Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň daşary syýasatyna degişli wajyp meselelere garaldy hem-de birnäçe resminamalara gol çekildi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi.Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň ýola goýulmagyna gönükdirilen ugurlary seljermek we maliýeleşdirmek, harytlary eksport edijiler üçin ýeňillikli bank hyzmatlary barada hem aýdyldy. Şeýle hem milli Liderimiziň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi.
Hasabatyň barşynda Türkmenistanyň çäklerine getirilýän önümleriň aýry-aýry görnüşlerine gümrük paçlaryny bellemek hakyndaky habar aýdyldy.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, wise-premýeriň ünsüni maliýe-ykdysady toplumyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň işini mundan beýläk-de özgertmek, ýurdumyzy ösdürmegiň Prezident maksatnamasyny durmuşa geçirmek işlerini güýçlendirmek boýunça çäreleri işjeňleşdirmegiň möhümdigine çekdi.
Häzirki döwürde Türkmenistanda ykdysadyýeti senagat taýdan ösdürmek, döwlet emlägini hususylaşdyrmak we paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek, bank ulgamyny hem-de gymmatly kagyzlaryň bazaryny ösdürmek boýunça zerur bolan işler geçirilýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, Statistika baradaky döwlet komitetiniň işini kämilleşdirmegiň zerurdygyny hem belledi. Şoňa görä-de, bu ugurdan zerur bilim alyp, soňra täze usullary ýurdumyzda ornaşdyrar ýaly, hünärmenlerimizi bazar ykdysadyýeti şertlerinde işläp gelýän ýurtlara ýygy-ýygydan okuwa ibermeli diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de wise-premýere bu babatda birnäçe degişli görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow ýurdumyzyň söwda toplumynyň alyp barýan işleri hem-de önümçilik düzümlerini, hususan-da, azyk pudagyny ösdürmek boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Munuň özi, ilkinji nobatda, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän hem-de eksporta niýetlenen kärhanalary, şol sanda guşçulyk toplumlaryny döretmek bilen baglanyşyklydyr.Olaryň işleri ýurdumyzyň içerki bazaryny towuk eti we ýumurtga bilen doly möçberde üpjün etmäge, galanyny bolsa daşary ýurtlara ibermäge mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimizde telekeçiligiň tutýan ornuny has-da ýokarlandyrmagyň Türkmenistany 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendigini belledi.Milli Liderimiz hojalygy dolandyrmagyň bazar ulgamyna geçmekde, ykdysady işleriň täze görnüşleriniň kemala gelmeginde telekeçilige esasy orun berilýändigini, şoňa görä-de, ýurdumyzda kiçi we orta işewürligiň hereket etmegi we ösmegi üçin iň amatly şertleri döretmegiň möhümdigini aýtdy.
Senagat we oba hojalyk pudaklaryndaky anyk hereketler diňe bir daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň döredilmeginden ugur alman, eýsem, hil taýdan täze tehnologiýalaryň binýadynda önümçiligiň öňdebaryjy ösüşlerine gönükdirilmelidir, ýagny, diňe bir şu günüň wezipelerini çözmäge däl, geljekde ýurdumyzyň ykdysady we azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge ugur alynmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndaky käbir desgalary döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny has-da ösdürmegiň wezipelerine ünsi çekdi.Olaryň çözülmegi milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, ýurdumyzy toplumlaýyn senagatlaşdyrmaga ýardam eder.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şol wezipeleriň hatarynda ýangyç-energetika toplumynyň düzümini döwrebaplaşdyrmak, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň dürli görnuşlerini öndürýän täze nebit we gazhimiýa önümçiliklerini gurmak işleri bar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň ýangyç serişdelerini netijeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak babatda wezipeleri çözmek maksady bilen nebitgaz pudagyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň möhümdigini aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin meýdan işleri barada hasabat berdi.Häzirki wagtda güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça zerur agrotehniki çäreler ýerine ýetirilýär—ak ekinlere ösüş suwy berilýär, olar mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär, haşal otlaryň öňüni almak boýunça işler geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, ýerleri, oba hojalyk tehnikalary we tohumlary ýazky gowaça ekişine taýýarlamak işleri amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň garamagyna “Ýurdumyzda 2018-nji ýylda bag ekmek hakyndaky” kararyň taslamasy hödürlenildi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp,oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleri döwrüň talabyndan ugur alyp guramagyň wajypdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagynda çözülmegini talap edýän möhüm meseleleriň birnäçesine ünsi çekdi.Hormatly Prezidentimiz pudagyň ýolbaşçylaryndan suw howdanlarynyň durkuny täzelemek boýunça alnyp barylýan işleri çaltlandyrmagy, suw serişdelerini dolandyrmagyň ulgamyny talabalaýyk ýola goýmagy, zeýkeş ulgamlarynyň we akabalarynyň durkuny täzelemek hem-de arassalamak boýunça çäreleri görmegi talap etdi.
Ekerançylygyň ylmy taýdan esaslandyrylan suw tygşytlaýjy taslamalaryny amala aşyrmagy çaltlandyrmaly. Ýerlere dökün bermegiň, suwarmagyň, ekin dolanyşygyna geçmegiň, oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamagyň kämil ulgamyny ornaşdyrmaly.Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ot-iýmlik ekinleriň meýdanyny has-da giňeltmek üçin ähli mümkinçiliklerimiziň bardygyny nygtady.
Mundan başga-da, milli Liderimiz oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, suw hojalyk guramalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek ýaly örän derwaýys meseleleriň üstünlikli çözülmegine oýlanyşykly çemeleşmelidigini belledi.Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, oba hojalygyna zähmeti guramagyň täze, şol sanda daýhan birleşikleriniň netijeliligini üpjün edýän öňdebaryjy usullarynyň işjeň ornaşdyrylmagynyň zerurdygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer E.Orazgeldiýewe ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde ýakyn wagtda her welaýatdan daýhan birleşigini hususy görnüşde işlemäge geçirmek meselesiniň üstünde işlemegi, soňra beýleki daýhan birleşiklerini hem işiň şu görnüşine geçirmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumynyň ýolbaşçylarynyň hem-de welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda oba hojalyk pudagynda geçiriljek çäreleriň, şol sanda galla we pagta hasylyny öndürmegiň bellenilen möçberlerini üpjün etmek maksady bilen ýerine ýetiriljek işleriň maksatnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýewe Aşgabat şäheriniň suw bilen üpjünçiligine degişli meseleler boýunça hasabat taýýarlamak tabşyryldy.Döwlet Baştutanymyz ekologiýa abadançylygynyň, türkmenistanlylaryň durmuşy üçin amatly şertleri döretmegiň nukdaýnazaryndan ýurdumyzda durmuşa geçirilýän umumymilli bagy-bossanlyga büremek maksatnamasynyň uly ähmiýetini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýurdumyzda 2018-nji ýylda bag ekmek hakyndaky Karara gol çekip, adamlara has köp peýda getirjek hem-de Türkmenistanyň öz çägini giňeldýän paýtagtynyň etraplarynda, şäherleriň we obalaryň ýakynynda täze tokaý seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine üns bermegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow Senagat ministrliginiň Türkmendemirbetonönümleri önümçilik birleşigi tarapyndan ýurdumyzda döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.Türkmendemirbetonönümleri önümçilik birleşiginiň iri panelli jaý gurluşyk zawodlarynda Ýewropada öndürilen ýokary tehnologiýaly enjamlar oturdylyp, zawodlaryň durkunyň täzelenilmegi netijesinde ýaşaýyş jaýlarynyň, şol sanda otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan we ýokary amatlykly jaýlaryň gurulýan möçberlerini artdyrmak üçin mümkinçilikler döredildi.
Bu zawodlaryň çykarýan önümleri paýtagtymyzda we welaýatlarda giňden ulanylýar.Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda, Mary, Baýramaly, Türkmenabat we Daşoguz şäherlerinde ýaşaýyş jaýlarynyň onlarçasynyň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyra gadam basandygy, beýlekileriniň gurluşygynyň bolsa batly depginlerde dowam edýändigi habar berildi. Şunda jaýlaryň gurluşygynda ulanylýan serişdeleriň hemmesi diýen ýaly Senagat ministrliginiň kärhanalary tarapyndan öndürilýär.
Gurluşyk we binagärlik ministrligi bilen bilelikde welaýatlarda saglyk öýlerini, 160 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny, 600 orunlyk we 720 orunlyk umumybilim berýän orta mekdepleri gurmagyň taslamalary işlenip taýýarlanylýar.Olar Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylar. Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “2018-nji ýylda pile öndürmek hakyndaky” kararyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkymyzyň bähbidine hyzmat etjek, türkmenistanlylaryň ýokary durmuş şertlerini üpjün etjek durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna örän jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigini belledi.Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, adamlar hakynda hemmetaraplaýyn alada, olaryň amatly ýaşamagy we oňaýly dynç almagy, önjeýli zähmet çekmegi üçin ähli şertleriň döredilmegi ileri tutulýan wezipe bolmalydyr.
Döwlet Baştutanymyz giň gerimli ýaşaýyş jaý maksatnamasy amala aşyrylanda her bir zadyň, şol sanda zerur ýaşaýyş-durmuş, inženerçilik-tehniki hem-de ulag-aragatnaşyk düzüminiň döredilmeginiň göz öňünde tutulmagyna ünsi çekdi.
Häzir uly mümkinçiliklere eýe bolan gurluşyk senagatynyň kuwwatyny netijeli ulanmak gerek. Ýerli çig maldan taýýarlanylýan täze gurluşyk serişdeleriniň önümçiligini özleşdirip, hususy işewürleriň taslamalaryny amala aşyrmaly diýip, hormatly Prezidentimiz wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýüpekçiligi ösdürmek meselesi barada durup geçip, pudagy häzirki senagat derejesine çykarmak boýunça yzygiderli çäreleri geçirmegiň möhümdigini belledi.Olaryň hatarynda tut baglarynyň ekilişini artdyrmak, önüm öndürijileri ýüpek gurçuklaryny ösdürmegiň netijeli tehnologiýalary bilen üpjün etmek wezipeleri bar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň her bir welaýaty üçin öndürilmeli piläniň möçberleri kesgitlenen karara gol çekip, dokma senagatynyň kärhanalaryny gymmatly çig mal bilen doly üpjün etmek üçin ýüpekçileriň öz üstüne alan borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmeginiň üpjün edilmegini tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa Aşgabat şäheriniň G.Kulyýew köçesiniň ugrunda täze gurlan, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli edara we söwda maksatly binalar toplumynyň hem-de Ahal welaýatynyň Owadandepe obasynda Türkmen aýna önümleri kärhanasynyň 14-nji fewralda geçiriljek açylyş dabaralarynda guraljak medeni çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Täze desgalaryň açylyş dabaralaryna ýurdumyzyň ussat hem-de çeper höwesjeň toparlary, sungat ussatlary gatnaşar.Wise-premýer şeýle hem Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän Daňdanakan galasynda arheologlar tarapyndan ýüze çykarylan täze tapyndylar barada hasabat berdi.
Mary şäherinden 30 kilometr günbatarda ýerleşýän orta asyrlar döwrüne degişli bu ýadygärlikde gazuw-agtaryş we ylmy-barlag işleri Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy-medeni mirasyny öwrenmek boýunça işleriň çäklerinde alnyp barylýar.
Geçen ýylyň baharynda Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky milli müdirliginiň, “Gadymy Merw” hem-de “Köne Sarahs” taryhy-medeni döwlet goraghanalarynyň hünärmenleriniň we arheologlarynyň bilelikdäki topary bu ýerde täze barlaglara başladylar.
Geçen ýylyň güýz möwsüminde galanyň günorta-gündogar çetinde gazuw-barlag işleriniň geçirilmegi netijesinde täsin tapyndylar ýüze çykaryldy.Bu ýerde bişen kerpiçden gurlan gala diwarynyň we oňa ýanaşyk gurlan otaglaryň birnäçesiniň üsti açyldy, galanyň daş ýüzünde bişen kerpiçden örülip ýasalan suw geçirijiniň hem-de keramiki turbalaryň üsti açyldy.
Bulardan başga-da, arheologik gazuw-barlag işleriniň dowamynda bişen kerpiçden gurlan, otaglarynyň ýerleşişi adaty ýaşaýyş jaýlaryndan tapawutlanýan orta asyr desgasynyň üsti açyldy.Onuň otaglarynyň birinden köpsanly aýna önümleriniň bölekleri we abat saklanyp galan özboluşly çüýşe gaplaryň hem-de ownuk metal gurallaryň birnäçesi çykdy.
Barlaghanada geçirilen deňeşdiriş-seljerme işleri bu täsin tapyndylaryň tebipleriň we lukmanlaryň guraly bolup hyzmat edendigini tassyklamaga mümkinçilik berýär.Wise-premýer Daňdanakan galasynda tapylan täze arheologik zatlary, şol sanda Beýik Seljuklar döwründe tebipleriň we lukmanlaryň ulanan enjamlaryny we gurallaryny wideoşekillerde görkezmek bilen, bu tapyndylaryň zerur bolan berkidiş işleri geçirilenden soň ýurdumyzyň muzeýleriniň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygyna öwrüljekdigini belledi.
Häzirki wagtda bu tapyndylar “Gadymy Merw” taryhy-medeni döwlet goraghanasynda saklanylýar hem-de şol ýerde zerur bolan ilkinji berkidiş işleri geçirilýär.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, täze desgalaryň açylyş dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyryp, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň gadymy taryhyny şöhlelendirýän hem-de türkmenleriň ýokary medeniýetiniň, olaryň ylmy ösdürmäge hem-de umumadamzat siwilizasiýasyna goşandynyň wajyp subutnamalary bolan Daňdanakan galasynda ýüze çykarylan täze tapyndylaryň möhüm ähmiýetlidigini belledi hem-de bu ugurda arheologlaryň-alymlaryň alyp baran işlerine mynasyp baha bermegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biziň gadymy topragymyz Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşýän hem-de geçen asyrlaryň syrlaryny we wakalaryny özünde saklaýar.Olaryň üstüni açmak bilen, Türkmenistan nobatdaky gezek öz baý taryhyna tutuş dünýäniň ünsüni çeker. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýurdumyzyň çäginde ýerleşen ýadygärliklerde arheologik gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň 2018-2021-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak, şol sanda Türkmenistanyň gadymy we orta asyr ýadygärliklerinde ýüze çykarylan arheologik tapyndylaryň esasynda arheologiýanyň, binagärligiň, etnografiýanyň we taryhyň dürli meseleleri boýunça barlaglary geçirmek bilen bagly anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz bu gymmatly tapyndylaryň Maru-Şahu-Jahanyň Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşendigine şaýatlyk edýändigini, hut şoňa görä-de, türkmen halkynyň maddy we maddy däl gymmatlyklaryny UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça işleri geçirmegiň möhümdigini aýratyn nygtady we Beýik Ýüpek ýolunyň mirasyny öwrenmek hem-de onuň bilen bagly milli taryhy-medeni baýlyklary giňden ýaýmaga gönükdirilen iri çäreleri geçirmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow bilim we ylym, saglygy goraýyş, sport ulgamlaryny ösdürmek, jemgyýetimiziň aň-paýhas kuwwatyny artdyrmak barada döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylmyň, önümçiligiň we bilimiň arasyndaky gatnaşyklary mekdep döwründe ösdürip, okuwçylaryň höwes bildirýän hünär ugruna aýratyn üns bermegiň möhümdigini belledi. Şahsyýeti sazlaşykly we hemmetaraplaýyn ösdürmäge, bilim bermegiň usulyýet binýadyny kämilleşdirmäge gönükdirilen täze usullary we tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak möhümdir.
Döwlet Baştutanymyz iň esasysy hem ýokary tehnologiýalardan oňat baş çykarýan halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň zerurdygyny belledi.Milli Liderimiz ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasyna Sanly Türkmenistan atly täze döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlamagy tabşyrmak baradaky wezipä wise-premýeriň ünsüni çekdi.
Onuň esasy maksady ýurdumyzyň jemi içerki önüminde maglumat- kommunikasiýa tehnologiýalary ulgamynyň goşmaça ösüşini üpjün etmekden hem-de sanly aragatnaşyk babatda welaýatlaryň, şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmakdan ybarat bolmalydyr.
Bu maksatnama ykdysadyýetiň ylmy gazanylanlary köp talap edýän pudaklarynda ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmaga, öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilikde ulanmagy çaltlandyrmaga, elektron resminamalar dolanyşygyna hem-de elektron şahsyýetnamalar ulgamyna doly geçmegi üpjün etmäge ýardam etmelidir.
Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, telelukmançylyk, kompýuter hem-de telekommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmak arkaly uzak aralykdan maslahat we bilim bermek ýaly goşmaça elektron hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň hasabyna sanly düzümleri ösdürmek babatda hem ep-esli mümkinçiligiň bardygyny belledi.
Milli Liderimiz häzirki döwürde raýatlarymyzyň Internet hyzmatlary bilen oňat üpjün edilendigini belläp, ýokary tizlikli Internet ulgamyny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri çaltlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.Hormatly Prezidentimiz kompýuter sowatlylygyny gowulandyrmak we ýokarlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň ähli umumybilim berýän mekdepleriň, başlangyç, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň kompýuter synplary hem-de mugallymlary bilen üpjünçiligini barlamagyň zerurdygyny belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak boýunça Energetika ministrliginde geçirilýän işler barada hasabat berdi.Wise-premýeriň habar berşi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda elektrik beketleriniň jemi 13 sanysy işleýär.
Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek barada ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen halkalaýyn energoulgamyny döretmek meýilleşdirilýär.Hasabatyň çäklerinde ýurdumyzda hereket edýän elektrik beketlerinde gurnalan enjamlarda abatlaýyş işlerini bellenen möhletde talabalaýyk geçirmek üçin Energetika enjamlaryny abatlaýyş hem-de hyzmat ediş merkezini gurmagyň meýilleşdirilýändigi habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň ösmegi, täze zawodlaryň gurulmagy, ilatly ýerleriň köpelmegi bilen elektrik energiýasyna bolan islegiň yzygiderli artýandygyny belledi.Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, elektrik energetika ulgamy hem çuňňur özgertmeleri başdan geçirip, düýpli döwrebaplaşdyrylýar, önümçilik we durmuş ulgamlaryny ösdürmegiň, ykdysady ösüşiň mäkäm binýadyny döredýär.
Döwletimiz geljekde hem bu pudagyň kuwwatyny artdyrmak hem-de maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek meselelerine uly üns berer.Milli Liderimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň iri möçberli meýilnamalaryny amala aşyrmakda bu pudaga möhüm ornuň degişlidigini aýtdy.
Döwlet energetika syýasaty Türkmenistanyň senagatynyň, oba hojalygynyň, durmuş ulgamynyň isleglerini doly kanagatlandyrmaga hem-de daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmaga gönükdirilendir. Ýokary we has ýokary ölçeglerde işleýän döwrebap elektrik beketleriniň işe girizilmegi bilen energiýa çeşmeleriniň hem-de türkmen energoulgamynyň has amatly iş düzgünini kesgitlemäge we ornaşdyrmaga mümkinçilik döredi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere halkalaýyn energoulgamyny döretmek maksady bilen ýakyn geljekde elekrik energetika pudagynda amala aşyryljak düzümleýin taslamalaryny ilerletmek boýunça iş depginlerini artdyrmak babatda anyk tabşyryklar berildi.
Döwlet Baştutanymyz Energetika enjamlaryny abatlaýyş hem-de hyzmat ediş merkezini gurmak baradaky teklibi makullap, hojalygy dolandyrmagyň kämil görnüşlerini we usullaryny ornaşdyrmagyň möhümdigini belledi hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Annameredow garamagyndaky pudaklaryň kärhanalarynyň işlerini has-da kämilleşdirmek, olary döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän işler, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ulag ulgamynyň ýükleri daşamagyň we ýolagçylary gatnatmagyň, şol sanda ýurdumyzyň çäginden üstaşyr geçýän ýükleriň artýan möçberlerini üpjün etmäge mümkinçilik berýän önümçilik kuwwatlyklarynyň köp ätiýaçlygynyň bardygyny belledi.
Häzirki zaman ulag we üstaşyr düzümleriniň döredilmegi, oňa täze çäkleriň goşulmagy bu gün diňe bir ýük dolanyşygynyň möçberleriniň artýandygyny aňlatman, eýsem, ählumumy ösüşiň ýagdaýlaryna hem-de gadymy türkmen topragynyň taryhy wezipesini ýerine ýetirmäge--siwilizasiýalaryň çatrygy bolup hyzmat etmegine kybap gelýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň häzirki zaman ulag-aragatnaşyk ulgamynyň ösdürilmegine ünsi çekip, bar bolan mümkinçilikleri doly möçberde peýdalanmagy talap etdi hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň işleri hem-de halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Şol işler hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ýörelgesiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Häzirki wagtda ýurdumyz halkara guramalarynyň 46-synyň agzasy bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan halkara konwensiýalaryna, şertnamalaryna we beýleki köptaraplaýyn resminamalara gatnaşýar.Bu halkara resminamalaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzda ýerleşýän halkara guramalarynyň wekilhanalary bilen bilelikde, 2018-nji ýylyň dowamynda taslamalaryň 95-sini amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Şunda BMG bilen strategiki hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolan ysnyşykly gatnaşyklara hem-de şunuň bilen baglylykda, onuň ýöriteleşdirilen iri edaralary bilen netijeli aragatnaşyklaryň berkidilmegine we ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şeýle hem Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy (ÝHHG) hem-de Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklar işjeň ösdürilýär. 2018-nji ýylyň dowamynda “Türkmenistan—Ýewropa Bileleşigi” komitetiniň işleriniň çäklerinde dürli ugurlarda bilelikdäki birnäçe anyk taslamalary amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasy (UNESKO) bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň Gadymy Merw, Köneürgenç we Gadymy Nusaý ýaly taryhy-medeni ýadygärlikleriniň UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň abraýly sanawyna girizilendigi nygtaldy. 2017-nji ýylyň dekabrynda Küştdepdi aýdym we tans dessury Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça häzirki wagtda türkmen halyçylyk sungatyny we ahalteke atçylyk sungatyny bu abraýly sanawa girizmek, Köýtendagyň ekoulgamyny we “Bathyz” döwlet goraghanasyny bolsa, UNESKO-nyň Bütindünýä tebigy mirasynyň sanawyna girizmek boýunça degişli işler geçirilýär.
Mundan başga-da, geçen ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň bu guramanyň Bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara komitetiniň (CIGEPS) 2017-2020-nji ýyllar üçin agzalygyna saýlanandygy bellenildi.Geçen ýylyň 7-nji aprelinde "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara sport kongresiniň jemleýji Jarnamasyna laýyklykda, Türkmenistanda 2021-nji ýylda UNESKO-nyň howandarlygynda bedenterbiýe we sporta jogapkär ministrleriň 7-nji halkara maslahatynyň (MINEPS VII) geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy ýokarda aýdylanlardan ugur alyp, Türkmenistanyň UNESKO-nyň işleri baradaky milli toparynyň täze düzümini tassyklamak hakyndaky kararyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ata Watanymyzyň milli bähbitlerine hem-de tutuş dünýäde parahatçylygyň we abadançylygyň maksatlaryna kybap gelýän halkara guramalary bilen häzirki tapgyrdaky hyzmatdaşlygyň has netijeli häsiýete eýe bolandygyny hem-de hil taýdan täze derejä çykandygyny kanagatlanma bilen nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň bu gün netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegi maksat edinýändigini tassyklady. Şol gatnaşyklaryň çäklerinde özara hereket etmegiň baý tejribesi toplanyldy, dürli ulgamlarda bilelikdäki maksatnamalar hem-de taslamalar üstünlikli durmuşa geçirildi we amala aşyrylýar.
Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, Bitarap Türkmenistanyň gün tertibiniň sebit we dünýä möçberindäki möhüm meseleleriň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryna mundan beýläk-de işjeň gatnaşjakdygyny nygtady. Ýurdumyz binýatlaýyn halkara resminamalaryna goşulyp, öz üstüne alan borçnamalaryna yzygiderli ygrarlydygyny iş ýüzünde görkezýär.
Türkmenistanyň döredijilikli başlangyçlary, şol sanda BMG-niň belent münberinden beýan edilen başlangyçlary hem munuň aýdyň subutnamasydyr.Bular barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna halkara guramalary bilen däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge, onuň kuwwatyny we mümkinçiliklerini has doly peýdalanmaga degişli birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz UNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň düzümini makullap, ony tassyklamak hakynda degişli Karara gol çekdi.Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak, täze kanun taslamalarynyň taýýarlanylyşy boýunça parlamentiň alyp barýan işleri barada habar berdi.
Mart aýynda Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň, halk maslahatynyň we geňeşleriň agzalarynyň öňde boljak saýlawlaryny geçirmek boýunça guramaçylyk işleri dowam edýär.Deputatlar ýerlerde täze kanunçylyk resminamalarynyň düzgünlerini düşündirýärler.Hormatly Prezidentimiz habary diňläp, häzirki zaman ýagdaýlary hem-de ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler babatda döwletimiziň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň örän möhümdigini nygtady.
Milli Liderimiz parlamentarileriň öz ygtyýarlyklaryny netijeli durmuşa geçirmeginiň saýlawçylar bilen aragatnaşyklary saklamagyna esaslanýandygyny belläp, ýaş nesilleri terbiýelemek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça işlere işjeň gatnaşmagy deputatlara teklip etdi.
Döwlet Baştutanymyz öňde boljak saýlawlara ýokary derejede taýýarlyk görmek baradaky gürrüňlere degip geçip, bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy möwsüm bilen baglanyşykly ähli meseleleriň üstünde düýpli işlemegiň zerurdygyny aýtdy.Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara işlerinde uly üstünlikleri, Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi diýlip yglan edilen ýylda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.