Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary — RF-iň Hökümetiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Konstantin Çuýçenkony hem-de Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary — stats-sekretary Grigoriý Karasini kabul etdi.
Myhmanlar wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de RF-iň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewiň mähirli salamyny, şeýle hem ýetip gelýän baýramçylyk — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli gutlaglaryny ýetirdiler.
Olar ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýolladylar. Şunda rus tarapynyň Türkmenistan bilen däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy, şol gatnaşyklaryň esasynda dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň baý tejribesi durýar. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň adyna Moskwa şäheriniň Şeremetýewo howa menzilinde bolup geçen pajygaly waka zerarly bildirilen duýgudaşlyk üçin hoşallyk sözleri aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli sözler üçin myhmanlara minnetdarlyk bildirip, umumy abadançylygyň maksatlaryna kybap gelýän döwletara hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini belledi.Döwlet Baştutanymyz, öz gezeginde, Russiýanyň ýolbaşçylaryna salamyny hem-de ýetip gelýän baýramçylyk mynasybetli gutlaglaryny ýollap, biziň ýurtlarymyzy netijelilik we uzakmöhletleýinlik ýörelgelerinde guralýan köpýyllyk netijeli gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny belledi.
Biz Russiýa Federasiýasy bilen gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýäris, ol Türkmenistan üçin strategik hyzmatdaş bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi hem-de anyk netijeleri gazanmagy ugur edinýän Hökümetara toparyň Aşgabat mejlisine üstünlikli işlemegi, geljek üçin hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleriniň açylmagyny arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynda oňyn depginiň saklanýandygyny belledi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow syýasat barada durup geçmek bilen, fewral aýynda Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň Türkmenistana bolan saparyny ýatlady. Şonda ikitaraplaýyn we sebit derejesinde, halkara giňişlikde hyzmatdaşlygyň meseleleri düýpli ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hökümetara toparyň nobatdaky mejlisiniň gün tertibi barada aýdylanda, bu ýerde söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz olaryň ençeme pudaklarda, şol sanda oba hojalygynda, gurluşykda, nebitgaz pudagynda, energetika, himiýa senagaty pudaklarynda, şeýle hem telekeçileriň arasynda netijeli bolup durýandygyny belledi. Şunda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň ulanylmadyk ägirt uly ätiýaçlyklary bolup, olaryň ulanylmagy iki ýurduň ykdysady kuwwatyny ep-esli artdyryp, önümçilik serişdelerini höweslendirip biler, bu bolsa, biziň halklarymyzyň bähbidinde öz beýanyny tapar diýip, milli Liderimiz belledi.
Türkmen-rus gatnaşyklarynda medeni-ynsanperwer ulgam möhüm orun eýeleýär.Bu ugurda ylym, bilim, sport, saglygy goraýyş ulgamlarynda işjeň hyzmatdaşlyk ýola goýuldy, biz geljekde hem bu gatnaşyklary goldamagy we ösdürmegi, şeýle hem medeniýet günlerini, maslahatlary, sungat festiwallaryny geçirmek arkaly döredijilik işgärleriniň gatnaşyklaryny höweslendirmegi maksat edinýäris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda rus diline aýratyn ähmiýetiň berilýändigini belledi.Biziň ýurdumyz häzir Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleri — Tatarystan Respublikasy, Astrahan, Swerdlowsk, Orlowsk oblastlary, Demirgazyk paýtagtyňyz bolan Sankt-Peterburg şäheri bilen oňat gatnaşyklary saklaýar diýip, döwlet Baştutanymyz Hökümetara toparyň mejlisiniň jemleri boýunça gol çekiljek resminamalaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Milli Liderimiz pursatdan peýdalanyp, Moskwa şäheriniň Şeremetýewo howa menzilinde uçaryň heläkçilige uçramagy zerarly wepat bolanlaryň ýakynlaryna we dogan-garyndaşlaryna duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda söweşip, Watanymyzy goramak üçin janlaryny gaýgyrman, ýeňşiň hatyrasyna wepat bolan watandaşlarymyzy ýatlap geçmek isleýändigini aýtdy.
Türkmenistanlylaryň 117-si Sowet Soýuzynyň Gahrymanlary boldular.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň wekiliýetiniň agzalaryny ýetip gelýän Ýeňiş güni bilen gutlady hem-de Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna — Prezident Wladimir Putine hem-de Hökümetiň Başlygy Dmitriý Medwedewe iň gowy arzuwlaryny ýollady.
Duşuşygyň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklary hem-de geljek üçin meýilnamalary durmuşa geçirmek bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň eýe bolan uly mümkinçiliklerini iş ýüzünde amala aşyrmaga, netijeli işewür gatnaşyklaryny ösdürmäge, haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga hem-de onuň sanawyny giňeltmäge, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge ýardam edýän bilelikdäki hökümetara toparyň işine ähmiýetli orun berilýär.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde hem döwletara gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigi bellärliklidir, şu ýyl biziň ýurdumyz onda başlyklyk edýär.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, Türkmenistanda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeler hem-de milli ykdysadyýetimiziň senagatlaşdyrylmagyny, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän bäsdeşlige ukyply önümleriň çykarylmagyny ugur edinýän önümçilikleriň döredilmegine gönükdirilen iri düzümleýin taslamalar dürli ugurlarda tagallalary netijeli birleşdirmek, özara gatnaşyklaryň täze görnüşlerini işläp taýýarlamak üçin uly mümkinçilikleri açýar.
Bularyň hemmesi, şeýle hem amatly maýa goýum ýagdaýy daşary ýurtly, şol sanda russiýaly işewür toparlary üçin türkmen bazarynyň özüne çekijiligini şertlendirýär.Duşuşygyň barşynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, senagat, obasenagat toplumy hem-de oba hojalyk tehnikalaryny getirmek, gurluşyk, işewür düzümleriň ugry boýunça özara gatnaşyklar, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berildi.
Dünýä ykdysadyýetiniň binýatlyk esasy hasaplanylýan ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hökmünde görkezildi.Amatly geografik we geosyýasy ýagdaýyndan ugur almak bilen, Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag ulgamyndaky halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmek bilen, sebit hem-de yklym ähmiýetli multimodal üstaşyr geçelgeleri döretmek boýunça giň gerimli taslamalary yzygiderli amala aşyrýar.
Geçen ýyl döwrebap düzümi bolan Türkmenbaşy şäherindäki täze Halkara deňiz portunyň ulanylmaga berilmegi bu ugurda ähmiýetli ädim boldy. Şunuň bilen baglylykda, awgust aýynda ýurdumyzda geçiriljek Birinji Hazar ykdysady forumynyň ähmiýeti bellenildi, onda Russiýa ýokary derejedäki wekiliýet wekilçilik eder.
Däbe öwrülen ynsanperwer gatnaşyklary, şol sanda ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şunda Aşgabatda hereket edýän A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus orta umumybilim berýän mekdebi hem-de ýokary bilim ugry boýunça ýola goýlan netijeli gatnaşyklary anyk mysallar hökmünde görkezmek bolar.
Bu ýagdaýy, şeýle hem Türkmenistanda rus diline halkara gepleşikleriň dili hökmünde aýawly garalýandygyny bellemek bilen, myhmanlar döwlet Baştutanymyza ynsanperwer hyzmatdaşlygyny hemişe goldaýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, türkmen tarapynyň Astrahan oblastynda täze döwrebap mekdebi gurmagy hem bu ugurda netijeli gatnaşyklaryň aýdyň nyşany bolup durýar.
Iki ýurduň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, sport, saglygy goraýyş, şeýle hem syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin oňat şertler bar. Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary — RF-iň Hökümetiniň Diwanynyň ýolbaşçysy — bilelikdäki hökümetara toparyň rus tarapyndan başlygy milli Liderimize ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine berýän ünsi hem-de toparyň mejlisini Aşgabatda geçirmek üçin döredilen şertler babatda tüýs ýürekden hoşallygyny aýtdy, şeýle hem ähli türkmenistanlylara, ozaly bilen, uruş weteranlaryna 9-njy maýda bellenilýän Ýeňiş güni mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi.
Konstantin Çuýçenkonyň belleýşi ýaly, russiýaly hyzmatdaşlar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek hem-de onuň görkezijilerini artdyrmak üçin ähli tagallalary ederler.Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de myhmanlar türkmen-rus gatnaşyklarynyň öňden gelýän dostlugyň we hyzmatdaşlygyň baý tejribesine daýanmak arkaly geljekde-de täze mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna hem-de işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin hem gatnaşdy.