09.10.2020 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Merjen Gündogdyýewna Geldiýewa Aşgabat şäheriniň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenildi hem-de ol Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ogulaltyn Amandurdyýewna Çerkezowa Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Azat Muhammedowiç Ataýew Türkmenistanyň bilim ministriniň ýokary we orta hünärmen mekdepleri boýunça orunbasary wezipesine bellenildi hem-de ol Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň ylmy işler boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Aleksandr Toýlyýewiç Amanow Türkmenistanyň bilim ministriniň mekdep we mekdebe çenli çagalar edaralary boýunça orunbasary wezipesine bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Orazdurdy Meýlisowiç Suhanowy, başga işe geçmegi sebäpli, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň başlygy wezipesinden boşatmak hakynda “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2020-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda çykaran 3-nji karary tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Guwançmyrat Ýazymowiç Akmämmedowy “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň başlygy wezipesine saýlamak hakynda “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2020-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda çykaran 4-nji karary tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygynyň orunbasary Rejep Şamyradowiç Çarygulyýewiň üstüne ýüklenildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Pürli Nurmämmedowiç Agamyradow Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygy wezipesinden boşadyldy.

Ýurdumyzda keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak, raýatlaryň saglygyny gorap saklamak, şeýle hem bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň düzümi tassyklanyldy.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” we “Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek hem-de maliýe ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, Türkmenistanyň Merkezi bankyna Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony guramaçylyk-hukuk görnüşi açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bolan “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankyna bellenen tertipde öwürmek tabşyryldy.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Merkezi banky Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaga hem-de Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri durmuşa geçirmek, oba hojalyk pudagyny ösdürmekde telekeçiligiň ornuny has-da artdyrmak we pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna:

Türkmenistanyň Hökümetiniň karz alyjynyň adyndan telekeçi fiziki we ýuridik şahslaryň “John Deere Walldorf GmbH & Co.KG” kompaniýasyndan satyn alýan oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň bahasynyň 85 göterimini maliýeleşdirmek üçin, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “Deere Сedit Inс” kompaniýasy karz beriji bilen degişli karz ylalaşygyny 7 ýyl möhlete baglaşmaga, şol karz ylalaşygy bilen bagly zerur resminamalary resmileşdirmäge hem-de olaryň güýje girmegi we dolandyrylmagy bilen bagly işleri amala aşyrmaga;

oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny satyn alýan telekeçi fiziki we ýuridik şahslaryň hyzmat ediji banklary bilen 7 ýyla çenli möhlete degişli içerki ylalaşyklaryny baglaşmaga ygtyýar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Meredow Myratgeldi Resulowiçe käýinç yglan edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Öwezow Baýramgeldi Orazgeldiýewiçe käýinç yglan edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Gylyjow Çary Baýramowiçe käýinç yglan edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Görelde gören sahna ussady
Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara altyn zynjyrlar we umumylykda 654 müň manada golaý möçberde pul baýraklary gowşuryldy
Mary welaýatynyň häkimine täze orunbasar bellenildi
Serdar Berdimuhamedow Türkmen teatr sungaty festiwalyna gatnaşyjylary gutlady
Daşoguz welaýat häkiminiň täze orunbasary bellenildi