1,9 milliard dollarlyk lotoreýa

ABŞ-nyň meşhur lotoreýa oýny “Powerball”-daky utuşyň mukdary 1,9 milliard dollara ýetip, rekord goýdy. Bu oýunda her hepde gaýtalanyp, garaşylýan belgini hiç kim bilmese, ony hiç kim utup bilmeýär we indiki hepdä geçýär. “Powerball” lotoreýasynda bu gezek 39 hepdeläp uly utuşly belgini hiç bir adam bilmedi. Şeýlelikde, utuşyň mukdary 1,9 milliard dollara ýetdi.

Bu lotoreýa ABŞ-nyň 45 ştatynda, paýtagt Waşingtonda, Porto Rikoda we Wirgin adalarynda oýnalýar. Esasy baýragy almak üçin 6 belginiň ählisini dogry bilmeli.

Ähli sanlary dogry bilmegiň ähtimallylygynyň 292,2 milliondan 1-digi aýdylýar. Eger bu belgini diňe bir adam bilen ýagdaýynda, lotoreýadan iň köp mukdarda pul utan adam hökmünde rekord goýar. Eger birden köp adam bilse, bu möçber bilenlere deň bölünip berler.

Mundan ozalky rekord lotoreýa 1,59 milliard dollara ýetip, 3 adamyň arasynda böleşilipdi. Utuş gazanan adam baýragyny islese bir gezekde, islese, 29 ýylda bölüp alyp bilýär.

Ýene degişli makalalar

Astana diplomatik kluby türkmen kompaniýalaryny Gazagystanyň 2024-nji ýyldaky iri sergilerine çagyrýar
Dünýäniň iň uly tolkun elektrik bekedi gurlar
Özbaşdak hereket edýän traktor, tok bilen işleýär
“Ýaşyl” ammiak import eder
Kaliforniýaly lotereýada 2 milliard dollar utdy
Enjamlaryň we aksessuarlaryň internet-dükany Mobile tm zarýad beriji enjamlary we akkumulýatorlary hödürleýär