10.02.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: Gurluşyk we elektroenergetika

2019-njy ýylda köp sanly desgalaryň ulanmaga berilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli syýasatynyň ajaýyp miwesidir, ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň kuwwatynyň barha artýandygynyň subutnamasydyr. Ýokary maýa goýum işjeňligi Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegi üçin amatly şertleri döredýär.

Bu gün gurluşyk toplumy ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, döwrebap ulag we durmuş düzümini, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri hem-de eksport ugurly harytlary öndürýän täze kuwwatlyklary döretmek, has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, sebitleri hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça giň gerimli döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýan bu maksatnamalaryň we taslamalaryň çäklerinde ähli ýerlerde senagat, durmuş we medeni maksatly desgalaryň köp sanlysy gurulýar, şäherlerimiz hem-de obalarymyz abadanlaşdyrylýar.

Ak mermerli Aşgabat binagärlik toplumynyň ajaýyp keşbi bilen haýran galdyrýar.Soňky ýyllarda bularyň üsti ajaýyp binalaryň we desgalaryň onlarçasy, şol sanda iri ýaşaýyş toplumlary bilen ýetirildi.Paýtagtymyzyň günorta-gündogar künjeginde ýerleşýän Parahat — 7 ýaşaýyş toplumy munuň aýdyň mysalydyr. Şol ýerde her aýda diýen ýaly, täze ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berilýär. Şolarda eýýäm aşgabatly maşgalalaryň müňlerçesi ähli amatlyklary özünde jemleýän öýlere göçüp bardylar.

Bu ýaşaýyş toplumyny gurmagyň möhüm bölegi hökmünde täze Parahat — 7/3 ýaşaýyş toplumy güýçli depginler bilen ösýär.Bu toplum jemi 30 gektardan gowrak meýdanda, Ýunus Emre, Alty Garlyýew, Baba Annanow hem-de 10 ýyl Abadançylyk köçeleriniň çäklerinde guruldy.

Soňky ýyllarda bu ýerde dokuz gatly jaýlaryň 100-den gowragy ulanmaga berildi. Şu günler gurluşygy dowam edýän binalardan başga-da, ýene-de belent ýaşaýyş jaýlarynyň 23-sini gurmak meýilleşdirilýär. Şolaryň düýbi 2019-njy ýylyň maý aýynda, Aşgabat şäheriniň gününiň öňüsyrasynda tutuldy. Ýaşaýyş toplumlarynyň ýanynda çagalar we sport meýdançalary, giň ýollar, durmuş maksatly desgalar — mekdepler, çagalar baglary, saglygy goraýyş edaralary, dükanlar we beýleki zerur desgalar hem gurulýar.

Başgaça aýdylanda, ilatymyzyň netijeli işlemegi, okamagy, göwnejaý dynç almagy, sport, döredijilik bilen meşgullanmagy, söwda, dynç alyş we sagaldyş hyzmatlaryndan peýdalanmagy üçin ähli şertler döredilýär. Şolaryň hemmesi raýatlarymyz üçin elýeterli bolmalydyr.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bularyň ählisi türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuşynyň ýokary ülňülerini üpjün etmäge ýardam etmelidir.Aşgabady ösdürmegiň möhüm ugry bolan şäher gurluşygy köp babatda paýtagtymyzyň ykdysady ösüşini hem-de maýa goýum mümkinçiliklerini we işewürlik ýagdaýyny kesgitleýär.

Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategik wezipelerini çözmekde paýtagtymyzyň goşandy, möhüm halkara syýasy, işewür, medeni, syýahatçylyk merkezi hökmünde ähmiýeti we orny barha artýar.Bu ýerde, Türkmenistanyň baş şäherinde diňe bir ykbal çözüji çözgütler kabul edilmän, eýsem, jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetli taryhy wakalar bolup geçýär, umumy ösüşe we özgertmelere kuwwatly itergi berilýär, tutuş ýurdumyzda işiň depginini ýokarlandyrmaga ýardam edýän giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýakyn geljekde Aziýanyň merjen şäherini bezejek täze desgalaryň hatarynda Türkmenistanyň Halkara kongresler merkezi, Döwlet münberi, Türkmenbaşy döwlet täjirçilik bankynyň we Senagat paýdarlar täjirçilik bankynyň binalary, Halkara ýanyk kesellerini bejeriş merkezi, Halkara estetiki bejeriş merkezi, kaşaň Garagum, Arkadag myhmanhanalary, Nusaý myhmanhana toplumynyň ikinji nobatdakysy hem-de beýlekiler bar.

Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň keşbini ebedileşdirjek ýadygärlik gurulýar. Çandybil şaýolunyň hem-de Bekrewe köçesiniň çatrygynda Welosiped binasy peýda bolar.Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen sportuň ekologiýa taýdan arassa görnüşleriniň biri bolan welosiped sporty ýurdumyzda okgunly ösüşe eýe boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etdi.Aşgabat şäherini ösdürmegiň 16-njy nobatdakysynyň çäklerinde Magtymguly şaýolunyň ugrunda täze ajaýyp binalar, has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesi peýda bolar.

Bu taslamany amala aşyrmagyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine tabşyrylandygyny bellemelidiris.Häzirki döwürde ýurdumyzyň işewür düzümleriniň wekilleri toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşyp, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýarlar.

Gurluşyk ulgamy hem telekeçilik işiniň okgunly ösýän ugurlarynyň birine öwrüldi.Geçen ýylyň 25-26-njy maýynda paýtagtymyzda geçirilen Ak şäherim Aşgabat atly XVIII halkara köpugurly sergi bu gün Türkmenistanda şähergurluşyk, binagärlik hem-de şäher düzümini döretmek babatda gazanylan üstünlikleri we onuň geljegini aýdyň görkezdi.

Her ýyl geçirilýän bu gözden geçiriliş hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ähli ýerlerde giňden ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň gerimini aýdyň görkezýär. Şol özgertmeler bolsa paýtagtymyzyň keşbinde öz beýanyny tapdy.Bu gün Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin has amatly şäherleriniň biridir.

Forumda hödürlenen taslamalaryň köpüsi geçen ýyllaryň dowamynda üstünlikli amala aşyryldy.Diýarymyzyň baş şäherinde ajaýyp binalaryň örän köp sanlysynyň gurulmagy onuň gözelligini has-da artdyrdy. Özboluşlylygy hem-de giň gerimliligi bilen tapawutlanýan bu desgalaryň ençemesi ýurdumyzyň buýsanjyna öwrülip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Gözden geçirilişe ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň hem-de kärhanalarynyň wekilleriniň 100-e golaýy hem-de Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlary hasaplanylýan Bouygues Turkmen, NATA, Gap Inşaat, Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi we Tijaret, Dorožnoe stroitelstwo Altkom, Interbudmontaž kompaniýalary gurluşyk desgalarynyň nusgalaryny, innowasion işläp taýýarlamalary hem-de tehnologiýalary, şol sanda suw üpjünçiligi we yşyklandyryş, ýollaryň gurluşygy, işjeň dynç almak ulgamy ugurlarynda täze tehnologiýalary hödürlediler. 2019-njy ýylyň şanly wakalarynyň hatarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Gökdepe etrabynyň çäginde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň düýbüni tutmak dabarasyny görkezmek bolar.

Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde gurulýan täze şäher 70 müňden gowrak ýaşaýja niýetlenendir.Iki tapgyrda kottejleriň we köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 400-den gowragyny, her biri 320 orunlyk çagalar baglarynyň 10-syny, her biri 720 orunlyk orta mekdepleriň 19-syny gurmak meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, başlangyç hünär we orta hünär okuw mekdepleriniň, sungat mekdepleriniň hem ikisi göz öňünde tutuldy. Özüne enäniň we çaganyň saglygyny goraýan merkezi, beýleki edaralary birleşdirýän saglygy goraýyş edaralarynyň tutuş ulgamy dörediler.

Welaýat merkezinde Ruhyýet köşgi, Medeniýet öýi, drama teatry, kitaphana, sirk we muzeý, döwrebap sport toplumlarynyň ikisi gurlar. Şunuň bilen birlikde, aýlawy, trenažýor meýdançalaryny, manežleri we athanalary, şu ugurdaky Ylmy-önümçilik merkezini öz içine alýan Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebini gurmak göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyzyň Kararlaryna laýyklykda, Mary welaýatynyň Türkmengala, Sakarçäge hem-de Wekilbazar etraplarynda, Lebap welaýatynyň Çärjew, Saýat, Halaç we Kerki etraplarynda — Amyderýa jülgesiniň gür ilatly ýerlerinde täze obalaryň düýbi tutuldy.

Daşoguz welaýatynda täze ilatly ýer S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň çäginde dörediler.Balkanabatda, Daşoguzda, Maryda, Türkmenabatda, Änewde, Baýramalyda, beýleki şäherlerde hem-de obalarda has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan köp öýli jaýlarda köp sanly jaý toýlary tutuldy.

Geçen ýylyň maý aýynda Balkan welaýatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Serdar etrabynda täze obanyň — Altyn asyr Türkmen kölüniň golaýynda täze nusgaly giň möçberli durmuş-önümçilik toplumynyň gurluşygyna badalga berildi.

Bu taslamanyň 2019 — 2022-nji ýyllar üçin niýetlenen birinji tapgyrynyň çäklerinde bir gatly jaýlaryň 80-sini, oba geňeşiniň binasyny, 260 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebi, 160 orunlyk çagalar bagyny, Medeniýet öýüni, Saglyk merkezini, içerki ýollary, gaz, agyz suwy üpjünçilik ulgamlaryny, lagym desgalaryny we elektrik geçirijileri, suw arassalaýjy desgany, kuwwaty 10 MWt bolan utgaşdyrylan Gün-ýel elektrik stansiýasyny, ýangyç guýujy beketleri, azyk we senagat harytlar dükanyny hem-de beýleki desgalary gurmak göz öňünde tutulýar.

Ikinji tapgyrda — 2022 — 2025-nji ýyllar aralygynda 3 we 4 otagly, 1 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýene-de 130-dan gowragyny gurmak meýilleşdirilýär. Ýaşaýyş jaýlary hem-de beýleki medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalar sebitiň howa şertlerine laýyklykda hem-de oba ýaşaýjylarynyň durmuşynyň aýratynlyklaryny nazara almak arkaly gurlar. Şol oba awtoulag ýollary çekiler, ilatyň maldarçylyk, balykçylyk hem-de gök we bakjaçylyk bilen meşgullanmagy üçin ähli amatly şertler dörediler.

Oba ýaşaýjylarynyň iş bilen üpjünçiligine hem-de durmuş taýdan goraglylygyna aýratyn üns berler.Dekabr aýynda Serdar etrabynyň Arkaç geňeşliginiň çäginde gurlan Rowaç atly täze döwrebap obanyň açylyş dabarasy boldy.

Bu waka döwlet Baştutanymyzyň döredijilikli syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Şol syýasatyň many-mazmuny Döwlet adam üçindir!diýen şygarda öz beýanyny tapdy.Täze obada üç we dört otagly kaşaň ýaşaýyş jaýlarynyň 268-si guruldy. Şol binalaryň giň we ýagty otaglarynda, döwrebap enjamlaşdyrylan aşhanalarynda ähli oňaýly şertler döredildi.

Jaýlaryň golaýynda mellek ýerleri hem-de garaž bar.Bu ýerde gurlan Saglyk öýi ýöriteleşdirilen iň täze enjamlar bilen üpjün edildi.Munuň özi ilata hil babatda şäherdäki saglygy goraýyş edaralaryndaky hyzmatlardan birjik-de pes durmaýan lukmançylyk hyzmatlarynyň köp görnüşlerini hödürlemäge mümkinçilik berýär.

Körpeleriň 160-syna niýetlenen döwrebap çagalar bagy obanyň körpe ýaşaýjylaryna milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowdan ajaýyp sowgat boldy.Gapylaryny giňden açan ajaýyp mekdep oba adamlarynyň buýsanjyna öwrüldi.Bu mekdep okuwçylaryň 320-sine niýetlenendir. Şol mekdepde hem ýaş nesliň döwrüň talabyna laýyk ýokary hilli bilim almagy, ruhy taýdan baý hem-de berk bedenli bolmagy üçin ähli şertler döredildi.

Obadaky Medeniýet öýi, Söwda merkezi, Durmuş hyzmatlary öýi hem şäherdäki şeýle maksatly desgalardan birjik-de pes durmaýar.Mundan başga-da, geňeşligiň we 360 belgili awtomat-telefon beketli aragatnaşyk bölüminiň binalary, azyk önümleri dükany, kuwwaty 35 KWt bolan elektrik bekedi, gije-gündizde 1000 kub metr suw arassalaýan desga hem-de metjit guruldy.

Bir söz bilen aýdylanda, bu ýerde adamlaryň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy üçin ajaýyp şertler döredildi. Şunda bilim, saglygy goraýyş, iş bilen üpjünçilik, medeni-dynç alyş, aragatnaşygyň häzirki zaman görnüşleriniň ählisine elýeterlilik ýaly möhüm meseleler we beýleki ugurlar göz öňünde tutuldy.

Düýpli hem-de ýaşaýyş jaý gurluşygy bilen birlikde, ýerli çig malyň binýadynda gurluşyk serişdelerini öndürýän ulgam hem döwletiň giň goldawyna mynasyp boldy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgama sebitleriň ykdysadyýetiniň ösüşiniň esasy ugurlarynyň biri hökmünde garaýar.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky Owadandepe senagat zolagynda döredilýän kuwwatly gurluşyk ulgamy munuň aýdyň subutnamasydyr.Bu ýerde eýýäm metal önümlerini we armatura öndürýän Türkmendemirönümleri döwlet kärhanasy, iri gazbeton zawody, Türkmenmermer ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň mermeri we graniti gaýtadan işleýän, ýerli tebigy daşdan timarlaýyş serişdelerini çykarýan fabrik hem-de Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň Türkmensenagat agentliginiň Merkezi Aziýadaky iň iri Türkmenaýnaönümleri kärhanasy üstünlikli işleýär.

Golaýda aýna senagatynyň bu iri kärhanasynda gök we ýaşyl reňkli aýnalaryň tutuş tapgyry çykaryldy.Reňkli önümleri öndürmek üçin ilkinji gezek demriň we kobaltyň okisleri ulanyldy.Kärhanada ion-plazma we magnetron tozanlandyryş usuly hem ulanylýar.

Munuň özi önümleriň ýüzüne dürli metallaryň — alýumininiň, kümşüň, titanyň, nikeliň, hromyň garyndylaryny çalmaga we gök, ýaşyl, kümüşsöw, altynsow hem-de beýleki reňkdäki örtükli önümleri almaga mümkinçilik berýär.Innowasion tehnologiýalaryň kömegi arkaly alnan reňkli aýnalaryň ulanylýan ugurlary örän giňdir.

Olar tekjeler gurlanda, binalaryň daşky görnüşlerinde we içki bezeginde, yşyklandyryş hem-de aýnadan bezeg serişdeleriniň önümçiliginde, dürli gap-gaçlary, beýleki serişdeleri, lukmançylyk, surat we wideo enjamlarynyň hem-de beýlekileriň önümçiliginde giňden ulanylýar.

Bu gün pudagyň kärhanalary diwarlyk panelleri, armirlenen bloklary, keramzit, gurnama demirbeton önümlerini, kerpiç, örtük plitalaryny, dürli görnüşli gurluşyk-suwag serişdelerini, gazbeton önümlerini, magdan däl gurluşyk materiallaryny, turba önümlerini, armaturany, metal gurnamalary, plastik we aýna süýümli turbalary öndürýär.

Türkmendemirbeton önümçilik birleşiginiň paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynyň çäginde ýerleşýän demirbeton kärhanasynda geçen ýyl oda durumly kerpiji öndürýän ýöriteleşdirilen seh işe girizildi.Bu önüm senagat peçleriniň we ojaklaryň gurluşygynda hem-de şolary döwrebaplaşdyrmakda giňden ulanylýar.

Onuň önümçiliginde Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşýän känden alynýan kaolin laýlary ulanylýar.Lebabyň sement zawody döwlen bazalt serişdesi garylan M-400 — D-20 we M-500 — D-20 görnüşli sementiň synag tapgyryny öndürdi.

Ol betonyň berkligini, dykyzlygyny, sowuga durnuklylygyny ýokarlandyrýar.Bu gurluşyk serişdesi önümçilikçiler we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň himiýa we organyky serişdeleriň tehnologiýasy barlaghanasynyň işgärleri bilen bilelikde taýýarlanyldy. Şunuň bilen bir hatarda, içerki bazarda bolşy ýaly, daşary ýurtlarda hem uly isleg bildirilýän önümleriň önümçiligi boýunça täze kärhanalary döretmek işleri dowam edýär.

Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň buýurmasy esasynda gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň täze ýataklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, geologiýa-gözleg işleri yzygiderli alnyp baryldy.Bu gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, metallurgiýa senagaty kärhanalary we beýleki pudaklar üçin zerur çig mal bolup hyzmat eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän Gyzylgaýa şäherçesiniň ýanynda iri gorlary bolan demir magdanlaryny senagat taýdan gaýtadan işlemek boýunça dag-magdan kärhanasynyň gurluşygynyň taslamasy taýýarlanyldy.

Deslapky maglumatlara görä, onuň gorlary 70 — 75 million tonna barabardyr.Bu serişde sement önümçiliginde giňden ulanylýar.Dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek we täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly, durnukly ösüş gazanmak geçen ýylyň awgust aýynda Aşgabatda geçirilen Türkmengurluşyk — 2019 halkara sergisiniň esasy ugruna öwrüldi.

Oňa Diýarymyzdan hem-de Russiýa Federasiýasyndan, Fransiýadan, Germaniýadan, Awstriýadan, HHR-den, Türkiýeden, Ukrainadan, Gresiýadan we beýleki ýurtlardan bu ugurda işleýän kompaniýalaryň, edaralaryň hem-de kärhanalaryň wekilleri, telekeçiler we işewürler gatnaşdylar.

Sergide Aşgabat-sitiniň taslamasyna möhüm orun berildi.Dolandyryşyň sanly ulgamy, robotlaşdyrmak we intellektual ulgam täze taslamanyň durmuş ugrunyň esasyny düzýär. Ýakyn ýyllarda paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde kemala geljek iri ýaşaýyş toplumynyň taslamasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pikirine görä, akylly şäher konsepsiýasynyň amala aşmagy bolar. 200-den gowrak binany özünde jemlejek bu ägirt uly toplumyň gurluşygy üçin 744 gektar meýdan bölünip berildi.

Umuman, bu toplum 107 müňden gowrak adamyň ýaşamagyna niýetlenendir.Dürli belentlikdäki ýaşaýyş jaýlarynyň 180-sinden başga-da, bu ýerde edara ediş binalarynyň, hyzmat ulgamyna degişli kärhanalaryň, lukmançylyk edaralarynyň, medeniýet merkezleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de birnäçe umumybilim berýän mekdepleriň, çagalar baglarynyň, durmuş maksatly beýleki desgalaryň toplumy gurlar. Ýeri gelende aýtsak, täze ýaşaýyş toplumynda Türkmenistanda ilkinji gezek 30 — 35 gatly jaýlar peýda bolar. Şeýle hem forumyň çäklerinde Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi atly maslahat geçirildi.

Onda edilen çykyşlar ekologiýa we seýsmiki howpsuzlygyň talaplaryny berjaý etmäge, dürli maksatly desgalaryň gurluşygynda ekologiýa kadalaryna, gurluşykda nyrh aýratynlyklaryna, gurluşyk ýüklerini daşamakda ykdysady taýdan amatly ugurlaryň döredilmegine bagyşlandy. Ýaşaýyş we jemagat hojalygy toplumyna netijeli energiýa ulgamyny ornaşdyrmak, ýörite kompýuter programmalaryny ulanmak arkaly, binagärligiň taslamalaşdyrylmagynyň täze usullaryny ulanmak, dürli görnüşli täze gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi hakyndaky çykyşlar uly gyzyklanma döretdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenilip taýýarlanylan Türkmenistany 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, gurluşykda 7 ýylyň dowamynda jemi içerki önümiň mukdary 11,5 göterime çenli ýokarlanar.

Umumy maýa goýumlaryň möçberi 229,3 milliard manada deň bolar. Şu döwürde 289 desgany ulanmaga bermek meýilleşdirildi. Şol sanda 36 desga döwrebaplaşdyrylar we durky täzelener.Mundan başga-da, Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde eziz Diýarymyzyň welaýatlarynda hassahanalaryň 13-si, saglyk öýleriniň 20-si, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 163-si, umumy bilim berýän mekdepleriň 201-si, medeniýet öýleriniň 16-sy, suw arassalaýjy desgalaryň 11-si, lagym arassalaýjy desgalaryň 13-si gurlar. Şeýle hem umumy meýdany 1896,4 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary bina ediler. Şeýle hem hassahanalaryň 17-sini, saglyk öýleriniň 22-sini, çagalar baglarynyň 2-sini we bir Medeniýet öýüni döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Şu maksatlar üçin jemi 9976,7 million manat, şol sanda Ahal welaýaty boýunça 1944,3 million manat, Balkan welaýaty boýunça 1244,1 million manat, Daşoguz welaýaty boýunça 2907,3 million manat, Lebap welaýaty boýunça 1851,3 million manat, Mary welaýaty boýunça bolsa 2029,7 million manat maýa goýum serişdesi gönükdiriler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde möhüm orun eýeleýän elektroenergetika ulgamynda ýedi ýylyň dowamynda 7 desgany ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.Täze desgalaryň ulanmaga berilmegi pudagyň kuwwatyny pugtalandyrar, ýurdumyzyň elektroenergiýa bolan artýan isleglerini kanagatlandyrmaga we daşary bazara ugratmaga mümkinçilik berer.

Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, 2019 — 2025-nji ýyllarda elektroenergiýany öndürmegiň mukdary 17,4 göterim, eksporty bolsa 4,5 göterim ýokarlanar.Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda pudagyň düzümleriniň üsti täze gazturbinaly elektrik beketler arkaly ýetirildi. Şeýle beketler Aşgabatda, Ahal, Balkan, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda guruldy.

Marynyň döwlet elektrik stansiýasynda ýurdumyzda ilkinji gezek utgaşykly işleýän bug-gaz elektrik bekedi işe girizildi. Şu günler Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwaty 432 megawat bolan ýene bir gazturbinaly elektrik bekedi gurulýar.

Bu taslama Ýaponiýanyň Sumitomo Сorporation we Mitsubishi Hitaсhi Power Systems hem-de Türkiýäniň Rönesans Holding kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyrylýar.Taslamanyň maliýeleşdirilmegine Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Karz şertnamasyny baglaşan Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk banky gatnaşýar.

Energetika ministrliginiň Türkmenenergo döwlet korporasiýasynyň buýurmasy esasynda Türkiýäniň Çalik Enerji Sanayi ve Tiсaret A.Ş.hem-de Şweýsariýanyň Çalik Enerji Swiss AG kompaniýalar konsorsiumy Büzmeýiniň döwlet elektrik bekediniň çäginde energetika enjamlaryny abatlaýan we olara hyzmat edýän merkezi gurar.

Hususan-da, onda elektrik beketleriniň gazturbinalary, elektrogeneratorlary, dürli kuwwatlygy bolan transformator podstansiýalar, elektrogalkanlar we beýlekiler abatlanar.Umumy meýdany 4 müň inedördül metrden gowrak bolan ýerde öňdebaryjy önüm öndürijileriň, şol sanda General Electriс kompaniýasynyň ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen üpjün edilen sehler gurlar.

Mundan başga-da, şertnama laýyklykda, gazturbinalaryny abatlamak üçin potratçy 16 toplumlyk ätiýaçlyk şaýlaryny getirer.Munuň özi enjamlary çalyşmak boýunça gaznany döretmäge mümkinçilik berer.Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, bu merkez 2022-nji ýylda ulanmaga berler.

Aziýanyň ösüş bankynyň ýeňillikli karz serişdeleriniň hasabyna ýokary woltly Ahal — Balkan we Balkan — Daşoguz elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygynyň taslamasy durmuşa geçirilýär. Şonuň çäklerinde güýjenmesi 500 kW bolan asma elektrik geçiriji ulgamyň 560 kilometri we güýjenmesi 220 kW bolan 475 kilometrlik elektrik geçiriji ulgam çekiler.

Mundan başga-da, güýjenmesi 500 /220 /110 kW we güýjenmesi 220 /110 kW bolan podstansiýalaryň hersinden ikisi gurlar.Taslama laýyklykda, transformatorlary, öçürijileri, bölüjileri, rele goraglaryny we Ýewropa ülňülerine laýyk gelýän awtomatik enjamlary oturtmak meýilleşdirilýär. Şeýlelik-de, halkalaýyn energiýa ulgamyň desgalary häzirki zaman kompýuter programmalary bilen enjamlaşdyrylar.

Olar uzak aralykdan dolandyryşy we işiň ähli ugurlaryna üznüksiz gözegçiligi üpjün eder.Bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işler diňe bir iri senagat toplumlaryny we her ýylda ýurdumyzda gurulýan köp sanly durmuş maksatly desgalary elektrik energiýasy bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, ony goňşy döwletlere eksport etmäge mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow doly hukukly hyzmatdaş hökmünde Owganystanyň iri energetika, ulag we kommunikasiýa taslamalarynyň amala aşyrylmagyna çekilmeginiň Merkezi Aziýada howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň möhüm şerti bolup durýandygyny yzygiderli nygtaýar.

Owgan halkynyň parahatçylyga, bitewülige we ylalaşyga bolan gyzyklanmalaryna raýdaşlyk bildirip, Türkmenistan goňşy ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine gönükdirilen anyk işleri amala aşyrýar.Elektrik energiýasynyň hem-de suwuklandyrylan gazyň ýeňillikli nyrhlar bilen köp ýyllaryň dowamynda ugradylmagy, Ymamnazar — Andhoý, Serhetabat — Hyrat we Rabatkaşan — Kalaýnau elektrik geçiriji ulgamlaryň gurulmagy goňşy döwletiň energetika düzüminiň möhüm bölegine öwrüldi.

TOPH gaz geçirijisiniň ugry boýunça Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygynyň taslamasynyň ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny bellemeli. 2019-njy ýylyň dekabr aýynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde dostlukly ýurduň ykdysady zerurlygy üçin kuwwatly elektroenergetika enjamlarynyň sowgat berilmegi mynasybetli dabara geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, güýjenmesi 220 /110 /10 kW hem-de kuwwaty 125 MWt bolan transformator we degişli enjamlar ynsanperwer kömegi hökmünde owgan tarapyna berildi.Türkmenistanyň energetika pudagynyň ägirt uly kuwwaty we dünýäniň işewür toparlarynyň, maýadarlarynyň bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga bolan artýan gyzyklanmalary sentýabr aýynda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary” atly halkara sergide we ylmy maslahatda giňden beýan edildi.

Köp sanly foruma gatnaşyjylaryň hatarynda Russiýanyň, ABŞ-nyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň, Hytaýyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Belarusyň, Ukrainanyň we beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary hem-de ugurdaş düzümleri bar.Söwda-senagat edarasynda guralan sergi netijeliligi bilen işjeň häsiýete eýe boldy.

Onda geçirilen tanyşdyrmalar, hyzmatdaşlaryň mümkinçilikleri täze tehnologiýalary, enjamlary, düzümleýin pudaklarda öňdebaryjy inženerçilik-tehniki çözgütleri ulanmak meseleleri boýunça geçirilen pikir alyşmalarda ýurdumyzyň serişdeleriniň we bu ugurdaky kuwwatlyklary özleşdirmäge bolan häzirki zaman çemeleşmeleri beýan edildi. Şeýle hem serginiň çäklerinde geçirilen maslahatda döwletiň içerki hem-de halkara elektrik geçiriji ulgamlaryň gurluşygynyň iri maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylmagyna, öňdebaryjy tehnologiýalara, alternatiw energetikany ösdürmegiň we täzeçil akylly energiýa ulgamynyň döredilmeginiň meselelerine aýratyn ähmiýet berildi.

Umuman, Ministrler Kabinetiniň 7-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde jemlenen 2019-njy ýylyň netijeleri maýa goýum-gurluşyk işinde oňyn ýörelgeleriň dowam edýändigini alamatlandyrdy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mejlisde eden maksatnamalaýyn çykyşynda belleýşi ýaly, ähli pudaklarda diýen ýaly önümçiligiň möçberleri artdy.

Täze, ýokary tehnologiýaly kärhanalar işe girizildi.Mähriban Watanymyzy oba hojalyk ýurdundan senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça ägirt uly işler amala aşyryldy.Gurluşyk pudagyna maýa goýum maksatnamalarynda göz öňünde tutulan serişdeleriň möçberi ABŞ-nyň 35 milliard dollaryna golaý boldy.

Geçen ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna umumy bahasy ABŞ-nyň 10 milliard dollaryna golaý bolan önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň 1 müň 704-si gurlup ulanmaga berildi.Kabul edilen döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmagyň barşynda şäherlerimiziň we obalarymyzyň, tutuş ýurdumyzyň tanalmaz derejede özgerendigini aýdyp, döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, ähli degişli düzümleri özünde jemleýän täze şäherçeleriň gurluşygynyň dowam edýändigini belledi.

Geçen ýylda umumy meýdany 1,5 million inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary, şol sanda ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary guruldy.Onuň netijesinde bagtyýar maşgalalaryň müňlerçesi ýaşaýyş jaý toýlaryny toýladylar.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýyl üçin giň möçberli gurluşyk maksatnamasyna ünsi çekdi.Bellenilişi ýaly, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýumlaryň möçberleri 40 milliard manada golaý boldy.

Oňa kärhanalaryň we fabrikleriň, hassahanalaryň, lukmançylyk merkezleriniň, saglyk öýleriniň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, medeniýet öýleriniň, edara ediş binalarynyň, täze şäherçeleriň we ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy girýär.Bularyň ählisi watandaşlarymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna oňaýly täsir edýär. Şeýlelikde, ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklarynyň, şol sanda gurluşyk senagaty we elektroenergetika pudaklarynyň okgunly ösüşi hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň bähbidine Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň we halkara abraýynyň ýokarlanmagyna gönükdirilen özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini äşgär edýär.

Ýene degişli makalalar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: Gurluşyk we elektroenergetika
Gurluşygyň we senagatyň beýik nusgasy
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 15-nji mejlisinde birnäçe resminama gol çekildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň mejlisi
Çalik Enerji Sanaýi we Tijaret A.Ş. kompaniýasy Gün we ýel elektrik stansiýasy gurar
Arkadag şäheri — gurluşygyň we senagatyň beýik nusgasy atly halkara maslahat geçirildi