Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly täze ýyldaky ilkinji mejlisini geçirdi.Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi.Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy hem-de maliýe, ykdysady we bank ulgamlarynyň işlerini döwrüň talabyna laýyk derejede guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, pudaga degişli ministrlikleriň we edaralaryň işleri ýurdumyzda durnukly makroykdysadyýeti üpjün etmek, sanly ulgamy hem-de döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, daşary ýurt maýa goýumlarynyň netijeliligini we işjeňligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir.
Döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmaga, daşary ykdysady işleri ösdürmäge, daşary ýurt maýasyny çekmäge, hususy telekeçiligi goldamaga uly üns berilýär.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli, döwlet we pudaklaýyn maksatnamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşyny gözegçilikde saklamagyň, döwrüň ýagdaýlaryny, sanly ykdysadyýeti kemala getirmek hem-de bu ulgamda hereket edýän halkara kadalaryny nazarda tutup, orta möhletli geljek üçin pudaklary ösdürmegiň meýilnamalaryna gaýtadan garamagyň möhümdigine ünsi çekdi.
Milli Liderimiz döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak işini çaltlandyrmagyň wajypdygyny belläp, bu işleri geçirmegiň ýurdumyzyň ykdysadyýetini has-da ýokarlandyrmaga hem-de telekeçiligi depginli ösdürmäge gönükdirilendigini nygtady. Ýöne esasy zat bularyň ählisi halkymyzyň hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna örän oňaýly täsir eder diýip, döwlet Baştutanymyz bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýangyç-energetika toplumynyň pudaklarynda işleriň ýagdaýy hem-de Ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny amala aşyrmagyň barşy hakynda hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanyň içerki sarp edijileri üçin 2020-nji ýylda nebit önümleriniň möçberlerini tassyklamak hakyndaky kararyň taslamasy hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetinde ähmiýetli orun eýeleýändigini belläp, nebitiň hem-de tebigy gazyň çykarylýan we gaýtadan işlenilýän, ýurdumyzyň içinde we dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän dürli nebithimiýa önümleriniň öndürilýän möçberlerini yzygiderli artdyrmagyň hem-de şolaryň görnüşlerini giňeltmegiň möhümdigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz döwrebap energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary pudaga ornaşdyrmak boýunça işleriň gerimini giňeltmegi, energetika ulgamynyň kärhanalarynyň eksport kuwwatyny berkitjek iri düzüm taslamalaryny ilerletmegiň barşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy boýunça wise-premýere iberdi hem-de onuň düzgünleriniň degişli derejede ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, degişli guramalar, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan gurluşyk serişdeleriniň döwlet sanawyny, gurluşykda nyrh emele getirmek ulgamynyň tertibini, usuly resminamalaryň taýýarlanylmagyny göz öňünde tutýan resminamalaryň birnäçesini işläp taýýarlamak boýunça işler geçirilýär. Şolaryň esasynda degişli kadalaryň we bahalaryň döwlet ýygyndylary dörediler.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzir gurluşyk toplumynyň Diýarymyzy senagatlaşdyrmak, döwrebap ulag düzümini döretmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de eksporta iberilýän harytlaryň möçberlerini artdyrmak, ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, sebitleri özgertmek boýunça giň gerimli döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmagy ugur edinýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz şol bir wagtda ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak hem-de önümçilik we ylmy-tehniki kuwwatyny güýçlendirmek, ýerli çig maldan taýýarlanylýan gurluşyk serişdeleriniň görnüşlerini artdyrmak, hojalygy dolandyrmagyň netijeli görnüşlerini ornaşdyrmak ýaly möhüm wezipeleriň çözülýändigine ünsi çekdi.Milli Liderimiz pudagyň ýokary ösüş depginlerini saklamak, kärhanalaryň işiniň netijeliligini artdyrmak maksady bilen, çig mal boýunça oýlanyşykly nyrh syýasatyny geçirmegiň zerurdygyny hem-de munuň bar bolan kuwwatlyklary netijeli peýdalanmaga, gurluşyk kärhanalarynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere degişli meseläni çözmäge jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyryp, bu babatda oňa birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara topary döretmek hakyndaky kararyň taslamasyny taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.Wise-premýer Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, resminamalaryň sanawynyň işlenip taýýarlanylandygyny habar berdi. Şoňa laýyklykda, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara hökmünde Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň Türkmenaragatnaşyk agentligi teklip edilýär.
Pudagara toparynyň düzgünnamasy hem işlenip taýýarlanyldy.Bu toparyň düzümine ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we häkimlikler, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, edara-kärhanalary hem-de hususy telekeçileri girizmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda 20192025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň maglumat tehnologiýalaryny giňden ulanmak arkaly halk hojalygynyň pudaklarynyň we durmuş ulgamlarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň Türkmenaragatnaşyk agentliginiň sanlaşdyrmagy ilerletmek boýunça möhüm işleri ýerine ýetirýändigini hem-de intellektual ulgamlaryň bökdençsiz işlemegini, şol sanda milli ulgamlaýyn giňişligi, internet hyzmatlary ulgamyny kadalaşdyrmagyň we giňeltmegiň kanunçylyk taýdan goldanylmagyny üpjün edýändigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz diňe bir taýýar çözgütleriň we nou-haularyň importyna däl, eýsem, özümiziň ylmy-tehnologik kuwwatymyza esaslanýan sanly ulgamyň döredilmeginden ugur alyp, öňdebaryjy tejribäni öwrenmegiň hem-de özleşdirmegiň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrmak hem-de şu ugur boýunça hünärmenleri taýýarlamak, işgärleriň hünärini ýokarlandyrmak boýunça işleri geçirmegiň wajypdygy bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara topary döretmek hakyndaky Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşyk ulgamy arkaly wise-premýere iberdi we bu resminamanyň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow söwda pudagyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, bölek söwdada harytlary sanly ulgamyň üsti bilen satmagy düzgünleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda göz öňünde tutulan çäreleri amala aşyrmak hem-de ilata edilýän söwda hyzmatlaryny döwrebap derejede kämilleşdirmek, şol sanda internet-dükanlarynyň işini ýola goýmak arkaly Harytlary uzaklykdan satmagyň Düzgünleriniň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.
Bu taslama Sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakynda, Söwda işi hakynda hem-de Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we Internet hyzmatlaryny hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen ylalaşykly işlenip taýýarlanyldy.
Bölek söwda ulgamynda internet-dükanlaryň hereket etmegi ilata hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, bäsdeşlige ukyply bazar gatnaşyklaryny kemala getirmäge oňyn täsirini ýetirer.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwrebap sanly gurşawyň möhüm bölegi bolan elektron söwdasynyň durmuş şertlerine laýyklykda zerurdygyny belledi. Şunda döwlet Baştutanymyz harytlaryň uzaklykdan satylmagynyň, bu ozaly bilen, ýokary amatlylyk we hyzmatlar, sarp edijiniň isleglerini kanagatlandyrmak, söwdanyň guralmagyna innowasion çemeleşme hem-de alyjylar üçin aňrybaş amatlylyk bolup durýandygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz ulgama sanly hyzmatlary ornaşdyrmak barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we sanly ulgama geçirmek boýunça amala aşyrylýan strategik özgertmeler babatda intellektual ulgamlara we iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen baglylykda, ylym we bilim ulgamlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hususan-da, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly ulgamlary ýaýratmak arkaly ýurdumyzyň bilim we ylym edaralarynyň işini kämilleşdirmek we täzelemek, degişli işgärleri taýýarlamak hem-de maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ulgamynda hünärleriň täze ugurlaryny açmak, bu ulgamda dünýäniň iň gowy tejribesini öwrenmek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp hem-de sanly ykdysadyýetiň ýokary hünärli işgärleri talap edýändigini aýdyp, sanly ulgam babatda ösen ýurtlarda bar bolan öňdebaryjy tejribä daýanmagyň möhümdigini belledi.Döwlet Baştutanymyz islendik milli taslamanyň, döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň kuwwatly işgärler binýadynyň, şol sanda dolandyryş ulgamyndaky hünärmenleriň bolmagyny göz öňünde tutýandygyny aýdyp, sanly ykdysadyýetiň ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň kuwwatyny artdyrmaga, milletiň intellektual mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga ýardam etmelidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere sanly ulgam boýunça göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmegini, bilim we ylym ulgamlarynda bu babatda amala aşyrylýan özgertmeleriň barşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa halkymyzyň medeni mirasyny wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany diýlip yglan edilen ýylda dünýä bileleşigini Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň taryhy hem-de gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmak maksady bilen, halkara medeni çärelerini geçirmegiň meýilleşdirilýändigini habar berdi.
Baý milli medeniýetimizi dünýä ýaýmak üçin ýurdumyzda hem-de daşary döwletlerde geçirilýän halkara forumlarynyň we sergileriniň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar.Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň hormatyna çäreleriň degişli maksatnamasy meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, eziz Diýarymyzyň şu günki ýeten sepgitlerini, gazanan üstünliklerini wagyz etmekde medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işiniň möhümdigini, oňyn Bitaraplyk syýasatynyň maksatlaryny wagyz etmek boýunça geçirilýän işleriň ähmiýetini belledi.
Hoşniýetli goňşuçylyk, birek-biregi hormatlamak, bähbitleriň deňligi, dünýäniň ähli döwletleri hem-de iri halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan Bitaraplyk syýasatynyň maksady parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine ählumumy tagallalary birleşdirmek bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz bu işi maksadalaýyk we yzygiderli alyp barmak hem-de dünýä bileleşigini türkmen halkynyň medeniýeti bilen içgin tanyşdyrmak üçin köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň mümkinçiliklerini ulanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Milli Liderimiz eziz Diýarymyzda geçirilýän medeni-köpçülikleýin we halkara döredijilik çäreleriniň türkmen halkynyň milli sungaty we baý mirasy bilen tanyşdyrmalydygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere öňde boljak ähli medeni çärelere taýýarlyk görmek we şolary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada zerur bolan ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.Sebitlerde ýaz ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde gowaça hem-de beýleki oba hojalyk ekinleri üçin niýetlenen ýerleri sürmek, tekizlemek we ýuwuş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Öňümizdäki möwsüme zerur bolan oba hojalyk tehnikalary hem taýýarlanylýar.
Pagta arassalaýjy kärhanalarda gowaça tohumyny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, güýzlük bugdaýa ideg etmek işi dowam edýär.Agrotehniki kadalara laýyklykda, maýsalara ösüş suwuny tutmak, dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere bugdaýyň we gowaçanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, agrotehniki çäreleri öz wagtynda we ýokary hilli geçirmäge, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga, suw bilen üpjünçiligine aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Şeýle hem ekerançylar üçin jogapkärli döwür bolan ýazky ekişe ýokary derejede we toplumlaýyn taýýarlyk görmek barada degişli görkezmeler berildi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere oba hojalygynda hojalygy ýöretmegiň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmak, telekeçilik başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldamak babatda-da anyk tabşyryklary berdi.Hormatly Prezidentimiz mejlisi dowam edip, göni sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy çagyrdy.
Ol Türkmenistanyň şu ýyl halkara konwensiýalaryna we beýleki namalaryna goşulmagy boýunça teklipler barada hasabat berdi.Hasabatda halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadyny berkitmegiň we ösdürmegiň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi nygtaldy.
Türkmenistanyň halkara konwensiýalaryna we beýleki resminamalara işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, DIM tarapyndan yzygiderli esasda degişli işler geçirilýär.Häzirki wagtda ýurdumyz köptaraplaýyn halkara resminamalarynyň 152-sine gatnaşýar. Şolaryň arasynda Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary tarapyndan kabul edilen Konwensiýalaryň 133-si bar.
Döwlet Baştutanymyzyň goldawy bilen Türkmenistan soňky ýyllarda öz Bitaraplyk derejesine esaslanyp, daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlar boýunça, şol sanda energetika, ulag, daşky gurşawy goramak we beýleki meselelerde halkara konwensiýalaryna we şertnamalaryna goşulyp, agza hökmünde işjeň gatnaşýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda bu wajyp resminamalary milli derejede durmuşa geçirmek bilen bagly giň gerimli işler geçirilýär.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, esasan hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara konwensiýalary iş ýüzünde ýerine ýetirmek boýunça anyk çäreleri geçirmek, halkara konwensiýalardan gelip çykýan wezipeleri göz öňünde tutup, kanunçykaryjy ulgamy ösdürmek boýunça işleri ýerine ýetirmek, wajyp ugurlar boýunça kabul edilen halkara resminamalaryny netijeli durmuşa geçirmek maksady bilen, halkara guramalary bilen bilelikde ýurdumyzda dürli taslamalary we maksatnamalary amala aşyrmak ýaly ugurlar boýunça işler alnyp barylýar.
Milli Liderimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, halkara tejribäniň soňky gazananlaryny öz içine alýan hem-de döwletimiziň syýasy-hukuk, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer taýdan ösmegine hyzmat edýän häzirki zaman kanunçylyk binýady döredildi.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň netijesinde, döwletimiziň dünýädäki abraýy barha artýar we onuň halkara jemgyýetçilik ulgamyndaky orny täze belent derejelere çykýar.Bu syýasatyň esasy sütüni bolsa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Bitaraplygymyzyň ykrar edilmeginiň 25 ýyllygy bellenilýär. Şonuň üçin hem, milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda 2020-nji ýyl Türkmenistan Bitaraplygyň mekany şygary astynda geçirilýär. 2019-njy ýylyň 6-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kabul eden karary bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli döwletimizde hem-de daşary ýurtlarda geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň giň gerimli Maksatnamasy tassyklanyldy.
Häzirki wagtda ony durmuşa geçirmek boýunça işler dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy 2020-nji ýylyň dowamynda ýurdumyzyň birnäçe ugurlar boýunça halkara konwensiýalara we köptaraplaýyn resminamalara goşulmagy babatda teklipleri hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürledi.
Ykdysady ugur boýunça Araçylygyň esasynda gazanylan halkara ýaraşyk ylalaşyklary hakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Konwensiýasy bar.Bu resminama söwda jedellerini çözmegiň täsirli usuly hökmünde araçylyga ýardam bermegiň guraly bolup durýar.
Ulag ugry boýunça Halkara awtomobil baş ýollar hakynda Ýewropa ylalaşygy bar.Bu resminama Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň işi alnyp barylýan sebitde halkara ýol ulgamynyň döredilmegini göz öňünde tutýar.
Daşky gurşawy goramak ugry boýunça Durnukly organiki hapalaýjylar hakynda Stokgolm konwensiýasy bar.Bu konwensiýa durnukly zäherli maddalaryň organiki pestisidleriň ulanylmagyny bes etmegi göz öňünde tutýar. Şeýle hem Ozon gatlagyny dargadyjy maddalar boýunça Monreal Teswirnamasyna Düzediş atly resminama daşky gurşawa ýaramaz täsirli maddalaryň önümçiliginiň we sarp edilişiniň yzygiderli azaldylmagyna gönükdirilendir.
Medeni-ynsanperwer ugry boýunça medeni taýdan özüni görkezmegiň dürlüligini goramak we höweslendirmek hakynda Konwensiýasy bar.Bu resminama dürli medeniýetleriň birek-birege täsiriniň erkinligi üçin şertleri döretmäge we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Intellektual eýeçilik ugry boýunça Patent hukugy hakynda Şertnama bar.Bu şertnama milli patent ýüztutmalaryna we patentlere garamagyň amalyny kämilleşdirmegi göz öňünde tutýar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ählumumy meseleleri çözmäge mundan beýläk-de gatnaşmagynyň wajypdygyny nygtady.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Bitaraplyk syýasatyny alyp barýan ýurdumyz halkara ösüşiniň meselelerini çözmäge örän işjeň gatnaşýar.Türkmenistan ählumumy gün tertibiniň meseleleri, aýratyn-da, syýasat hem-de diplomatiýa, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, sebitde hem-de dünýäde energiýa howpsuzlygynyň anyk gurallaryny döretmek, durnukly ulag ulgamyny kemala getirmek, ykdysady, ynsanperwer we ekologiýa taslamalaryny öňe ilerletmek ýaly möhüm ugurlar boýunça netijeli başlangyçlar bilen çykyş edýär hem-de şolary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar.
Geçen döwürde Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan şu meseleler boýunça 10-dan gowrak kararnama kabul edildi.Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite kararnamasy bilen 2021-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edildi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň şu ýyl halkara konwensiýalaryna we beýleki namalaryna goşulmagy boýunça hödürlenen teklipleri makullap, wise-premýere, DIM-iň ýolbaşçysyna Türkmenistanyň kanunçylygyna hem-de halkara kadalaryna laýyklykda, döwlet edaralary we halkara guramalary bilen bilelikde bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça parlamentiň alyp barýan işleri barada habar berdi.Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň möhüm ugurlaryny kanunçylyk taýdan üpjün etmek maksady bilen, deputatlar tarapyndan täze kanunlary işläp taýýarlamak hem-de hereket edýän kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar.
Mejlis ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň hem-de durmuş-ykdysady ösüşiň maksatnamalarynyň amala aşyrylmagynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak üçin degişli düzümler bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, kabul edilýän kanunlaryň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk gelmegine, parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly üns berilýär.
Halkyň saýlanlary ýerlerde we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň maksatlaryny hem-de wezipelerini, täze kanunçylyk namalaryň many-mazmunyny düşündirmek boýunça netijeli işleri alyp barýarlar.
Milli Liderimiz tarapyndan işlenip taýýarlanylan Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny hukuk taýdan goldamak boýunça degişli çäreler görülýär.Munuň özi döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň möhüm ulgamlarynda amala aşyrylýan özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek, ykdysadyýet, ylym we medeniýet ulgamlaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, adamyň hem-de raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça milli parlamentiň mundan beýläk-de netijeli işlemeginiň zerurdygyny nygtady.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmaga, halkara jemgyýetçiligini Türkmenistanyň taryhy tejribesi we häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri bilen tanyşdyrmaga ýardam edýän halkara hyzmatdaşlygy we parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň ähmiýetini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, Hökümetiň agzalarynyň ünsüni birnäçe möhüm wezipelere çekdi.Milli Liderimiz Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek çärelere taýýarlyk görmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrmak bilen, şonda ýurdumyzyň gazananlarynyň, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti we sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça esasy wezipeler barada durup geçmek bilen, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň işini kämilleşdirmäge, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmaga, sanly ulgama geçmek işini çaltlandyrmaga uly üns bermegi talap etdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi hem-de şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň hemmesine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.