Ýemende iş alyp barýan Husiler, Ysraýylyň Gaza hüjüm guramaga başlan gününden bäri 1 ýylda müňden gowrak raketa we uçarmansyz howa ulagy bilen ABŞ-na, Ysraýyla we Britaniýa degişli 193 gämini nyşana alandyklaryny habar berdi.
Husileriň lideri Abdulmelik al Husi, al-Aksa Tufanyň birinji ýyly mynasibetli Husilere degişli Al Mesira teleýaýlymyna beýannama berdi.
Al Husi “Ýemen hökmünde palestin halkynyň ýeňiş gazanmagy üçin dini we ahlaky taýdan goldaw bermäge dowam edýäris” diýdi.
Ysraýylyň Gaza hüjüm guramaga başlan gününden bäri 1 ýylda müňden gowrak raketa atandyklaryny aýdan Al Husi, Gyzyl deňizden geçen ABŞ-na, Britaniýa we Ysraýyla degişli 193 gämini nyşana alandyklaryny ýatlatdy.
“Amerikanyň 11 ýaragly uçarmansyz howa ulagyny urup düşürdik” diýen Husi, Ýemene howadan we deňizden 774 hüjümiň guralandygyny, şol hüjümlerde 82 adamyň ýogalandygyny, 340 adamyň hem ýaralanandygyny nygtady.