07.12.2018 | Türkmenistan — Awstriýa: dostlugyň we sungatyň simfoniýasy

Şu gün Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň 10 ýyllygy mynasybetli dabara we bu waka bagyşlanyp, “Galkynyş” türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi.Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Medeniýet ministrligi we Awstriýa-türkmen jemgyýeti bilen bilelikde guralan çäräniň Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda geçirilýändigi bellärliklidir.

Munuň özi özygtyýarly Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek babatda onuň ähmiýetiniň uludygyny aňladýar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, dünýäniň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak, netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarydyr. Ýatlanylyp geçilen baýramçylyk senesi noýabr aýynda Wenanyň Diplomatik akademiýasynda bellenilip geçildi.

Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan guralan dabara ýerli döwlet edaralarynyň, diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň, işewürler toparlarynyň wekilleri, şeýle hem ýokarda agzalyp geçilen akademiýanyň professor-mugallymlar düzümi, Awstriýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary, metbugat we elektron neşirleriň birnäçesiniň žurnalistleri gatnaşdylar.

Aşgabatdaky waka hem uly gyzyklanma döretdi.Teatra giň jemgyýetçiligiň, ýurdumyzda işleýän daşary ýurt döwletleriniň ilçihanalarynyň we halkara guramalaryň, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, şu günler Aşgabatda geçirilýän “Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi” atly halkara maslahata gatnaşyjylar ýygnandylar. Şu günki çärä 2018-nji ýylyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar bilen baglylykda meýilleşdirilen medeni çäreleriň maksatnamasynyň bir bölegi hökmünde garalýar.

Beýik Ýüpek ýoluny düýpli öwrenmekde we onuň mirasyny dünýä ýaýmakda alnyp barylýan işler Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň dost-doganlyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň dünýäde giňden dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrülýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar.

Agşamyň dabaraly böleginiň dowamynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli amala aşyrylýan we dünýä bileleşiginiň ykrarnamasyna hem-de goldawyna mynasyp bolan açyklyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň ynsanperwer ugrunyň ähmiýeti bellenildi. Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk etmek, türkmen-awstriýa gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak şu syýasatyň möhüm ugry bolup durýar.

Wenada iki ýurduň hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, halklarymyzyň arasyndaky özara ynanyşmak ýagdaýyny we dostlugy pugtalandyrmaga ýardam edýän jemgyýetçilik guramasynyň döredilmeginiň özi hem Garaşsyz Türkmenistanyň tutuş dünýäniň ösüşindäki ornunyň ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr.

Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň başlygy hanym Neda Berger ýygnananlara gutlag sözi bilen ýüzlendi.Ol bu gurama tarapyndan medeniýet ulgamynda, maglumatlary alyşmakda we hyzmatdaşlyk babatda 10 ýylyň dowamynda durmuşa geçirilen bilelikdäki taslamalaryň ähmiýetini nygtady.

Mälim bolşy ýaly, 2008-nji ýylda Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň döredilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awstriýa bolan ilkinji resmi sapary bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. 2009-njy ýylyň maýynda döwlet Baştutanymyzyň goldaw bermeginde we howandarlygynda dünýäde deňi-taýy bolmadyk özboluşly döredijilik topary — “Galkynyş” türkmen-awstriýa simfoniki orkestri döredildi. 2009-njy ýylyň maýynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde orkestriň birinji konserti boldy, milli Liderimiz oňa hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Aşgabatda Wena ballarynyň üçüsi üstünlikli geçirildi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu aýdyň we köp öwüşginli çäreleriň hem hormatly myhmany boldy.Bilelikdäki çäreleriň hatarynda Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Medeniýet günlerini, Wena şäheriniň Aşgabatdaky Medeniýet günlerini, türkmen we awstriýa sungat ussatlarynyň çykyşlaryny görkezmek bolar.

Jemgyýetiň agzalary ýurdumyzda geçirilýän halkara maslahatlaryna, işewürler forumlaryna we festiwallaryna ençeme gezek gatnaşdylar. 2011-nji ýylda Awstriýa-türkmen jemgyýeti özüniň internet-serişdesini açdy, ol iňlis, nemes we rus dillerinde ýewropalylary Türkmenistanyň gadymy taryhy hem-de özboluşly baý medeniýeti, onuň häzirki güni, ykdysady we syýahatçylyk kuwwaty, sportda gazanýan üstünlikleri bilen tanyşdyrýar.

Jemgyýetiň Wenada neşir edýän “Galkynyş” žurnalynyň hem wezipeleri şundan ybaratdyr. 2013-nji ýylyň 12-nji iýunynda Awstriýa-türkmen jemgyýeti Awstriýada halkara derejesine eýe boldy, “Ähli Awstriýa — Halkara Pan —Jemgyýetleriniň baş assosiasiýasynyň” doly hukukly agzalygyna kabul edildi.

Tutuş dünýäniň halkara jemgyýetleriniň 100-den gowragy onuň agzasy bolup durýar.Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti assosiasiýanyň Hormatly Prezidenti bolup durýar.Agşamyň dabaraly bölegi tamamlanandan soň, “Galkynyş” türkmen-awstriýa simfoniki orkestriň çykyşy boldy.

Toparyň çeper ýolbaşçysy, awstriýaly dirižýor professor Wolfgang Harrer we onuň ýaş kärdeşi Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň baş dirižýory şu konserte dirižýorlyk etdiler.Konserte gatnaşmak üçin Awstriýanyň ýaş sazandalary — döredijilik bäsleşikleriniň köpüsiniň ýeňijileri, Wenanyň esasy orkestrleri bilen ençeme gezek çykyş eden skripkaçy Mari Izabel Kropfiç we pianinoçy Florian Feýlmaýr Aşgabada geldiler. Şu gün olar türkmen sazandalarynyň toparyna sazlaşykly goşuldylar.

Orkestr ýene-de sungatyň beýik güýjüniň bardygyny aýdyňlyk bilen görkezdi.Sungat özüniň ynsanperwerlik ýörelgeleri bilen adamlary birleşdirýär.Konsert “Galkynyş” pýesasy bilen açyldy.Dünýäniň hem-de milli nusgawy saz sungatynyň eserleri — Lýudwig wan Bethoweniň, Kamil Sen — Sansyň, Sezar Frankyň, Nury Halmämmedowyň giňden meşhur bolan simfoniki eserleri baýramçylyk agşamynyň maksatnamasyny düzdi.

Tomaşaçylar döredijilik agşamynyň ahyrynda ýaňlanan Iogann Ştrausyň “Mawy Dunaý” walsynyň täsin owazyny lezzet alyp diňlediler.Bu wals dünýäniň sazlaşygynyň we ajaýyplygynyň senasy hökmünde ýaňlandy.Ajaýyp türkmen-awstriýa dostluk baýramçylygynyň ahyrynda aýdymçylar, Türkmenistanyň Döwlet hory hem-de “Galkynyş” orkestri tarapyndan ýerine ýetirilen “Arkadag” diýen aýdymy türkmen-awstriýa dostlugynyň baýramçylygynyň jemlemesine öwrüldi.

Onda eziz Watanymyzyň ruhy kuwwaty, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik işleri wasp edilýär.Häzirki Türkmenistanyň gazanýan ähli üstünlikleri we ýeten belent sepgitleri döwlet Baştutanymyzyň ady bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

Ertir Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň 10 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çäresiniň çäklerinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasynyň goldaw bermeginde nemes we rus dillerinde neşir edilen “Galkynyş” žurnalynyň dördünji sanynyň tanyşdyryş çäresi bolar. Žurnalyň täze sany Türkmenistanyň “Türkmenistan — Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygaryna bagyşlandy.

Neşiriň nobatdaky sanynda ýylyň şanly wakalary barada makalalar we suratlar çap edildi. Žurnalda sahabynyň aşagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatyndaky çykyşy, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň açylyşy, TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berlişi, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Halkara welosiped gününiň döredilişi, “Amul — Hazar 2018” halkara rallisi, Wenada “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly maýa goýum hyzmatdaşlyk forumynyň geçirilişi baradaky habarlar we beýlekiler ýerleşdirildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ösüş we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmäge mynasyp bolan ajaýyp desgalary we gazanan üstünlikleri baradaky makala hem okyjylarda gyzyklanma döredýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan — Awstriýa: dostlugyň we sungatyň simfoniýasy
Wenanyň meri we gubernatory Wena balyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi
Wena balyna gutlag
Arkadag şäherinde V Wena baly we türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi
Arkadag şäherinde V Wena baly we Galkynyş türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi
Arkadag şäherinde ýurdumyzyň baý medeni durmuşyna aýratyn öwüşgin çaýan VI Wena baly açyldy