Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli beýleki meselelere we käbir resminamalara garaldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ýurdumyzda hemişe bolşy ýaly, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäleriniň geçilýändigini belledi. Şoňa görä-de, milli Liderimiz goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy Ý.Berdiýewe söz berdi.
Ol toparyň şu mesele boýunça kabul eden çözgüdiniň taslamasy hakynda hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, iş kesilen 611 raýatyň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ý.Berdiýewe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde, günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz günä geçmek çäresini amala aşyrmak bilen, eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmeti bilen ýuwup, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmagy üçin mümkinçilikleriň döredilýändigini belledi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmegi tabşyrdy we günäsi geçilen adamlara yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmagy, Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamagy arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryny we olaryň üsti bilen ähli watandaşlarymyzy her ýylyň 12-nji iýunynda ýurdumyzda bellenilýän Ylymlar güni bilen gutlap, täze üstünliklere ruhlandyrýan bu baýramçylygyň jebisleşdiriji ähmiýetini belledi.
Milli Liderimiz baýramçylyk dabaralarynyň Türkmenistanda gazanylan üstünliklere buýsanç duýgularyny döretjekdigine, bu senä bagyşlanan halkara ylmy maslahatyň bolsa ylym ulgamyny kämilleşdirmäge, öňdebaryjy ylmy usulyýetleri, iň gowy tejribeleri ornaşdyrmaga, köptaraply halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge oňyn täsir etjekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimizi innowasiýalara we tehnologiýalara daýanýan ylmyň gazananlary bilen berk baglanyşykly ýokary depginler bilen ösdürmäge, orta we uzak möhletleýin döwürlere niýetlenen milli hem-de döwlet maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmäge, aýratyn hem jemgyýetimiziň ylmy we inžener-tehniki mümkinçiligini artdyrmaga döwlet syýasatynyň strategik ugry hökmünde aýratyn ähmiýet berilýär.
Dünýäniň ösen ýurtlarynyň tejribesini nazara alyp, ylmyň düýpli hem-de ygtybarly hukuk binýadyny kämilleşdirmek, maddy-üpjünçilik ulgamyny pugtalandyrmak bilen, ýurdumyzyň ylmy we inženerçilik-tehniki mümkinçiliklerini ösdürmek üçin zerur şertleri döretdik diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Innowasiýalar we tehnologik ylymlar boýunça täze bilimleri hem-de öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmek, hünärmenleriň, inženerleriň, tehnologlaryň hem-de alymlaryň täze ylmy işläp taýýarlamalaryny, ylmyň soňky gazananlaryny, oýlap tapyşlary milli ykdysadyýetimize giňden ornaşdyrmak, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistany 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň dünýä ykdysadyýetindäki ornunyň yzygiderli pugtalandyryljakdygyny, içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply, köp görnüşli, ýokary hilli harytlary öndürýän innowasion senagat kärhanalarynyň dörediljekdigini nygtady. Ýurdumyzyň ylmy edaralary we ýokary okuw mekdepleri tarapyndan alnyp barylýan barlaglar, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, şol sanda ylym hem-de bilim ulgamlarynyň sanly düzümleriniň ösdürilmegi möhüm wezipe hökmünde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine degişli wezipeleriň çözülmegine ýardam berer diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Häzirki zaman bilimleri we ylymlary dünýäniň ykdysady, medeni, tehnologik ösüşleri bilen berk baglanyşykly bolmak bilen, parahatçylykly, dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmagyň hem örän möhüm şerti bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, biz iri halkara guramalar, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýarys.
Hususan-da, dünýä döwletleri, iri halkara guramalar bilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Şonuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek, energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlary ýaly ileri tutulýan ugurlarda bilelikde ylmy barlaglaryň ýerine ýetirilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy.
Türkmenistan Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek arkaly Gündogary we Günbatary, Aziýany we Ýewropany, bu yklymlarda ýaşaýan halklary parahatçylyk, dostluk, ynsanperwerlik, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda birleşdirýär diýip, milli Liderimiz belledi hem-de ýüzýyllyklaryň dowamynda Ýewraziýa giňişliginde bu transmilli ýoluň möhüm halkasy — ylymlaryň we bilimleriň merkezi bolan Türkmenistanyň XXI asyrda dünýä bileleşiginiň ylym, döredijilik hem-de tehnologiýa babatdaky mümkinçiliklerini birleşdirjek köprä öwrüljekdigine ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz ýygnananlary Ylymlar güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, uzak ömür, bagt hem-de abadançylyk, ylmy we döredijilik işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi.
Wise-premýer milli ykdysadyýetimiziň şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ösüşiniň netijeleri barada hasabat berdi.Hasabat döwrüniň makroykdysady görkezijileriniň halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynyň durnukly ösýändigine şaýatlyk edýändigi bellenildi.
Jemi içerki önüm 6,2 göterim artdy. Ähli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 4,3 göterim artyp, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýokary önümçilik netijeleri gazanyldy. Şu ýylyň bäş aýynda 2017-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 19,4 göterim artdy. Ýanwar — maý aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 7,2 milliard manada we çykdajy bölegi 7,1 milliard manada barabar boldy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 2017-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 9 göterim ýokarlandy.
Wise-premýer “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda” göz öňünde tutulan işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, jemi 731,2 million manat möçberde düýpli maýa goýumlarynyň özleşdirilendigini habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegini üpjün etmek boýunça möhüm wezipelere wise-premýeriň ünsüni çekdi.Döwlet Baştutanymyz maliýe-bank ulgamynyň edaralarynyň işini içgin seljermegiň wajypdygyny aýdyp, olaryň işini kadalaşdyrýan kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.
Milli Liderimiz döwlet maksatnamalarynda bellenen çäreleri öz wagtynda durmuşa geçirmegiň möhümdigini belläp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini ýola goýmak boýunça taslamalary amala aşyrmak hem-de daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberlerini artdyrmak babatdaky meseleleri üns merkezinde saklamagy talap etdi.
Hormatly Prezidentimiz döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň hem-de olary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmegiň häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biridigini belledi.Döwlet Baştutanymyz wise-premýeriň gözegçilik edýän düzümleriniň işiniň esasy ugurlaryna ünsi çekip, içerki bazarda nyrhlaryň durnuklylygyny üpjün etmek we ykdysady edaralaryň ählisinde maliýe kanunçylygyny hem-de maliýe tertip-düzgünini berjaý etmek üçin degişli çäreleri görmegi we amala aşyrylýan degişli amallaryň maksadalaýyklygyna hem-de netijeliligine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýangyç-energetika toplumunyň kärhanalarynyň şu ýylyň bäş aýynda geçiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.Nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň meýilnamasynyň 103,1 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasynyň 102,2 göterim, benziniň öndürilişiniň meýilnamasynyň 100,7 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasynyň 101,5 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasynyň 128,3 göterim ýerine ýetirilendigi habar berildi.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, polipropileniň öndürilişiniň ösüş depgini 107,7 göterime, maýa goýumlaryny özleşdirmekde ösüş depgini 115,1 göterime barabar boldy.Wise-premýer Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň barşy barada hem hasabat berdi, gurluşyk işleri bellenilen möhletlere laýyklykda alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri çaltlandyrmagy talap etdi.Döwlet Baştutanymyz nebitgaz toplumynda alnyp barylýan işlere bagyşlanyp, ýakynda geçirilen maslahatda “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň” seljerilendigini, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagynyň möhüm ugurlary boýunça wajyp wezipeleriň kesgitlenilendigini aýdyp, wise-premýere Ministrler Kabinetiniň öňde boljak mejlisleriniň birinde ýangyç-energetika toplumynyň işini kämilleşdirmek boýunça geçirilen çäreler barada hasabat bermegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew şu ýylyň bäş aýynda gözegçilik edýän ulgamlarynda geçirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.Tutuşlygyna, oba hojalyk toplumy boýunça önümçiligiň möçberiniň ösüş depgini 103,8 göterime deň boldy. Şol sanda bu görkeziji Oba we suw hojalyk ministrligi boýunça 103,7 göterim, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti boýunça 106,2 göterim, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 105,4 göterim boldy.
Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda galla oragyna badalga berlendigi barada habar aýdyldy.Galla oragynyň başlanmagy mynasybetli hormatly ýaşulularyň, tejribeli ekerançylaryň, mehanizatorlaryň we beýleki hünärmenleriň gatnaşmagynda tejribe maslahatlary geçirildi.
Galla orýan kombaýnlaryň we hasyl daşaýan awtoulaglaryň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek, ýygnalan bugdaýy kabul ediş bölümlerine tabşyrmak üçin zerur çäreler geçirildi.Hormatly Prezidentimiz galla oragynyň barşyny, ýetişdirilen hasylyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny hemişe gözegçilikde saklamagy, gowaça ideg etmek boýunça agrotehniki çäreleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz oba hojalygynda özgertmeleri amala aşyrmak bilen baglanyşykly meseleleri çözmegi çaltlandyrmagy talap etdi.Munuň üçin ähli maliýe serişde mümkinçilikleri, maddy-enjamlaýyn binýat bar, döwletimiz pudaga hemmetaraplaýyn goldaw hem-de zerur kömek berýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow senagat toplumynda şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we gözegçilik edýän pudaklarynyň önümçilik görkezijileri barada hasabat berdi.Türkmenistanyň Senagat ministrligi boýunça öndürilen önümleriň ähli görnüşleriniň şu ýylyň ýanwar — maý aýlaryndaky meýilnamasy 122,1 göterim ýerine ýetirildi.
Munuň özi geçen ýylyň degişli döwründäki bilen deňeşdirilende, ösüş depgininiň 109,9 göterime barabar bolandygyny aňladýar.Dokma senagaty ministrligi boýunça hasabat döwründe önümçilik meýilnamasy 124 göterim berjaý edildi. Şu geçen döwürde pudagyň haly kärhanalary tarapyndan meýilnama 128,3 göterim berjaý edilip, 109,9 göterim ösüş depgini üpjün edildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalary boýunça hasabat döwründe önüm öndürmegiň meýilnamasy 104,2 göterim berjaý edilip, ösüş depgini 112,9 göterime barabar boldy.
Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komiteti boýunça şu döwürde umumy önümçilik meýilnamasy 100,1 göterim berjaý edildi we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 134,7 göterim ösüş depgini üpjün edildi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň senagat toplumynyň öňünde durmuş-ykdysady taýdan ösüş boýunça döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmagyň, ýerli çig maldan bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän ýokary tehnologiýaly, ylmy işläp taýýarlamalara esaslanýan kärhanalaryň binýadynda kuwwatly önümçilik düzümini döretmek üçin öňde durýan maksatlara ýetmegiň çäklerinde ägirt uly wezipeleriň goýlandygyny belledi.
Milli Liderimiz giň möçberli senagatlaşdyrmagyň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ýokarlandyrmagyň we himiýa hem-de dokma senagaty ýaly möhüm pudaklaryň eksport kuwwatlyklaryny artdyrmagyň gurluşyk serişdeleriniň öndürilişini köpeltmäge, milli ykdysadyýetimizi täze sepgitlere çykarmaga, ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryndaky ornuny pugtalandyrmaga, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge mümkinçilik berjekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz senagat pudaklarynyň ösüş depginini çaltlandyrmak, kärhanalara öňdebaryjy tehnologiýalary we täzeçil enjamlary ornaşdyrmak, ýurdumyzda ýokary hilli harytlaryň önümçiliginde anyk netijeleri gazanmak üçin häzirki zaman usullary özleşdirmek babatda wise-premýere ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň 5 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 122,2 göterim ýerine ýetirilip, 105,9 göterim ösüş depgini gazanyldy.
Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 100,3 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 103,9 göterime barabar boldy.Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň hem-de ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 119,8 göterim üpjün edildi.
Jemagat hojalygy ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň hem-de hyzmatlaryň meýilnamasy 106,3 göterime, ösüş depgini 110,1 göterime deň boldy. “Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça hasabat döwründe öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň hem-de hyzmatlaryň meýilnamasy 102,1 göterim ýerine ýetirildi, 100,1 göterim ösüş depgini gazanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine, ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda durmuş maksatly desgalary gurmagyň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişine hemişe gözegçilik etmegiň hem-de bu ulgamda maýa goýum işjeňligini höweslendirmek boýunça çäreleri görmegiň wajypdygyna wise-premýeriň ünsüni çekdi.
Döwlet Baştutanymyz Aşgabady mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, şäher düzümini ösdürmek boýunça işleri dowam etmegiň zerurdygyny belledi.Hormatly Prezidentimiz aşgabatlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, ak mermerli paýtagtymyzyň düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga, şäheriň inžener-tehniki ulgamlarynyň işini bökdençsiz guramaga, jemagat gulluklarynyň takyk we sazlaşykly işlemegini üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilmelidigini nygtady.
Milli Liderimiz wise-premýere gurluşyk toplumynda amala aşyrylýan özgertmeleriň ýokary depginini üpjün etmäge degişli birnäçe tabşyryklary berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow ýurdumyzyň söwda toplumynyň edaralarynda, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalarynda 2018-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň möçberi 2017-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 7,7 göterim artdy.Döwlet haryt-çig mal biržasynda hasabat döwründe birža söwdalarynyň 104-si geçirilip, 10 müň 180 şertnama hasaba alyndy. Şol sanda eksport bilen baglanyşykly şertnamalaryň sany 2017-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,1 göterim artdy.
Umumy girdejiniň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 23,5 göterim ýokarlandy.Söwda-senagat edarasy boýunça ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen hyzmatlaryň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2,2 göterim artdy.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça senagat harytlarynyň öndürilişi 20,6 göterim, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişi 64,6 göterim, söwda haryt dolanyşygynyň möçberi 3,3 göterim ýokarlandy.Hyzmatlar ulgamynda ýerine ýetirilen işleriň möçberi 1,9 göterim artdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow haryt dolanyşygyny ýokarlandyrmagy möhüm wezipe hökmünde kesgitledi.Söwda ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin zerur çäreler amala aşyrylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere bu babatda anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda geçirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.Hasabat döwründe dürli medeni çäreler, şol sanda baýramçylyk senelerine hem-de şanly wakalara bagyşlanan döredijilik duşuşyklary, ylmy-amaly maslahatlar, sergiler, bäsleşikler, aýdym-sazly we sahnalaşdyrylan dabaralar, türkmen hem-de daşary ýurtly sirk toparlarynyň çykyşlary, dostlukly ýurtlaryň Medeniýet günleri guraldy.
Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen “Fontankadaky” sirk sungatynyň I halkara festiwalynda “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna gatnaşyjylardan hem-de Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň “Türkmen jigitlerinden” düzülen birleşdirilen topary “Altyn Gaetano” baş baýragyny alyp, döwletimiziň abraýyny belende göterdiler.
Aşgabat şäherinde “Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri” atly halkara ylmy maslahat we festiwal geçirildi.Berliniň Täze muzeýinde “Margiana — Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy” arheologiýa sergisi açyldy we öz işini dowam edýär.
Türkmen döwlet neşirýat gullugy boýunça ýanwar — maý aýlarynda önüm öndürmegiň meýilnamasy 123,6 göterim ýerine ýetirildi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, syýahatçylyk ulgamynda alnyp barylýan işlere ünsi çekdi.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, syýahatçylyk tutuş dünýäde girdejili pudaklaryň biri bolup durýar, biziň ýurdumyz bolsa täsin taryhy-medeni ýadygärliklere baýdyr, jahankeşdeleri çekmek üçin ähli mümkinçilikler bar.Döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu ugurda geçirilýän işleri ýene bir gezek içgin seljermegi hem-de pudagy ösdürmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunda syýahatçylyk pudagynyň hünärmenleriniň taýýarlanylmagyna hem-de özara bähbitler esasynda daşary ýurtlaryň syýahatçylyk kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine aýratyn üns berilmelidir.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň 5 aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.Wise-premýer hasabat döwründe 2018-nji ýylda neşir edilmegi meýilleşdirilen 200 görnüşli okuw kitaplarynyň we okuw gollanmalarynyň 76 görnüşiniň neşir edilendigini habar berdi.
Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň meýilnamasyna laýyklykda, elektron maglumat goruny döretmek, tor programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak hem-de bu babatda okuwlary guramak boýunça işler alnyp baryldy.Elektron dolandyryş ulgamy üçin resminamalar toplumy işlenip düzüldi.
Hasabat döwründe ýurdumyzyň mekdep okuwçylary we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilen halkara olimpiadalara hem-de bäsleşiklere gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler.Ylymlar akademiýasy tarapyndan ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynda we ýokary okuw mekdeplerinde alnyp barylýan 245 ylmy mowzugyň talabalaýyk ýerine ýetirilişine gözegçilik edildi.
Aspirantura 38 adam, doktorantura 3 alym kabul edildi, ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine, ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgärler hasaba alyndy.Saglygy goraýyş ulgamynda ýanwar — maý aýlarynda Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyndan gelip gowşan serişdeleriň möçberi 149 göterim, ýerine ýetirilen hyzmatlardan we ýerlenen önümlerden alnan girdeji 109 göterim, şypahana hyzmatlaryndan alnan girdeji 113 göterim artdy.
Saglygy goraýyş edaralarynda elektron resminamalar dolanyşygyny ösdürmek bilen baglylykda ilaty elektron lukmançylyk kartlary bilen üpjün etmek boýunça işler alnyp barylýar.Hasabat döwründe ýurdumyzda jemi 88 içerki ýaryş we 40 sany köpçülikleýin sport çäresi geçirildi.
Türgenlerimiz halkara sport ýaryşlarynyň 42-sine gatnaşdy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere tabşyryklary berip, giriş synaglarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi hem-de öňümizdäki okuw ýylyna düýpli taýýarlyk görmegi, orta we ýokary okuw mekdeplerinde degişli abatlaýyş işlerini geçirmegi talap etdi.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem çagalaryň ýurdumyzyň sagaldyş merkezlerinde göwnejaý dynç almagyny talabalaýyk guramak babatda anyk görkezmeleri berdi.Milli Liderimiz saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, ilatyň arasynda keselleriň öňüni alyş çärelerini yzygiderli geçirmek, degişli gulluklaryň wagyz-nesihat işini işjeňleşdirmek boýunça hem wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew 2018-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Wise-premýeriň hasabatyna görä, ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça şu döwürde meýilnama 107,4 göterime, ösüş depgini bolsa 111 göterime deň boldy.
Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 106 göterime, ýük daşamak we ýolagçy gatnatmak boýunça bu görkezijiler degişlilikde 100,1 göterime we 100,6 göterime barabar boldy.
Içerki demir ýol ulgamlaryny hem-de pudagy döwrebaplaşdyrmak işleri ýokary depginde alnyp barylýar.Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça şu ýylyň bäş aýynda hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 102,4 göterime deň boldy.
Bu görkeziji ýük daşamakda 100,3 göterime, ýolagçy gatnatmakda bolsa 101,3 göterime deň boldy.Aragatnaşyk ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 110 göterime deň boldy.
Meýilnama 136 göterim berjaý edildi. “Türkmenhowaýollary” gullugy boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 129 göterime deň boldy.Bu görkeziji ýük we ýolagçy dolanyşygynda degişlilikde, 120 göterime we 110 göterime barabar boldy.
Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 165 göterime deň boldy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek, sebit hem-de yklym üsti ýollary ösdürmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarymyzyň ulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy talap edýändigini belläp, awtomobil we demir ýollar ulaglarynyň işine aýratyn ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz demir ýol ulgamynyň ösüşi bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, täze tehnologiýalary ulanmak arkaly gurluşygyň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi.
Munuň özi ýurdumyzyň demir ýol ulgamlarynyň uzak möhletleýin esasda ulanylmagyna ýardam eder.Hormatly Prezidentimiz halkara ykdysady gatnaşyklaryň we Türkmenistanyň daşary söwda ulgamynyň ösdürilmeginiň ýük dolanyşygynyň möçberiniň artmagyna kömek edýändigini, munuň üçin iri ulag geçelgelerini döretmek hem-de olaryň hereket edýänlerini yzygiderli pugtalandyrmak wezipeleriniň wajypdygyny belläp, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň doly kuwwatynda işledilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, wise-premýere edilmeli işleriň meýilnamasyny düzmegi we bu meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmegiň hem-de daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini berjaý etmegiň çäklerinde DIM-niň şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň birnäçe daşary ýurtlara saparlary, şeýle hem daşary döwletleriň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza saparlary guraldy. Ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň we duşuşyklaryň jemleri boýunça ikitaraplaýyn bähbitlere laýyk gelýän hem-de netijeli gatnaşyklaryň berkidilmegine gönükdirilen möhüm ylalaşyklar gazanyldy.
Daşary syýasat edaralary ulgamy boýunça däp bolan geňeşmeler yzygiderli häsiýete eýe boldy.Hökümetara toparlaryň we Iş toparlaryň nobatdaky ikitaraplaýyn mejlisleri geçirildi.Olaryň işleri söwda-ykdysady gatnaşyklaryň netijeli ösdürilmegine, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň artdyrylmagyna gönükdirilendir. Şeýle hem hasabat döwründe dürli ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn işewür maslahatlaryň birnäçesi geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňde boljak halkara derejedäki çäreleriň, şol sanda maslahatlaryň, Hökümet wekiliýetleriniň saparlarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine netijeli halkara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegi esasy ugur edinýän Bitarap Türkmenistan bu ugurda anyk çäreleri durmuşa geçirýär. Ýurdumyzyň ýöredýän döredijilikli daşary syýasat ugry dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar we anyk netijeleri berýär.
Döwletara derejesinde bolşy ýaly, abraýly sebitara we halkara guramalaryň çäklerindäki gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Daşary işler ministrliginiň we ýurdumyzyň diplomatik wekilhanalarynyň işiniň esasy ugurlary bilen baglanyşykly birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa milli parlamentiň şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada habar berdi.Deputatlar ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň maksatlaryna we wezipelerine laýyklykda hem-de halkara hukugyň kadalaryny nazara almak bilen, milli kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işleri alyp barýarlar. Ýylyň başyndan bäri parlamentiň iki maslahaty geçirildi, olarda Türkmenistanyň kanunlarynyň bäşisi hem-de Mejlisiň kararlarynyň 34-si kabul edildi.
Häzirki wagtda 9-njy iýunda Mejlisiň nobatdaky maslahatyny geçirmäge taýýarlyk görülýär.Halkara we parlamentara gatnaşyklar ösdürilýär, kanunçykaryjylyk ulgamynda dünýä tejribesini öwrenmek boýunça işler alnyp barylýar. Şu maksat bilen, Mejlisiň deputatlary halkara çäreleriň we okuw maslahatlarynyň 30-syna gatnaşdylar. Şeýle hem daşary ýurt wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklaryň 24-si geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, durmuş-ykdysady özgertmeleri ilerletmek maksadynda milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça Mejlisiň işini işjeňleşdirmegiň hem-de kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamagyň we halkara gatnaşyklarynyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmagyň zerurdygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Halk maslahatynyň birinji mejlisine taýýarlyk görmek meselesine ünsi çekip, ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, bu möhüm çäräniň guramaçylyk meseleleriniň üstünde içgin işlemegiň wajypdygyny belledi.
Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, şu ýylyň geçen 5 aýynda gazanylan netijeleri häsiýetlendirdi we möhüm wezipeleri çözmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleri kesgitledi.Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, geçirilen işleriň seljerilmesi berkarar döwletimiziň şu ýylda hem ýokary depginler bilen ösmegini dowam edýändigini görkezýär.
Biziň içeri we daşary syýasatymyz üýtgemän galýar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýylyň başyndan bäri gazanylan üstünlikler barada aýdyp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüş depginini durnukly saklaýandygyny, göz öňünde tutulan ähli durmuş maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny kanagatlanma bilen belledi.
Jemi içerki önümiň ösüşi häzir hem gowy derejede, ýagny 6,2 göterimde saklanyp galýar.Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda geçen döwür bilen deňeşdireniňde ýokary ösüş gazanylýar.Geçen döwürde senagat desgalary, ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler, dükanlar we beýleki desgalar meýilnamada göz öňünde tutulan möçberlerde ulanylmaga berildi.
Biziň energiýa serişdelerimizi dünýä bazaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek baradaky syýasatymyz hem bellän meýilnamalarymyza laýyklykda dowam edýär.TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy, şeýle hem beýleki sebit taslamalary üstünlikli amala aşyrylýar.
Bu taslamalaryň uly syýasy, ykdysady we ynsanperwer ähmiýeti bardyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de olaryň sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetini ösdürmäge güýçli itergi berjekdigine ynam bildirdi.Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynyň meýilnamasynyň çäklerinde birnäçe sport çärelerine badalga berildi. Şunuň bilen birlikde, birnäçe meseleler hem çözülmän gelýär.
Bu meseleler Hökümetiň şu günki mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.Döwlet Baştutanymyz wise-premýerleriň ählisine häkimler bilen bilelikde bu meseleleriň çözülişini, ýurdumyzda geçirilýän özgertmeleri, öz gözegçilik edýän pudaklarynda desgalaryň gurluşygynyň alnyp barlyşyny hemişe berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ilaty ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek baradaky maksatnamany ýerine ýetirmek, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen bagly ähli meselelere aýratyn üns berilmelidir.
Döwlet Baştutanymyz şu ýyl üçin öňde duran wezipeleri çözmek meselesine geçip, Ministrler Kabinetiniň 5-nji iýulda geçiriljek giňişleýin mejlisine taýýarlyk görmek meselesine ünsi çekdi.Mejlisde halk hojalygynyň pudaklarynda şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine serederis. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüş depginini seljereris hem-de ýolbaşçylaryň alyp baran işlerine baha bereris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenabat şäherinde täze welaýat köpugurly hassahanasyny we ýaşaýyş jaý toplumyny açyp, ulanmaga bermek dabarasyny ýakyn wagtda meýilleşdirilen möhüm çäreleriň hatarynda görkezdi. Şeýle hem “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisini geçirmäge görülýän taýýarlyk bilen tanşarys, Türkmenbaşy şäherinde şypahanany we beýleki desgalary dabaraly ýagdaýda açarys diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda Bütindünýä welosiped gününiň bellenilip geçilmegine degişli wakalara ünsi çekip, şol gün bilen bizi örän köp wakalaryň baglanyşdyrýandygyny nygtady.Milli Liderimiz Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde bu baradaky degişli Rezolýusiýanyň kabul edilendigini belledi.
Biz şol gün “Ginnesiň rekordlar kitabynyň” “Welosiped sporty boýunça iň köpçülikleýin sapak” güwänamasyny aldyk.Bu abraýly sylag ýurdumyzyň Ginnesiň rekordlar sanawynyň üstüni ýetirdi diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Türkmenistanda welosipedçileriň ilkinji jemgyýetiniň baryp 1894-nji ýylda Aşgabatda döredilendigini ýatlatdy.
Häzirki döwürde welosipediň ekologiýa ulagynyň nyşany bolup durýandygyny, ony adamzadyň 200 ýyldan hem köp wagtdan bäri ulanyp gelýändigini aýtmak gerek.Mundan başga-da, welosiped sporty dünýäde sportuň iň giň ýaýran görnüşleriniň biridir.
Ol daşky gurşawa aýawly garamaga we saglygy berkitmäge ýardam berýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegi Bitarap döwletimiziň parahatçylygy, dostlugy we netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak, şol sanda sport babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň gürrüňsiz ykrar edilýändiginiň tassyklanmasy bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýokarda aýdylanlary nazara almak hem-de bu senäni ebedileşdirmek maksady bilen, Aşgabat şäherinde Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan ýadygärligi oturtmagy teklip etdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýerler D.Amangeldiýewe, B.Abdyýewa, P.Agamyradowa bu ýadygärligiň taslamasyny taýýarlamak we oturdyljak ýerini kesgitlemek boýunça topary döretmegi tabşyrdy.
Biz geljek ýylyň 3-nji iýunynda — Bütindünýä welosiped gününde bu ýadygärligi dabaraly ýagdaýda açsak, örän gowy bolardy diýip, milli Liderimiz aýtdy.Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we işde uly üstünlikleri arzuw etdi.