1-nji iýunda Lexus RX krossoweriniň täze nesli tanyşdyrylar

1-nji iýunda Lexus RX krossoweriniň täze nesli tanyşdyrylar

Bu Lexus RX krossoweriniň bäşinji nesliniň birinji tizeridir, onuň tanyşdyrylyşyny 1-nji iýunda geçirmek bellenildi. Bu bildiriş duýdansyz bolsa-da, modeliň ösüşi meýilnama boýunça gidýär, krossoweriň dördünji nesliniň ulanylyp ýörlenine eýýäm ýedi ýyl bolupdyr: häzirki RX 2015-nji ýylda çykypdy we 2019-njy ýylda meýilnamalaýyn üýtgeşmä sezewar bolupdy.

Gynansak-da, geljekki er-iks barada häzirlikçe ygtybarly maglumat ýok.Kompaniýada ulagyň bezeginiň düýpli üýtgejekdigini aýdýarlar, onuň esasynda GA-K modul platformasy (TNGA-nyň arhitekturasy) ýatsa gerek diýip pikir edilýär.

Sazlaşykda başlangyç benzin wersiýasy, garnuwly görnüşi we (ilkinji gezek) zarýad berilýän gibrid bolar diýip garaşylýar. Ýogsa-da, V6 3.5 atmosfernigiň deregine kapotyň astynda 2.4 turboçetwýorka peýda bolar — şunuň ýaly ýer çalyşma Toyota Highlander-de bolupdy.

Ynha, süýndirilen Lexus RX L welin täze nesle geçmez: onuň ýerini üç hatarly Lexus TX-yň aýratyn modeli eýelär, emma onuň ilkinji görkezilişi 2023-nji ýylda bolar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan günbatar döwletleriniň ulaglaryny çäklendirip, hytaý awtoulaglaryny öňe sürýär
Balkanda ulaglar gymmatlaýar, söwdagärler häkimiýetleriň gysyşynyň güýçlenendigini aýdýarlar
Toyota bilen Lexus geljek iki ýylda dört sany täze krossower çykarar
Ýylyň iň gowy awtomobili 2022 bäsleşiginiň finalçylary belli boldy
Has rahat oturgyçly täze awtomobilleriň sanawy düzüldi
Ýaşy 3 ýyl bolan iň ygtybarly awtomobiller belli edildi