10.04.2018 | Türkmenistan — BMG: ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk

Şu gün paýtagtymyzda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärlerini durnuksyz migrasiýanyň hem-de adam söwdasynyň öňüni almak boýunça meselelerde tagallalary birleşdirmegiň halkara tejribesi bilen tanyşdyrmaga gönükdirilen iki günlük maslahat işe başlady.

Maslahat Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Migrasiýa boýunça halkara guramanyň wekilhanasy bilen bilelikde çäreleriň ozal tassyklanan meýilnamasyna laýyklykda guraldy.Duşuşyga gatnaşmak üçin merkezi we welaýat gazetleriniň, žurnallaryň redaksiýalarynyň, telewideniýäniň, radionyň, internet-habar beriş serişdeleriniň, döwlet edaralarynyň metbugat gulluklarynyň wekilleri çagyryldy.

Halkara bilermenleriň geçiren maslahatynyň baş maksady häzirki döwrüň ýokarda görkezilen umumy meselelerini beýan etmegiň dünýä tejribesini öwrenmekden, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň kömegi arkaly şeýle ýagdaýlaryň öňüni almakdan ybaratdyr.Maslahat açyk çekişmeler görnüşinde geçip, oňa gatnaşyjylara sowal bermek, biri-biriniň biliminiň üstüni ýetirmek mümkinçiligini döredip, çagyrylan taraplaryň hemmesi üçin meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň has netijeli we peýdaly bolmagyna mümkinçilik berdi. Çykyşlaryň barşynda Türkmenistanyň MHG bilen hyzmatdaşlykda uly tejribesiniň bardygy, şonuň çäklerinde 2014-nji ýylyň başynda ýurdumyzda adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça iş toparynyň döredilendigi bellenildi.

Bu topar tarapyndan halkara bilermeniň goldaw bermeginde Türkmenistanyň adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça 2016 — 2018-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy hem-de 2016-njy ýylyň martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýörite Karary bilen tassyklanyldy.

Bu resminamanyň adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmäge, ilatyň durmuş-hukuk goraglylygyny berkitmäge, şu ugurda geçirilýän işleri kämilleşdirmäge gös-göni ýardam edendigi nygtaldy.Migrasiýa, gaçybatalga bermek, bosgunlaryň hukuklaryny üpjün etmek hem-de raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerine Türkmenistan abraýly guramalar bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde garaýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň öz üstüne alan borçnamalaryna mydama ygrarlydygyny görkezýändigini hem-de migrantlaryň, bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini çözmäge milli hem-de halkara derejede işjeň gatnaşýandygyny bellemek gerek.

Bu ugurda ynsanperwer syýasatyň geçirilmegi netijesinde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan dürli sebäplere görä öz ýurdunyň çäklerini terk etmäge mejbur bolan goňşy we beýleki döwletleriň raýatlary üçin olaryň ikinji watanyna öwrüldi.

Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryndan hem-de türkmen halkynyň gadymdan gözbaş alýan ynsanperwer däplerinden ugur almak bilen, bu ýerde migrantlar, bosgunlar hem-de raýatlygy bolmadyk adamlar üçin ähli şertler döredilýär. Şu maglumatlar şonuň subutnamasy bolup durýar: 2005-nji ýylda 13 müňden gowrak adam meýletin esasda raýatlyga eýe bolup, olaryň 9 müň 500-den gowragy bosgunlar boldy, 3 müňden gowragy ýaşamak görnüşine eýe boldular, olaryň hem 1800-si bosgunlar boldy. 2011-nji we 2013-nji ýyllarda 4 müň adam, 2014-nji ýylda 786 adam, 2015-nji ýylda 361 adam, 2016-njy ýylda 1381 adam Türkmenistanyň raýatlygyna eýe boldy. 2017-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň çäginde hemişelik ýaşaýan hem-de raýatlygy bolmadyk adamlaryň ýene-de 1690-sy Türkmenistanyň raýaty boldy.

Olar 21 milletiň wekilleri bolup, olaryň hatarynda uly ýaşly adamlaryň 1165-si hem-de 18 ýaşdan kiçi bolan adamlaryň 525-si bar. “Bosgunlaryň hukuk ýagdaýy hakynda” hem-de “Apatridleriň derejesi hakynda” Konwensiýalarda göz öňünde tutulan borçnamalary ýerine ýetirmek maksady bilen hem-de ýurdumyzyň çäginde ýaşaýan adamlaryň bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň ähli hukuklaryndan peýdalanmagy üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, raýatlygy bolmadyk adamyň hem-de bosgunyň şahsyýetnamasynyň we ýol resminamasynyň, ýaşamak üçin görnüşiň täze nusgalary herekete girizildi.

Bu resminamalar ICAO (Raýat awiasiýasynyň halkara guramasy) ölçeglerine doly laýyk gelýär.Mundan başga-da, ýurdumyza gelen bosgunlara ýaşaýyş jaýlary berildi, olar iş bilen üpjün edildi, oba ýerlerinde olara ýer bölekleri berildi, olaryň ýaşaýyş-durmuş meseleleri netijeli çözülýär.

Maslahatyň maksatnamasy oňa gatnaşyjylara meseleleriň giň toparyny, şol sanda adam söwdasynyň öňüni almakda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň orny, häzirki döwrüň howply wehimleri barada jemgyýetçilige habar bermek, durnuksyz migrasiýa babatda halkara guramalaryň, döwlet gullukçylarynyň we hökümete degişli däl guramalaryň hyzmatdaşlygy hem-de şu meseleleri beýan etmäge žurnalistiň çemeleşmeleri ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi.

Maslahata gatnaşyjylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde umumy tagallalary birleşdirmäge çagyryşynyň wajypdygyny bellemek bilen, adam hukuklary hem-de halkara ynsanperwer hukuk babatda toplanan tejribäni alyşmaga ýardam edýän şeýle duşuşyklary yzygiderli geçirmegiň möhümdigini nygtadylar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy kabul edildi
Türkmenistanda halkara derejeli awiasiýa hünärmenleri taýýarlanylar
Türkmenistanda raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak meýilleşdirilýär
Türkmenhowaýollary agentligi ICAO bilen bilelikde sebit treningini geçirer
Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli geçirilýän halkara foruma gatnaşyjylara Gutlag iberdi
MHG Siriýanyň Kamyşly etrabynda möhüm operasiýa geçirdi
Hepdäniň Syny