07.09.2018 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň başlygynyň orunbasary Şamuhammet Seýitliýewiç Nepesowyň üstüne ýüklenildi. * * * Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, döwlet tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Meredow Myratgeldi Resulowiçe berk käýinç yglan edildi. * * * Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, döwlet tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, Türkmenistanyň döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Arçaýew Myrat Gurbandurdyýewiçe käýinç yglan edildi. * * * Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, döwlet tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Hajyýew Döwletdurdy Täçdurdyýewiçe berk käýinç yglan edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Ýoga hiç zat ýok. Uly bolmadyk türkmen bergisi we berk nebit ruhy hakyndaky pýesa
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
12.04.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.01.2019 | Resmi habarlar