1-nji sentýabrda Türkmenistanda haýsy binalar açylyp ulanmaga berler?

1-nji sentýabrda Türkmenistanda haýsy binalar açylyp ulanmaga berler?

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly ýedi aýyň jemine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi.

"Watan" habarlar gepleşiginde mälim edilmegine görä, mejlisiň barşynda wise-premýer N.Amannepesow Bilimler we talyp ýaşlar gününe hem-de täze 2023-2024-nji okuw ýylyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bu baýramçylyk mynasybetli, ylym-bilim ulgamy boýunça ýurtda açylyp ulanmaga beriljek, şeýle-de düýbi tutuljak dürli binalardyr desgalar barada hem aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, Aşgabat şäherinde baýramçylygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumyny dabaraly açmak meýilleşdirilýär.

Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Arkadag şäherinde hem-de ýurduň welaýatlarynda jemi 13 sany çagalar bagyny, 19 sany orta mekdebi we okuw-terbiýeçilik toplumyny, şeýle hem Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebini, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebini, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebini, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebini hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyny açmak göz öňünde tutulýar.

Bilimler we talyp ýaşlar gününde Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5 müň orunlyk täze binalar toplumynyň, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 5 müň orunlyk döwrebap binalar toplumynyň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ýanaşyk çäklerinde täze goşmaça okuw binasynyň, umumy ýaşaýyş jaýynyň, sport desgasynyň we aýlawly ýolda monumentiň düýbüniň tutulyş dabaralaryny guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutany şeýle hem wise-premýer N.Amannepesowa täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli 1-nji synp okuwçylaryna kompýuterleri dabaraly ýagdaýda gowşurmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
Arkadag şäherinde Döwlet daragty atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy
Arkadag şäherinde Döwlet daragty atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy
Arkadag şäheri biziň buýsanjymyz
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki täze okuw jaýlarynyň açylyşyna gatnaşdy
ПРЕЗИДЕНТ ТУРКМЕНИСТАНА ПРИНЯЛ УЧАСТИЕ В ОТКРЫТИИ НОВЫХ УЧРЕЖДЕНИЙ СФЕРЫ ОБРАЗОВАНИЯ