak täsirleri we şatlyk duýgusyny peşgeş beren ajaýyp sport baýramyna öwrüldi. Ýaryşlara tomaşa edenleriň köpüsi sportuň agyr atletika görnüşiniň güýçli bolmak hem-de sportda ýeňiş gazanmak üçin ruhlandyryjy artykmaçlyklaryna göz ýetirdiler. Şeýle hem bu çempionat ähli türkmenistanlylaryň öz ýurduna buýsanjyny has-da artdyrdy. Ýurdumyz milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda halkara we dünýä derejeli iri ýaryşlary kabul etmäge we üstünlikli geçirmäge ukyplydygyny nobatdaky gezek tassyklady.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda geçirilen agyr atletika boýunça 2018-nji ýylyň dünýä çempionaty — sport we dostluk baýramçylygynyň nusgasy
TRT Halkara dokumental film baýraklary başlaýar
Aşgabatda täze awtoulag ötüginiň açylyşyna nähili taýýarlyk görüldi. Içerden syn.