Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!Hormatly adamlar!Men häzir geçen ýylda edilen işleriň gysgaça jemlerini jemlemek, şeýle hem şu ýyl çözmeli ileri tutulýan wezipelerimizi kesgitlemek isleýärin.Dünýä ykdysadyýetinde ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagy sebäpli ýüze çykan käbir meseleler geosyýasatda we ykdysadyýetde dartgynlylygy artdyrmagyna garamazdan, mähriban halkymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde biz Türkmenistan rowaçlygyň Watany diýlip yglan edilen 2019-njy ýylda uly üstünlikleri gazandyk.
Geçen ýyl biz bellän ähli meýilnamalarymyzy diýen ýaly amala aşyrmagy başardyk. Üýtgewsiz ýörelgelerimizi, Garaşsyzlygymyzy hem-de Bitaraplygymyzy, parahatçylygy we demokratiýany özünde jemleýän kanunlary işläp taýýarlamak hem-de kabul etmek babatdaky işleri dowam etdik.
Konstitusiýamyzy üýtgetmek bilen bagly ýokary derejedäki kanun çykaryjy häkimiýeti üýtgedip gurmak iki palataly Parlamenti döretmek işine başladyk.Biz milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginini saklap galdyk.Jemi içerki önümiň ösüşi geçen ýyl 6,3 göterime, şol sanda senagat pudagynda 4,1, söwdada 14,2, ulag we aragatnaşyk pudagynda 10,1 göterime barabar boldy. Önümleriň eksporty 2018-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 4,6 göterim ösdi hem-de 9 milliard manatdan hem artdy.
Biz 11 müň täze iş ornuny döretdik.Puluň hümmetsizlenmegini bellenen çäklerde saklamak başartdy.Ata Watanymyzyň kuwwatyny we bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň ýolunda täze ädimler ädildi.Milli ykdysadyýetimiziň esasy ulgamlary we pudaklary depginli ösýär.
Bulardan başga-da, ähli pudaklarda diýen ýaly önüm öndürmegiň möçberleri artdy.Täze, ýokary tehnologiýaly kärhanalar işe girizilip, eziz Diýarymyzy agrar ýurtdan senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça uly işler edildi.
Biz göz öňünde tutulan maksatnamalarymyzyň çäklerinde gurluşyk pudagyna 35 milliard amerikan dollaryna golaý maýa goýumlaryny goýduk.Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna bahasy 10 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 1 müň 704 sany önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalary ulanmaga berdik.
Başarjaň daýhanlarymyz we mülkdarlarymyz hem oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almagy başardylar.Olar 1 million 700 müň tonna golaý guşgursak bugdaý, 1 million tonnadan hem köp pagta taýýarlap, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etdiler.
Kabul edilen döwlet maksatnamalarymyzy amala aşyrmagyň barşynda şäherlerimiziň we obalarymyzyň, tutuş ýurdumyzyň keşbi tanalmaz ýaly özgerýär.Oba milli maksatnamasyna laýyklykda ähli üpjünçilik ulgamlary bolan täze şäherçeleriň gurluşygy dowam edýär.
Geçen ýyl biz meýdany 1,5 million inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlaryny, şol sanda ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga berdik.Netijede, müňlerçe maşgalalar jaý toýlaryny toýladylar.Ylym, bilim we terbiýeçilik ulgamlarynyň ösüşinde hem täze tapgyr başlandy.
Köp sanly çagalar baglary gurulýar, iň kämil tehnikalar bilen enjamlaşdyrylan täze ýokary okuw mekdepleri, saglygy goraýyş, medeniýet we sport edaralary açylýar.Iň esasy zat bolsa, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanyp, ertirki güne ynamy artýar.
Jemgyýetimizde demokratiýa we aç-açanlyk ýagdaýy barha giňden ykrar edilýär, ähli ugurlary giňelýär.Biz ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna tarap üýtgedip gurmagy dowam edýäris. Şunuň bilen birlikde, hususy eýeçiligiň ornuny düýpli ýokarlandyrmaga, hususy eýeçiligi we hususy telekeçiligi ösdürmegiň ýolundaky päsgelçilikleri hem-de çäklendirmeleri aýryp, ykdysadyýetde döwletiň ornuny azaltmaga tarap ugur alyndy.
Biz şu ýyl üçin sazlaşykly, gowy býujeti kabul etdik, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberini ýene-de ýokarlandyrdyk.Garaşsyzlygymyzyň, howpsuzlygymyzyň we asuda durmuşymyzyň kepili bolan ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goranmak ukyby barha pugtalanýar.
Dünýäde parahatçylyk söýüji, netijeli daşary syýasaty alyp barýan Bitarap döwletimiziň halkara bileleşigindäki at-abraýy hem yzygiderli ýokarlanýar.Ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda hem-de Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda başlyklyk etmegini, Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasyna (SPEKA) işjeň gatnaşmagyny, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň 11 sany ýöriteleşdirilen guramasyna agza saýlanmagyny biziň diplomatiýamyzyň üstünligi hasaplap bolar. Şeýlelikde, Bitarap Türkmenistan sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga, hoşniýetli goňşuçylyk ýagdaýyny döretmäge hem-de hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly goşandyny goşdy we goşmagyny dowam edýär.
Bularyň ählisi biziň dünýädäki ornumyzy berkitmäge, Garaşsyz döwletimiziň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga ýardam berdi.Umuman, geçen ýyly häsiýetlendirmek bilen, men onuň abadançylykly ýyl bolup, köp sanly möhüm wakalara hem-de üstünliklere beslenip, taryhda we halkymyzyň hakydasynda hemişelik galjakdygyny ynamly aýdyp bilerin.
Sebäbi, 2019-njy ýylda Türkmenistanrowaçlygyň Watany diýen şygar bilen ýurdumyzyň örän köp tebigy baýlyklaryny peýdalanmak, ykdysady we milletimizi ruhy-medeni taýdan gülledip ösdürmek mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek boýunça ägirt uly işler bitirildi.
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!Hormatly adamlar!Men bu barada öň hem birnäçe gezek aýdypdym, ýene-de gaýtalamak isleýärin, biziň gazanan ähli üstünliklerimiz we ýeten sepgitlerimiz diňe alyp barýan syýasatymyzy halkymyzyň giňden goldamagy, durmuşymyzy gowulandyrmak boýunça geçirýän özgertmelerimize işjeň gatnaşmagy netijesinde mümkin boldy. Şoňa görä-de, men Garaşsyz döwletimiziň gazanan uly üstünliklerine öz zähmeti bilen ýardam edenleriň ählisine, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna hem-de ýönekeý zähmetkeşlere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin!
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!Hormatly adamlar!Biz her ýyly belli bir şygar boýunça geçirýäris. Şu ýyl üçin şygarymyzy Türkmenistan Bitaraplygyň mekany diýip kesgitledik.Bu sözler uly many-mazmuny özünde jemleýär.
Bu sözler watançylyk ruhumyzy ýokarlandyrmaga, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen taslamalary we maksatnamalary amala aşyrmaga, ykdysady kuwwatymyzy berkitmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga ýardam bermelidir.
Munuň özi biziň ählimize aýratyn jogapkärçilik hem ýükleýär. Şu şygary iş ýüzünde amala aşyrmak üçin örän köp we tutanýerli zähmet çekmeli. Şoňa görä-de, şu ýyl ähli ýolbaşçylaryň esasy wezipeleri: ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň hilini gowulandyrmakdan, girdejilerini artdyrmakdan, täze iş orunlaryny döretmekden we maýa goýumlaryny çekmekden ybaratdyr.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa!Häzirki zaman şertlerinde ýurdumyzyň ösüşini, ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmagy, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek meselelerini çözmekde ýerli häkimiýetleriň ornuny ýokarlandyrmagy kanunçylyk taýdan üpjün etmekden başga-da, siz Garaşsyz döwletimiziň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly taýýarlyk çärelerini hem ýokary derejede geçirmeli.
Biz Mejlisiň öňünde durýan wezipelere biraz soňrak, deputatlar bilen duşuşygymyzda has jikme-jik serederis.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow! Ýurdumyzyň diplomatik korpusynyň wezipelerine biz ýakynda, diplomatlar bilen duşuşanymyzda seretdik.
Häzirki döwürde ähli diplomatik korpusymyz döwletimiziň bähbitlerini yzygiderli gorap, dünýäniň ýurtlary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek we berkitmek boýunça tutanýerli işlemelidir. Şu ýyl amala aşyryljak saparlaryň, halkara duşuşyklarynyň we maslahatlarynyň maksatnamasyny hem işläp taýýarlamaly.
Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplygynyň şanly baýramy bilen bagly çärelere gowy taýýarlyk görmeli hem-de olary ýokary derejede geçirmeli.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow we nebitgaz toplumynyň ähli ýolbaşçylary!
Nebitgaz pudagyny ösdürmek we döwrebap ýagdaýa getirmek, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işleýän innowasion önümçilikleri emele getirmek we onuň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýalaşdyrmak, şeýle hem energiýa serişdelerini ibermegiň köp görnüşli turba geçiriji ulgamyny döretmek ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etmeli.
Uglewodorod çig malyny gözlemek, çykarmak, gaýtadan işlemek we täze ýataklary özleşdirmek boýunça taslamalary amala aşyrmaly.Türkmen energiýa serişdelerini täze turbageçirijiler arkaly eksporta ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmagyň hasabyna energetika howpsuzlygyny üpjün etmek işini alyp barmaly.
Türkmenistan Owganystan PakistanHindistan gaz geçirijisiniň strategik taýdan möhüm taslamasynyň gurluşygyny hem işjeň alyp barmaly.Gazy gaýtadan işleýän täze zawodlary gurmak, suwuklandyrylan gazyň öndürilýän möçberlerini we eksportyny artdyrmak boýunça işleri hem dowam etmeli.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew, welaýatlaryň hem-de etraplaryň häkimleri, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylary!Bilşiňiz ýaly, iki sany möhüm möwsüm, ýagny däne we pagta ýygymy möwsümleri ýetip gelýär. Şu ýyl biz ekologiýa, seleksiýa işinde innowasion tehnologiýalary giňden peýdalanmaga, ösümlikleri we mallary goramagyň çärelerini kabul etmäge hem-de ýer-suw serişdelerini netijeli peýdalanmak işlerine köp möçberde maýa goýumlaryny goýýarys.
Oba hojalygynda sanly ulgamy ornaşdyrmak, zyýan çekýän daýhan birleşiklerini kärendä, mülkdarçylyga, ýerleri daýhanlara uzak möhletleýin kärendä bermek işlerini dowam etmeli. Şäherlerimizi we obalarymyzy, oba hojalyk pudagyny suw bilen doly üpjün etmek üçin, suw desgalaryny, akabalary, suw göterijileri abatlamagyň hem-de gurmagyň zerurdygyna men oba hojalyk toplumynyň ähli ýolbaşçylarynyň aýratyn ünsüni çekmek isleýärin.
Suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak işlerini hem giňden alyp barmaly.Nesip bolsa, biz şu ýyl ýurdumyzda ýene-de bir baýramy belläris.Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilenine şu ýyl 10 ýyl dolýar.
Bu baýramçylyga hem gowy taýýarlyk görmeli.Assosiasiýanyň halkara agzalarynyň gatnaşmagynda onuň mejlisini geçirmeli we mynasyp atçylary sylaglar bilen sylaglamaly.Muzeýlerimiziň we kitaphanalarymyzyň täze tapyndylar bilen üstüni ýetirmeli.
Baýramçylyk çärelerini Lebap welaýatyndaky aýlawda geçirmeli.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary B.Öwezow we Ş.Durdylyýew!Siz gözegçilik edýän toplumlaryňyzyň pudaklarynyň gurluşyny kämilleşdirmek boýunça ähli guramaçylyk işlerini ýakyn wagtda tamamlamaly.
Sowatly we başarjaň işgärleri saýlap alyp, çaltrak işe başlamaly.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow, bilim, saglygy goraýyş we ylym ulgamlarynyň ýolbaşçylary!Biz, ilki bilen, ýaşlarymyzy taýýarlamalydyrys we okatmalydyrys.
Olar ýurdumyzy ösüşiň sanly esasda täze belentliklerine çykarmaga gönüden-göni gatnaşmalydyr. Şu maksatnamanyň doly durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetini ýokary depginde ösdürmelidir, raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny we ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmalydyr. Şoňa görä-de, bilim, ylym we tehnologiýalar ulgamlarynda geçirilýän özgertmeleri çaltlandyrmaly.
Bu meselede ylmy we ýokary bilimi birleşdirmek işini güýçlendirmeli.Hünärmenleri taýýarlamagyň täze ulgamyny ösdürmeli. Ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy barlag guramalarynyň işewürlik bilen has ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegi üçin, bu ugurlaryň başarjaň işgärlerini telekeçilige giňden çekmeli. Şeýle hem, ylmy ösdürmegiň täze ugurlary, şol sanda robot tehnikasy, sanly tehnologiýalar we beýleki ugurlar üçin amatly şertleri döretmeli.
Mekdepleriň 1011-nji synplarynyň okuwçylarynyň okuwyň ugurlaryny saýlap almak mümkinçiligine seretmeli.Halkara standartlaryna uýgunlaşdyrmak maksady bilen, ýokary okuw mekdeplerimizi höweslendirmek çärelerini geçirmeli. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşulmak wezipesini goýmaly.
Lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejede bolmagy, medeniýetiň, saglygyň we sportuň ýaşaýşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülmegi üçin, durmuş taýdan hem, ykdysady babatda hem, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugry bolmalydyr we bolmagynda galýar.
Ilatyň saglygyny goramagyň milli ulgamyny döretmegi hem dowam etmeli.Bu ulgam rejeli iýmitlenmegi, ýaramaz endiklerden gaça durmagy, zähmet bilen dynç alşy utgaşdyrmagy we mekdebe çenli bilimden başlap, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy göz öňünde tutýar. Şu ýyl biz ýurdumyzda ylmy ösdürmäge aýratyn üns bermelidiris.
Akademiki institutlaryň maddy- enjamlaýyn binýadyny berkitmelidiris.Ylmy barlaghanalary häzirki döwrüň enjamlary, ýörite abzallar bilen üpjün etmelidiris.Munuň özi ýurdumyzyň ylmy-tehniki kuwwatyny artdyrmaga ýardam berer. Ýaşlarymyzy özüne köpçülikleýin çekmegi göz öňünde tutýan milli sportumyzy we bedenterbiýäni mundan beýläk-de ösdürmeli. Şu maksat bilen, iň täze, has kämil usullary we tehnologiýalary, ylmyň hem-de tehnikanyň soňky gazananlaryny ulanmaly.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary! Şu ýyl ýurdumyzda medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň öňünde döredijilik hem-de hünär taýdan ösmek üçin giň mümkinçilikler açylýar.
TürkmenistanBitaraplygyň mekany atly şygarymyz bize ykdysadyýetiň hem, syýasatyň hem, taryhyň hem köp ugurlary boýunça giň şertleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, teleýaýlymlaryň programmalaryny, teatr repertuarlaryny giňeltmek we täzelemek, muzeýleriň ekspozisiýalarynyň üstüni doldurmak hem-de dürli çeper sergileri guramak boýunça uly işleri geçirmeli.
Bitaraplygymyzyň we Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramçylyklaryna bagyşlap siz teleýaýlymlar üçin gyzykly we täsirli gepleşikleri taýýarlamaly.Teatrlarda merdana halkymyzy şöhratlandyrýan täze sahna eserlerini goýmaly, joşgunly aýdym-sazlary goýbermeli.Teleradioýaýlymlarda berilýän habarlaryň köp we ýokary hilli bolmagyna uly üns bermeli.
Bu eserler jemgyýetimizde bolup geçýän oňyn özgermeleri beýan etmelidir. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini we ýeten belent sepgitlerini, ýylyň şygaryna laýyklykda, giňden wagyz etmelidir.Biziň ýurdumyz bilen sebitiň hem-de dünýäniň dürli döwletleriniň arasynda medeni gatnaşyklary berkitmek boýunça işleri hem dowam etmeli.
Döwletimiziň Bitaraplygyny giňden dünýä ýaýmaly.Zehinli sungat işgärlerini ýüze çykaryp, dünýä jemgyýetçiligine tanyşdyrmaly.Dürli ýurtlardan bolan medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça zerur işleri geçirmeli.
Häzirki wagtda siziň ministrligiňizde we edaralaryňyzda ýetmezçilik edýän ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga aýratyn üns bermeli.Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!Hormatly adamlar!Görşüňiz ýaly, şu ýyl üçin maksatnamany ýerine ýetirmek örän köp zähmeti talap edýär.
Ata Watanymyzy üstünlikli ösdürmek üçin bize täze taslamalar, täze pikirler we dolandyryş çözgütleri zerur. Şoňa görä-de, siz köp başlangyçlar bilen çykyş etmeli, işjeň zähmet çekmeli.Biz geljekde hem beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň özümizde öndürilýän möçberini artdyrmalydyrys. Ýurdumyzyň egsilmez tebigy baýlyklaryny özleşdirip, ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli ulanmalydyrys. Şeýle hem, şanly seneleri, ýagny Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk baýramyny ýokary derejede belläp geçmelidiris hem-de döwletliligimizi berkitmek üçin möhüm bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýubileýini geçirmäge gowy taýýarlyk görmelidiris.Biz Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyny hem belläp geçeris.
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!Hormatly adamlar! Şu günki mejlisimiziň jemlerini jemlemek bilen, biz ata Watanymyzyň özümize bagly bolmadyk kynçylyklara garamazdan, parahatçylygy, howpsuzlygy, durmuş-ykdysady ösüşi gazanmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmak ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny doly suratda aýdyp bileris. 2020-nji ýylyň 7-nji fewraly