08.09.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitde iri bug-gaz elektrostansiýanyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde utgaşykly dolanyşykda işleýän ýurdumyzdaky ilkinji bug-gaz elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Energetika işgärleriniň gününe gabatlanan bu waka milli Liderimiziň başyny başlan giň möçberli maksatnamalaryny durmuşa geçirmek ýolunda nobatdaky möhüm waka boldy. Şol maksatnamalar bolsa milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmäge, eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga, ýurdumyzyň çalt depginler bilen senagatlaşdyrylmagyny hem-de sebitleriň toplumlaýyn ösdürilmegine ýardam etmelidir.

Hormatly Prezidentimiziň uçary irden Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinden uçup, biraz wagtdan soň Mary şäheriniň howa menziline gondy.Milli lybasly gyzlar hormatly Prezidentimize ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar, hormatly ýaşulular duz-çörek hödürleýärler.

Olar milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, eziz Watanymyzyň parahatçylygynyň we gülläp ösmeginiň bähbidine ähli başlangyçlarynda üstünlikler arzuw etdiler.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylandyklary üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly ýaşulular bilen söhbetdeş boldy, olaryň ýaşaýyş-durmuşy, iş-aladalary bilen gyzyklandy.

Döwlet Baştutanymyz ýakyn wagtda möhüm çäreleriň durmuşa geçiriljekdigini belläp, hemmeleri ýetip gelýän uly baýramçylyk - Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygy bilen gutlady.Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasat döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak hem-de halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly wezipeleri üstünlikli çözmekde oňat netijeler gazanmaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň ähli ýerinde, şol sanda Mary welaýatynda köpsanly önümçilik desgalary hem-de durmuş-medeni maksatly binalar, hususan-da, kaşaň ýaşaýyş jaýlary, bilim we saglygy goraýyş edaralary, döwrebap obalar hem-de şäherler guruldy we olaryň gurluşygy dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolmagynda galjakdygyny we bu barada sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde gürrüň ediljekdigini belläp, hormatly ýaşululara halkymyzyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmaga, aýratyn hem ösüp gelýän nesli watançylyk ruhunda terbiýelemäge goşýan goşandy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni howa menzilinden Mary DES-ine tarap ugraýar, onuň çäginde täze elektrik stansiýasy guruldy. Ýol ugrunda milli Liderimizi şäheriň ýaşaýjylary, köpsanly ýaşlar ruhubelentlik bilen mübäreklediler. Öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion işläp taýýarlamalary işjeň ornaşdyrmak, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn okgunly ösdürmek üçin oňaýly şertleri döretmek ýurdumyzyň sebitleriniň ählisini gurşap alan giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny we taslamalaryny durmuşa geçirmekde esasy ugurlar bolup durýar.

Halkara ülňülerine laýyk gelýän hem-de şäherleriň we obalaryň kadaly durmuşyny üpjün edýän inžener-tehniki düzümiň döredilmegi bu babatda möhüm orun eýeleýär.Energiýa üpjünçilik ulgamy şol düzümiň möhüm bölegidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmak we pugtalandyrmak, bu ulgam üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak boýunça netijeli çäreler görülýär.Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz tarapyndan 2013-2020-nji ýyllar üçin niýetlenen degişli Konsepsiýa tassyklanyldy.

Onuň tapgyrlarynyň her biri düzümleýin desgalaryň ençemesiniň gurluşygyny özüne birleşdirýär.Paýtagtymyzyň hem-de welaýatlarymyzyň okgunly ösüşini, ýurdumyzyň elektrik energetikasynyň kuwwatynyň artmagyny nazara almak bilen, täze energetika ulgamlarynyň kuwwaty has-da ýokarlandyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň baý gorlaryna eýedigini, elektrik energiýasynyň önümçiliginiň bolsa, däp bolşy ýaly, dünýäde iň düşewüntli önümçilikleriň biridigini bellemelidiris. Şundan ugur alnyp, bu geljegi uly pudaga gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberleri yzygiderli artdyrylýar.

Häzirki wagtda türkmen energetika senagaty okgunly ösýär we dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmaga ukyplydyr.Soňky ýyllarda pudagyň düzüminiň üsti gazturbinaly elektrik stansiýalarynyň, şol sanda Aşgabatda, Ahal, Balkan, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda gurlan stansiýalaryň birnäçesi bilen ýetirildi. Şunuň bilen birlikde, paýlaýjy elektrik beketleriniň onlarçasy gurulýar, paýtagtymyzyň, beýleki şäherleriň we ilatly ýerleriň energiýa üpjünçilik we yşyklandyryş ulgamy täzelenýär.

Bu ulgamda amala aşyrylýan giň möçberli işler ýurdumyza özüni elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmäge hem-de ony goňşy döwletlere ibermäge mümkinçilik berýär.BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn orun berilýän giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bütin adamzady tolgundyrýan möhüm durmuş meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga hem-de olary çözmegiň has oňaýly ýollaryny işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge, Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine hem-de döwrüň beýleki esasy meselelerine degişli netijeli başlangyçlary hem dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolup, bu maksatlaryň amala aşmagyna gönükdirilendir.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz köp ýyllaryň dowamynda doganlyk owgan halkyna parahatçylykly durmuş gurmakda hemmetaraplaýyn ýardam berip gelýär.Goňşy döwletiň energetika düzüminiň möhüm bölegine öwrülen Ymamnazar-Andhoý we Serhetabat-Hyrat elektrik geçiriji ulgamynyň gurulmagy, şeýle hem şu ýylyň tomsunda Rabatkaşan Kalaýnau elektrik geçirijisiniň ulanmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Bu elektrik geçirijisiniň ulanmaga berilmegi bilen, Owganystanyň demirgazyk etraplaryna ýeňillikli şertlerde türkmen elektrik energiýasyny ibermegiň ýene-de bir ugry açyldy.Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan beýleki iri taslamalaryň hatarynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygy bar.

Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi diňe bir oňa gatnaşýan ýurtlar üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin hem ägirt uly ähmiýete eýe bolar.Mary DES-niň çäginde ýurdumyzda ilkinji utgaşykly bug-gaz elektrik stansiýasynyň gurulmagy hem türkmen elektrik energetikasynyň düzümini mundan beýläk-de ösdürmäge, eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir. … Şu günki dabaranyň geçirilýän ýerinde hakyky baýramçylyk ýagdaýy emele geldi.

Adamlaryň müňlerçesi ajaýyp wakanyň şaýatlary bolmak üçin bu ýere ýygnandylar. Şol waka bolsa täze eýýamyň ýyl ýazgysyna ýene-de bir aýdyň sahypa bolup ýazylar.Döwlet baýdaklary parlaýar, täze desga barada aýdyň düşünje berýän dürli plakatlar we bannerler gurnaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulagy Mary DES-ine gelýär.Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar.Täze desganyň öňündäki meýdançada milli Liderimizi Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Mary welaýatynyň häkimi garşyladylar.

Dabara gatnaşyjylaryň arasynda jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, daşary ýurtly işewürler bar.Täze desganyň öňündäki meýdançada sungat ussatlarynyň köpöwüşginli çykyşlary ýaýbaňlandyrylýar.Olar eziz Watanymyzy hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik işlerini wasp edýän joşgunly aýdym-sazly we tansly çykyş taýýarladylar.

Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda türkmen halky parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar.Milli Liderimiz dabara üçin ýörite taýýarlanan münbere geçýär.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi diýlip yglan edilen ýylyň ajaýyp güýz günleriniň biriniň ajaýyp waka beslenýändigini belledi: Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde gurlan, utgaşykly dolanyşykda işleýän döwrebap, kuwwatly elektrik stansiýasy dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilýär. Ýurdumyzda gurulýan medeni-durmuş maksatly binalaryň kadaly işlemegi üçin döredilýän amatlyklaryň hatarynda, ilkinji nobatda, olaryň ygtybarly we bökdençsiz elektrik üpjünçiligine köp zat bagly bolup durýar.

Halkymyzyň ýaşaýyş - durmuş şertleriniň düýpgöter özgermegi, onuň medeni derejesiniň dünýä ölçegleriniň derejesine çykmagy bilen baglylykda, hojalyklarda elektrik energiýasyny uly möçberlerde sarp edýän döwrebap durmuş tehnikalary, senagat önümçilikleri peýda bolup başlady.

Elektrik energiýasyna bolan islegiň barha artmagy bu pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk hem pugtalandyrmagy talap edýär.Pudagyň öňünde durýan bu möhüm wezipäni çözmek üçin, Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013-2020-nji ýyllar üçin konsepsiýasy kabul edildi.

Konsepsiýa laýyklykda, ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda gaz turbinaly elektrik stansiýalaryny gurmak meýilleşdirildi. Şonuň netijesinde, ýurdumyzyň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda gysga döwrüň içinde dürli kuwwatlykly gaz turbinaly elektrik stansiýalarynyň 6-sy gurlup, ulanmaga berildi.

Netijede, indi welaýatlarymyzyň hersinde gaz turbinaly elektrik stansiýalarynyň ikisi ýa-da üçüsi hereket edýär.Olar sarp edijileriň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarly bolmagyna ýardam edýär. Şu gün dabaraly açylýan, utgaşykly dolanyşykda işleýän döwrebap elektrik stansiýasy hem pudagy ösdürmegiň konsepsiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Bu döwrebap elektrik stansiýasynyň umumy kuwwaty 1574 megawatta deň bolup, onda dünýä meşhur General Electric amerikan kompaniýasynyň her biriniň kuwwaty 263,25 megawatt bolan gaz turbinalarynyň 4-si we her biriniň kuwwaty 260,5 megawat bolan bug turbinalarynyň 2-si oturdylandyr.

Gaz turbinalaryndan çykýan zyýanly gazlaryň gyzgynlygyny bug turbinalarynda ulanmak arkaly goşmaça elektrik energiýasynyň öndürilmegi bu stansiýanyň işiniň aýratynlygydyr.Bu döwrebap tehnologiýanyň pudaga ornaşdyrylmagy ýurdumyzda galyndysyz önümçiligi guramaga, daşky gurşawa zyňylýan zyýanly galyndylaryň möçberini ep-esli azaltmaga şert döreder.

Mundan başga-da, elektrik energiýasyny öndürmek üçin sarp edilýän tebigy gazy tygşytlamaga mümkinçilik berer.Bu kuwwatly elektrik stansiýasynda ähli işler kompýuterleşdirilendir.Munuň özi dolandyryş merkezinden ähli tehnologik işlere netijeli gözegçilik edilmegini üpjün edýär.

Stansiýanyň işe girizilmegi bilen, ýurdumyzyň energetika ulgamynyň kuwwaty 1574 megawat möçberde artar.Sarp edijilerimiziň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygy ýokarlanar.Daşky gurşawa goýberilýän zyýanly galyndylaryň möçberi ýylda 3,1 million tonna möçberde azalar.

Daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini goşmaça 3 milliard kilowat-sagada çenli artdyrmaga mümkinçilik berer.Döwrebap täze iş orunlary dörär, hünärmenlerimiziň iş tejribesi baýlaşar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň soňra belleýşi ýaly, özümizden artýan elektrik energiýasy goňşy döwletlere iberiler.Geljekde elektrik energiýasynyň iberilýän ugurlary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdüriler hem-de möçberleri artdyrylar.Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň fewral aýynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi.

Bu bolsa, biziň energetika syýasatymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we elektrik energetikasy pudagynyň işgärleriniň öz öňlerinde duran wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirjekdiklerine ynam bildirdi.

Biz 2018-nji ýyly Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi diýip yglan etdik diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda Amul-Hazar 2018 awtorallisiniň geçirilmegi, şu günki dabaraly açylýan elektrik stansiýasynda öndüriljek elektrik energiýasynyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça goňşy ýurtlara iberilip başlanmagy ata Watanymyzda bu gadymy ýoluň gaýtadan dikeldilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny tamamlap, türkmen energetiklerini we halkymyzy şanly wakalar -Türkmenistanyň energetika senagatynyň işgärleriniň hünär baýramy hem-de bu senä gabatlanyp, täze elektrik stansiýasynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady we olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň şowhunly el çarpmalary astynda dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesýär we utgaşykly elektrik stansiýasynyň dolandyryş merkezine barýar.Bu ýerde işleýän hünärmen döwlet Baştutanymyzy täze energetika desgasynyň esasy tehniki hem-de tehnologiki häsiýetnamalary bilen tanyşdyrýar. Ýokarda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ozal gurlan beýleki DES-lerden tapawutlylykda ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilen täze stansiýada elektrik energiýasyny işläp taýýarlamak üçin ýangyç hökmünde diňe bir tebigy gaz däl, eýsem, bug hem ulanylar.

Taslamanyň çäklerinde şeýle hem stansiýanyň 220 kW we 500 kW güýjenmesi bolan paýlaýjy ulgamlary gurnaldy, dolandyryş binalary, dürli inženerçilik-tehniki desgalar guruldy.Utgaşykly dolanyşykdaky bug-gazly toplumyň ösüşlere beslenen usulynyň mazmuny ýangyjyň ýanmagy netijesinde emele gelýän gazlaryň ilki bilen esasy gaz turbinany herekete getirýändiginden, soňra bolsa ýörite bug-utilizator gazanyna gelip gowuşýandygyndan ybaratdyr.

Bu ýerde olar suwy gyzdyryp, ony buga öwürýär, ol bolsa soň ýokary basyş astynda bug turbinasyna iberilip, onuň aýlanmagyna getirilýär.Degişlilikde, toguň generatorynyň bug turbinasy bilen baglanyşykly rotory hem aýlanýar. Şeýlelikde, elektroenergiýanyň goşmaça möçberi öndürilýär.

Netijede, eger ýönekeý yzygiderlilikdäki elektrostansiýanyň peýdaly hereketiniň görkezijisi (PHG), ortaça, 34,2 göterime deň bolsa, utgaşykly yzygiderlilikde PHG bir ýarym esseden gowrak ýokarlanyp, 56 göterimden gowrak bolýar.Bugly-gazly elektrik stansiýalar diňe bir ykdysady taýdan däl, ekologiýa babatda hem özüne çekijidir. Çünki ýanan önümler bolan kömürturşy gazyň howa goýberilişi 2-3 esse azalýar.

Energetika ulgamynda sebit we sebitara ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirip, Türkmenistan daşky gurşawy goramak ýaly örän möhüm ugurda halkara hyzmatdaşlyk meselelerine iň ýokary derejede jogapkärli çemeleşýändigini görkezýär.BMG-niň Bas Assambleýasynyň mejlislerinde, BMG-niň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda, şeýle hem 2015-nji ýylda “2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösüş babatda gün tertibi” kabul edilen BMG-niň durnukly ösüş boýunça sammitinde hem-de beýleki iri forumlarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýan eden halkara başlangyçlary munuň subutnamalarynyň biridir.

Olaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak baradaky teklip bar.Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, pudaklaýyn taslamalar durmuşa geçirilende ýurdumyzyň energetikleriniň baş wezipeleriniň biri energiýa tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan arassa iň täze tehnologiýalary, ýokary netijeli, ygtybarly enjamlary ulanmakdan ybaratdyr.

Stansiýanyň hünärmenleri işgärleriň işlemegi üçin amatly şertler döredilen energetika pudagynyň döwrebap düzümleýin desgasynyň bina edilendigi üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk bildirip, Watanymyzyň bähbidine yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.

Döwlet Baştutanymyz dabaraly ýagdaýda düwmäni basyp täze elektrostansiýany ulanyşa girizýär.Bu ýerde oturdylan monitorlar elektrik stansiýasynyň bellenen kuwwatyna çykyşyny synlamaga mümkinçilik berýär.Onuň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň umumy energetika ulgamyna elektrik energiýanyň berlişini ep-esli artdyrmaga, ýurdumyzyň sarp edijilerini energiýa bilen ygtybarly üpjün etmäge goşmaça kepillikleri döretmäge mümkinçilik berer.

Mundan başga-da, türkmen elektrik energiýasynyň eksportuny 3 milliard kilowatt/sagada çenli artdyrmaga mümkinçilik dörär.Döwlet Baştutanymyz maslahatlar zalyna geçýär.Bu ýerde milli Liderimizi dabara gatnaşyjylar ör turup, dowamly el çarpmalar bilen garşylaýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, hemmeleri şanly waka Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde gurlan, utgaşykly dolanyşykda işleýän, kuwwaty 1574 megawat bolan ýurdumyzda ilkinji bug-gaz elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu elektrik stansiýasy Merkezi Aziýa sebitinde örän iri energetika desgasy bolup, inžener-tehniki işläp taýýarlamalaryň täze tapgyryna degişlidir.Utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýalary ýönekeý dolanyşykdaky elektrik stansiýalary bilen deňeşdirilende has peýdalydyr.

Ol tebigy gazy az sarp edýär hem-de ykdysady we ekologiýa taýdan örän bähbitlidir.Döwlet Baştutanymyz şu günki dabara daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşýandygyny belläp, Amerikanyň sagdyn ekologiýa gaznasynyň Ýewropa ýutlary boýunça müdiri, hanym Anni Sasko söz berýär.

Myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyza gelip görmäge çakylygy hem-de myhmansöýerligi üçin çuňňur hoşallyk bildirip, esaslandyryjylaryň biri bolup durýan guramasynyň wezipesiniň daşky gurşawyň abadan ýagdaýda saklanylmagyna gönükdirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hanym Anni Sasko bu ugurda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda geçirilen işlere ýokary baha berdi.

Bu ulgamda geçirilen çäreler köp ugurlydyr.Olar diňe bir senagat önümçiliginiň daşky gurşawy üçin howpsuzlygynyň hem-de ekologiýa kadalarynyň berjaý edilmegine gönükdirilmän, sagdyn-durmuş ýörelgesiniň wagyz edilmegini, ilaty bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekilmegi, temmäki önümleriniň bikanun dolanyşygyna garşy çäreleri öz içine alýar.

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary türkmen halkynyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, şeýle hem sebitiň ýurtlarynda durmuş-ykdysady ýagdaýyň gowulandyrylmagyna gönükdirilendir diýip, hanym Anni Sasko aýtdy. “Türkmenistan Merkezi Aziýanyň ýüregidir.Siziň ýurduňyzyň kuwwatly energetika döwleti bolup, öz serişdelerini goňşy ýurtlara iberýändigi örän möhümdir” diýip, myhman aýtdy.

Türkmen tarapynyň wekiline Amerikanyň sagdyn ekologiýa gaznasynyň täze elektrik stansiýanyň ekologiýa babatynda howpsuzlygyny tassyklaýan şahadatnamasyny gowşurmak bilen, hanym Anni Sasko döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň daşky gurşaw üçin howpsuz taslamalary durmuşa geçirmekde, önümçilikde ekologiýa taýdan arassa energiýany peýdalanmakda gazanylan üstünlikler bilen tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hanym Anni Sasko mazmunly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, şu günki şanly wakanyň gadymy türkmen topragynda—Mary welaýatynda geçirilýändiginiň aýratyn ähmiýetini belledi.Taryhda “Parahatçylyk açary” diýmegi aňladýan “Maru-Şahu-Jahan” ady bilen belli bolan gadymy Merw Beýik Ýüpek ýolunyň merkezleriniň biri bolupdyr.

Bu ýerde söwda ýollarynyň möhüm çatrygy ýerleşip, onuň üsti bilen harytlar dünýäniň çar tarapyna Ýewropa, Hytaýa, Pars aýlagyna ugradylypdyr.Häzirki wagtda, öz taryhymyzyň täze tapgyrynda biz Beýik Ýüpek ýolunyň öçmejek gymmatlyklaryny gaýtadan dikeldýäris, bu ýol Ýewraziýanyň medeni we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyna örän uly täsir edipdir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Ilatyň amatly durmuş şertlerini döretmek maksady bilen ýurdumyzda lukmançylyk ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Ýurdumyzda ýokanç keselleriniň birnäçesiniň doly aradan aýrylandygy baradaky halkara şahadatnamalary, şeýle hem ýurdumyzyň lukmanlarynyň tejribesiniň Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy tarapyndan Ýewropa sebiti döwletlerinde ýaýradylmagynyň maslahat berlendigi raýatlarymyzyň saglygyny goramak boýunça wezipeleri çözmekde Türkmenistanyň gazanan üstünlikleriniň ykrarnamasydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Soňra Şweýsariýanyň federal tehnologiýa institutynyň Ýewropa boýunça dolandyryjysy jenap Andreas Ýanzen çykyş etdi.Mary şäherinde gurlan elektrik stansiýasynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, myhman bu taslamanyň dünýäde iň gowy taslamalaryň biri bolup, ähli ölçegler babatda öňdebaryjy standartlara laýyk gelýär diýip belledi.

Dünýäde energiýa serişdelerine islegiň uludygyny nazara alanyňda, stansiýanyň işe girizilmegi Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň hem-de “Bir guşak bir ýol” diýen taslama gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Täze elektrik stansiýanyň Şweýsariýanyň federal tehnologiýa instituty tarapyndan “Ýokary tehnologiýaly energetika desgasy” diýlip ykrar edilendigini bellemek bilen, jenap Andreas Ýanzen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de sebit üçin ähmiýetli taslamany amala aşyrmaga gatnaşanlary işleriň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.

Bu ýere ýygnananlaryň el çarpmagy bilen, myhman türkmen tarapynyň wekiline degişli Sertifikaty gowşurdy.Döwlet Baştutanymyz Şweýsariýanyň iri ylym-bilim merkeziniň wekiline ýurdumyzyň energetika kuwwatyna beren ýokary bahasy üçin minnetdarlyk bildirip, geljekde düzümi has-da ösdürmäge, türkmen elektroenergetikasynyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilen taslamalaryň ýene-de birnäçesini amala aşyrmagyň bellenilendigini aýtdy.

Degişli ulgamda taslamalar amala aşyrylanda, energetika desgalarynyň ekologiýa howpsuzlygy meselelerine, öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilmegine aýratyn üns berilýär diýip, milli Liderimiz belledi.Soňra Maх Plank adyndaky energiýa institutynyň energiýa bölüminiň direktory jenap Anton Lepigson çykyş etdi.

Kuwwaty 1574 megawatt bolan Marynyň utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagyň özi üçin uly hormat bolup durýandygyny bellemek bilen, myhman hormatly Prezidentimizi hem-de şu günki çärä gatnaşyjylaryň hemmesini şanly waka bilen gutlady, şeýle hem täze desganyň işgärlerine üstünlikler arzuw etdi.

Bu taslama Türkmenistan üçin hem, Orta Aziýa üçin hem ählumumy taslama bolup, sebitiň gülläp ösmegi, goňşy ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň berkidilmegi üçin möhüm ähmiýete eýedir diýip, jenap Lepigson belledi.

Myhman sözüni dowam edip, Ýüpek ýolunyň bir wagtlar şu ýerlerden geçendigini, Türkmenistanyň bolsa onuň merkezleriniň biri bolandygyny belledi.Eger ir döwürlerde harytlar Gündogardan Günbatara daşalan bolsa, häzir ähli zat üýtgedi. Şu elektrik stansiýanyň işe girizilmegi bilen häzirki döwrüň Ýüpek ýolunyň mümkinçilikleri has-da artdy.

Elektrik energiýasyny bu ýerden gündogara hem, günorta tarapa hem, demirgazyk we günbatar taraplara hem iberip bolýar.Taslama Aziýa ýurtlarynyň ösüş depginlerini üpjün etmek üçin aýratyn ähmiýete eýedir, ol örän köp energiýa serişdelerini talap edýär.

Elektrik energiýasynyň eksport edilmegini üpjün edýän täze elektrik stansiýasynyň ulanmaga berilmegi sebitiň ykdysadyýetini ösdürmäge, ilatyň täze durmuş ölçeglerini kesgitlemäge, sebitde halkara energetika kompaniýalarynyň işlemegi üçin şertleriň döredilmegine ýardam eder.

Türkmenistana ilkinji gezek gelip görendigini aýtmak bilen, jenap Lepigson ösen düzüme, ekologiýa barada edilýän alada haýran galandygyny belledi. Şu ugurlarda durmuşa geçirilýän uly işler, Gündogaryň we Günbataryň iň gowy tejribeleriniň işjeň ulanylýangy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirmek bilen myhman ýurdumyza geljekde hem gülläp ösmegi arzuw etdi.

Maх Plank adyndaky energiýa institutynyň wekili dabara gatnaşyjylaryň el çarpmagy bilen elektrik stansiýanyň direktoryna “Durnuklylyk we netijelilik üçin” diýen sertifikaty gowşurdy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, olary Türkmenistanyň halkara abraýynyň artýandygynyň nyşany, dürli maksatly desgalaryň gurluşygynda innowasion tehnologiýalaryny ulanmak babatda we daşky gurşawy goramakda onuň üstünlikleriniň ykrarnamasy hökmünde kabul edýändigini belledi.

Türkmenistan zyýanly gazlaryň zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara bileleşiginiň tagallalaryny goldamak bilen, maksatnamalaýyn esasda “ýaşyl ykdysadyýete” senagatda, şol sanda nebitgaz, elektrik energetikasy we ulag pudaklarynda döwrebap ekologiýa taýdan howpsuz we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmaga geçýär.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, pudakda ornaşdyrylýan innowasiýalar hem-de ýurdumyzyň tebigy gazynyň ägirt uly gorlary ykdysadyýetiň strategiki ulgamynyň öňünde durýan wezipeleri netijeli çözmäge ýardam edýär.Häzirki wagtda tebigy gaz elektrik stansiýalar üçin has netijeli we ekologiýa taýdan howpsuz ýangyçlaryň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, Türkmenistan ähli ugurlarda BMG hem-de beýleki abraýly halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär hem-de öz başlangyçlaryna giň goldaw tapýar diýip belledi. Ýakynda sebitiň ýurtlary Hazar deňziniň hukuk derejesi boýunça konwensiýa gol çekdiler. Şonda ekologiýa we daşky gurşaw bilen bagly meselelere, özboluşly suw howdanynyň suw serişdelerini bilelikde peýdalanmak meselesine aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň ýene-de bir esasy ugry -- Beýik Ýüpek ýoluny täze şertlerde dikeldýän halkara üstaşyr-ulag geçelgelerini döretmek bolup durýar. Şunda bolsa ýurdumyz häzirki döwrüň logistika akymlaryny utgaşdyrmak üçin ähli mümkinçiliklere eýe bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz çykyşyny tamamlap, dabara gatnaşyjylara berk jan saglyk, işlerinde üstünlik arzuw etdi.Dabara tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz şu günki wakadan ýadygärlik hökmünde Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow elektrik stansiýanyň işgärlerine işlerinde üstünlikleri arzuw edip, olara täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy hem-de bu ýerden ugrady.

Ýene degişli makalalar

Täze elektrik beketleri ýurdumyzyň kuwwatyny artdyrýar
12.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl: gurluşyk we elektroenergetika
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl: gurluşyk we elektroenergetika
21.11.2018 | Täze elektrik beketleri ýurdumyzyň kuwwatyny artdyrýar
Energiýa ulgamynyň kuwwatlyklary artdyrylýar
Türkmenistan 2022-nji ýylda 9 milliard kilowat-sagat elektrik energiýasyny eksporta iberer