Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi, onda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, Prezident maksatnamalarynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine seredildi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, şu ýylyň sekiz aýynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi.
Wise-premýer şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň netijeleri barada hasabat berdi.Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler netijesinde, hasabat döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary önümçilik görkezijileri gazanyldy, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar.
Makroykdysady görkezijilere laýyklykda, jemi içerki önüm 6,2 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 4,4 göterim ýokarlandy.Hasabat döwründe bölek-satuw haryt dolanyşygy 19,5 göterim artdy.
Geçen ýylyň degişli döwrüne görä, ortaça aýlyk zähmet haky 9,2 göterim ýokarlandy.Býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.Hasabat döwründe rejelenen görnüşindäki Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyz boýunça durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň 77-siniň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň 32-siniň, 223,5 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk işleri alnyp baryldy.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 1 milliard 201,1 million manada barabar boldy.Milli Liderimiz hasabaty diňläp, halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynyň durnukly we okgunly ösüşini üpjün etmek üçin anyk çäreleri görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi, elektron senagatynyň ösdürilmegi, täze iş orunlarynyň döredilmegi, maýa goýum işiniň işjeňleşdirilmegi ýakyn geljek üçin işiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçmek hem esasy wezipeleriň hatarynda durýar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow munuň toplumlaýyn çäreleriň geçirilmegini talap edýändigini aýdyp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz işde goýberen kemçilikleri üçin, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy P.Allagulyýewi eýeleýän wezipesinden boşatdy.
Bu bankyň ýolbaşçysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň başlygynyň orunbasary Ş.Nepesowyň üstüne ýüklenildi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow gözegçilik edýän nebitgaz toplumynda şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşy boýunça meýilnama 100,8 göterim, nebiti gaýtadan işlemek baradaky meýilnama 103, 6 göterim, tebigy gazy eksport etmegiň meýilnamasy 101,1 göterim ýerine ýetirildi.Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, benziniň öndürilişiniň ösüş depgini 102,3 göterime, dizel ýangyjyny öndürmegiň ösüş depgini 100,3 göterime, polipropileniň öndürilişiniň ösüş depgini 101,9 göterime, maýa goýumlaryny özleşdirmegiň ösüş depgini 120,4 göterime deň boldy. Şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň meýilnama laýyklykda alnyp barylýandygy barada habar aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşi hem-de eksport kuwwatynyň pugtalandyrylmagy üçin ýurdumyzyň uglewodorod serişdeleriniň has netijeli peýdalanylmagyny üpjün etmäge gönükdirilen “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň” durmuşa geçirilişiniň meselelerine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumynyň düzüm bölümlerinde işleriň ýagdaýyny ýene-de bir gezek düýpli seljermegi hem-de nebiti we gazy çykarmagyň hem-de gaýtadan işlemegiň mukdaryny artdyrmak üçin bar bolan ätiýaçlyklaryň netijeli peýdalanylmagyny üpjün etmegi talap etdi.
Wise-premýere nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän nebit we gazhimiýa önümlerini çykarmak boýunça täze önümçilikleri döretmäge degişli görkezmeler berildi.Milli Liderimiz ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze gurluşyny kemala getirmek, sebitiň döwletleriniň arasynda özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmek babatda TOPH taslamasynyň uly halkara ähmiýetini belledi hem-de täze energetika geçirijisiniň gurluşygynyň barşyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz nebitgaz ulgamynyň işindäki kemçilikleri aýdyp, wise-premýer M.Meredowa berk käýinç yglan etdi hem-de pudakda amala aşyrylýan özgertmeleri işjeňleşdirmegi, ýangyç-energetika toplumynyň netijeli işlemegini ýola goýmak boýunça gysga möhletde anyk çäreleri görmegi berk talap etdi.
Döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändikleri üçin “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy D.Hajyýewe berk käýinç hem-de “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýewe käýinç yglan etdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.
Umuman, obasenagat toplumy boýunça önüm öndürmegiň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 104,6 göterime deň boldy.Oba we suw hojalyk ministrligi boýunça bu görkeziji 104,7 göterime, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti boýunça 104 göterime, “Türkmenatlary” döwlet birleşigi boýunça 105,4 göterime deň boldy.
Oba hojalyk toplumyna degişli ministrlik we pudaklaýyn dolandyryş edaralary boýunça maýa goýum serişdelerini özleşdirmek baradaky meýilnama 161,3 göterim berjaý edildi.Häzir ýurdumyzyň welaýatlarynda güýzlük bugdaý ekişi dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda pagta ýygymy möwsümine guramaçylykly girişilip, bellenilen meýilnamalary ýerine ýetirmek üçin degişli guramaçylyk işleri amala aşyrylýar.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, obasenagat toplumyny mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmek, ýurdumyzda dürli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak boýunça öňde durýan wezipeleriň möhümdigine ünsi çekip, bu barada wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere pagta ýygym möwsümini hem-de güýzlük däne ekişini bellenilen möhletlerde geçirmek bilen bagly birnäçe anyk tabşyryklary berip, oba hojalyk möwsümlerinde ulanylýan beýleki tehnikalara tehniki taýdan hyzmat etmek boýunça meselelere aýratyn üns bermegi talap etdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow gözegçilik edýän ulgamlarynda 2018-nji ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Hasabat döwründe Senagat ministrligi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 113,7 göterim ýerine ýetirildi we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 112,1 göterim ösüş depgini gazanyldy.
Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 126 göterim ýerine ýetirildi we 127,2 göterim ösüş depgini gazanyldy. Şu ýylyň sekiz aýynda haly we haly önümlerini dokamagyň meýilnamasy 123,6 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 108,3 göterime barabar boldy.
Hasabat döwründe “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim ýerine ýetirildi we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 106,7 göterime deň boldy.Döwlet balyk hojalygy komiteti boýunça önümçilik meýilnamasy 102 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 123,8 göterime deň boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, senagat toplumyny ösdürmegiň strategiýasynda bellenilen meýilnamalaýyn çäreleriň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi.Senagat ulgamynyň kärhanalarynyň kuwwatyny artdyrmak, önümçilikleri iň täze tehnologiýalar, zawodlary we fabrikleri dolandyrmaga hojalygyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmagyň meselelerini üns merkezinde saklamak möhümdir.
Milli Liderimiz içerki we daşarky bazarlary yzygiderli öwrenmegiň wajypdygyny aýdyp, wise-premýere gözegçilik edýän düzümlerinde okgunly ösüşi üpjün etmek üçin netijeli çäreleri görmegi tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 113,2 göterim berjaý edilip, 114,7 göterim ösüş depgini gazanyldy.
Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 100,1 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 108,9 göterime barabar boldy.Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 119,8 göterim ýerine ýetirildi. 2018-nji ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda 15 milliard 475 million 384 müň kilowat-sagat elektrik energiýasy öndürildi. “Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça hasabat döwründe öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň hem-de hyzmatlaryň meýilnamasy 100,2 göterim berjaý edilip, 101 göterim ösüş depgini üpjün edildi.
Soňra wise-premýer Aşgabat şäherini ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň dowamynda milli ykdysadyýetimizde möhüm pudaklaryň biri bolan energetika senagatyny ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hem habar berildi.
Eziz Diýarymyzyň geljekki ösüşleri bilen baglylykda elektrik energiýasyna bolan zerurlygyň artjakdygy nazarda tutulyp, kabul edilen “Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna” laýyklykda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze elektrik stansiýalary hem-de elektrik geçirijileri guruldy.
Mundan başga-da, wise-premýer her ýylyň sentýabr aýynyň ikinji şenbesinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Energetika senagatynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçirilmegi göz öňünde tutulýan çäreler barada hem hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş baýramyna — Garaşsyzlyk gününe çenli az wagtyň galandygyny belläp, Aşgabady has-da abadanlaşdyrmak, şäher düzümini ösdürmek boýunça işleri dowam etmegiň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň etraplaryny abadanlaşdyrmak işine jemagat hojalygynyň kärhanalaryny hem-de telekeçileri çekmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň amala aşyrylmagyny, ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalary gurmagyň meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegini, şäheriň inženerçilik-tehniki gulluklarynyň bökdençsiz işlemegini, jemagat hojalyklarynyň takyk we sazlaşykly işiniň üpjün edilmegini hemişe gözegçilikde saklamagyň möhümdigine wise-premýeriň ünsüni çekip, bu babatda anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen energetikleriniň bu wezipeleri üstünlikli amala aşyryp, elektrik energiýasyny öndürmekde, energetika desgalaryna hyzmat etmekde hem-de olardan netijeli peýdalanmakda gujur-gaýratlaryny gaýgyrman, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli berjaý etmäge saldamly goşant goşjakdyklaryny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Energetika senagatynyň işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli bellenilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek barada wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Hasabatda bellenilişi ýaly, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça haryt dolanyşygynyň umumy möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 5,4 göterim artdy, öndürilen önümiň mukdary 2,5 göterim ýokarlandy.
Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasynda söwda geleşikleriniň 166-sy geçirilip, şolarda 16 müň 250 şertnama hasaba alyndy.Söwda-senagat edarasy tarapyndan 2018-nji ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetirilen hyzmatlaryň mukdary, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 12,8 göterim artdy.
Hasabat döwründe 14 sergi we 13 maslahat geçirildi.Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça ýylyň başyndan bäri senagat önümlerini öndürmekde ösüş depgini 40,2 göterime, oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmekde ösüş depgini 36,9 göterime deň boldy.
Söwda dolanyşygy 1,6 göterim artdy, ilata edilýän hyzmatlar ulgamynda ýerine ýetirilen işler 1,9 göterim ýokarlandy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ykdysady özgertmeleriň dowam edýän döwründe söwda ulgamyny guramagyň esasy ýörelgelerinde düýpli özgerişlikleriň bolup geçendigini belledi. Şol özgerişlikler hususy pudagyň agdyklyk etmegi bilen bazar häsiýetine, telekeçilik işjeňligine eýe bolup, jemi içerki önümiň artmagyna özüniň oňat täsirini ýetirdi.
Harytlary öndürijileriň we sarp edijileriň arasynda hojalyk gatnaşyklarynyň hil taýdan täze ulgamy döredildi, döwlet Baştutanymyz ony geljekde hem kämilleşdirip, ösdürmegiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýeriň ünsüni azyk hem-de beýleki harytlaryň bolçulygyny döretmek üçin alnyp barylýan işlere berk gözegçilik etmegiň möhümdigine çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýylyň ahyryna çenli birnäçe uly çäreleriň göz öňünde tutulýandygy barada aýdyp, şolary ýokary derejede guramaçylykly geçirmäge hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynyň şygaryna laýyklykda, ylmy-amaly maslahatlaryň, dürli döredijilik duşuşyklarynyň we sergileriň, bäsleşikleriň, sahnalaşdyrylan çykyşlaryň hem-de milli medeni mirasy, türkmen halkynyň gadymy däp-dessurlaryny düýpli öwrenmäge we nesilden-nesle geçirmäge gönükdirilen aýdym-sazly dabaralaryň geçirilendigi bellenildi.
Aşgabatda dostlukly ýurtlaryň birnäçesiniň Medeniýet günleri geçirildi.Daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalary bilen bilelikde birnäçe çäreler guraldy.Teatrlaryň, muzeýleriň, kitaphanalaryň we beýleki medeniýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirilýär.
Dünýä ülňülerine laýyklykda, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işi kämilleşdirilýär, olar ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri beýan etmek boýunça işjeň iş alyp barýarlar. “Oguz han” adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan filmleriň birnäçesiniň önümçiligi tamamlandy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň edaralarynyň işini işjeňleşdirmegiň, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň, ýaş zehinleri ýüze çykarmagyň we olaryň döredijilik işini goldamagyň, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýylyň ahyryna çenli baýramçylyk dabaralaryna hem-de şanly senelere gabatlanylyp meýilleşdirilen çärelere ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça degişli görkezmeleri berdi.Milli Liderimiz ýurdumyzyň baş baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli paýtagtymyzda we welaýat merkezlerinde, ähli şäherlerde hem-de obalarda geçiriljek dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň wajypdygyny aýratyn nygtap, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow gözegçilik edýän ulgamlarynda ýanwar — awgust aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berip, 2018-nji ýylda neşir edilmegi meýilleşdirilen 200 görnüşli okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň 132 görnüşiniň neşir edilendigini aýtdy.
Okuw maksatnamalaryny milli we halkara tejribesine laýyklykda kämilleşdirmek, okuw işlerine innowasion tehnologiýalary hem-de ylmyň gazananlaryny işjeň ornaşdyrmak boýunça işler geçirildi.Hasabat döwründe ýurdumyzyň mekdep okuwçylary halkara ders bäsleşiklerinde 96 medala mynasyp boldular.
Türkmen talyplary şeýle ýaryşlarda 24 medal gazandylar.Halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň bilim edaralarynyň 17-si bilen daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň 18-siniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda şertnamalara gol çekildi. Ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynda we ýokary okuw mekdeplerinde ylmy mowzuklaryň 245-si boýunça işler alnyp baryldy.
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda ylmy-barlag we gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň döwlet maksatnamasyna laýyklykda, türkmen halkynyň gadymy maddy medeniýetine degişli gymmatly tapyndylaryň ençemesi ýüze çykaryldy.
Saglygy goraýyş ulgamynda Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyndan gelip gowşan serişdeleriň mukdary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 140 göterim artdy, ýerine ýetirilen hyzmatlardan we ýerlenen önümlerden gazanylan serişdeleriň ösüş depgini 117 göterime we şypahana hyzmatlaryndan alnan girdejiniň ösüş depgini hem 117 göterime deň boldy.
Sport ulgamynda hem halkara gatnaşyklar ösdürilýär.Hasabat döwründe ýurdumyzda içerki ýaryşlaryň 105-si we köpçülikleýin-sport çäreleriniň 70-si geçirildi.Türgenlerimiz halkara ýaryşlaryň 71-sine, şol sanda dünýä çempionatlarynyň 9-syna gatnaşyp, 4 medala mynasyp boldular, Aziýa çempionatlarynyň 24-sine gatnaşyp, 64 medala eýe boldular we beýleki ýaryşlarda 82 medal gazandylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jemgyýetimizde özgertmeleriň bilim ulgamy bilen berk arabaglanyşyklydygyny nygtady.Bilim ulgamy döwür bilen deň gadam urup, häzirki zamanyň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryny özünde jemlemek bilen, ýaş hünärmenleriň hünär ussatlygynyň derejesini ýokarlandyrmak boýunça möhüm wezipeleri çözmelidir.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüş depginleriniň ösüp gelýän nesillere bilim bermegiň we terbiýelemegiň täze ölçeglerini, okatmagyň usullaryny kämilleşdirmegi talap edýändigini belledi.Milli Liderimiz wise-premýere lukmançylyk ylmyny has-da ösdürmek hem-de saglygy goraýyş ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmak, işjeň durmuş ýörelgesiniň we bedenterbiýäniň gymmatlyklaryna aýratyn gadyr goýjak ösüp gelýän sagdyn nesilleri terbiýelemek üçin hemme şertleri döretmek barada tabşyryklary berdi.
Sport ulgamy hem çemeleşmeleriň täzelenmegine garaşýar.Bu ulgamyň kuwwatyny açmak üçin dünýäniň iň oňat tejribesini has işjeň öwrenmek gerek, munuň üçin tälimçilerimizi, eminlerimizi daşary ýurtlaryň öňdebaryjy sport merkezlerine hünärlerini ýokarlandyrmaga ugratmaly.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew gözegçilik edýän ulag-aragatnaşyk toplumynda 2018-nji ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Wise-premýer hasabat döwründe ýük, ýolagçy we aragatnaşyk hyzmatlarynyň meýilnamasynyň 109,5 göterim ýerine ýetirilendigini hem-de ösüş depgininiň 113,7 göterime deň bolandygyny habar berdi.
Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ulag hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 110 göterime barabar boldy. Ýük dolanyşygynda ösüş depgini 106,1 göterime, ýolagçy dolanyşygynda ösüş depgini 100,1 göterime barabar boldy.
Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 106,5 göterime barabar boldy. Ýük daşamakda meýilnama 104,2 göterim ýerine ýetirilip, ýük dolanyşygynda ösüş depgini 101,4 göterime hem-de ýolagçy dolanyşygynda meýilnama 102,8 göterim berjaý edilip, ösüş depgini 103 göterime barabar boldy.Aragatnaşyk ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetirilýän işleriň ösüş depgini 109,4 göterime deň boldy. “Türkmenhowaýollary” gullugy boýunça ýerine ýetirilen awiahyzmatlaryň ösüş depgini 130,8 göterime barabar boldy.
Bu görkeziji ýük dolanyşygynda 119,7 göterime we ýolagçy dolanyşygynda 110,5 göterime deň boldy.Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça ýük daşamakda meýilnama 105,4 göterim, ýolagçy gatnatmakda meýilnama 107,4 göterim ýerine ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek, sebit we yklymara ýollary ösdürmek boýunça başlangyçlarymyzyň ulag ulgamynyň kuwwatly maddy-enjamlaýyn binýadynyň döredilmegini talap edýändigini nygtady we awtomobil hem-de demir ýol ulagyna aýratyn üns berdi.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň halkara ykdysady gatnaşyklarynyň we daşary söwdanyň ösdürilmeginiň ýük gatnawlarynyň mukdarynyň artdyrylmagyny şertlendirýändigini nygtady. Şolara hyzmat etmekde hereket edýän we ýokary depginlerde täzeden döredilýän iri ulag ulgamlarynyň ornunyň artýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, wise-premýere bu meseleleri hemişe berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny iş ýüzünde durmuşa geçirmek bilen baglylykda, Daşary işler ministrliginiň şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyz döwletara derejesinde hem-de abraýly sebit we halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär.Hormatly Prezidentimiziň şu ýylda daşary ýurtlara bolan saparlarynyň hem-de daşary ýurt döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza saparlarynyň netijeleri munuň aýdyň subutnamalarydyr. Ýylyň başyndan bäri daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň üsti gol çekilen resminamalaryň 145-si bilen ýetirildi. Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň we beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmeler yzygiderli häsiýete eýe boldy. Şu ýylyň dowamynda bu ugurda duşuşyklaryň 37-si geçirildi.
Ikitaraplaýyn Hökümetara toparlarynyň we iş toparlarynyň mejlisleri geçirildi. Şolaryň işi dünýäniň dürli ýurtlary bilen özara bähbitli söwda-ykdysady we netijeli medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge gönükdirilendir. Şeýle hem daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki işewür forumlaryň birnäçesi guraldy.
Hasabatyň dowamynda wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Aşgabatda Aziýa — Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) 55-nji Baş Assambleýasynyň mejlisine we onuň çäklerinde geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Mejlisi 30-njy sentýabr, 5-nji oktýabr aralygynda geçirmek göz öňünde tutulýar.Mälim bolşy ýaly, ABU 1964-nji ýylda döredildi. Şu güne çenli 73 ýurduň teleradiokompaniýalarynyň 279-sy onuň agzasy boldy. 2012-nji ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti doly hukukly agza hökmünde ABU-nyň hataryna kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklary meselelerinde işjeň orny eýelemek bilen, mundan beýläk hem parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy ugruny gyşarnyksyz dowam etdirjekdigini, sebit we dünýä möçberinde abadançylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň çägini yzygiderli giňeltjekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, daşary işler ministrine gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen, özara gatnaşyklaryň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak maksady bilen, yzygiderli işleri alyp barmagy tabşyrdy.Milli Liderimiz Aziýa — Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş Assambleýasynyň öňümizdäki mejlisine ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmegini üpjün etmegiň wajypdygyny aýdyp, degişli meseleleriň üstünde içgin işlemegi tabşyrdy we türkmen paýtagtynda şeýle forumyň geçirilmeginiň teleradiogepleşikler ulgamynda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge we özara peýdaly tejribe alyşmaga ýardam etjekdigini belledi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa şu ýylyň sekiz aýynda milli parlamentiň alyp baran işleri hem-de Halk Maslahatynyň birinji mejlisine görülýän taýýarlyk barada habar berdi. Şu döwrüň içinde milli parlamentiň üç mejlisi geçirilip, şolaryň barşynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 34-si hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararlarynyň 46-sy kabul edildi. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň ösüşini kanunçylyk taýdan üpjün etmäge gönükdirilen hem-de döwletara gatnaşyklarynyň ösmegine ýardam edýän kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam edýär.
Halkara hyzmatdaşlygyny hem-de parlamentara gatnaşyklaryny giňeltmek maksady bilen, Mejlisiň deputatlary halkara çärelere we maslahatlara gatnaşdylar, kanunçykaryjylyk babatda halkara tejribesini öwrenmek üçin daşary ýurtlara iberildi. Ýylyň başyndan bäri daşary döwletleriň we halkara guramalaryň birnäçesiniň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky düzümleri bilen hyzmatdaşlyk dowam edýär.Soňra parlamentiň Başlygy şu aýda geçiriljek Halk Maslahatynyň birinji mejlisine görülýän taýýarlyk barada habar berdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, durmuş-ykdysady özgertmeleri sazlaşykly ilerletmegiň, kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny işläp taýýarlamagyň hem-de halkara gatnaşyklaryň kanunçylyk binýadyny berkitmegiň bähbidine milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça Mejlisiň alyp barýan işlerini has-da işjeňleşdirmegiň ähmiýetini belledi.
Döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda eýeleýän aýratyn ornuny belläp, ony guramak boýunça ähli meseleleri düýpli işlemegi hem-de umumymilli maslahatyň birinji mejlisini ýokary derejede geçirmek üçin zerur ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga, ykdysadyýetimizi senagat taýdan, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gönükdirilip kabul edilen ähli maksatnamalaryň käbir kemçiliklere garamazdan, umuman, üstünlikli ýerine ýetirilýändigini görkezýär diýip belledi. Ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüş depgini ýokary bolmagynda galýar.
Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary diýen ýaly, sekiz aýda bellenen tabşyryklary üstünlikli ýerine ýetirdi. Ýylyň ahyryna çenli az wagtyň galandygyny aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz Mary Döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde gurlan, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasyny, Amul — Hazar 2018 halkara awtorallisini, Halk Maslahatynyň mejlisini, berkarar döwletimiziň Garaşsyzlyk baýramyny, şeýle hem bellenen ähli halkara maslahatlaryny ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz şu ýyl üçin göz öňünde tutulan ähli desgalaryň ýokary hilli gurlup, ulanmaga berilmegini üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, umuman, 2018-nji ýylyň ýokary görkezijileri gazanmak bilen jemlenmelidigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, işde uly üstünlikleri, Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi diýlip yglan edilen ýylda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüşi arzuw etdi.