Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!Hormatly ilçiler!Hormatly mejlise gatnaşyjylar!Dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlara we aýry-aýry pudaklaryň, esasan hem nebitgaz toplumy bilen bagly işde kemçilikleriň bardygyna garamazdan, biz şu ýyl ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginini saklap galýandygymyzy ynam bilen aýdyp bileris. Ýylyň ahyryna çenli jemi içerki önümiň ösüş depgini, çak edilişine görä, 6,3 göterim bolar.
Halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça diýen ýaly önüm öndürmegiň möçberleri artdy.Kabul eden maksatnamalarymyza laýyklykda, ykdysadyýetimizde hususy pudagyň paýy köpelip, häzirki döwürde 65,4 göterimden ybarat boldy.Döwlet býujetine gelip gowuşýan serişdeler bellenen tabşyryklaryň çäklerinde üpjün edildi.
Zähmet haklary, pensiýalar we döwlet kömek pullary bellenen tertibe laýyklykda tölenýär. Önümçilik we ýaşaýyş-durmuş maksatly köp sanly desgalar gurlup, ulanmaga berildi. Ýurdumyzda eksporta niýetlenen önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça geçirilen çäreleriň netijesinde, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, dürli önümleriň eksport edilýän möçberi 2,5 göterim artdy. Şoňa görä-de, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek, eksport edilýän harytlaryň möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri önümleriň täze görnüşlerini öndürmegiň hasabyna dowam etmeli.
Bu ugurda bar bolan köp möçberdäki serişdelerimizi we uly mümkinçiliklerimizi göz öňünde tutup işlemeli.Umuman, şu ýylyň on bir aýynyň jemleri boýunça kanagatlanarly netijeleri gazanandygymyzy aýdyp bileris.Biz 2020-nji ýyl üçin hakyky ýagdaýlardan ugur alnyp, oýlanyşykly düzülen Döwlet býujetini kabul etdik. Şeýle hem ýeterlik möçberde serişdeleri bolan Durnuklaşdyryş gaznamyz, köp möçberde döwlet serişdelerimiz bar. Ýöne, biz yhlasly we netijeli işlemegi dowam edip, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ýokary depginler bilen ösdürmelidiris.
Hususylaşdyrmagy hem çaltlandyrmalydyrys.Paýnamalary ýerleşdirmek, gazna bazaryny we açyk bäsleşikli söwdalary guramak hususylaşdyrmagyň esasy gurallaryna öwrülmelidir.Ykdysadyýetimiziň önüm öndürýän pudagynda biziň esasy wezipämiz bazar institutlaryny berkitmegi dowam etmekden, erkin bäsleşigi ösdürmekden we hususy işewürlik başlangyçlaryny höweslendirmekden ybaratdyr.
Bu bolsa özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin maýadarlara örän gowy mümkinçilikdir.Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!Hormatly ilçiler!Hormatly mejlise gatnaşyjylar! Şu ýylyň daşary syýasat babatda hem wakalara baý we many-mazmunly bolandygyny aýtmak isleýärin.
Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasyna laýyklykda, Bitarap döwletimiz halkara giňişlikde dostlukly hem-de deňhukukly gatnaşyklary yzygiderli ýola goýdy. Özüniň milli bähbitlerini mynasyp gorap, häzirki döwrüň esasy meselelerini çözmäge saldamly goşant goşdy.
Türkmenistanyň dürli ýurtlar bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňden we netijeli ösdürildi.Aziýanyň, Ýewropanyň we Arap dünýäsiniň döwletleriniň ençemesiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi.Bu duşuşyklaryň dowamynda möhüm ylalaşyklar gazanylyp, ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň ugry boýunça hem gatnaşyklar işjeň amala aşyryldy.
Dünýä we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça dürli görnüşlerdäki syýasy geňeşmeler yzygiderli esasda geçirildi. Şeýle işleriň netijesinde, bize hyzmatdaşlarymyz bilen wagtynda hem-de netijeli gatnaşyklary ýola goýmak, ol ýa-da beýleki daşary syýasy meseleler boýunça garaýyşlary we çemeleşmeleri ylalaşmak başardýar.
Biziň halkara hyzmatdaşlygymyzyň we dürli ýurtlarda diplomatik we konsullyk taýdan gatnaşmagymyzyň gerimi yzygiderli giňelýär. Şu ýyl ýurdumyz iň abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmekde aýdyň we ähmiýetli üstünlikleri gazandy.
Birleşen Milletler Guramasynyň üç sany möhüm edarasyna, ýagny Ilat gaznasy we ösüş baradaky, şeýle hem Neşe serişdeleri baradaky Komissiýalaryna, Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji Geňeşine saýlanmagy, bu guramanyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň teklibi boýunça Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk atly, şeýle hem 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek baradaky Rezolýusiýalary kabul etmegi häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmek boýunça giň hyzmatdaşlyk etmekde biziň saýlap alan ugrumyzyň dogrudygynyň hem-de esaslydygynyň aýdyň we ynandyryjy tassyklanmasy boldy. Şol bir wagtda agzalan şu resminamalar biziň alyp barýan daşary syýasatymyzyň parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýändigine hem şaýatlyk edýär.
Bu bolsa, gürrüňsiz, Birleşen Milletler Guramasynyň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ornuny we at-abraýyny has-da berkidýär.Iri hem-de iň abraýly halkara gurama bilen hyzmatdaşlyk etmegiň uzak möhletli meýilnamalaryny we strategiýalaryny ynamly amala aşyrmaga bize mümkinçilik berýär.
Siziň bilşiňiz ýaly, geçip barýan ýylda Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etdi. Şu derejede biziň alyp baran işlerimiz netijeli boldy, bu birleşmäniň işine täze many-mazmunly itergi berdi diýip hasaplaýaryn.
GDA başlyklyk eden döwrümizde biz tertipnamalaýyn resminamalara laýyklykda, ýurdumyzda döwlet hem-de hökümet Baştutanlarynyň Geňeşleriniň, Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň, Ykdysady geňeşiň mejlislerini, şeýle hem käbir pudaklaýyn düzümleriň mejlislerini geçirdik. Şu çäreleriň dowamynda Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň işine, ozaly bilen, ykdysady babatdaky işine ýeterlik depgin we netijelilik bermäge gönükdirilen ençeme başlangyçlary öňe sürdi.
Bu başlangyçlary hyzmatdaşlarymyzyň düşünmek bilen garşylandyklaryny hem-de goldandyklaryny aýtmak isleýärin. Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň şu ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda geçirilen mejlisinde Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy baradaky Jarnamanyň kabul edilmegi bilelikde gazanylan uly üstünlik boldy. Ählumumy geoykdysady meýilleriň düýpli seljerilmegi esasynda Türkmenistanyň işläp taýýarlan we öňe süren bu Jarnamasy dünýä ösüşiniň häzirki hakyky talaplaryna laýyklykda, Arkalaşygyň ýurtlarynyň täze başlangyçlarda mundan beýläk-de köptaraply we depginli hyzmatdaşlyk etmegi üçin esaslary döredýär.
Biziň ýurdumyzyň başlangyjy bilen ýene-de bir uly resminamanyň, ýagny Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça hereketleriň maksatnamasynyň kabul edilmegi hem möhüm waka öwrüldi.
Mälim bolşy ýaly, şu ýyl biziň ýurdumyz Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmegini tamamlaýar. Üç ýylyň dowamynda, ýagny 2017 — 2019-njy ýyllarda Türkmenistan bu halkara düzüme ýolbaşçylyk etmek bilen, gaznanyň maksatlaryny we wezipelerini netijeli amala aşyrmaga gönükdirilen ençeme möhüm çäreleri gurady hem-de geçirdi. Şol çäreleriň hatarynda Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň 2018-nji ýylyň awgustynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen ýokary derejedäki duşuşygyny aýratyn bellemek isleýärin. Şu forumyň netijeleri boýunça kabul edilen jemleýji resminama Aral bilen bagly ekologiýa, ykdysady, durmuş we ynsanperwer meseleleri çözmäge düýpli çemeleşmeleri ýene-de bir gezek berkitdi. Şol bir wagtda, döwlet Baştutanlary hyzmatdaşlyk etmegiň täze ugurlaryny hem kesgitlediler.
Hususan-da, gazna gatnaşyjy döwletler bilen Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň arasynda Aral deňziniň sebitindäki ýurtlar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ýörite maksatnamasyny taýýarlamak meseleleri boýunça geňeşmeleri geçirip başlamagyň zerurdygyny bellediler. Şu ýyl Garaşsyz döwletimiz daşary ykdysady gatnaşyklaryny hem has-da ösdürdi we giňeltdi.
Açyk gapylar syýasatyny amala aşyryp, dünýäniň onlarça döwleti, iri daşary ýurt kompaniýalary, halkara maliýe edaralary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýdy.Ençeme döwletler bilen ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça ikitaraplaýyn toparlaryň mejlislerini geçirdi.
Bulardan başga-da, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň telekeçilik düzümleriniň gatnaşmagynda möhüm işewürler maslahatlary geçirildi.Dürli halkara sergilerde hem-de ýarmarkalarda Türkmenistanyň ekspozisiýalary guraldy. Şeýle işleriň alnyp barylmagy öz gowy netijelerini hem berýär.
Ykdysadyýetimizi ösdürmegi höweslendirip, oňa köp möçberde maýa goýumlaryny çekmäge, giň gerimli üpjünçilik taslamalaryny amala aşyrmaga ýardam edýär. Şu ýylyň awgust aýynda ýurdumyzda birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmegi ägirt uly halkara ähmiýetli waka boldy.
Foruma Hazarýaka ýurtlarynyň ählisiniň, birnäçe sebitden daşary ýurtlaryň hökümet Baştutanlary, onlarça iri daşary ýurt kompaniýalary, banklary, maýa goýum gaznalary, dünýäniň ylym, bilermenler we maglumat bileleşikleriniň wekilleri gatnaşdylar.Forumyň dowamynda Türkmenistanyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda dürli ylalaşyklardyr şertnamalara gol çekildi.
Mundan başga-da, 400 million amerikan dollaryna golaý möçberde söwda geleşikleri baglaşyldy.Bu forumyň çäklerinde Hazar maýa goýum tehnologiýalary sergisi hem-de halkara maslahat geçirilip, möhüm ykdysady meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Birinji Hazar ykdysady forumynyň netijeleri boýunça kabul edilen Beýannama Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde resminama hökmünde ýaýradyldy.Biz giň we özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegiň başyny başlan hökmünde ata Watanymyzyň abraýyny hem-de ornuny tassyklan şeýle uly halkara çäräni ýurdumyzda üstünlikli geçirendigimize guwanmaga haklydyrys.
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!Hormatly mejlise gatnaşyjylar!Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplygy halkara giňişlikde biziň hyzmatdaşlyk etmegimiziň esasy, daşary syýasy we daşary ykdysady işimiziň binýatlaýyn ýörelgesi boldy hem-de şeýle bolmagynda galýar.
Hut Bitaraplyk hukuk ýagdaýy dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly, özara bähbitli we hakyky ýagdaýlardan ugur alyp, gatnaşyklary ýola goýmaga şert döredýär.Sebitde hem-de bütin dünýäde oňyn, parahatçylygy dörediji orny eýelemäge, bu wezipeler ýerine ýetirilende Birleşen Milletler Guramasynyň tagallalaryna ýardam etmäge bize mümkinçilik berýär.
Nesip bolsa, biz geljek ýyl garaşsyz taryhymyzda örän möhüm senäni — ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň şanly 25 ýyllyk baýramyny giňden belläp geçeris.Elbetde, ilkinji nobatda, bu biziň öz baýramymyz, türkmen halkynyň we döwletiniň beýik üstünligidir. Ýöne onuň ägirt uly halkara ähmiýetiniň hem bardygyny bellemek gerek. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2017-nji ýylyň fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy arkaly 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi tötänden däldir. Şeýle hem şol Rezolýusiýada bitaraplyk syýasatynyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde möhümdigi, dürli ýurtlaryň arasynda dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde tutýan orny bellenýär. Şoňa görä-de, bu ýubileýi ösen döwlet hökmünde many-mazmunly we ýokary guramaçylyk derejesinde bellemek biziň üçin uly abraýdyr.
Aşgabatda 2020-nji ýylda parahatçylyk, howpsuzlyk we ösüş meseleleri boýunça halkara maslahatyň geçirilmegi bu baýramçylygyň esasy çäresi bolar.Nesip bolsa, baýramçylyga köp sanly daşary ýurtly myhmanlary, şol sanda ýokary döwlet we hökümet derejesindäki myhmanlary çagyrarys.
Biz 2020-nji ýylda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda maslahatlary, forumlary, medeni, sport çärelerini we ençeme beýleki halkara ähmiýetli köp sanly çäreleri many-mazmunly we ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmelidiris. Şeýle hem bu ýubileýi uly ykdysady we durmuş üstünliklerini gazanmak bilen bellemegi maksat edinýäris.
Hususan-da, 2020-nji ýylda onlarça senagat we durmuş ähmiýetli desgalary ulanmaga bermegi göz öňünde tutýarys.Görşüňiz ýaly, öňümizde ählimiz üçin hem yzygiderli amala aşyrylmagy zerur bolan giň gerimli işler durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ýubileýe haýal etmän, şu günden taýýarlyk görüp başlamalydygymyzy bellemek isleýärin.
Munuň üçin Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň 25 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek boýunça Guramaçylyk topary döredilýär hem-de degişli meýilnamalar tassyklanylýar.Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Biz, nesip bolsa, 2021-nji ýylda ýene-de bir taryhy senäni, ýagny berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk ýubileýini belläp geçeris.Bu baýram hem strategik we sebit durnuklylygyny berkitmäge möhüm goşant goşýan, ygtybarly, jogapkärçilikli syýasy hem-de söwda-ykdysady hyzmatdaş, häzirki zaman dünýä syýasatynyň ähmiýetli şerti hökmünde Garaşsyz we özygtyýarly Türkmenistanyň berkararlygy nukdaýnazaryndan giň halkara seslenmä eýe bolar. Şunuň bilen baglylykda, Daşary işler ministrligine bu şanly senäniň halkara ähmiýetini nygtap, biziň ilçihanalarymyzyň we konsullyk edaralarymyzyň, halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarymyzyň ugry boýunça daşary ýurtlarda degişli çäreleri geçirmegiň meýilnamasyny taýýarlamagy tabşyrýaryn. Şeýle hem men Ministrler Kabinetiniň şu günki mejlisinde geljekde öňde duran aýry-aýry halkara wezipelere siziň ünsüňizi çekmek isleýärin. Şolaryň arasynda ýurdumyzyň halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň geografiýasyny giňeltmek örän möhüm mesele bolup durýar. Şu ugurda biz hemişe açyk yglan edýän üýtgewsiz kadalarymyzy goldanmalydyrys.
Bu kadalar ýurdumyzyň içerki ösüşini gazanmak üçin Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň amatly şertleri üpjün etmelidigine daýanýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň beýleki döwletlerdäki diplomatik wekilhanalary Türkmenistanyň bähbitlerine, ykdysady we eksport mümkinçiliklerine, maýa goýum taýdan özüne çekijiligine hem-de özara hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlygyna bolan gyzyklanmany höweslendirmelidir.
Men ýurdumyzyň ilçilerine şu ugurda alnyp barylýan işleri güýçlendirmegi, bolýan ýurtlarynyň döwlet edaralary, kompaniýalary, banklary bilen ysnyşykly we netijeli işlemegi tabşyrýaryn!Siz işleýän döwletleriňiziň söwda-senagat edaralary, telekeçiler hem-de senagatçylar birleşikleri we assosiasiýalary bilen yzygiderli aragatnaşyklary ýola goýmaly.
Gyzyklanma döredýän önümleriň öndürilýän ýerlerine gidip, ýerli maýa goýum we söwda kanunçylygyny düýpli öwrenmeli.Sebäbi häzirki döwrüň şertleri ilçihanalardan işiň hut şeýle düzgünini hem-de häsiýetini talap edýär.
Türkmenistanyň gol çeken ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn resminamalarynyň gyşarnyksyz hem-de takyk ýerine ýetirilmegine ünsi jemlemeli. Şu meselede biziň hyzmatdaşlarymyzdan muny erjellik bilen talap etmeli.Biziň ýurdumyz öz halkara borçnamalaryny hemişe ýerine ýetirýän ygtybarly döwlet hökmünde dünýäde uly abraýdan peýdalanýar. Şoňa görä-de, biz bu işleriň özara ýerine ýetirilmegine bil baglamaga haklydyrys. Şu meselede daşary ýurtlardaky wekillerimiz ata Watanymyzyň milli bähbitlerini berk goramalydyr. Şunuň bilen bir wagtda, ýurdumyzyň ilçileri we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilleri ykdysady, maýa goýum we maliýe ugurly halkara guramalar bilen özara hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etmeli.
Geljek ýyl biz Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça (ÝUNKTAD), Senagat ösüşi boýunça (ÝUNIDO) Konferensiýalary, Bütindünýä söwda guramasy ýaly düzümleri hem-de ýöriteleşdirilen birnäçe beýleki halkara düzümler bilen ýurdumyzyň gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek boýunça öňe uly ädimleri ätmelidiris.
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!Hormatly mejlise gatnaşyjylar!Häzirki döwürde biz daşary syýasat gullugynyň, daşary ýurtlardaky wekilhanalarymyzyň öňünde ýakyn ýyllar üçin iş ýüzündäki amaly wezipeleri goýýarys. Ýöne, elbetde, bu wezipeleriň ählisi hemişe baş maksadymyza, ýagny parahatçylygy söýüji, ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün edýän hem-de pugtalandyrýan, durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrýan döwlet hökmünde Türkmenistanyň ornuny dünýä giňişliginde berkitmäge gönükdirilmelidir.
Munuň üçin Bitarap döwletimiz, ilkinji nobatda, goňşularymyz we beýleki ýurtlar bilen dostlukly, özara hormatlamak gatnaşyklaryny ileri tutmak esasynda ýola goýmagy dowam eder. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýanyň ähli döwletleri, Owganystan, Eýran, Azerbaýjan bilen däbe öwrülen dostlukly hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň berkarar döwletimiziň daşary syýasatynyň örän möhüm ugry bolup durýandygyny aýratyn bellemek isleýärin.
Biz Türkiýe bilen hyzmatdaşlygymyzy ösdürmäge hem uly üns bereris.Köpasyrlyk dostluk gatnaşyklary baglanyşdyrýan Russiýa Federasiýasy Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşydyr.Iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň taryhy tejribesine daýanyp, biz Russiýa bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de giňelderis.
Türkmenistan indi köp ýyllaryň dowamynda Hytaý Halk Respublikasy bilen netijeli we ähmiýetli hyzmatdaşlyk edip gelýär.Biz Hytaý bilen köptaraply gatnaşyklarymyzy giňeltmek üçin geljekde hem bar bolan ähli mümkinçiliklerimizi peýdalanarys. Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Malaýziýa hem ýurdumyz bilen netijeli syýasy we ykdysady gatnaşyklary alyp barýar.
Häzirki döwürde bu döwletler bilen bilelikdäki ykdysady we durmuş taslamalarynyň üstünlikli amala aşyrylan ençeme anyk mysallaryny görkezip bolar.Biz ýurdumyzy özara gatnaşyklaryň gadymy taryhy birleşdirýän Hindistan we Pakistan bilen hem ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam ederis.
Türkmenistan Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy berkitmegiň ýoly bilen barýar. Ýakyn wagtda bu sebitdäki hyzmatdaşlarymyz bilen gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ähli zerur işleri geçireris. Ýewropa döwletleri ýurdumyzyň hemişe ygtybarly hyzmatdaşy bolupdy we şeýle bolmagynda hem galýar.
Biz geljek ýylda Ýewropa ýurtlary bilen Türkmenistanyň gatnaşyklaryny täze, has ýokary derejä çykarmak üçin ähli zerur işleri etmegi göz öňünde tutýarys.Biz Amerika kontinentiniň ýurtlary bilen gatnaşyklarymyzy ep-esli işjeňleşdirdik. Şol ýurtlaryň arasynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny aýratyn tapawutlandyrmak isleýärin.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Türkmenistanyň açyk we netijeli syýasy gatnaşyklary ykdysady, bilim we medeni hyzmatdaşlygymyzy üstünlikli ösdürmek üçin esas bolup durýar.Soňky ýyllarda Afrika kontinentiniň döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak üçin köp işler edýäris.
Biz bu işi dowam ederis hem-de Afrika ýurtlary bilen özara saparlaryň sanyny artdyrarys.Biz abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda bolsa, strategik hyzmatdaşymyz bolan Birleşen Milletler Guramasy, şeýle hem Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropa Bileleşigi, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen arkalaşykly işimiziň gerimini giňelderis.
Sebit ykdysady birleşikleri bolan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi, Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň Assosiasiýasy we ençeme beýleki sebit düzümleri bilen hem hyzmatdaşlyk etmegiň oňat geljeginiň bardygyny görýäris.
Siziň bilşiňiz ýaly, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara strategiýasy parahatçylyk, döretmek we ösüş strategiýasydyr.Bu strategiýa gyşarnyksyz eýermek bilen, berkarar döwletimiz bütin dünýäde mynasyp hormata, belent abraýa we ykrar edilmegine eýe boldy.
Biziň daşary syýasatymyz Türkmenistanyň uzak möhletli döwlet we milli bähbitlerine, dünýä bileleşiginiň maksatlaryna hem-de wezipelerine laýyk gelýär. Ählumumy howpsuzlygyň we hyzmatdaşlygyň esaslaryny berkitmäge düýpli goşant goşýar.Biziň şu syýasatymyz geljekde hem üýtgewsiz galar.