Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi.Onda ýylyň geçen ýedi aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijeleri jemlenildi hem-de olaryň işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlenildi.
Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýurdumyzda durnuklylygy, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmek, Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi babatda harby düzümleriň ýokary hünärli işgärler bilen üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça görlen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem garalýan döwürde MHM-iň alyp baran işleri barada habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oňyn bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly bolan ýurdumyzyň türkmen halkynyň gadymdan bäri ugur edinýän parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk maksatlaryna yzygiderli eýerýändigini belledi.
Bu ýörelgeler goranyş häsiýetli Harby doktrinada beýanyny tapdy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary hünär derejeli serkerdeler bilen üpjün edilmeginiň wajypdygyny nygtap, degişli çäreleri geçirmegi tabşyrdy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy MHM-iň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin anyk çäreleri görmegiň zerurdygyny belläp, anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow geçen ýedi aýda ýolbaşçylyk edýän düzüminiň alyp baran işleriniň netijeleri hem-de ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini saklamak we hukuk düzgün bozulmalarynyň, awtoýollarda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz ministrligiň bölümleriniň öňünde duran ileri tutulýan wezipelere ünsi çekip, işlere öňdebaryjy usullary ornaşdyrmagyň zerurdygyny belledi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmegiň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigine ünsi çekip, bu babatda degişli çäreleri guramak barada ministre tabşyryklary berdi. Şeýle-de ýol hereketini düzgünleşdirmek hem-de ýangyna garşy degişli düzgünleriň berjaý edilmegi bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda görkezmeler berildi.
Goranmak ministri B.Gündogdyýew ýanwar — iýul aýlarynda Milli goşunyň harby bölümleriniň alyp baran işleriniň netijeleri, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem türkmen döwletiniň goranyş ukyplylygyny has-da pugtalandyrmaga, esgerleriň hem-de serkerdeleriň gulluk etmegi we durmuşy üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilen giň gerimli harby özgertmäniň durmuşa geçirilişiniň barşy barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Goranmak ministrliginiň işini kämilleşdirmek baradaky meselelere degip geçip, Ýaragly Güýçleriň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşynyň derejesini ýokarlandyrmagyň hem-de Watan goragçylarynyň söweşjeň okuwlaryna häzirki zamanyň tehnologiýalaryny we serişdelerini iş ýüzünde giňden ornaşdyrmagyň ilkinji nobatdaky wezipeler bolup durýandygyny nygtady.
Munuň özi şahsy düzümiň hünär ussatlygynyň, birikmeleriň we harby bölümleriň söweşjeň ukyplylygynyň artmagyna ýardam berer diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe anyk tabşyryklary berdi.Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew 2019-njy ýylyň geçen döwründe milli kazyýet ulgamyny özgertmek hem-de işlere garalanda kanunyň ähli zatdan ileri tutulmagyny üpjün etmek, edaranyň işgärler düzümini pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilen toplumlaýyn çäreler baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, bu edaranyň işgärleriniň öz üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirenlerinde, ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuklaryny we azatlyklaryny berk berjaý etmek ýörelgelerine eýermelidiklerini belledi.
Döwlet Baştutanymyz kazyýetiň işlerinde anyklyk we aç-açanlyk ýörelgeleriniň yzygiderli berjaý edilmelidigini aýdyp, degişli görkezmeleri berdi.Baş prokuror B.Atdaýew şu ýylyň ýedi aýynda ýurdumyzda hereket edýän kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik etmek boýunça durmuşa geçirilen işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, prokuratura edaralary tarapyndan amala aşyrylýan işleriň möhümdigini nygtap, bu düzümiň öňünde duran jogapkärli wezipelere ünsi çekdi.Hormatly Prezidentimiz kanunlaryň berjaý edilişine prokuror gözegçiligini kämilleşdirmegiň zerurdygyny aýdyp, hereket edýän kadalaşdyryjy-hukuk namalaryň düzgünleriniň ähli edaralar tarapyndan berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmek barada görkezmeleri berdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisi dowam edip, prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda resminama gol çekdi.
Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ş.Durdyýew ähli döwletler bilen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýan ata Watanymyzyň suw hem-de guryýer serhetleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmek maksady bilen, ýylyň başyndan bäri durmuşa geçirilen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bu gullugyň işiniň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi hem-de döwrebap toplumlaryň gurulmagy bilen birlikde, serhet galalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagy dowam etmegiň zerurdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş esgerleri söweşjeň taýdan taýýarlamak we watançylyk ruhunda terbiýelemek, gulluklaryny üstünlikli alyp barmagy üçin olara hemme şertleri döretmek boýunça maksada gönükdirilen işleriň amala aşyrylmalydygyny nygtap, türkmen topragynda parahatçylygy we asudalygy saklamak üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Osmanow şu ýylyň ýedi aýynda edaranyň alyp baran işleri barada hasabat berdi.Soňra milli Liderimiz gullugyň ýolbaşçysy A.Osmanowy saglyk ýagdaýy sebäpli eýeleýän wezipesinden boşatdy.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy wezipesine M.Hudaýkulyýew bellenildi.Täze bellenilen ýolbaşçysy Döwlet baýdagyna togap edip, mukaddes Kasam aýtdy hem-de Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowy gümrük edaralarynyň işgärleriniň öz öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.
Milli Liderimiz gullugyň täze başlygyna ýüzlenip, ýurdumyzyň daşary ykdysady işleriniň geriminiň giňelýändigi bilen baglylykda, döwletimiziň serhedinden geçirilýän harytlaryň mukdarynyň hem-de ulag serişdeleriniň we ýolagçylaryň sanynyň artýandygyny belledi.Bu bolsa gümrük işini dolandyrmagyň täze usullaryny ornaşdyrmak bilen birlikde, öňdebaryjy tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini işjeň peýdalanmagy-da talap edýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de edaranyň öňünde duran wezipeleriň çözülişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra adalat ministri B.Muhamedow şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýolbaşçylyk edýän edarasynyň alyp baran işleri hem-de ilata kabul edilýän kanunçylyk resminamalarynyň mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hereket edýän kadalaşdyryjy-hukuk namalaryna yzygiderli gözegçilik edip durmagyň hem-de zerur bolanda olary umumy kabul edilen ölçeglere we dünýäniň kanunçykaryjylyk tejribesine laýyklykda kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamagyň wajypdygyny nygtady. Şonuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz raýatlara hünär derejeli hukuk kömeginiň berilmelidigini aýdyp, bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdow şu ýylyň ýedi aýynda ýurdumyza daşary ýurtly myhmanlaryň gelmegini ýönekeýleşdirmek boýunça alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de ýolbaşçylyk edýän düzüminiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz soňky ýyllarda ösen düzümleriň üpjün edilmegi netijesinde, Türkmenistanyň sebit we dünýä derejeli möhüm çäreleriň geçirilýän ýerine öwrülendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu edaranyň işgärleriniň jogapkärçiliginiň artýandygyna ünsi çekdi.
Milli Liderimiz olaryň esasy wezipesiniň işewür hem-de tanyşlyk saparlary bilen ýurdumyza gelýän daşary ýurtly raýatlaryň hasabynyň alnyp barylmagyny üpjün etmekden ybaratdygyny nygtady.Hormatly Prezidentimiz işgärleriň hünär taýdan taýýarlygyny ýokarlandyrmagyň hem-de migrasiýa amallaryny geçirmek üçin halkara ölçeglere kybap gelýän şertleri döretmegiň zerurdygyna ünsi çekip, birnäçe görkezmeleri berdi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde beýleki meselelere hem garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, bu ýere ýygnananlara berk jan saglyk hem-de berkarar Watanymyzy gülledip ösdürmegiň, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.