10.10.2017 | Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri telefon arkaly söhbetdeşlikde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Prezident Mohammad Aşraf Gani Türkmenistanyň Prezidentini Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, dünýä sportunda görnükli wakalaryň birine öwrülen bu iri ýaryşlara taýýarlygyň derejesine ýokary baha berdi.

Owganystan Yslam Respublikasynyň Baştutany pursatdan peýdalanyp, öz kärdeşine Aziadanyň ajaýyp guralandygy, şol sanda bu iri ýaryşlara gatnaşan owgan türgenleri üçin ajaýyp şertleriň döredilendigi, olara mähirliligiň we myhmansöýerligiň görkezilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Biziň türgenlerimiz “Aşgabat 2017” oýunlarynda oňat netijeleri gazanyp, öz ýurtlaryna mynasyp wekilçilik etdiler diýip, Prezident Mohammad Aşraf Gani Owganystanyň ýygyndy toparyna 200-den gowrak türgeniň girendigini belledi.Olar sportuň 16 görnüşi boýunça ýaryşlarda çykyş edip, 64 döwletiň arasynda 26-njy orny eýelediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli sözler üçin, şeýle hem Türkmenistana gelip görmek hem-de V Aziýa oýunlarynyň başlanmagy mynasybetli geçirilen dabara gatnaşmak baradaky çakylygyň kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Olimpiýa hereketiniň belent ynsanperwer maksatlaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklady.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan oňyn Bitaraplyk we “açyk gapylar” syýasatyny yzygiderli amala aşyrmak bilen, Aşgabat Aziadasy oňa gatnaşyjylarda sportuň, parahatçylygyň we dostlugyň ajaýyp baýramçylygy hökmünde ýatdan çykmajak aýdyň waka bolup galmagy üçin ähli tagallalary etdi.

Häzir sport dünýäde döwletara hyzmatdaşlygynyň esasyny düzüp, ýurtlaryň we halklaryň arasynda ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýyny döretmäge mynasyp goşant goşýar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow “Aşgabat 2017” oýunlarynyň Merkezi Aziýada ilkinji gezek geçirilendigini belläp, bu wakanyň sebitimiziň ýurtlarynda, şol sanda Owganystanda sporty ösdürmäge kuwwatly itergi berjekdigine, onuň halkara sport işine has ýakyndan we işjeň çekilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Söhbetdeşler türkmen-owgan hyzmatdaşlygy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga geçmek bilen, soňky döwürde iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde—iri halkara guramalarynyň hem-de abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde giňelýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Bellenilişi ýaly, türkmen we owgan halklary hemişe däbe öwrülen hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna uly sarpa goýup geldiler.Onuň oňyn häsiýeti bolsa syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn giňeltmäge gös-göni hyzmat edýär. Şu ýylyň iýul aýynda Owganystanyň Prezidentiniň Türkmenistana bolan resmi saparynyň jemleri boýunça gazanylan möhüm ylalaşyklar döwletara gatnaşyklaryny giňeltmegiň ýolunda nobatdaky ädim boldy diýlip bellenildi.

Owgan Lideriniň nygtaýşy ýaly, onuň ýurdunda Türkmenistan bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna uly sarpa goýýarlar hem-de Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna ýokary baha berýärler.Bu syýasat sebitde durnuklylygy, parahatçylygy we howpsuzlygy saklamagyň möhüm şerti bolup durýar.

Owganystanyň Prezidenti türkmen Lideriniň owgan meselelerini çözmäge teklip edýän, möhüm halkara başlangyçlarynda öz beýanyny tapan hemmetaraplaýyn çemeleşmeleriniň onuň Watanynda parahatçylygy we durnuklylygy dikeltmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Ýangyç-energetika we ulag ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli maýa goýum taslamalary şunda örän uly orun eýeleýär.

Gürrüň, ilkinji nobatda, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy hakynda barýar.Günorta-Gündogar Aziýanyň uly ýurtlaryna türkmen tebigy gazynyň uzakmöhletleýin iberilmegini üpjün etjek täze energetika desgasy tutuş sebitiň ykdysady taýdan ösmegine kuwwatly itergi berip, müňlerçe iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.

Gaz geçirijiniň ugrunda dürli düzümleýin desgalaryň—elektroenergetika, ulag-aragatnaşyk, durmuş desgalarynyň guruljaklygy möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk örän ähmiýetli bolup durýar, munuň özi iki ýurduň geografiki taýdan amatly ýerleşmegi bilen şertlendirilendir. 2016-njy ýylyň noýabrynda işe girizilen Atamyrat-Ymamnazar-Akina demir ýoly—Aziýanyň halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Geljekde Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan polat ýoly sebitde we halkara derejesinde üstaşyr-ulag ýük daşalýan ýollaryň möhüm bölegine öwrüler.Iki goňşy döwletiň arasynda netijeli gatnaşyklar elektroenergetika ulgamynda hem amala aşyrylýar.

Häzir türkmen elektrik energiýasy Owganystanyň demirgazyk sebitlerine ýeňillikli şertlerde iberilýär.Degişli goşmaça kuwwatlyklaryň gurluşygy tamamlanandan soň bolsa olaryň iberilýän möçberini artdyrmak meýilleşdirilýär.Mundan başga-da, Türkmenistan Owganystana arzan bahadan suwuklandyrylan gaz ugradýar, goňşy döwletde durmuş, hususan-da, saglygy goraýyş we okuw maksatly desgalary bina edýär.

Geçen ýylda Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde çaga dogrulýan öý guruldy.Bu lukmançylyk edarasynyň işini ýola goýmak hem-de ýerli ýaşaýjylaryň hataryndan degişli işgärleri taýýarlamak üçin Owganystana lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň topary, şeýle hem zerur bolan derman hem-de kömekçi serişdeler iberildi.

Biziň ýurdumyz geljekde hem goňşy Owganystany dikeltmek boýunça halkara tagallalaryna işjeň gatnaşmagy hem-de onuň durmuş-ykdysady düzümini dikeltmäge hemmetaraplaýyn ýardam etmegi, şonuň bilen birlikde owgan halkynyň asuda we abadan durmuşda ýaşamagyna goldaw bermegi maksat edinýär diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.

Taraplar söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk etmek meselelerine ünsi jemläp, özara söwdanyň möçberlerini artdyrmak we ony diwersifikasiýalaşdyrmak üçin mümkinçilikleriň öwrenilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy barada aýtdylar. Şunuň bilen baglylykda, Hökümetara türkmen-owgan toparynyň işini, şeýle hem hususy telekeçilik ugry boýunça işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigi bellenildi.

Owganystanyň Balh welaýatynyň Mazari-Şerif şäherinde “Türkmenistan” bilelikdäki söwda öýüniň açylmagy bu ugurda ädilen anyk ädimleriň biri boldy.Ynsanperwer ulgamy türkmen-owgan gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň geljekde hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde owgan talyplaryna bilim bermek bilen, goňşy ýurda dürli ugurlar boýunça hünärli işgärleri taýýarlamakda ýardam etjekdigi bellenildi.

Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti türkmen Liderine goňşy ýurduň durnukly ösmegine berýän uly goldawy hem-de doganlyk raýdaşlygy, şu geçen ýyllaryň içinde Türkmenistanyň berip gelýän ykdysady we ynsanperwer kömegi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Iki döwletiň Baştutanlary söhbetdeşligiň barşynda özara gyzyklanma döredýän halkara we sebit syýasatynyň käbir ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.Telefon arkaly söhbetdeşlik owgan tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Özbegistan Trans-owgan demirýol taslamasy üçin utgaşdyryjy edara açdy
Aşgabatda Owganystana türkmen elektrik energiýasynyň üpjünçiligini uzaltmak baradaky ylalaşyga gol çekildi
Owganystanyň Mazari-Şarif şäherinde bombaly hüjüm guraldy
21.11.2018 | Türkmenistan Owganystana goldaw bermäge toplumlaýyn çemeleşýär
Türkmenistanyň telekeçileriniň artýan mümkinçilikleriniň uly sergisi
18.12.2017 | Gadymy döwürlerde ýurdumyzyň çäklerinden geçen Beýik Ýüpek ýoly täze keşbe eýe bolýar