07.09.2018 | Awtomobil ýaryşlarynyň dünýä derejesindäki ussatlary Türkmenistana gelýärler

Şu gün paýtagtymyzyň howa menzilinde Pariž — Aşgabat ugry boýunça uly wekiliýet geldi.Olaryň düzüminde “Amul — Hazar 2018” awtorallini bilelikde guraýjy fransuz kompaniýasynyň wekilleri, hatarynda Beýik Britaniýadan, Çehiýa Respublikasyndan we beýleki ýurtlardan meşhur sürüjiler bolan ýaryşa gatnaşyjylar hem-de bu ýaryşlary beýan etjek žurnalistler — umuman, 117 adam bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan awtoulag ýaryşynyň täze taslamasy dünýäniň sport jemgyýetçiliginiň uly ünsüni çekdi.Munuň şeýle bolmagyna ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilen tanyşdyrylyş çäreleri ýardam berdi. Ýaryşlaryň guralmagyna meşhur “Africa Eco Race” ralli ýaryşynyň baş direktory Žan-Lui Şlesser hem gatnaşýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ýaryşlary geçirmek pikirini diňe bir öňe sürmegi däl, eýsem-de, guramaçylyk meselelerinden başlap, anyk hereketlere çenli onuň durmuşa geçirilmegine hut özüniň howandarlyk etmegi bu iri möçberli awtosport taslamasyna aýratyn dereje berýär.

Döwlet Baştutanymyzyň hut özi ýolsuz ýerlerde sürülýän sport ulagynyň sürüjisi hökmünde Garagum sährasynda awtomobil ýaryşynyň geçjek ýollaryny synag etdi. Şeýlelikde, Türkmenistanda awtoulag ýaryşy Lebap welaýatynda 11-nji sentýabrda badalga alýar. Şol günüň öňüsyrasy ol ýerde uzynlygy 1500 kilometr bolan Amul — Hazar ugry boýunça ralliniň açylyş dabarasy geçiriler. Ýoluň ugrunda ýaryşa gatnaşyjylaryň oňaýly dynç almagy, tehniki işler we medeni çäreler üçin duralgalaryň 4-si gurnaldy.

Döwrebap tehnikalar, howa ulaglary hem-de ralliniň ýany bilen gitmek we onuň geçişini ýaýlymlarda beýan etmek üçin beýleki ugurdaş serişdeler guramaçylaryň ygtyýaryna berildi.Daşary ýurtly myhmanlary ýokary derejede kabul etmek ýurdumyz üçin hemişe abraýly iş bolup geldi.

Parižden gelen wekiliýetiň türkmen topragyna gadam uran ilkinji minutlary hem munuň subutnamasy boldy.Olary Aşgabadyň Halkara howa menzilinde myhmansöýerlik bilen kabul etdiler. Öňde boljak çärelere gatnaşyjylaryň pikirlerini paýlaşyşy ýaly, paýtagtymyzyň esasy howa derwezesiniň keşbi olarda uly täsir galdyrdy. Ýerden göterilip, uçmaga hyýallanýan we asmana göterilip barýan guşa çalymdaş howa menziliniň äpet uly keşbi uzaklardan görünýär.

Onuň heniz taslama döwründen başlap, Merkezi Aziýa sebitinde iň iri desga hökmünde ykrar edilendigi ýöne ýerden däldir. Ýöne, onuň diňe bir gerimi haýran etmeýär — Halkara howa menziliniň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy, onuň hemmetaraplaýyn döwrebaplygy hem-de içki bezegleri türkmen topragynyň myhmanlaryna diňe ajaýyp duýgulary bagyş etdi. Ýolagçy terminalynyň binasyndaky işewürlik zolagy hem hyzmatlaryň iň ýokary ölçeglerine kybap gelýär, bu ýerde hemme zerur işleri (uçara münmäge tiz bellige almak, gümrük we pasport gözegçiligi) tiz ýagdaýda geçip bolýar.

Garaşylýan owadan zalda myhmanlara sowujak miwe suwlary, çaý, kofe hödürlenilýär.Olar şeýle hem “şwed stolundan” peýdalanyp biler, ter miweleri we süýji önümleri buýrup bilerler.Wi-Fi-a erkin elýeterlilikden başga-da, işewür adamlar üçin zerur bolan hyzmatlar hem-de degişli guramaçylyk tehnikalary (faks, printer, kseroks, skaner) göz öňünde tutulandyr.

Işewürleriň iş tertibinde her bir minutyň hasaply bolany sebäpli, olar gepleşikleriň öň ýanynda myhmanhana girmezden, özlerini gerekli tertibe getirip biler.Oňaýly ýumşak mebeli bolan dynç alyş otagy hem bolup, onda telewizor görmek bolýar, şeýle hem bilýard oýnalýan ýer we elbetde, eneler we çagalar üçin zerur bolan otag, namaz okar ýaly ýer bar.

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden myhmanlar ýol polisiýasynyň BMW i8 elektrokar ulaglarynyň ugratmagynda ýerli uçuşlaryň amala aşyrylýan howa menziline getirildi.Bu ýerden olar tiz wagtda Türkmenabat şäherine uçdular.Ol ýerden Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ugry boýunça guralýan ralli ýaryşynyň başy başlanar.

Ozallar bu ýerlerden gülläp ösen şäherleriň arasynda ýaýlyp giden çäge ummanlaryny kesip geçýän kerwen ýollary geçen bolsa, häzirki döwürde bu ýerde birinji derejeli awtoýollar we täze demir ýollar çekildi, iň häzirki zaman howa menziliniň toplumlary guruldy.

Töweregiň tebigy gurşawyna goşulmak bilen bularyň ählisi myhmanlarymyza Beýik Ýüpek ýolunyň bir wagtyň özünde geçmişini we häzirki döwrüni göz öňüne getirmäge ajaýyp mümkinçilik bagyşlaýar.Bu ýol häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işjeň tagallalary hem-de netijeli halkara syýasaty, diplomatiýasy netijesinde ýurtlary we halklary birleşdirip, täzeden dikeldilýär.

Ýene degişli makalalar

10.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti halkara awtorallisiniň ýolbaşçysyny we çempionyny kabul etdi
12.05.2018 | Hormatly Prezidentimiz “Amul Hazar 2018” Halkara awtorallisiniň saýlama tapgyryna gatnaşdy
Halkara awtorallisi dünýä ýaň salar
17.05.2018 | Russiýada Amul — Hazar 2018 halkara awtorallisiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Russiýada Amul — Hazar 2018 halkara awtorallisiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
19.06.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Awtoulag sport merkezine bardy
“Amul Hazar 2018” türkmen sportunyň nobatdaky üstünligi