09.08.2018 | “Amul - Hazar 2018” halkara awtorallisine giňden taýýarlyk görülýär

Awgust aýynyň birinji ongünlüginde Aşgabatda “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine bagyşlanyp geçirilen mediaforum hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça guraljak iri ýaryşlara taýýarlyk görmekde möhüm tapgyr boldy.Geçen ýylda bolşy ýaly, Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyza ýene-de köp sanly myhmanlar ýygnanar.

Geçen ýyl paýtagtymyzda Aziada — 2017 üstünlikli geçirildi.Bu gezek çäk babatda ýaryşlaryň gerimi has giň bolar.Awtomobil rallisiniň ugry tutuş Türkmenistanyň çäginden, Garagum sährasyndan geçip, gündogardan günbatara tarap uzalyp gider.

Mediaforum ýaryşlary beýan etmäge uly gyzyklanma bildiren daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini ralliniň guralyşy boýunça çäreleri tanyşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, gaýtadan dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň geljegi uly sport we syýahatçylyk merkezi hökmünde ýurdumyza halkara metbugatynyň ünsüni çekmäge hem mümkinçilik berdi. Ýokary tizlikler hem-de tigirli tehnikalar bu ýoluň täze wezipesini äşgär eder. Şol tehnikalar bolsa 1500 kilometr aralygy geçmeli bolarlar.

Elbetde, munuň özi diňe bir ulaglaryň mümkinçiliklerini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, türgenler üçin hem synag bolar.Ussatlyk, maksada okgunlylyk babatdaky synag hem-de ýeňşe bolan erk-isleg adamlara dünýäni gowy tarapa özgertmäge ýardam edýän häsiýetlerdir.

Hut şu häsiýetler sportuň ägirt uly parahatçylyk dörediji ähmiýetini kepillendirýär.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň fewral aýynda Lebap welaýatynda “Beýik Ýüpek ýoly” ýaryşlaryna hem-de “Amul — Hazar 2018” rallisine taýýarlyk görlüşine badalga berende, şular barada aýdypdy.

Awtoralli ýurdumyzyň ekologiýa we ulag-üstaşyr geçelgeleri ulgamynda, şol sanda multimodal ýollary döretmekde işjeň syýasata ygrarlydygyny alamatlandyrýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de ýurdumyzyň dünýäde Ýewro — 5 standartlaryna kybap gelýän ekologiýa taýdan arassa sintetiki ýangyjy öndürijileriň ilkinjileriniň biridigini aýtdy.

Türkmenistanda awtoralliniň geçirilmegi sportuň bu görnüşini giňden wagyz etmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmäge, dünýäniň dürli ýurtlaryndan Türkmenistana gelýän adamlary ülkämiziň baý tebigaty, ajaýyp künjekleri, medeni we taryhy mirasy bilen tanyşdyrmaga ýardam eder. Şonda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ogly Serdar bilen “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň ýolunyň çöl böleginden sport awtoulagynda geçip, ýolsuz şertlerde ýaryş awtoulagyny ussatlyk bilen dolandyrmagyň ajaýyp nusgasyny görkezdi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz ýetginjeklik ýyllaryndan başlap, awtosport bilen işjeň meşgullandy we dürli ýaryşlara gatnaşdy.Döwlet Baştutanymyzyň “ýedilik” belgili awtomobilde üstünlikli çykyş edendigini hem hemmämiz bilýäris.Hut milli Liderimiziň başlangyjy we ýakyndan goldaw bermegi netijesinde ýurdumyzda awtomobil sporty täze ösüşe eýe boldy.

Paýtagtymyzda Awtomobil sporty merkezi açyldy.Sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary bolan milli Liderimiz sportuň dürli görnüşleri — at çapmak, welosiped we awtomobil sporty, ylgamak, tennis hem-de beýlekiler bilen meşgullanyp, ýaşlara we ildeşlerimiziň ählisine görelde bolýar.

Hormatly Prezidentimiz işiniň örän köpdügine garamazdan, bedenterbiýe bilen meşgullanmaga hökman wagt tapýar.Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Başlygy bolan döwlet Baştutanymyz sporty ösdürmekde uly goşandy üçin Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň iň ýokary sylagyna Hormat ordenine mynasyp boldy.

Hut hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly üns bermegi netijesinde, häzirki Türkmenistanda sport muşdaklarynyň sany barha artýar.Jemgyýetde onuň ähmiýeti has-da ýokarlanýar. Ýurdumyzda sport hem-de bedenterbiýe bilen meşgullanýan raýatlaryň, aýratyn hem çagalaryň, ýetginjekleriň, oglanlaryň we gyzlaryň sanynyň has köp bolmagy üçin şertleriň döredilmegi sporty ösdürmek hem-de jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek baradaky strategiýany işläp taýýarlamagyň esasy maksady boldy.

Türgenlerimiziň tutuş dünýä sport hereketine gatnaşmagynyň gerimi barha giňelýär, ýurdumyzda iri halkara ýaryşlary geçirilýär.Paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap sport toplumlary, stadionlar, aýlawlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri we beýleki desgalar guruldy.

Milli at üstündäki oýunlaryň meşhurlygy has-da artýar, welaýatlaryň ählisinde atçylyk sport toplumlary guruldy, sportuň tehniki görnüşleri ösdürilýär. “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisi hem bu işiň has-da netijeli häsiýete eýe bolmagyna uly itergi berer.

Bu ýaryşlary geçirmek başlangyjy bolsa döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir.Rallä daşary ýurtlardan gatnaşýanlar diňe bir türkmen halkynyň mirasy bilen tanyşman, eýsem, bu ajaýyp künjeklere düýpli durmuş-ykdysady özgertmeler, ylmy-tehniki ösüş hem-de ýurdumyzyň sebitleriniň senagat taýdan ösmegi arkaly gelýän täze durmuşy öz gözleri bilen görerler.

Türkmenistan häzirki döwürde Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm ulag merkezi hökmünde eýeleýän ornuny has-da berkidýär.Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň bütin dünýäde meşhur bolan taryhy we arheologik ýadygärliklerini hem-de tebigatynyň ajaýyp ýerlerini öz içine alýan bu ýoluň ugrunda täze syýahatçylyk ugurlaryny girizmegiň wajypdygyny belleýär.

Birmahallar şu ýerlerden gülläp ösen şäherleriň arasynda ýaýylyp ýatan sähralaryň üsti bilen kerwen ýollary geçen bolsa, häzirki döwürde bu ýerde kämil awtoulag hem-de demir ýollar guruldy.Tebigy gözellikler bilen birlikde, bularyň ählisi syýahatçylara Beýik Ýüpek ýolunyň geçmişi hem-de häzirki durmuşy bilen tanyşmaga mümkinçilik berer. 12-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow saýlama ýaryşlara ak pata bermek bilen, şolara işjeň gatnaşdy.

Bäsleşikleriň barşynda öňümizdäki “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine Türkmenistandan gatnaşmak üçin toparlaryň düzümi kesgitlenildi.Aşgabadyň eteginde geçirilen saýlama tapgyryna Içeri işler ministrliginiň Awtosport merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Bäsleşigiň öňüsyrasynda milli Liderimiz awtosport boýunça eminler bilen söhbetdeş bolup, çyzgylarda görkezilen ýoluň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.Garagum sährasynyň ekologiýa ýagdaýyny aýawly saklamagyň awtomobil sporty boýunça ýaryşlary geçirmegiň esasy şertidigi ýene-de bir gezek bellenildi.

Türkmen türgenleriniň awtomobilleri bu talaplara doly derejede laýyk gelýär.Soňra döwlet Baştutanymyz ýolsuz ýerlerden geçýän awtoulagy synap görüp, ýaryşlaryň saýlama tapgyryna badalga berdi.Milli Liderimiziň dolandyrýan sport awtomobili, hemişe bolşy ýaly, bu ýoldaky tebigy päsgelçiliklerden ýeňillik bilen çalt geçdi.

Döwlet Baştutanymyz awtoulagyň tehniki mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ulagy dolandyrmagyň ýokary ussatlygyny görkezdi. Şu ýaryşlarda hormatly Prezidentimiz sport awtoulaglaryny sürüjileriň arasynda Garagum sährasy şertlerinde çylşyrymly ýoly geçmekde iň gowy wagty görkezmegi başardy. Ýaryşlaryň guramaçylyk-tehniki üpjünçiligi babatda hem-de ýurdumyzyň sport kuwwatyny pugtalandyrmak, bu ulgamda halkara gatnaşyklary ösdürmek babatda rallini geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli taýýarlyk işleri şu ugurda meşhur bolan hünärmenler, şeýle çärelere gatnaşmakda özlerini iň gowy tarapdan görkezen kompaniýalar bilen özara hyzmatdaşlykda alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, öňümizdäki ýaryşlaryň esasy wezipeleriniň biri hem aýawly saklanylýan hem-de nesilden-nesle geçirilýän baý taryhy-ruhy we medeni mirasy, täsin tebigaty hem-de ägirt uly ykdysady kuwwaty bolan ýurt hökmünde Watanymyzyň täze keşbini bütin dünýä görkezmekden ybaratdyr.

Häzirki wagtda Türkmenistan giň möçberli we abraýly ýaryşlary kabul etmäge ukyply sport döwletiniň derejesine eýe bolýar.Welosiped, awtomobil sportyny hem ösdürmäge aýratyn üns berilýär.Her ýyl köpçülikleýin welosipedli ýörişleri geçirmek asylly däbe öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 3-nji iýuny “Bütindünýä welosiped güni” diýip yglan etdi.Dünýäniň 56 ýurdy Garaşsyz döwletimiziň halkara abraýyny has-da belende galdyrýan bu çözgüdiň awtordaşlary bolup çykyş etdi.

Milli Liderimiz tarapyndan “Beýik Ýüpek ýoly” taslamasy diňe bir sport çäreleriniň uly tapgyry hökmünde däl, eýsem, ýurdumyzyň geçmişi, şu güni we geljegi bilen aýrylmaz baglanyşykda döwletimiziň gazanýan üstünlikleriniň özboluşly görkezilişi hökmünde hem öňe sürüldi. Şeýlelikde, bu ýaryşlaryň çylşyrymly ugurlary öz içine alýan birnäçe tapgyrlary meýilleşdirilýär.

Munuň özi Garagum sährasynyň çylşyrymly böleklerinden we Hazar deňziniň kenaryndaky ak mermerli Awazanyň çäklerinde tamamlanýan tapgyrlardan ybaratdyr.Rallä gatnaşyjylar Türkmenistanyň tebigy gözellikleri, gaýtalanmajak aýratynlyklary bilen tanşarlar we milli medeniýetiň özboluşly ugurlaryna, döwrüň sazlaşykly ösüşine göz ýetirerler.

Amuldan Hazara çenli ugry öz içine alýan Halkara awtorallisiniň guralmagy Türkmenistanyň sebit we ählumumy ähmiýete eýe bolan hem-de döwletleriň, halklaryň ýakynlaşmagyna, söwda-ykdysady, ynsanperwer ugurlardaky ählumumy ösüşiň dikeldilmegine gönükdirilen ulag ulgamy babatdaky başlangyçlarynyň işjeň häsiýete eýe bolýandygynyň baş nyşanyna öwrüler. Ýurdumyzyň taryhynda şeýle ýaryşlary guramak boýunça oňyn tejribe toplanyldy. 2009-njy ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça “Ýüpek ýoly” halkara awtorallisi geçirildi.

Ol dostlukly Russiýanyň we Gazagystanyň döwlet Baştutanlarynyň goldawyna mynasyp boldy.Dünýäniň 30-a golaý döwletinden ussat türgenleriň gatnaşmagynda we üç ýurduň çäginden geçýän bu ugruň umumy uzynlygy 4 müň 500 kilometre barabar boldy.

Onuň ýarysyndan gowragy Türkmenistanyň çäginden geçdi. Şol döwürden bäri “Ýüpek ýoly” rallisi dünýäniň bäsleşik meýilnamasynda pugta orun eýeledi.Indi halkara awtomobil ýaryşlarynyň tertipnamasyna başlanmagyna bary-ýogy bir aý töweregi wagt galan “Amul — Hazar 2018” halkara awtomobil ýaryşy girizildi.

Bu bäsleşikler medeniýetleriň we halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde möhüm çäre bolup hyzmat eder. Çünki sport—munuň özi hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýan köpugurly dostluk dili bolup durýar.Gadymy döwürde dürli ýurtlaryň, sebitleriň we medeniýetleriň özara gatnaşygyny esaslandyran Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ugurlaryndan geçirilmegi geljekki ýaryşlaryň aýratyn ähmiýete eýedigini äşgär edýär.

Döwletiň özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk ugry boýunça ynamly gadam urmagynyň halklaryň bähbidine gönükdirilýändigini dünýä taryhy subut etdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hoşniýetli goňşuçylyk we adamzadyň nurana geljegi üçin beýik jogapkärçilik ýörelgelerine esaslanýan syýasatynda hut şeýle çemeleşmeler öz beýanyny tapýar. Ýurdumyz dünýä bileleşiginiň ösen islegine kybap gelýän netijeli taslamalary öňe sürýär we awtomobil, demir ýol, deňiz we howa ýollary ýaly täze halkara ulag ugurlarynyň kemala getirilmegi babatda degişli başlangyçlar bilen çykyş edýär. Şunuň ýaly giň möçberli sport çäresini geçirmek başlangyjyny öňe sürmek bilen, Türkmenistan parahatçylyk dörediji ýurt hökmündäki ornuny ýene bir ýola tassyklady.

Türkmenistanyň diplomatik edaralary tarapyndan köp sanly ýurtlarda geçirilen “Amul — Hazar 2018” rallisiniň tanyşdyryş çärelerinde hut şu ýörelge esasy orun eýeledi.Bu ýaryşlara gatnaşmaga isleg bildiren daşary ýurtly türgenler şu ýoluň Garagumuň içinden geçýändigine aýratyn ähmiýet berýärler.

Birinjiden, dünýäniň iň uly çölleriniň biri bolan Garagum “Dakar” derejesindäki ralli ýaryşlarynda möhüm orun eýeleýär.Ikinjiden bolsa, Garagumuň alaňlary çylşyrymlylyk babatda has-da ýokary derejä eýedir.Garagumuň çägeleri özboluşly bolmak bilen, gurluşy, tebigy aýratynlyklary bilen çylşyrymly täsirleri özünde jemleýär.

Ol islendik pursatda garaşylmadyk täsirleri ýetirmäge ukyplydyr. Ýaryş mahalynda kuwwatly awtoulaglara erk edýän türgenler tebigatyň dürli ýagdaýlary bilen ýüzbe-ýüz bolarlar we adamlaryň tebigat bilen näderejede baglanyşyklydygyna göz ýetirerler. Üçünjiden bolsa, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda geçirilýän awtoralliniň esasy ugry bolan Garagum sährasy tebigatyň bu özboluşly künjegine dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmekde ähmiýetlidir.

Ol ÝUNESKO-nyň Bütindünýä tebigy mirasynyň sanawyna girizilmäge mynasypdyr. Ýeri gelende aýtsak, Garagum sährasy adamlar tarapyndan özleşdirilýär.Bu işleriň alnyp barlyşy ekologiýa işinde nusgalykdyr.Sähranyň merkezinde “Altyn asyr” Türkmen kölüniň döredilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki döwürde Merkezi Garagum tebigy, zoologiýa, botanika, hojalyk-ekologiýa barlaglary babatda dünýäde deňi-taýy bolmadyk Türkmenistanyň tebigy aýratynlygydyr. Çöl tebigatynyň üýtgewsiz ýagdaýda saklanan tekizlikleri we ekoulgamy ylmy taýdan öwrenilmäge mynasypdyr. ... Ýaryşlar Hazaryň kenarynda jemlener.

Bu ýerde häzirki döwürde ajaýyp şypahana toplumyny özünde jemleýän "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy ýerleşýär. Şeýlelikde, türgenler Türkmenistanyň gündogaryndan günbataryna çenli aralygy, Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ugruny geçerler.Olar, göýä, geçmişden häzirki döwre syýahat eden ýaly bolarlar.

Häzirki döwürde bu ugur boýunça zerur çäreler ýaýbaňlandyryldy, medeni ulgamda meýilleşdirilen işler, ýaryşa gatnaşyjylary taýýarlamak ýokary derejede alnyp barylýar. Ýaryşlary guraýjylaryň ygtyýarynda häzirki zaman tehnikalary, dikuçarlar we beýleki zerur serişdeler bar. Şeýle hem başga-da köp sanly çäreler meýilleşdirildi.

Daşary ýurtlardan gelýän köp sanly wekiliýetleri degişli derejede garşylamak ýurdumyz üçin uly hormat hasaplanylýar.Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň uly üstünliklere beslenmegi munuň subutnamasydyr.

Bu ýaryşlar meýletinçiler, tehniki işgärler we hyzmat ulgamynyň toparlaryny döretmekde oňyn tejribe toplamak hem-de “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisini ýokary derejede guramak üçin ähmiýetli boldy.Bu çäreleri geçirmek bilen baglanyşykly guramaçylyk meseleleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzyň Içeri işler hem-de Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň hem-de beýleki düzümleriň üstüne ýüklenildi.

Sport bäsleşikleri barada aýdylanda bolsa, gol çekilen ylalaşyga laýyklykda, onuň netijeli bolmagyny üpjün etmek Žan-Lui Şlesseriň ýolbaşçylygyndaky “Afriсa Eсo Raсe” marafonyny guraýjy topara ynanyldy. “Turkmen Desert Raсe” halkara derejesindäki “Amul — Hazar” rallisi Halkara awtomobil federasiýasynyň (FIA) ünsüni özüne çekdi.

Bu ýöriteleşdirilen topar taslamany geljekde dünýä derejeli ugra goşmak boýunça uly mümkinçiligiň bardygyny belledi.Häzirki döwürde ýaryşy guraýjylar bäsleşikleriň örän çylşyrymly, özüne çekiji hem-de dünýäniň sport bileleşiginiň ägirt uly gyzyklanmasyna mynasyp boljakdygyna pugta ynanýarlar.

Bu taslamanyň derejesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň onuň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmegi, bu ugruň birnäçe tapgyrlaryny özüniň geçip görmegi bilen has-da belende göterildi.Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz bu ugruň Lebap we Ahal welaýatlarynyň çägindäki tapgyrlaryny geçip gördi.

Iýul aýynda Hazaryň kenarynda dynç alyşda bolan döwlet Baştutanymyz bu ugruň Balkan welaýatynyň çäginden geçýän jemleýji tapgyryny geçdi we ýokary netije görkezdi.Milli Liderimiz jemleýji tapgyry geçmezden öňürti köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeş boldy.

Döwlet Baştutanymyz žurnalistleriň sowallaryna jogap berip, Türkmenistanyň ilkinji nobatda “Açyk gapylar” we ekologiýa syýasatyna aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Şu nukdaýnazardan “Amul — Hazar 2018” rallisiniň geçirilmegi ähli görnüşli çäreler, şol sanda awtomobil sporty boýunça halkara ýaryşlary geçirmek bilen ekologiýa ýagdaýyna aýratyn ähmiýet berilmeginiň wajypdygyny nobatdaky gezek tassyklady. Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzda geçirilýän bu bäsleşigiň eko-ralli-reýd diýlip atlandyrylmagy munuň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, ekologiýa abadançylygy we Hazar deňziniň biodürlüliginiň saklanylmagy ähmiýetli mesele bolup durýar.

Munuň özi şu hepdäniň ahyrynda geçiriljek Hazarýaka döwletleriniň sammitinde ara alnyp maslahatlaşylar.Ralliniň Hazaryň kenarynda jemlenýändigini bellemeli.Awgust aýynyň üçünji ongünlüginde şu ýerde Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň duşuşygy ýaly möhüm halkara çäre geçiriler. Şeýlelikde, “Amul — Hazar 2018” taslamasy diňe bir bäsleşik bolman, eýsem, ol durmuşyň dürli ulgamlarynyň we ýurdumyzyň ähli hyzmatdaşlar bilen ýola goýýan gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýe bolmagyna gönükdirilen köpugurly, iri möçberli çäredir. Şu ýaryşlaryň köp sanly myhmanlar üçin ýatda galyjy wakalara beslenjekdigi we ýurdumyzyň parahatçylygyň hem-de dostlugyň baş şerti bolan sportuň ornuny pugtalandyrmaga goşýan goşandyny alamatlandyrýandygy şübhesizdir.

Ýene degişli makalalar

Russiýada Amul — Hazar 2018 halkara awtorallisiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
17.05.2018 | Russiýada Amul — Hazar 2018 halkara awtorallisiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
11.09.2018 | “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisi badalga aldy
18.09.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň ýeňijilerine we gatnaşyjylara baýraklary gowşurmak dabarasyna gatnaşdy
15.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti halkara ralliniň hormatyna geçirilen dabaralara gatnaşdy
Sportly Türkmenistanda “Amul — Hazar 2018” awtorallisi