08.01.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Täze ýyl gutlaglary gelip gowuşýar

Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Täze, 2020-nji ýylyň gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy ýollamak bilen, ähli halklar we adamzat üçin gülläp ösüş hem-de öňe gidişlik ýyly bolmagyny arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, şeýle hem doganlyk ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekde hem ösjekdigine umyt baglaýaryn.Meniň iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!Şeýh Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah,Kuweýt Döwletiniň Emiri.

Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz, Size täze ýyl gutlaglarymy ýollaýaryn hem-de Täze ýylda berk jan saglygyny we şatlyk duýgularyny arzuw edýärin.Goý, 2020-nji ýyl biziň hemmämize parahatçylyk we abadançylyk getirsin!

Angela Merkel,Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal kansleri.

Ýene degişli makalalar

Angela Merkeliň iň köp satylan kitaby
Angela Merkeli kansler wezipesinden ugratmak dabarasy geçirildi
Baýden Putin Bilen Duşuşygyndan Ozal Günbatarly Liderler Bilen Maslahat Geçirdi
Forbes ýylyň iň abraýly zenanyny yglan etdi
Olaf Şols Germaniýanyň täze kansleri boldy
Berdimuhamedow Germaniýanyň täze saýlanan kanslerini gutlady
Türkmen Lideri Olaf Şolsy Germaniýanyň Kansleri wezipesine saýlanmagy bilen gutlady