Şu gün wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň, şol sanda Türkmenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde “Merkezi Aziýaý+Owganystan Yslam Respublikasy+Hytaý Halk Respublikasy” hyzmatdaşlygynyň duşuşygy geçirildi.
Onda syýasy-diplomatik ugry boýunça hem-de söwda-ykdysady ugrundaky hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleriň giň gerimi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar pandemiýa garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, ýeňil bolmadyk şu döwürde ýurtlar bu meseläni çözmekde raýdaşlyk bildirip, birek-birege ýardam berýärler.
Duşuşyga gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutladylar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda söwda-ykdysady gatnaşyklaryny saklamak we mundan beýläk hem kämilleşdirmek, pandemiýadan soňky döwürde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze ugurlaryny tapmak möhüm meseleleriň biri bolup durýar.
Türkmenistan hyzmatdaşary bilen, hususan-da, goňşy döwletler bilen ýakyn gatnaşykda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň durnukly bolmagy, özara söwda dolanyşygynyň we üstaşyr daşamalaryň ygtybarly ulgamyny saklamak üçin degişli işleri geçirýär.
Mundan başga-da, möhüm ugur bolan ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky gatnaşyklar bilen bagly meselelere seredildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça bu ugurdaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek baradaky teklibi beýan etdi.
Ol bitewi logistiki merkezini döretmek, ýükleri iberýän we kabul edýän nokatlary tehnologiýa taýdan ösdürmek, ýükleriň bar bolan geçelgelerde hereket etmegi üçin bitewi töleg syýasatyny geçirmek, gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek ýaly tekliplerden ybaratdyr.
Taraplar sebit we dünýä derejesinde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň saklanylmagyna gönükdirilen halkara gurallarynyň ilerledilmegi babatynda nukdaýnazarlarynyň gabat gelýändigini belläp geçdiler. Bu ugurda halkara terrorçylyga netijeli garşy göreşmek global talaplaryň biri bolup durýar. Bu meseläniň çäklerinde aýratyn hem Owganystanda ýagdaýyň düzgünleşdirilmegine we bu ýurtda parahatçylyk döredijilik işlerine üns berildi.
Mejlisiň wekilleri Parlamentara bileleşigi tarapyndan wideomaslahat görnüşinde guralan, dünýäniň dürli ýurtlaryndan, abraýly halkara guramalaryndan bolan parlamentarileriň we bilermenleriň “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyga gatnaşdylar.
Tejribe alyşmak üçin maksatnama öwrüljek onlaýn duşuşygyň mowzugy “Parlament monitoringinde we kesgitlemesinde mümkinçilikler we meseleler” diýlip atlandyryldy.
Onuň çäklerinde milli parlamentleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, jemgyýetde olaryň ornuny güýçlendirmek hem-de häzirki döwrüň möhüm wezipelerini çözmäge goşandyny artdyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şunuň bilen baglylykda, syýasy ulgamy we demokratik edaralary kämilleşdirmegiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugrudygy bellenildi.
Geljek ýylyň ýanwaryndan ählihalk ara alyp maslahatlaşmadan soň kabul edilen “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Konstitusion kanun güýje girýär. Oňa laýyklykda, ýurdumyzda kanunçylyk häkimiýetini dolandyrýan täze wekilçilikli edara --iki palatadan—Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybarat Milli Geňeş işläp başlar.
Şeýlelikde, ýurdumyzyň Parlamenti giň borçlary we ygtyýarlyklary bolan umumymilli wekilçilikli edara öwrüler.
Kanun çykaryjylyk işiniň netijeliligini artdyrmak bilen bir hatarda, saýlawçylaryň deputatlar bilen ýakyn gatnaşyklaryny ýola goýmaga, durmuş-ykdysady we beýleki ulgamlarda kanunlaryň hem-de milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmäge ýardam eder.
Interaktiw söhbetdeşligiň barşynda parlamenara gatnaşyklarynyň orny hem-de wezipeleri barada pikir alşyldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar geljekde hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine ýokary baha berip, umumy dünýä ösüşiniň global meselelerini çözmäge gönükdirilen bilelikdäki tagallalary birleşdirmek barada bir pikire geldiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy bilen, Türkmenistanyň daşary işler ministri adatdan daşary ýagdaýlara täsir etmegiň merkezi gaznasyna pul gatançlary yglan etmek boýunça ýokary derejeli çärä gatnaşdy.
Gazna 15 ýyl mundan ozal, BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasyna laýyklykda döredildi. Ol geçen ýyllaryň dowamynda ynsanperwer çökgünlikden ejir çeken adamlaryň goragyny we olara kömek berilmegini üpjün etmek üçin ýeke-täk ählumumy netijeli guraldygyny subut etdi. Häzirki forum BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreş tarapyndan çagyryldy.
Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň çykyşynda Türkmenistanyň hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ynsanperwer ýörelgelere daýanyp, sebitiň ýurtlarynyň we dünýäniň beýleki döwletleriniň tebigy hem-de tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň täsirlerini ýeňip geçmekleri üçin olara yzygiderli kömek berýändigi nygtaldy.
Şunuň bilen baglylykda hem-de halkara jemgyýetçiliginiň dünýä derejesinde amala aşyrýan hereketlerine goldaw bermek maksady bilen, biziň ýurdumyz 2020-nji ýylyň başynda ýokarda agzalan gazna hoşniýetli erki bilen ilkinji pul gatanjyny—ABŞ-nyň 100 müň dollaryny geçirdi.
BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen dünýäniň döwletlerine we halklaryna ynsanperwer kömeklerini bermäge gönükdirilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam edip, Türkmenistan 2021-nji ýylda adatdan daşary ýagdaýlara täsir etmegiň merkezi gaznasyna nobatdaky pul gatanjyny geçirýändigini yglan etdi. Onuň möçberi hem ABŞ-nyň 100 müň dollaryndan ybaratdyr.