Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidentijenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk arzuw edýärin. Çuňňur hormatlamak bilen,MOHAMMED VI,Marokkonyň Patyşasy. *** Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidentijenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Siziň Alyhezretiňiz, Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden we mähirli gutlaglarymy iberýärin.
Gudraty Güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, türkmen halkyna rowaçlyk we gülläp ösüş, ähli musulman ymmatyna abadançylyk dileg edýärin.Meniň doganlyk arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Şeýh Sabah Al-Ahmad Al-Jaber AL-SABAH,Kuweýt Döwletiniň Emiri. *** Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidentijenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize iň mähirli arzuwlarymy beýan etmek mende uly kanagatlanma döredýär.
Gudraty Güýçli Allatagaladan Size ýagşylyk hem-de abadançylyk, ähli musulman ymmatyna bolsa gülläp ösüş we rowaçlyk dileg edýärin.Meniň tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy, mähirli dostlugymy we hormatymy kabul ediň!
Siziň doganyňyz,Mohammed bin Raşid AL MAKTUM,Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise-prezidenti, Premýer-ministri,Dubaýyň häkimi. *** Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidentijenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize iň mähirli gutlaglarymy beýan etmek mende uly kanagatlanma döredýär.
Gudraty Güýçli Allatagaladan Size ýagşylyk hem-de abadançylyk, ähli musulman ymmatyna bolsa gülläp ösüş we rowaçlyk dileýärin.Meniň tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy, mähirli dostlugymy we hormatymy kabul ediň!
Siziň doganyňyz,Mohammed bin Zaýed AL-NAHAÝAN,Abu-Dabiniň mirasdüşer Şazadasy,Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary.