Şu gün tutuş ýurdumyzda Hasyl toýy mynasybetli dabaralar ýaýbaňlandyryldy. Ol daýhanlaryň gaýratly zähmetiniň netijelerine, bereketli türkmen topragynda ýetişdirilen bol hasyla ählihalk buýsanjynyň özboluşly nyşanydyr. Paýtagtymyzda Aşgabadyň atçylyk sport toplumy dabaralaryň merkezine öwrüldi, onuň baýramçylyk lybasyna beslenen meýdançasynda oba hojalygynyň öňdebaryjylaryny hormatlamak dabarasy boldy.
Oňa gatnaşyjylaryň hatarynda Hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ylym, medeniýet işgärleri, sungat ussatlary, ýaşulular, talyp ýaşlar bar.
"Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany" şygary bilen geçýän şu ýyl ýurdumyzda “ak altynyň” bol hasyly ösdürip ýetişdirildi we ýygnaldy. Azyklyk däne ýygnamak boýunça döwlet borçnamalaryny ýerine ýetiren türkmen gallaçylary hem ajaýyp zähmet üstünligini gazandylar. Miwe, gök-bakja önümlerini öndürijiler hem bol hasyl ösdürip ýetişdirdiler. Daýhanlaryň bu gazanan üstünlikleri ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllyk şanly baýramyna mynasyp sowgat boldy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Hasyl toýunyň öňüsyrasy Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň maslahatlar zalynda öňdebaryjy kärendeçileri, pagtaçylary, mehanizatorlary, alym-agronomlary, seçgiçileri we ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň toplumynyň ösmegine mynasyp goşant goşýan beýleki ekerançy hünärmenleri sylaglamak dabarasy geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, dabarada şu ýyl iň ýokary görkezijileri gazanan pudagyň öňdebaryjylaryna döwlet sylaglary gowşuryldy.
Milli Liderimiziň aýratyn aladalary netijesinde, müňýyllyklara barabar taryhy bolan Türkmenistanyň gadymy we baý ekerançylyk medeniýeti häzirki wagtda ösüşiň täze belentliklerine çykýar. Topragyň hasyl berijiligi netijeli ýokarlandyrylýar, ekerançylyk ýerlerini suwarmagyň öňdebaryjy ulgamlary ulanylýar, ýokary öndürijilikli tehnikalar we enjamlar satyn alynýar, tohumçylyk we sort-synag, täze ýerleri özleşdirmek, iň täze tehnologiýalary ulanmak arkaly önümleri gaýtadan işlemek babatynda uly işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzda daýhanlaryň ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi, olaryň ýokary hasyl ösdürip ýetişdirmegi, diýmek, özleriniň päk zähmetleriniň miwelerinden peýdalanmak arkaly durmuş abadançylyklaryny yzygiderli ýokarlandyrmagy üçin ähli şertler döredilendir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça daýhanlar mineral dökünleri, tohumy hem-de oba hojalyk ekinlerine zyýan berijilere garşy göreşmek üçin serişdeleri ýeňillikli nyrhlardan satyn alýarlar. Şonuň ýaly-da, oba hojalyk önümleriniň satyn alyş nyrhlary ýokarlandyrylýar, tabşyrylan hasyl üçin maliýe hasaplaşyklarynyň ulgamy kämilleşdirilýär.
Oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini birsyhly ýokarlandyrmak bilen Türkmenistan öňdebaryjy ekerançylygyň ýurduna öwrüldi. Ekerançylaryň zähmetsöýerligi we aladasy netijesinde, ene topragymyz gülzarlyga öwrülýär.
Hojalygy ýöretmek bilen baglanyşykly meseleleri özbaşdak çözmäge hukuk alan kärendeçi daýhanlar, fermerler we daýhan birleşikleri, şonuň ýaly-da, oba hojalyk önümlerini öndürmek, taýýarlamak we gaýtadan işlemek, olary saklamak, daşamak we ýerlemek boýunça telekeçilik işi bilen meşgullanýan işewürler ýurdumyzyň bazarlaryny dürli görnüşli önümler bilen bolelin üpjün etdiler, şonuň ýaly-da, ýokary hilli azyk önümlerini eksport etmegiň mümkinçiliklerini artdyrdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda işlenip düzülen we durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň sebitlerini ösdürmek boýunça milli maksatnamada göz öňünde tutulyşy ýaly, oba ýerlerini abadanlaşdyrmak üçin ägirt uly maýa goýumlary gönükdirilýär.
Muňa mysal hökmünde 2019-njy ýylyň fewralynda Ahal welaýatynda gurluşygyna badalga berlen obasenagat toplumyny görkezmek bolar.Onuň düzüminde ýylda 360 müň tonna ýokary hilli sygyr we goýun etini öndürmäge niýetlenen kärhana bar.
Ol et önümleriniň eksporta iberilmegini hem ýola goýmaga mümkinçilik berer. Ýylda 240 tonnadan gowrak balygy köpeltmäge we gaýtadan işlemäge niýetlenen ferma gurlar.
Şunuň ýaly toplumlar ýurdumyzyň beýleki etraplarynda we welaýatlarynda bina ediler. Umuman, 2019-2025-nji ýyllarda obasenagat toplumynda desgalaryň 56-syny gurmak we döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar.
Oba hojalyk ýerleriniň suw üpjünçiligini we meliorasiýasyny gowulandyrmak, obasenagat toplumynyň tehnikalarynyň üstüni ýetirmek üçin uly möçberde maýa goýumlary bölünip berilýär. Şu maksatlar bilen, döwlet dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň oba hojalyk tehnikalaryny yzygiderli satyn alýar.
Şunuň bilen birlikde, ylmy seçgiçilige, gowaçanyň çalt ýetişýän we ýokary hasyl berýän täze etraplaşdyrylan sortlaryny döretmäge uly üns berilýär. Oba hojalygyny sanlylaşdyrmak, takyk ekerançylyk ulgamyny, öňdebaryjy oba hojalyk tehnologiýalaryny girizmek, daýhan hojalyklarynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmak, kärendeçilik gatnaşyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen anyk çäreler durmuşa geçirilýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan şunuň ýaly ähli çäreleriň netijesinde, ýurdumyzyň ekerançylary ýylyň-ýylyna gymmatly oba hojalyk ekinleriniň, ilkinji nobatda, bugdaýyň we pagtanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryny ýerine ýetirip, oba zähmetkeşleri ýurdumyzyň azyk howpsuzlygynyň binýadyny berkidýärler hem-de ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň eksportuny gyşarnyksyz artdyrmak üçin ähli şertleri döredýärler.
...Aşgabadyň atçylyk sport toplumynyň baş girelgesinde ýokary hasyl ussatlarynyň şanly zähmetleriniň hormatyna ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň dürli ugurlarynda ýetilen sepgitleriň sergisi guraldy. Pudak edaralarynyň wekilleriniň taýýarlan diwarlyklarynda pagtaçylyk, pagtany gaýtadan işlemek, däneçilik pudaklarynyň, maldarçylygyň, azyk we dokma senagatynyň önümleriniň nusgalary, tohumlaryň naýbaşy sortlary, däne we pagta ýüklenen öňdebaryjy oba hojalyk tehnikalarynyň görnüşleri görkezilýär.
Däneçilik we pagtaçylyk ýurdumyzyň ekerançylygynyň baş ugurlarydyr. Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän oba hojalyk syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri ak bugdaýy öndürmek we gaýtadan işlemekdir.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň häsiýetli aýratynlygy, onuň düýbünden täze ykdysady ýagdaýda amala aşyrylýandygy bilen baglanyşyklydyr. Oňa laýyklykda, telekeçilik başlangyçlary hemmetaraplaýyn höweslendirilýär, eýeçiligiň dürli görnüşleriniň ösdürilmegine giň ýol açylýar.
Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, 2019-njy ýyldan başlap, döwlet tarapyndan bugdaýyň we pagtanyň satyn alynyş nyrhlary ýokarlandyryldy. Daýhan birleşikleriň sürüm meýdanlaryndan bugdaýy, pagtany we beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirip döwlete tabşyrmaga degişli bolan, şeýle hem gök we bakja ekinlerini, ýeralmany, üzüm we miweli baglary ýetişdirmek üçin oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznalary döredildi.
Şu gaznalardan paýdarlar jemgyýetlerine, daýhan hojalyklaryna, Türkmenistanyň beýleki ýuridik taraplaryna hem-de raýatlaryna 99 ýyla çenli möhlet bilen ýer bölekleri ulanmaga berilýär. Şu ýyl gowaça ösdürip ýetişdirmäge bölünip berlen ekin meýdanlarynyň 620 müň gektara çenli giňeldilendigini bellemek gerek.
Innowasion tehnologiýalara esaslanan önümçilikler döwrebap derejede guralanda tebigy pagta süýümi—munuň özi dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanylýan Diýarymyzyň dokma senagaty üçin örän gymmatly çig maldyr.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyňyň görkezmesine laýyklykda, sebitlerde pagta-dokma toplumlaryny kemala getirmek boýunça işler dowam edýär. Ahal welaýatynda häzirki wagtda her biri inçe süýümli pagtanyň 5 müň tonnasyny gaýtadan işlemäge niýetlenen täze senagat toplumlarynyň gurluşygy alnyp barylýar. Kaka we Babadaýhan etraplarynda bina edilýän kärhanalar “kompakt-penýe” kysymly nah ýüplügi, matalary we taýýar tikin önümlerini öndürer.
Ýurdumyzyň welaýatlary hem sergide baýramçylyk diwarlyklaryny ýaýbaňlandyryp, “ak altynyň” täze hasyly bilen doldurylan horjunlary, şeýle hem bugdaý sümüllerini, tamdyrda täze bişirilen çörekleri, işdäňi açýan pişmeleri, beýleki milli nygmatlary görkezdiler. Bu ýerde häzirki döwürde ýurdumyzyň söwda merkezlerinde hem-de bazarlarynda satylýan bakja, miwe, ter gök önümleriniň we ir-iýmişleriň köp görnüşi görkezilýär.
Welaýatlaryň sergi bölümlerini “Waharman”, “Garrygyz”, “Gyzylgülaby” ýaly gawunlaryň, “Jeýhun”, “Serdar”, “Dişim” atly belli garpyzlaryň, “Palaw kädi”, “Daş kädi”, “Düwdibişer” diýen kädileriň tohumlary görkezilýän diwarlyklar bezedi.
Şeýle hem şu ýerde türkmen heýkeltaraşlary, suratkeşleri, zergärleri, Diýarymyzyň ekerançylarynyň zähmetine, söýgi Watanymyza bagyşlanan iň oňat işlerini görkezdiler hem-de şeýlelikde, serginiň owadan döredijilikli bölümini guradylar. Dabara gatnaşyjylar hünärlerine täze başlaýan suratkeşleriň işlerini hem gyzyklanma bilen synladylar. Ýaş suratkeşler owadan şekilleri döretmek arkaly olarda türkmen topragynyň berekedini, mähriban Diýarymyzyň gözelligini doly açyp görkezmäge çalyşdylar.
Halk bagşy-sazandalaryň, göreşe hem-de dürli milli oýunlara gatnaşýan palwanlaryň çykyşlary milli medeniýetimiziň, däp-dessurlarymyzyň ruhuna beslenen baýramçylygyň kalbyňa täsir edýän öwüşginini artdyrdy.
Atçylyk sport toplumyna tarap alyp barýan ýodanyň bir tarapynda ýurdumyzyň sport mekdeplerinde terbiýelenýän ýaşlar öz ussatlyklaryny görkezýärler.
Uly sahnada estrada-aýdymçylary hem-de ýurdumyzyň döredijilik toparlary ruhubelent çykyşlary bilen ösüşlere beslenen özgertmeleriň başyny başlaýjy--hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy, Diýarymyzda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bolup geçýän giň gerimli özgertmeleri wasp edýärler.
Tans we folklor toparlarynyň ýerine ýetirmegindäki edebi-sazly kompozisiýalar daýhanlara, asyrlardan bäri toprakdan bereketli hasyl öndürýän aladaçyl we janypkeş ýer eýelerine bagyşlandy.
Bu ýere ýygnananlar gözellik we sazlaşyk bilen birlikde durmuşa bolan höwes baradaky manyny özünde jemleýän türkmen küştdepdi tansyny ýerine ýetirijilerine agzybirlikli el çarpdylar. Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylda küştdepdi ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawyna girizildi.
Baýramçylyk sahnasynyň esasy aýdymçylarynyň ýerine ýetiren “Hasyl toýy gutly bolsun, Arkadag!” diýen aýdymy konsertiň jemleýji jemlenmesine öwrüldi. Ruhubelent aýdym baýramçylyga gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň kalbyny Watanymyza, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa buýsançdan doldurdy.
Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna iberen Gutlagyny diňlediler.
Milli Liderimiz öz gutlagynda daýhanlaryň tutanýerli zähmeti netijesinde türkmen topragynda oba hojalyk ekinleriniň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär, ýurdumyzda azyk howpsuzlygy has-da berkidilýär diýip, nygtady.
Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimize ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berildi.
Paýtagtymyzyň aýlawynda guralan Hasyl toýy milli dabaralara bagyşlanyp geçirilen at çapyşyklar bilen dowam etdi. Çapyşyklaryň netijeleri boýunça ýeňijilere mynasyp bolan baýlaklary gowşuryldy.
Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda oba hojalyk pudagynyň işgärlerine berýän yzygiderli ünsi we aladalary üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirilip, ýurdumyzyň obasenagat toplumyny has-da ösdürmek üçin ähli tagallalaryň gaýgyrylmajakdygy ynandyryldy.