Şu gün Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda güýzki bag ekmek dabarasyna badalga berildi.Tutuş ýurdumyz boýunça geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasy watandaşlarymyzyň joşgunly zähmetiniň hakyky baýramçylygyna, milli Liderimiziň döredijilikli başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde türkmen halkynyň ruhubelentliginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Ir ertir bilen köp sanly dabara gatnaşyjylar Aşgabadyň günorta böleginde — Köpetdagyň eteginde ýygnandylar.Bu ýerde, türkmen tebigatynyň gözel künjeginde Günüň dogup gelýän wagty Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň üstünliklerini wasp edýän aýdymdyr sazlar ýaňlandy.
Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýerine gelip saklanýar.Owadan milli lybasly gyzlar milli Liderimize ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar.Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri mähirli garşylaýarlar.
Olar agaç nahallarynyň ekiljek ýerinde işe girişmäge taýýar bolup durlar.Dabara çagyrylan myhmanlaryň hatarynda Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, şol sanda BMG-niň düzümine girýän edaralaryň wekilleri bar.Bu ýerde guralan söhbetdeşligiň barşynda milli Liderimiz olara ýurdumyzda geçirilýän ähli şanly çärelere işjeň gatnaşýandyklary, dünýäniň beýleki döwletleri we özleriniň Türkmenistanda wekilçilik edýän abraýly düzümleri bilen gatnaşyklary ösdürmäge, sebit hem-de halkara derejedäki ägirt uly taslamalaryň amala aşyrylmagyna goşýan goşantlary üçin minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ählihalk bag ekmek maksatnamasyny durmuşa geçirmekde olaryň hem paýy bolup, şu günki ählihalk bag ekmek dabarasy munuň şeýledigini görkezýär.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, ýurdumyzda ekologiýa meselesine, BMG-niň kabul eden, adamlaryň abadan durmuşynyň esasy şertleriniň biri hökmünde 2030-njy ýyla çenli döwür üçin gün tertibiniň ähmiýetli ugruna örän uly üns berilýändigini belledi.
Iri forumlarda, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde milli Liderimiziň öňe süren daşky gurşawy goramak babatdaky başlangyçlary hut şony ugur edinýär.Olar dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolup, bilelikdäki halkara ekologiýa taslamalary we maksatnamalary üçin oňat esas bolup hyzmat edýär. Şu gün geçirilýän ählihalk bag ekmek dabarasy Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň, Merkezi Aziýa sebitinde ekologiýa abadançylygyny saklamagyň hatyrasyna ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli we yzygiderli geçirilýän işiň aýdyň mysaly bolup durýar.
Türkmenistanda hereket edýän ilçihanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary netijeli işlemek ugrunda amatly şertleriň döredilendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk sözlerini aýdyp, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan çärelere gatnaşmagyň özleri üçin uly hormatdygyny bellediler.
Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, geljek nesiller üçin onuň gözelligini we baýlygyny aýawly saklamak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr.Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň bähbidine milli hem-de ählumumy derejede ýurdumyzyň ähli şäherleriniň we obalarynyň töwereginde gök zolaklaryň döredilmegini göz öňünde tutýan uzak möhletleýin bag ekmek maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli ilatynyň gatnaşmagynda bu ägirt uly maksatnamanyň amala aşyrylmagyna milli Liderimiz adamlaryň saglygyny goramagyň hem-de oňaýly durmuşy we göwnejaý dynç almagy üçin amatly şertleri döretmegiň möhüm ugry hökmünde aýratyn üns berýär.
Bu gün ýurdumyz adamzat üçin uly ähmiýeti bolan möhüm ekologiýa meselelerini çözmäge mynasyp goşant goşýar.Bu, ilkinji nobatda, ýer-suw serişdelerini aýawly peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, Hazar deňziniň biodürlüligini we deňiz gurşawyny goramak hem-de beýleki ugurlary öz içine alýar. Şu ýyl rejelenen görnüşde tassyklanan Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýasy, şeýle hem ozal kabul edilen kanunçylyk namalary, şol sanda Tokaý we Suw kodeksleri, ösümlik hem-de haýwanat dünýäsi, aýratyn goralýan tebigy çäkler, atmosfera howasyny goramak, ekologiýa howpsuzlygy hakynda kanunlar we beýlekiler bu ugurda öňde goýlan wezipeleri toplumlaýyn çözmäge gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler durmuşyň ähli ugurlaryny gurşap aldy. Ýurdumyzy döwrebaplaşdyrmak doly güýjünde amala aşyrylýar, şunda öňdebaryjy ylmy gazanylanlar, innowasiýalar giňden ulanylýar.
Täze taryhy döwrüň alamatlary bolan şanly wakalaryň hatarynda ajaýyp tebigatymyzyň köpdürlüligini we gözelligini gorap saklamaga, ene topragymyzyň baýlyklaryndan netijeli peýdalanmaga gönükdirilen taslamalar bar.Adam eli bilen döredilen ýaş tokaýlar, baglar, seýilgähler eziz Diýarymyzyň ähli ýerlerinde, hatda alys künjeklerinde hem ýaýylyp ýatyr. Şolar ýurdumyzyň myhmanlaryny haýran galdyryp, tebigatyň aýrylmaz bölegine öwrülýär.
Derýalaryň we akabalaryň kenarlary, Awaza milli syýahatçylyk zolagy ýerleşen Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenary, Garagumuň jümmüşinde döredilen Altyn asyr Türkmen kölüniň daş-töweregi gök begrese bürenýär. Şu ýerde Aral deňziniň töwereginde topragyň ýaramazlaşmagynyň we çölleşmegiň öňüni almak maksady bilen, Bötendag belentliginiň çäklerinde, Sarygamyş kölüniň kenarynda meýdany 20 müň gektar ýerde tokaý agaçlaryndan ybarat bolan ägirt uly giňişligiň kemala gelýändigini bellemek gerek.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň gerimli ählihalk bag ekmek dabarasy howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreşmegiň umumydünýä işine uly goşantdyr.Her bir şäheriň we obanyň töwereginde kemala gelýän tokaý zolaklary amatly howa ýagdaýyny döredýär.
Baglaryň we seýilgähleriň düýbüni tutmak boýunça şu gezek geçirilen dabara hem eziz Watanymyzyň görküni has-da artdyrmaga gönükdirilendir. ...Hormatly Prezidentimiz agaç nahalyny ekmek üçin taýýarlanylan ýere barýar.Bu ýerde milli Liderimiz arça agajynyň (Juniperus turconanica — türkmen arçasy) ýaş nahalyny oturdyp, ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berýär.
Bu ýere ýygnananlar agzybirlik bilen döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerdiler.Halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň, şeýle hem Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň wekilleri türkmen topragynyň gözelligini baýlaşdyrýan dabara gatnaşdylar. Ýeri gelende aýtsak, şu günki dabaradan öň bag ekmek möwsümine giň gerimli taýýarlyk işleri geçirildi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ony üstünlikli amala aşyrmak üçin agaç nahallary ekilende zerur bolan ähli çäreleri — ylmy-barlaglaryň esasynda işlenip düzülen agrotehniki talaplary we ölçegleri göz öňünde tutmak zerur boldy. Şol işler agaç nahallaryny ekmek üçin meýilleşdirilen ýerleri öz wagtynda arassalamak we düzlemek, agaçlaryň dürli görnüşleri üçin hatarlary dogry kesgitlemek hem-de şolaryň sanyny takyklamak, nahal ekiljek çukurlary taýýarlamagyň düzgünlerini, suwuň hem-de döküniň ýeterlik mukdaryny üpjün etmek işlerinden ybaratdyr.
Geçen ýyllarda jülgede tut we miweli agaçlaryň müňlerçesi ekilipdi. Şeýlelikde, ýakyn geljekde bu ýerde ajaýyp emeli tokaýlar we miweli baglar peýda bolar.Türkmen artistleriniň — sazandalaryň, aýdymçylaryň, tansçylaryň joşgunly çykyşlary şu günki dabaranyň bezegine öwrüldi.
Köpetdagyň ajaýyp jülgesinde ýaňlanan halk aýdymlarynyň ajaýyp owazy hem-de joşgunly ýerine ýetirilen tanslar şu günki wakanyň şowhunyny artdyryp, tomaşaçylara ajaýyp duýgulary we täsirleri peşgeş berdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen hoşlaşyp, ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşan adamlara minnetdarlyk bildirdi we bu ýerden ugrady.
Agaç nahallaryny ekmek mynasybetli geçirilen dabara — zähmetsöýer perzentleriň ene topraga bolan hakyky söýgüsiniň baýramçylygy bu gün ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýaýbaňlandyryldy. Çärelere dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet hem-de hususy kärhanalaryň işgärleri, medeniýet işgärleri we sungat ussatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri işjeň gatnaşyp, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky nesihatyna agzybirlik bilen jogap berdiler.
Açyk asmanyň astynda gurnalan sahnalarda, agaç nahallaryny ekmek üçin bellenilen ýerleriň golaýynda estrada aýdymçylary, döredijilik toparlary ene topragymyzyň hem-de halkymyzyň döredijilikli zähmetini, täze taryhy döwürde ata Watanymyzyň gazanan üstünliklerini wasp etdiler.
Oba hojalyk, azyk we dokma önümleriniň, dermanlyk ösümlikleriň, halk senetleriniň, suratlaryň sergileri guraldy.Hasyl toýuna ýokary derejede taýýarlyk görülmegi şu günki waka aýratyn öwüşgin çaýdy.Tutuş ýurdumyz boýunça şu gezek geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşynda dürli agaç nahallarynyň 473 müň 126-sy ekildi.
Mundan başga-da, uly meýdanlarda ozal ekilen, boý alyp, gol ýaýradan agaçlara ideg etmek boýunça işler geçirildi.Bu gün Türkmenistanyň ähli künjeklerinde, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn üns bermegi netijesinde köp ýyllaryň dowamynda geçirilen asylly işiň ajaýyp miwelerini görmek bolýar.
Eziz Diýarymyzyň giň meýdanlarynda adam eli bilen döredilen emeli tokaýlar gözüňi dokundyrýar, ekilen agaç nahallarynyň sany bolsa onlarça milliona ýetýär.