08.09.2019 | Milli medeniýetimiziň ösüşine goşant üçin ýokary döwlet sylaglary

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň hormatly atlaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerini hem-de edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýrygyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Asylly däbe görä, bu çäre Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilýär.Bu bolsa dabaralara özboluşly milli öwüşgin we belent ruh çaýýar. Şeýle dabaralar milli medeniýetimiziň ösüşini, döwletimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan milletimiziň baý ruhy mirasynyň aýawly saklanylýandygyna şaýatlyk edýär.

Medeniýet milli jemgyýetimiziň möhüm serişdesi hökmünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde saklanylýar. Çünki, ol jemgyýetçilik aňyny döretmek, ilkinji nobatda, halkymyzyň ruhy gymmatlyklarynyň esasynda ösüp barýan ýaş nesillerde bu ugra bolan söýgini berkitmek meseleleri bilen baglanyşyklydyr.

Döwletimiziň daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde, dünýä bileleşiginde parahatçylygy, özara peýdaly hyzmatdaşlygy, dost-doganlygy esasy ugur edinýän ýurt hökmünde ykrar edilýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýynyň belende galmagynda medeniýet diplomatiýasyna möhüm orun degişlidir.

Halkara bileleşigini Watanymyzyň özygtyýarly ösüşiň ýolunda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrmak wezipesi “Türkmenistan rowaçlygyň Watany” ýylynda giň gerime eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, medeniýet, sungat we ähli döredijilik işgärleriniň baş maksady ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwürde alyp barýan hem-de halkymyzyň abadançylygynyň, rowaçlygynyň we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen işleri, berkarar döwletimiziň okgunly ösüşini, gazanylýan üstünlikleri giňden wagyz etmekden ybaratdyr.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň hormatly atlara we “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijileri hökmünde abraýly baýraklara mynasyp bolan döredijilik işgärlerine iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.Döwlet Baştutanymyz ýeňijileri şu şanly waka hem-de ýetip gelýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramy bilen gutlady.

Milli Liderimiz “Türkmenistan rowaçlygyň Watany” şygary astynda geçýän 2019-njy ýylyň giň gerimli işleriniň döredijilik intelligensiýasynyň wekillerini täze eserleri döretmäge ruhlandyrjakdygyna ynam bildirdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny düýpli ösdürmek, döredijilik işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak işlerine uly ähmiýet berilýär.

Täze döredilýän şäherlerde, döwrebap obalarda medeni maksatly binalar gurulýarys.Bu maksatlar üçin döwletimiz tarapyndan düýpli maýa goýumlary gönükdirilýär.Bu işleriň ählisi medeniýet ulgamynda alnyp barylýan giň gerimli işleri kämilleşdirmek, medeni mirasymyzy, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzy giňden wagyz etmek ýaly asylly işler bilen berk baglanyşyklydyr.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda täze zehinleriň ýüze çykmagyny, çuňňur many-mazmuny we täzeçilligi bilen tapawutlanýan häzirki zaman eserleriniň döredilmegini üpjün edýän döredijilik bäsleşikleriniň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi.Milli Liderimiziň Gutlagy dabara gatnaşyjylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň hormatly atlary dakmak hakyndaky Permany we “Türkmeniň Altyn asyry” döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijilerini sylaglamak hakyndaky Karary okalýar.Döredijilikli toparlarynyň ýolbaşçylary, şahyrlar, ýazyjylar, aýdymçylar we sazandalar, şekillendiriş sungatynyň ussatlary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri nobatma-nobat sahna çykýarlar.

Baýraklara mynasyp bolanlar doly derejeli döredijilik işini alyp barmak ugrunda döredilýän oňyn şertler üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, bu sylaglar bildirilýän belent hormat bolmak bilen bir hatarda, sungatyň döredijilik we baglanyşdyryjy güýjüniň nobatdaky subutnamasy bolup durýar.

Munuň özi milli babatda umumadamzat bähbidine eýedir.Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul etdiler.Onda berlen ýokary baha, türkmen halkynyň ruhy mirasynyň has-da baýlaşdyrylmagy we ösdürilmegi üçin milli Liderimize hoşallyk sözleri aýdylýar.

Olar mundan beýläk-de mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine güýç-gaýratyny, bilimini, tejribelerini we ussatlyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.Soňra Mukamlar köşgüniň sahnasynda belli aýdymçylaryň, sungat älemine täze gadam basan ýaş ýerine ýetirijileriň, döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň, iň gowy tans folklor-etnografiýa toparlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti boldy. Ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň bilelikde ýerine ýetiren “Ylhamlaryň gözbaşy Siz, Arkadag!” atly edebi aýdym- sazly kompozisiýa ata Watanymyza milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň medeniýetiniň ösüşi üçin täze giňişlikleri açýan oňyn başlangyçlarynyň özboluşly senasyna öwrüldi.

Baýramçylyk mynasybetli taýýarlanylan konsert maksatnamasynda milli sungatymyzyň baýlygy, özboluşly öwüşginleri, giň ugurlary, ýerine ýetirijilik ussatlygy öz beýanyny tapdy. Ýurdumyzyň meşhur tans toparlarynyň joşgunly çykyşlary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Belli halk ýerine ýetirijileriniň, estradaçylarynyň, milli sungatyň özboluşly ýörelgelerini mynasyp dowam edýän folklor toparlarynyň çykyşlary tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylanyldy. Ýurdumyzyň tans we folklor toparlarynyň bilelikde ýerine ýetiren gadymy küştdepdi tansy türkmen halkynyň ruhy-medeni köklerine bolan ygrarlylygyny has aýdyňlygy bilen görkezdi.

Milli Liderimiziň beýik işlerine bagyşlanan “Aýdym aýdýas, alkyş aýdýas, biz, Arkadaga!” atly aýdym döredijilik agşamynyň dabaraly jemlenmesine öwrüldi.Bu dabara oňa gatnaşyjylaryň ruhuny göterip, ýurdumyzda parahatçylygyň we abadançylygyň berkarar bolmagy ugrunda tagalla edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bolan tüýs ýürekden hoşallygynyň beýanyna öwrüldi.

Ýene degişli makalalar

2025-nji ýylda şowlulygyň alamatlary: ýaşyl ýylan kime üstünlik we abadançylyk getirer
23.12.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti pakistanly kärdeşini TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy
23.03.2018 | 2017-nji ýylyň ýylýazgysy: bilim we ylym
Häzirki zaman özbek edebiýaty
28.05.2019 | Türkmenistan bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny maliýeleşdirmegi artdyrýar
Türkmenistan bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny maliýeleşdirmegi artdyrýar