Köp ýurtda tomsuň ilkinji güni Halkara Çagalar güni hökmünde bellenilýär.Halkara çagalar güni iň gadymy halkara baýramçylyklaryndan biridir.Ony geçirmek karary 1925-nji ýylda Ženewada çagalaryň abadançylygy boýunça Bütindünýä konferensiýasynda kabul edildi. Şol ýylyň 1-nji iýunda Hytaýyň San-Fransiskodaky Baş konsuly hytaýly çagalary ýygnap, “Duan Wu Jie” atly festiwaly (Aždarha gämisi) geçiripdir.
Ol gün bolsa Ženewada geçirilen “çagalar” konferensiýasynyň wagtyna gabat gelipdir.
Geçen asyryň ikinji ýarymynda çagalaryň saglygyny we abadançylygyny goramak meselesi öňküsinden has derwaýys bolanda, 1949-njy ýylda Parižde zenanlaryň gurultaýy geçirildi, şonda dowamly parahatçylyk üçin ýadawsyz zähmet çekiljekdigi wada berlipdir. Şol ýyl, Halkara Demokratik Aýallar Federasiýasynyň Geňeşiniň Moskwa mejlisinde, 2-nji Kongresiniň kararlaryna laýyklykda häzirki baýramçylyk döredilýär.
Bir ýyldan soň, 1950-nji ýylyň 1-nji iýunynda ilkinji Halkara Çagalar güni geçirilýär.
Halkara çagalar gününiň ýörite baýdagy bar. Ösüşi, sazlaşygy, täzeligi we hasyllylygy alamatlandyrýan ýaşyl reňkde, gyzyl, sary, gök, ak we gara reňkli şekiller Ýeriň nyşanynda ýerleşdirilýär. Baýdakdaky adam şekilleri dürlüligi we çydamlylygy alamatlandyrýar. Merkezde ýerleşdirilen Ýeriň alamaty umumy öýümiziň nyşanydyr.
Häzirki wagtda köp ýurtda bu gün çagalar üçin köpçülikleýin, güýmenje we medeni çäreler geçirilýär. Çagalar güni diňe bir çagalaryň özleri üçin gyzykly dynç alyş bolman, eýsem çaganyň hukuklaryny goramagyň zerurdygyny, ähli çagalaryň bagtly ulalmagy, öwrenmegi, söýýän zatlaryny etmegi we ajaýyp ene-atalar bolmagy üçin jemgyýete ýatlatma bolup durýar.
Şemşat Nuryýewa, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby