07.06.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda durmuş-ykdysady, ulag-aragatnaşyk we beýleki degişli düzümleri mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga hem-de ösdürmäge gönükdirilip durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalary bilen baglylykda işlenip taýýarlanylan gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy. Ýurdumyzda bolup geçýän düýpli özgertmeleriň öň hatarynda barýan ak mermerli Aşgabat özüniň ajaýyp binagärlik gurluşy bilen haýran galdyrýar.

Soňky ýyllarda paýtagtymyz onlarça nusgalyk binalara we desgalara, şol sanda iri ýaşaýyş toplumlaryna beslendi.Milli Liderimiziň täzeçillik strategiýasyna baglylykda, sazlaşykly ösýän türkmen paýtagty şäherde ýaşamagyň döwrebap we ähli amatlyklary bolan köpugurly nusgasyny özünde jemleýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda şular ýaly giň möçberli özgertmeleriň Türkmenistanyň ähli sebitlerinde, şäherlerinde we obalarynda giňden ýaýbaňlandyrylandygyny aýratyn bellemek gerek.

Bu meseleler baş maksady ýurdumyzyň gülläp ösdürilmeginden, halkyň durmuş derejesiniň we hiliniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyndan ybarat bolan döwlet syýasatynyň başyny başlan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar.Ir bilen döwlet Baştutanymyz tanyşdyryş çäresiniň geçirilýän ýerine geldi.

Bu ýerde geljekki desgalar hakynda doly maglumat berýän taslamalar we çyzgylar goýlupdyr.Bu ýerde milli Liderimizi Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary garşyladylar.

Wise-premýer D.Amangeldiýew döwlet Baştutanymyzy ilki bilen “Nusaý” myhmanhanasynyň ikinji nobatdakysynyň gurluşygynyň taslamasy bilen tanyşdyrdy. 5 gatly täze myhmanhanalar toplumynda otaglaryň 134-si, şol sanda aňrybaş amatly we VIP otaglary ýerleşdiriler.

Restoranlar, toý mekany, maslahatlar zaly, fitnes merkezi, suwda ýüzülýän howuz, gözellik salony, sowgatlyk dükany hem myhmanlaryň hyzmatynda bolar.Täze desga myhmanhananyň baş binasy bilen birleşdiriler. Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna köpugurly işewürlik merkezli, ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyrylan ajaýyp “Garagum” myhmanhanasynyň taslamasynyň dürli görnüşleri hödürlenildi.

Onuň gurluşygy üçin A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň demirgazyk-gündogar tarapynda ýer bölegi berler.Täze myhmanhanada ähli amatlyklary bolan otaglar myhmanlaryň ygtyýarynda bolar.Paýtagtymyzyň myhmanhanalarynyň üstüni ýetirjek bu toplumyň çäginde 500 orunlyk toý mekanyny, sport zolagyny, çagalar üçin oýun meýdançasyny, üsti ýapyk awtoduralgany, degişli tehniki gulluklar üçin desgalary ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar. Özboluşly çözgütler myhmanhananyň binagärlik keşbini tapawutlandyryp, olarda milli binagärligiň gadymy däpleri, Türkmenistanyň dünýä belli taryhy-medeni ýadygärlikleriniň keşbi hem-de Garagum çöli ýaly tebigy gözellikler öz beýanyny tapar.

Milli Liderimiz görkezilen taslamalar bilen içgin tanşyp, olar babatynda birnäçe bellikleri we maslahatlary aýtdy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli, oňyn daşary syýasat ugry, yklymüsti ýollaryň strategiki taýdan ähmiýetli çatrygynda ýerleşmegi sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezi hökmünde ata Watanymyzyň abraýynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.

Häzirki döwürde ýurdumyz dürli ugurlarda döredijilikli başlangyçlary öňe sürýär, Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegine işjeň gatnaşýar, bu ýoluň möhüm bölegi köp asyrlar mundan ozal türkmen topragynyň üstünden geçipdir.Bularyň ählisi ýurdumyza gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň yzygiderli artmagyny şertlendirýär diýip, döwlet Baştutanymyz myhmanhana işewürliginde bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak maksady bilen, iň gowy dünýä tejribesini hem-de öňdebaryjy işläp taýýarlamalary işjeň çekmegiň zerurdygyny nygtady.

Milli Liderimiz “Nusaý” myhmanhanasynyň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň taslamasyny makullap, “Garagum” köpugurly işewürlik merkezli myhmanhanasynyň taslamasyny gutarnykly işlemegi tabşyryp, bu desgalaryň halkara ülňülerine doly laýyk gelmelidigini belledi.Täze desgalaryň daşky we içki bezegi içgin seljerilmelidir, şunda binagärlik çözgütleri reňk aýratynlyklary hem-de olaryň içki bezegi göz öňünde tutulmalydyr, milli bezeg aýratynlyklarynyň giňden peýdalanylmagy binalaryň keşbine aýratyn öwüşgin çaýar. Ýurdumyzyň ähli myhmanhanalarynda hyzmatlar ýokary derejede we birkemsiz üpjün edilmelidir, munuň özi türkmen halkynyň gadymy myhmansöýerlik däplerine kybap gelmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taslamalary düzüjilere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Aşgabat şäheriniň Gurtly ýaşaýyş toplumynda gurulmagy meýilleşdirilýän ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de durmuş maksatly desgalary gurmagyň taslamasy hödürlenildi.Bu ýerde dört gatly, jemi altmyş iki sany ýaşaýyş jaýy — 52 öýli 22 jaýy hem-de 48 öýli 40 jaýy, 160 çaga niýetlenen çagalar bagyny, 320 orunlyk mekdebi, şeýle hem Söwda-dynç alyş merkezini, iki gatly dükanlaryň 10-syny we bazary gurmak meýilleşdirilýär.

Her bir jaýda iki gatly dükanlar we bazar ýerleşdiriler.Her jaýda giň bir, iki, üç we dört otagly öýler göz öňünde tutulýar.Soňky ýyllarda ýurdumyzda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň giň gerime eýe bolandygy guwançly ýagdaýdyr.

Türkmenistanlylary döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek boýunça öňde goýlan maksatlara ýetilmegine belent ýaşaýyş jaýlary bilen bir hatarda, ýokary amatlyklary bolan az gatly jaýlary hem gurmak baradaky döwlet Baştutanymyzyň çözgüdi gönükdirilendir.

Munuň özi ilatyň amatly hem-de özlerine kybap ýaşaýyş jaýyny saýlamak mümkinçiligini has-da giňelder. Ýaşaýyş jaýlary döwrüň talaplaryna hem, raýatlaryň isleglerine hem laýyk gelmelidir.Milli Liderimiz durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna çynlakaý hem-de jogapkärli çemeleşmelidigini nygtap, şunuň ýaly taslamalar düzülende hem-de amala aşyrylanda adamlaryň durmuşy üçin aňrybaş amatly şertleriň döredilmeginiň ileri tutulýan ugur bolup durýandygyny belledi. Ýaşaýyş durmuş amatlyklaryň zerurlygy bilen bir hatarda, täze ýaşaýyş toplumynda sport bilen meşgullanmak hem-de adamlaryň boş wagtyny gyzykly geçirmegi üçin şertleriň göz öňünde tutulmalydygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýanaşyk ýerleriň abadanlaşdyrylmagy hem-de bagy-bossanlyga bürelmegi baradaky meseläni düýpli öwrenmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri üçin suw arassalaýjy desgalaryň ikisiniň gurluşygy boýunça hödürlenen teklipler bilen tanyşdy, desgalary Ahal welaýatynyň çäklerinde gurmak meýilleşdirilýär.Olaryň kuwwatlylygy degişlilikde bir gije-gündizde 150 müň we 250 müň kub metre deň bolar.

Milli Liderimiz adamlaryň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygy, ilatyň sanynyň artýandygy, paýtagtymyzy geljekde ösdürmegiň meýilnamalary nazara alnyp, aşgabatlylaryň arassa agyz suwuna zerurlyklaryny kanagatlandyrmak bilen baglylykda bu desgalaryň ähmiýetini belläp, şunuň ýaly desgalaryň gurluşygynyň taslamalaryny içgin seljermegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunda olaryň häzirkizaman ýöriteleşdirilen enjamlar bilen üpjün edilmelidigine ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimize Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde bina edilmegi göz öňünde tutulýan ýaşaýyş toplumynyň Baş meýilnamasy, täze iri ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalary we nusgalary görkezildi.Gurluşyk üçin Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda ýerleşdirilen ýer bölegi bölünip berildi.

Bu ýerde dört gatly iri panelli jaýlarynyň — 40 öýli ýaşaýyş jaýlaryň 22-si we 32 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 17-si, bäş otagly iki gatly kottejleriň 170-si, 600 okuwça niýetlenen orta mekdep, Söwda merkezleriniň 2-si hem-de hyzmatlar öýleriniň 2-si bina ediler. 40 öýli ýaşaýyş jaýlaryň 22-siniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda barýar.

Galan desgalaryň gurluşygyny iki tapgyrda amala aşyrmak meýilleşdirilýär.Halkymyzyň abadan we bagtly durmuşyny üpjün etmek şunuň ýaly durmuş maksatly taslamalaryň ileri tutulmagyny aňladýar, şolaryň amala aşyrylmagy netijesinde, türkmenistanlylaryň köpsanly maşgalalary her ýyl ähli amatlyklary bolan döwrebap öýlerde jaý toýlaryny tutýarlar diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow geljekde iri toplumda zerur bolan ähli düzümi göz öňünde tutmagy, köçeleri abadanlaşdyrmagy, täze ýaşaýyş toplumyny bagy-bossanlyga büremegi tabşyrdy.

Meýilnamalaşdyrylan täze gurluşyklaryň hatarynda Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda gurulmaly awtomenziller hem bolup, olaryň taslamalaryny wise-premýer M.Çakyýew milli Liderimiziň garamagyna hödürledi.Desgalaryň her biri 3 gektar meýdanda ýerleşýär hem-de 700 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenendir.

Awtomenziliň 2 gatly binasyndan başga, her toplumyň çäginde kömekçi we tehniki binalar, üsti ýapyk duralgalar ýerleşdiriler, desgalaryň binagärlik keşbi milli öwüşgine eýe bolar.Döwlet Baştutanymyz bu desgalaryň Baş meýilnamasy, taslamalary we çyzgylary bilen tanşyp, ýurdumyzda kemala gelýän köpugurly ulag ýollarynyň aýrylmaz bölegine öwrüljek täze awtomenzillerde ähli amatlyklary hem-de ýolagçylara hyzmat etmegiň ýokary derejesini, awtobuslaryň hereketi barada maglumatlaryň berilmeginden başlap, ýol petekleri barada habarlaryň berilmegine çenli ähli hyzmatlaryň ýola goýulmagyny göz öňünde tutmagyň zerurdygyny aýtdy.

Tanyşdyryş çäresiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda guruljak täze kottej toplumynyň Baş meýilnamasyny we ýerleşiş çyzgysyny hödürledi.Toplum deňziň kenarynda ýerleşer.

Onuň düzümine 1080 orunlyk 63 sany kottej, dynç alyş zolaklary, sport we çagalar oýun meýdançalary, howuzlar, awtoduralgalar, dolandyryş binalary girer.Bu ýerde 2 we 4 maşgala niýetlenen üç görnüşli kottejleri gurmak göz öňünde tutulýar.

Toplumy Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalarynyň paýlarynyň esasynda gurmak meýilleşdirilýär.Mundan başga-da, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň çäginde deňiz tolkunlaryndan galyp barýan guwlaryň şekili görnüşindäki binany gurmak teklip edilýär.

Onuň taslamasy boýunça wise-premýer M.Çakyýew hasabat berdi.Bina “Jadyly kenar” seýilgäh-dynç alyş toplumynyň öňündäki aýlaw ýolunyň merkezinde gurlar.Desganyň düýbüniň diametri 36 metr, umumy beýikligi 23 metre deň bolar.

Hazaryň ekologiki taýdan arassa kenarynda diňe dynç almak däl-de, eýsem, ajaýyp tebigy şertler - arassa howa, güneşli we deňiz tolkunlary netijesinde saglygyňy berkitmek bolýar.Olar uzak wagtlap ajaýyp duýgulary kepillendirýär diýip, milli Liderimiz täze kottej toplumynda dörediljek şertler bilen gyzyklandy hem-de diňe tomusda däl-de, ýylyň ähli pasyllarynda Awaza maşgala bolup dynç almaga gelýänler üçin amatly şertleriň üpjün edilmelidigini belledi. Ýokary halkara ölçeglerine kybap gelýän hyzmatlara köpçüligiň elýeterliligi deňiz dynç alyş zolagyny döretmegiň meýilnamasynda göz öňünde tutuldy.

Munuň özi gurulýan we gurulmagy meýilleşdirilen desgalaryň ýokary hil derejesinde gurulmagynyň we elbetde, hödürlenýän hyzmatlaryň birkemsiz bolmagyny şertlendirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.Bina barada aýdylanda bolsa, milli Liderimiz onuň Awazanyň bezegine öwrülmelidigini hem-de ajaýyp duýgulary döretmelidigini aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň çyzgysyny hem-de tehniki häsiýetnamasyny, bu ýoluň ugrunda töleg terminallaryny, motelleri, naharhanalary, dükanlary, dermanhanalary, awtoulaglara ýangyç guýujy beketleri, şeýle hem awtoduralgalary, ulanyş we dolandyryş merkezlerini we beýleki degişli desgalary, hususan-da, inženerçilik desgalaryny ýerleşdirmegiň meýilnamasyny hödürledi. Ýurdumyzda amala aşyrylýan ýol-ulag ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň we kuwwatyny artdyrmagyň strategiýasy bilen baglylykda, täze awtomobil ýolunyň ähmiýetini nygtamak bilen, milli Liderimiz ulag ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk meselelerinde Türkmenistanyň başlangyjyny belledi, munuň özi durnukly ösüşiň maksatlaryny gazanmakda täsirli şert bolup, oňa sebit we sebitara ulag-aragatnaşyk düzüminiň möhüm bölegi hökmünde garalýar.

Täze guruljak awtoban ähli ölçegler boýunça ýokary halkara ülňülerine laýyk gelip, ýol örtügini, gurluşyny hem-de döwrebap wideogözegçilik ulgamlary we beýleki ýörite enjamlar bilen üpjünçiligi öz içine almalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Tanyşdyryş çäresiniň barşynda hormatly Prezidentimiziň garamagyna Aşgabadyň şaýollaryndan we köçelerinden degişli inžener-tehniki ulgamy peýdalanmak hem-de paýtagtymyzyň lagym-aragatnaşyk ötüklerini herekete getirmek arkaly çabga ýagyşlarynyň uly möçberlerini sowmak boýunça göz öňünde tutulýan işleriň meýilnamasy hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz bu ulgamyň çyzgylary işlenip taýýarlanylanda ähli ölçegleriň ylmy taýdan esaslandyrylmagynyň, oýlanyşykly ýerleşdirilmeginiň möhümdigini belläp, paýtagtymyzy köp mukdarda ýagýan ýagynlardan goramak, ýurdumyzyň baş şäheriniň durmuş üpjünçiliginiň ähli ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegini, onuň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen bu ugurda geçirilýän çäreleriň ähmiýetini nygtady. Çabga ýagyş suwlaryny sowmagyň ulgamy taslanyp düzülende hem-de döredilende şunuň ýaly desgalara bildirilýän talaplar berk berjaý edilmelidir, ähli zatlar hasaba alynmalydyr diýip, milli Liderimiz bu taslamany gutarnykly işlemek boýunça degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokarda aýdylanlary jemläp, paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň sebitleriniň okgunly ösýändigini, olarda täze ýaşaýyş toplumlarynyň, senagat we seýilgäh zolaklarynyň kemala gelýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz her bir desga ýerleşdirilende onuň bellenilen iş ugrunyň içgin işlenilip taýýarlanylmalydygyny hem-de bökdençsiz işlemegi babatynda talaplara doly laýyk gelmelidigini nygtady.

Täze binalar we desgalar gurlanda olaryň ähli taraplarynyň seljerilmegi zerurdyr, şunda ýokary hilli gurluşyk we timarlaýyş serişdeleriniň saýlanyp alynmagy göz öňünde tutulmalydyr, olary peýdalanmagyň maksadalaýyklygy, Türkmenistanyň tebigy — howa şertlerine laýyk gelmegi, ekologiýa we bezeg taýdan döwrebaplygy, gurluşyk üçin bölünip berlen ýerleriň aýratynlyklary, soňra desgalaryň netijeli ulanylmagy göz öňünde tutulmalydyr.

Paýtagtymyzyň, şäherleriň hem-de obalaryň keşbinde milli binagärlik ýörelgelerimiz häzirki zaman binagärliginiň we bezeg sungatynyň gazananlary bilen utgaşykly sazlaşmagy öz beýanyny tapmalydyr. Ýokarda bellenilişi ýaly, ulag-aragatnaşyk düzümini döwrebaplaşdyrmak hem-de ösdürmek paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, şunuň bilen bagly ähli meseleleri, şol sanda bar bolan ýollaryň durkuny düýpli abatlamak we täze ýollary gurmak, jemgyýetçilik ulaglarynyň duralgalaryny, ýerasty we ýerüsti geçelgelerini abadanlaşdyrmak ýaly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz taslama, gurluşyk we beýleki degişli işleri ýerine ýetirmegiň möhletlerini berjaý etmegiň üýtgewsiz talap bolup durýandygyny ýatlatdy. Öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ulanmak hem-de uzakmöhletleýin geljegi nazara almak, sazlaşyk we amatlylyk, adamlaryň döredijilikli zähmet çekmegi hem-de dynç almagy üçin ähli şertleri döretmek ýurdumyzda amala aşyrylýan taslamalary we ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde daýanmaly ugurlar bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. *** Taslamalar bilen tanyşdyryş çäresinden soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygyna, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna özüniň täze döreden eserini — “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” atly türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilen kitabyny gowşurdy.

Milli Liderimiziň galamyndan çykan eserleriň türkmenistanlylaryň ýan kitabyna öwrülip, diňe bir ýurdumyzyň okyjylarynyň däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem giň ykrarnama eýe bolandygy bellärliklidir.Dünýäniň dürli dillerine terjime edilen şol kitaplar beýleki döwletleriň halklary üçin türkmen halkynyň baý taryhy, özboluşly däp-dessurlary hem-de häzirki döwürde ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Döwlet Baştutanymyzyň täze kitabynyň adynyň çuňňur manysy bar, çünki onda her bir ynsan üçin enäniň mukaddesligi Watan, öý-ojak, maşgala, ene-ata bilen çagalaryň arasyndaky gatnaşyklaryň esaslary ýaly mizemez gymmatlyklar beýan edilýär.

Hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp işinde türkmenleriň enä mukaddeslik hökmünde sarpa goýmak ýaly milli özboluşly häsiýetinde asyrlardan bäri kemala gelen asylly ýörelgeleriň täze eýýamda dowamata eýe bolýandygy tassyklanýar.Döwlet Baştutanymyz öz eseriniň sahypalarynda türkmen halkynyň gadymy ruhy-ahlak we maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylygyň aýdyň nusgasy bolup durýan mähriban käbesi Ogulabat ejäniň durmuş ýola barada gürrüň berýär.

Milli Liderimiziň täze kitaby eziz enelerimize hormat goýmagyň we olary sarpalamagyň belent nusgasydyr.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmenistanlylaryň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagy üçin hemme zerur şertleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan baý we sazlaşykly ösen ýaş nesli kemala getirmäge, enelere aýratyn orun berilýän jemgyýetde maşgala gymmatlyklarynyň berkarar bolmagyna örän uly üns berilýär.

Hemme döwürlerde türkmen zenanlary-eneleri maşgala ojagyna, çagalary terbiýelemegiň esasynda goýlan ata-babalarymyzyň parasatly ündewlerine we däp-dessurlaryna ygrarly bolupdylar we şeýle bolmagynda galýarlar. “Sözden başlanýan ägirtlik”, “Öý-ojagyň gelşigi”, “Ene — ulus-iliň enesi, çäksiz hormat eýesi”, “Ene — döwletlilik” ýaly dört bölümden ybarat bu kitapda enelere bagyşlanyp, asyrlaryň dowamynda dörän rowaýatlar hem getirilýär.

Baş sahabynda Arkadag Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň suraty ýerleşdirilen täze eser ýokary çaphana usulynda neşir edilipdir.Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” atly kitap ajaýyp derejede beýan edilýän mazmunyň üstüni ýetirýän owadan suratlar bilen baýlaşdyrylypdyr.

Döwlet Baştutanymyzyň öz elinden täze kitaby almak bagty miýesser eden milli Liderimiziň egindeşleri halkymyzyň köpasyrlyk däplerini gorap saklamak we dowam etmek boýunça ýadawsyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Bu ýere ýygnananlar ýaş nesilleri watançylyk ruhunda hem-de belent ruhy-ahlak gymmatlyklaryň esasynda terbiýelemekde bu ajaýyp kitabyň möhüm ähmiýetini nygtap, döwlet Baştutanymyzy täze eseriniň çapdan çykmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, baý milli mirasymyzy, şöhratly ata-babalarymyzyň wesýet eden asylly ýörelgelerini giňden wagyz etmegiň hem-de olary geljekki nesillere ýetirmegiň häzirki taryhy eýýamyň möhüm wezipeleridigini belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, gadymy döwürlerden bäri bütin dünýäde enä mukaddeslik hökmünde sarpa goýulýar, şoňa görä-de, biziň borjumyz bu parasatly däbi mynasyp dowam edip, ony aýawly saklamak bilen nesilden-nesle geçirmekden ybaratdyr.

Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlar bilen hoşlaşyp, olara işlerinde hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikleri, ýurdumyzyň enelerine bolsa uzak ömür, bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Berkarar Söwda-dynç alyş merkezinde Täze ýyl ýarmarkasy we ussatlyk sapaklary başlanýar
Soltan restoranlary mangalda etden taýýarlanýan tagamlaryň köp görnüşlerini hödürleýär
Balkanda welaýat derejesindäki “soňky jaňa” diňe türkmen milletinden bolan uçurymlar gatnaşdyrylýar
Soltan Loft Çagalary goramagyň halkara gününi bellemäge çagyrýar
Ilatly restorany Çagalary goramagyň halkara gününe çagyrýar
Dejavu restorany Çagalary goramagyň halkara gününe çagyrýar
Ilatly restoranynda tagamly aksiýa: pasta 50% arzanladyş