06.12.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.Onda Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi hem-de döwletimiz üçin möhüm şanly seneleri nazara almak bilen, geljek üçin wezipeler kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçmek bilen, maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarowa söz berdi.Ol 2019-njy ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, on bir aýyň netijeleri boýunça halk hojalygy toplumynyň ähli pudaklarynda durnukly ösüş gazanyldy.Hasabat döwrüniň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,3 göterime deň boldy. Öndürilen önümleriň ösüş depgini 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,9 göterimden gowrak boldy. Ýanwar — noýabr aýlarynyň jemleri boýunça ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 20,4 milliard manada, çykdajy bölegi bolsa 19,2 milliard manada deň boldy. 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ortaça aýlyk haklarynyň möçberi 9,6 göterim ýokarlandy.

Aýlyk haklarynyň we beýleki kömek pullarynyň ähli görnüşleri öz wagtynda we doly möçberde maliýeleşdirildi.Hasabat döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde gurluşyk işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, walýuta serişdeleriniň gelip gowuşmagy boýunça öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.Her bir ýolbaşçynyň öz ministrliginiň we pudak edarasynyň geljek ýyl üçin iş maksatnamasyny Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde esaslandyryp gorap bilmegi zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we ýylyň ahyryna çenli özara hasaplaşyklary boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarowa ýüzlenip, ähli salgytlaryň, şol sanda ýerli salgytlaryň hem doly möçberde ýygnalmagyna gözegçilik etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, göz öňünde tutulan ähli desgalary ýylyň ahyryna çenli ýokary hilli gurup ulanmaga bermek bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Gurluşyk işleri ýokary hil derejesinde ýerine ýetirilmelidir.Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, wise-premýerleriň bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeleri baradaky hasabatlary Ministrler Kabinetiniň ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek mejlisinde diňleniler.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň uly baýramlaryň öň ýanynda günäsini geçmegiň ýurdumyzda asylly däbe öwrülendigini belledi.

Ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreler yzygiderli geçirilýär.Soňra Baş prokuror, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça toparyň başlygy B.Atdaýew jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz iş kesilen 528 raýatyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekip, hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur çäreleri geçirmegi tabşyrdy.

Biz günä geçmek çäresini geçirmek bilen, eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmetleri bilen ýuwup, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmagy üçin zerur mümkinçilikleri döredýäris diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmek tabşyryldy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow günäsi geçilen adamlara bolsa yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere halal zähmetleri bilen mynasyp goşant goşmagy we mähriban Watanymyza ak ýürekden hyzmat etmegi arzuw etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Nebitiň gaz kondensaty bilen hem-de tebigy we ugurdaş gazy çykarmak hem-de mawy ýangyjy daşary ýurtlara ibermek we maýa goýumlaryny özleşdirmek ulgamynda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hasabat berildi.

Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 101,1 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 100,1 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 101,7 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 100,3 göterim ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin zerur çäreleri görmegi talap etdi.Döwlet Baştutanymyz pudaga maýalary çekmek hem-de ýolbaşçy işgärleri seçip almak we taýýarlamak boýunça işleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitiň çykarylyşyny artdyrmak maksady bilen, işlenilýän ýataklarda daşary ýurt kompaniýalary bilen özara gatnaşyklary talabalaýyk ýola goýmagyň, geljegi uly ýataklary özleşdirmek işini çaltlandyrmagyň, nebiti çykarmak işine döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň möhümdigini belledi.

Wise-premýere TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny aýratyn gözegçilikde saklamak tabşyryldy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin meýdan işleri barada hasabat berdi.

Tutuşlygyna, oba hojalyk toplumy boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň möçberiniň ösüş depgini 107,8 göterime deň boldy.Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 107,2 göterim, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 114,6 göterim, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 107,5 göterim derejesinde üpjün edildi.

Maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy 108,6 göterim ýerine ýetirildi. Şu günler welaýatlarda galan pagta hasylyny ýygnamak işi dowam etdirilýär. Şeýle hem ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleri alnyp barylýar.Gowaçadan boşan meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek, tehnikalary hem-de gurallary abatlamak işleri alnyp barylýar. Şonuň bilen birlikde, bugdaý ekilen meýdanlarda ilkinji ösüş suwuny tutmak, ak ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek çäreleri geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, obasenagat toplumyndaky wezipeleriň öňküsi ýaly bolmagynda galýandygyny aýdyp, wise-premýere, birinjiden, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýolbaşçylary hem-de welaýatlaryň häkimleri bilen bilelikde, geljek ýylda oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl alynmagyny üpjün etmegi, ikinjiden bolsa, Halk Maslahatynyň çözgütlerine laýyklykda, oba hojalygynda geçirilýän özgertmeleriň üstünde köp işlemegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu işleriň heniz ýeterlik derejede alnyp barylmaýandygyna ünsi çekdi.Döwlet Baştutanymyz bugdaýyň, gowaçanyň, şalynyň, gök-bakja ekinleriniň we miweleriň geljek ýyldaky hasylynyň düýbüniň şu günlerden tutulýandygyny belläp, ähli agrotehniki kadalaryň geçirilişine, aýratyn-da, suw akabalarynyň we ýaplaryň arassalanylyşyna berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem wise-premýere oba hojalygyny dolandyrmagyň gurluşyny kämilleşdirmek barada degişli görkezmeler berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow Türkmenistanyň senagat we kommunikasiýa toplumynyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri barada hasabat bilen çykyş etdi.

Garalýan döwürde bu düzümler tarapyndan önümçilik meýilnamasy 120 göterim berjaý edilip, ösüş depgini 118 göterime barabar boldy.Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmegiň ösüş depgini 143 göterime ýetirildi.

Senagat we kommunikasiýa ministrligi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek we önüm öndürmek boýunça ösüş depgini 107 göterim üpjün edildi.Awtomobil, demir ýol, howa we deňiz ulaglary arkaly ýük daşamakda ösüş depgini 103,3 göterim, ýolagçy gatnatmakda bu görkeziji 100,5 göterim derejesine ýetirildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmensenagat agentligi hem-de Türkmenhimiýa döwlet konserni tarapyndan tabşyryklaryň ýene-de ýerine ýetirilmändigini aýdyp, ýurdumyzyň himiýa senagatynyň ösüş depginini çaltlandyrmagyň, himiýa dökünleriniň, sementiň we beýleki gurluşyk serişdeleriniň öndürilýän möçberini artdyrmagyň, maýa goýumlaryny çekmegiň üstünde köp işlemegiň zerurdygy barada wise-premýere ozal duýdurylandygyny belledi.

Milli Liderimiz ulaglaryň ähli görnüşlerini ösdürmek bilen hem işjeň meşgullanmagyň zerurdygyny belläp, ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek babatdaky kabul edilen çözgütleriň, sebit we transkontinental ýollary ösdürmek baradaky başlangyçlarymyzyň gurluşyk boýunça kuwwatly maddy-enjamlaýyn binýady döretmek boýunça anyk wezipeleri iş ýüzünde durmuşa geçirmegi talap edýändigini nygtady. Şeýle hem kuwwatly söwda flotuny gurmagy dowam etmeli.

Munuň üçin maliýeleşdirmegiň çeşmelerini gözlemeli.Daşary ýurt maýa goýumlaryny köpräk çekip, demir we awtomobil ýollarymyzyň durkuny täzelemeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, Ministrler Kabinetiniň ýylyň jemlerine bagyşlanan mejlisinde senagat toplumyndaky ýagdaýyň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny, eger, şol döwre çenli bu ýagdaý düzedilmese, ýolbaşçy işgärler bilen bagly meselä hem serediljekdigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ýurdumyzyň gurluşyk we energetika toplumynyň, jemagat hojalygynyň we Aşgabat şäheriniň häkimliginiň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 102,3 göterim berjaý edilip, 133,2 göterim ösüş gazanyldy.Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 100,3 göterim berjaý edilip, ösüş depgini 105 göterime barabar boldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, şu ýyla meýilleşdirilen desgalaryň Täze ýyl baýramyna çenli gurlup gutarylmagy üçin ähli zerur çäreleri görmek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.Milli Liderimiz geljek ýyl üçin gurluşyk maksatnamasyny gaýtadan işlemegiň zerurdygyna ünsi çekip, birnäçe desgalaryň gurluşygyny maliýeleşdirmegiň çeşmelerini kesgitlemegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, taslamalar taýýarlanylanda, gurluşyk işleri alnyp barlanda, şeýle hem özara hasaplaşyklar geçirilende täze usullaryň ulanylmagyna ähmiýet berilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde täze şäherçeleriň gurluşygynyň dowam etdirilmegini möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitläp, ýurdumyzyň energetika halkasyny döretmek işlerini çaltlandyrmagyň wajypdygyny aýtdy.Döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyny seljerip, ony işjeňleşdirmek üçin zerur çäreleri görmek barada wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow söwda we ykdysadyýetiň hususy ulgamyny ösdürmek boýunça ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça 11 aýyň dowamynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, söwda dolanyşygynyň umumy möçberi 22 göterim artdy. Şunda bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 10,2 göterim, lomaý haryt dolanyşygynyň möçberi 30,7 göterim artdy. Öndürilen önümiň möçberi 10,6 göterim ýokarlandy.

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça hasabat döwründe 230 birža söwdasy geçirildi we 27 müň 939 şertnama hasaba alyndy.Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň möçberi 46,8 göterim artdy. Ýanwar — noýabr aýlarynda sergileriň 22-si we maslahatlaryň 28-si geçirildi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalary senagat önümlerini 16,3 göterim, oba hojalyk we azyk önümleri 16,4 göterim köp öndürdiler.Hasabat döwründe hususy taraplaryň daşary ýurtlara eksport eden azyk harytlarynyň möçberi 45,2 göterim, azyk däl we senagat harytlarynyň eksporty 10,1 göterim artdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer Ç.Gylyjowa ýüzlenip, Halkara Bitaraplyk gününiň we Täze ýyl baýramynyň golaýlaşyp gelýändigi mynasybetli bazarlaryň hem-de dükanlaryň dürli görnüşli harytlar bilen bolelin üpjün edilişine, olaryň nyrhlaryna berk gözegçilik etmek barada görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow bilen bilelikde harytlaryň eksport we import edilýän möçberlerini seljermegi tabşyrdy.Milli Liderimiz geljekde beýleki döwletlerden getirilýän harytlary özümizde öndürip, öz harytlarymyzyň eksport edilýän möçberini artdyrmak üçin, anyk çäreleri bellemegiň zerurdygyny nygtady hem-de wise-premýere bu ugurda ýerine ýetirilen işler barada Hökümetiň şu ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek mejlisinde hasabat bermegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barlan işleriň netijeleri we Türkmenistanda medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Mundan başga-da, ýurdumyzyň medeniýet edaralarynyň işgärleriniň halkara çärelere, maslahatlaryna, sergilere gatnaşmagy üçin saparlar guraldy.Daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalary bilen bilelikde, dürli mazmundaky medeni-köpçülikleýin çäreler guraldy. Ýurdumyzda daşary döwletleriň, şeýle hem Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň daşary ýurtlarda Medeniýet günleri geçirildi.

Aşgabatda GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumynyň, IV Wena balynyň hem-de türkmen-awstriýa bilelikdäki Galkynyş simfoniki orkestriniň konsertiniň, şeýle hem paýtagtymyzda Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty atly III halkara festiwalyň ähmiýetli wakalara öwrülendigi bellenildi. Ýanwar — noýabr aýlarynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan hasabat döwründe haryt öndürmegiň meýilnamasy 131,4 göterim berjaý edildi. Ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler metbugat sahypalarynda hem-de teleradioýaýlymlarynda işjeň we giňden beýan edildi.

Milli Liderimiziň halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatyny wagyz etmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp baryldy.Hasabat döwründe Oguz han adyndaky Türkmenfilm birleşigi tarapyndan birnäçe kinofilmleri düşürmek işi alnyp baryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň düýpli maddy-enjamlaýyn binýadynyň döredilendigini aýtdy, ony has netijeli ulanmak zerurdyr. Öňümizde uly baýramçylyklar, ýagny Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy bar diýip, milli Liderimiz aýtdy we şunuň bilen baglylykda çagalar we uly adamlar üçin şowhunly baýramçylyk çärelerini we sahna eserlerini köpräk taýýarlamagyň wajypdygyny nygtady.

Munuň üçin ähli teatrlarymyzy, konsert zallarymyzy we Döwlet sirkimizi doly ulanmaly diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere degişli meseleleriň üstünde işlemegi hem-de zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow gözegçilik edýän pudaklarynda 2019-njy ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesine laýyklykda, bilim ulgamyny özgertmegiň çäklerinde ulgama degişli edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar, okuw maksatnamalary we meýilnamalary kämilleşdirilýär, okatmagyň täze usullary ornaşdyrylýar hem-de usulyýet gollanmalarynyň üsti ýetirilýär.

Hasabat döwründe 2019-njy ýyl üçin meýilleşdirilen okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň 200 görnüşinden 197-si neşir edildi.Sanly bilim ulgamynyň ösüş konsepsiýasyny ýerine ýetirmek maksady bilen amala aşyrylýan çäreler barada aýdyldy. Ýaş türkmenistanlylaryň iri halkara ders we taslama olimpiadalaryna gatnaşmagy amala aşyrylýan özgertmeleriň üstünliklere beslenýändiginiň netijesidir. Şeýlelikde, şu ýylyň on bir aýynda umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary 140 medal eýelediler. Şolaryň 37-si altyn, 31-si kümüş we 72-si bürünç medaldyr. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary şu döwürde jemi 37 (9 altyn, 12 kümüş, 16 bürünç) medala mynasyp boldular.

Halkara hyzmatdaşlyk ulgamy boýunça dünýäniň dürli döwletleriniň ugurdaş düzümleri we abraýly halkara guramalary bilen gatnaşykda degişli işler ýerine ýetirildi.Hasabat döwründe Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe atly halkara sergi hem-de ylmy maslahat we zehinli çagalaryň Garaşsyzlygyň merjen däneleri bäsleşigi geçirildi. Şeýle hem ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň we ylmy-barlag institutlarynyň işi barada hasabat berildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar atly halkara ylmy maslahat we ylmy işler boýunça bäsleşik geçirildi.Wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda Saglyk Döwlet maksatnamasyna laýyklykda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler barada hasabat berdi.

Bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň çäklerinde, keselleriň öňüni alyş, sagaldyş we bejeriş tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça taslamalar ýerine ýetirildi.Habar berlişi ýaly, Türkmenistan ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy atly Õ spartakiada we uniwersiada üstünlikli geçirildi.

Tomusky Olimpiýa oýunlaryna hem-de Aşgabatda Sambo we Trek welosporty boýunça dünýä çempionatlaryny hem-de Futzal boýunça Aziýanyň çempionatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi. Ýurdumyzda içerki ýaryşlaryň 162-si we köpçülikleýin sport çäreleriniň 103-si guraldy.

Türkmen türgenleri halkara ýaryşlarynyň 186-syna, şol sanda dünýä çempionatlarynyň 32-sine gatnaşyp, 33 medaly, Aziýanyň çempionatlarynyň 41-sine gatnaşyp, 39 medaly eýelemegi başardylar.Ildeşlerimiz halkara bäsleşikleriniň 113-sinde çykyş edip, 212 medala mynasyp boldular.

Jemi gazanylan medallaryň sany 284 bolup, şolaryň 94-si altyn, 92-si kümüş we 98-si bürünç medaldyr.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bilim we saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň depginini çaltlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Bellenilen maksatlara ýetmek ugrunda geljek ýyl üçin Döwlet býujetinde köp mukdardaky serişdeler göz öňünde tutuldy.Milli ykdysadyýetimizde başlanan uly özgertmeleriň esasy wezipesi halkara ülňülerine laýyk gelýän sanly ykdysadyýete geçmegi, senagatlaşdyrmagy we elektron senagatynyň ösüşini üpjün etmekden ybaratdyr.

Bu bolsa ýaşlaryň hemmetaraplaýyn bilimli we başarnykly bolmagyny talap edýär diýip, döwlet Baştutanymyz bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa milli parlamentiň 11 aýyň dowamynda alyp baran işleri barada habar berdi. Ýylyň başyndan bäri geçirilen dört maslahatyň dowamynda milli parlamentde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 65-si hem-de Mejlisiň Kararlarynyň 35-si kabul edildi.

Bu resminamalar hormatly Prezidentimiziň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanyldy.Bu kadalaşdyryjy hukuk namalary raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegine, kanunylygyň hem-de hukuk tertibiniň berkidilmegine, hususy telekeçiligiň ösdürilmegine we goldanylmagyna, erkin ykdysady zolaklaryň, haryt nyşanlarynyň döredilmegine, harytlaryň gelip çykýan ýerleriniň adyny kesgitlemek, psihologik hyzmatlar, daşky gurşawy goramak, Döwlet býujetini tassyklamak, raýat ýagdaýynyň nama ýazgylary, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak bilen baglanyşykly meselelere degişlidir.

Mejlisiň iş meýilnamasyna laýyklykda, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna degişli hukuk namalaryny taýýarlamak işleri amala aşyrylýar.Parlamentara gatnaşyklary ösdürmek hem-de kanun çykaryjylyk ulgamynda dünýä tejribesini öwrenmek, BMG-niň we beýleki iri halkara guramalaryň wekilleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň çäklerinde, Mejlisde diplomatlar hem-de birnäçe döwletleriň wekiliýetleri bilen duşuşyklar geçirildi.

Mejlisde döredilen iş topary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça gelip gowşan teklipleri öwrenýär hem-de umumylaşdyrýar.Degişli Konstitusion kanunyň taslamasyny taýýarlamak boýunça ýurdumyzyň hereket edýän kanunlary seljerilýär.

Deputatlar ýerlerde konstitusion özgertmeleriň many-mazmunyny hem-de ähmiýetini düşündirmek boýunça işleri alyp barýarlar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kanunçylyk taýdan goldawyň döwletimiziň durmuş-ykdysady wezipelerini çözmekde netijeli gural bolup durýandygyny belläp, deputatlaryň geljekde hem öz işlerini türkmenistanlylaryň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna we jemgyýetimizde demokratik ýörelgeleriň berkarar edilmegine gönükdirmelidigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen baglylykda, hasabat döwründe Daşary işler ministrliginiň alyp baran işleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň çäklerinde dostlukly gatnaşyklary we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigi nygtaldy. Şu ýyl milli Liderimiziň daşary ýurtlara amala aşyran saparlary hem-de daşary ýurt döwletleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň Türkmenistana bolan saparlary munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň barşynda gol çekilen resminamalarda berkidilen hem-de döwletara hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen möhüm ylalaşyklar gazanyldy.

Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde şu ýyl Aşgabatda GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisleri boldy. Şu ýylyň awgust aýynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi.

Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ikitaraplaýyn geňeşmeler yzygiderli geçirildi. Özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de netijeli medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, ýylyň başyndan bäri bilelikdäki hökümetara toparlaryň mejlisleri geçirildi, ikitaraplaýyn işewürler maslahatlary guraldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň geçen on bir aýynda ösüşiniň netijelerini jemledi.Dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlara we aýry-aýry pudaklaryň, esasan hem, nebitgaz toplumy bilen bagly işde kemçilikleriň bardygyna garamazdan, şu ýyl ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depgininiň saklanýandygyny ynam bilen aýdyp bolar. Ýylyň ahyryna çenli jemi içerki önümiň ösüş depgini, çak edilişine görä, 6,3 göterim bolar.

Halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça diýen ýaly önüm öndürmegiň möçberleri artdy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.Kabul eden maksatnamalarymyza laýyklykda, ykdysadyýetimizde hususy pudagyň paýy köpelip, häzirki döwürde 65,4 göterimden ybarat boldy.

Döwlet býujetine gelip gowuşýan serişdeler bellenen tabşyryklaryň çäklerinde üpjün edildi.Zähmet haklary, pensiýalar we döwlet kömek pullary bellenen tertibe laýyklykda tölenýär. Önümçilik we ýaşaýyş-durmuş maksatly köp sanly desgalar gurlup, ulanmaga berildi diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Ýurdumyzda eksporta niýetlenen önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça geçirilen çäreleriň netijesinde, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, onuň möçberi 2,5 göterim artdy. Şoňa görä-de, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek, eksport edilýän harytlaryň möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri önümleriň täze görnüşlerini öndürmegiň hasabyna dowam etmeli. Şunlukda, bu ugurda bar serişdeler we mümkinçilikler peýdalanmalydyr.

Umuman, şu ýylyň on bir aýynyň jemleri boýunça kanagatlanarly netijeleriň gazanylandygyny bellemeli.Biz 2020-nji ýyl üçin hakyky ýagdaýlardan ugur alnyp, oýlanyşykly düzülen Döwlet býujetini kabul etdik. Şeýle hem ýeterlik möçberde serişdeleri bolan Durnuklaşdyryş gaznamyz, köp möçberde döwlet serişdelerimiz bar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz yhlasly we netijeli işlemegi dowam edip, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ýokary depginler bilen ösdürmelidigini belledi.

Hususylaşdyrmagy hem çaltlandyrmalydyrys.Paýnamalary ýerleşdirmek, gazna bazaryny we açyk bäsleşikli söwdalary guramak hususylaşdyrmagyň esasy gurallaryna öwrülmelidir.Ykdysadyýetimiziň önüm öndürýän pudagynda biziň esasy wezipämiz bazar institutlaryny berkitmegi dowam etmekden, erkin bäsleşigi ösdürmekden we hususy işewürlik başlangyçlaryny höweslendirmekden ybaratdyr.

Bu bolsa özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin maýadarlara örän gowy mümkinçilikdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, şu ýylyň daşary syýasat babatda hem wakalara baý we many-mazmunly bolandygyny, daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasyna laýyklykda, Bitarap Türkmenistan halkara giňişliginde dostlukly hem-de deňhukukly gatnaşyklary yzygiderli ýola goýdy. Özüniň milli bähbitlerini mynasyp gorap, häzirki döwrüň esasy meselelerini çözmäge saldamly goşant goşdy.

Türkmenistanyň dürli ýurtlar bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňden we netijeli ösdürildi.Aziýanyň, Ýewropanyň we Arap dünýäsiniň döwletleriniň ençemesiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi.Bu duşuşyklaryň dowamynda möhüm ylalaşyklar gazanylyp, ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň ugry boýunça hem gatnaşyklar işjeň amala aşyryldy.

Dünýä we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça dürli görnüşlerdäki syýasy geňeşmeler yzygiderli esasda geçirildi. Şeýle işleriň netijesinde, hyzmatdaşlar bilen wagtynda hem-de netijeli gatnaşyklary ýola goýmak, ol ýa-da beýleki daşary syýasy meseleler boýunça garaýyşlary we çemeleşmeleri ylalaşmak başardýar.

Biziň halkara hyzmatdaşlygymyzyň we dürli ýurtlarda diplomatik we konsullyk taýdan gatnaşmagymyzyň gerimi yzygiderli giňelýär. Şu ýyl ýurdumyz abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmekde aýdyň we ähmiýetli üstünlikleri gazandy diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Birleşen Milletler Guramasynyň üç sany möhüm edarasyna, ýagny Ilat gaznasy we ösüş baradaky, şeýle hem Neşe serişdeleri baradaky Komissiýalaryna, Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji Geňeşine saýlanmagy, bu guramanyň Baş Assambleýasynyň türkmen tarapynyň teklibi boýunça Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk, şeýle hem 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek baradaky Rezolýusiýalary kabul etmegi häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmek boýunça giň hyzmatdaşlyk etmekde biziň saýlap alan ugrumyzyň dogrudygynyň aýdyň tassyklanmasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, agzalan şu resminamalaryň Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik, howpsuzlyk we durnukly ösüş boýunça daşary syýasatynyň bähbitlerine laýyk gelýändigini belledi.Bu bolsa, gürrüňsiz, Birleşen Milletler Guramasynyň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň ornuny we at-abraýyny has-da berkidýär.

Iri hem-de abraýly halkara guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmegiň uzak möhletli meýilnamalaryny we strategiýalaryny ynamly amala aşyrmaga bize mümkinçilik berýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.Mälim bolşy ýaly, geçip barýan ýylda Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etdi. Şu derejede biziň alyp baran işlerimiz netijeli boldy, bu birleşmäniň işine täze many-mazmunly itergi berdi.

GDA başlyklyk eden döwründe tertipnamalaýyn resminamalara laýyklykda, ýurdumyzda döwlet hem-de hökümet Baştutanlarynyň Geňeşleriniň, Daşary işler ministrleriniň geňeşi, Ykdysady geňeşiň mejlisleri, şeýle hem käbir pudaklaýyn düzümleriň maslahatlary geçirildi. Şu çäreleriň dowamynda Türkmenistan Arkalaşygyň işine, ozaly bilen, ykdysady babatdaky işine ýeterlik depgin we netijelilik bermäge gönükdirilen ençeme başlangyçlary öňe sürdi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu başlangyçlaryň GDA boýunça hyzmatdaşlaryň düşünmek bilen garşylandyklaryny hem-de goldandyklaryny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň şu ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda geçirilen mejlisinde Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy baradaky Jarnamanyň kabul edilmegi bilelikde gazanylan uly üstünlik boldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Ählumumy geoykdysady meýilleriň düýpli seljerilmegi esasynda Türkmenistanyň işläp taýýarlan we öňe süren bu resminamasy dünýä ösüşiniň häzirki hakyky talaplaryna laýyklykda, GDA-nyň ýurtlarynyň täze başlangyçlarda mundan beýläk-de köptaraply we depginli hyzmatdaşlyk etmegi üçin esaslary döredýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen GDA ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça hereketleriň maksatnamasynyň kabul edilmegi hem möhüm waka öwrüldi diýip, milli Liderimiz belledi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl biziň ýurdumyz Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmegini tamamlaýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Üç ýylyň dowamynda, ýagny 2017 — 2019-njy ýyllarda Türkmenistan bu halkara düzüme ýolbaşçylyk etmek bilen, gaznanyň maksatlaryny we wezipelerini netijeli amala aşyrmaga gönükdirilen ençeme möhüm çäreleri gurady hem-de geçirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şol çäreleriň hatarynda Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň 2018-nji ýylyň awgustynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen ýokary derejedäki duşuşygyny aýratyn belledi. Şu forumyň netijeleri boýunça kabul edilen jemleýji resminama Aral bilen bagly ekologiýa, ykdysady, durmuş we ynsanperwer meseleleri çözmäge düýpli çemeleşmeleri ýene-de bir gezek berkitdi. Şol bir wagtda, döwlet Baştutanlary hyzmatdaşlyk etmegiň täze ugurlaryny hem kesgitlediler.

Hususan-da, gazna gatnaşyjy döwletler bilen Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň arasynda Aral deňziniň sebitindäki ýurtlar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ýörite maksatnamasyny taýýarlamak meseleleri boýunça geňeşmeleri geçirip başlamagyň zerurdygyny bellediler. Şu ýyl Garaşsyz döwletimiz daşary ykdysady gatnaşyklaryny hem has-da ösdürdi we giňeltdi diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Türkmenistan Açyk gapylar syýasatyny amala aşyryp, dünýäniň onlarça döwleti, iri daşary ýurt kompaniýalary, halkara maliýe edaralary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýdy.Ençeme döwletler bilen ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça ikitaraplaýyn toparlaryň mejlislerini geçirdi.

Bulardan başga-da, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň telekeçilik düzümleriniň gatnaşmagynda möhüm işewürler maslahatlary geçirildi.Dürli halkara sergilerinde hem-de ýarmarkalarynda Türkmenistanyň ekspozisiýalary guraldy. Şeýle işleriň alnyp barylmagy öz gowy netijelerini hem berýär.

Ykdysadyýetimizi ösdürmegi höweslendirip, oňa köp möçberde maýa goýumlaryny çekmäge, giň gerimli üpjünçilik taslamalaryny amala aşyrmaga ýardam edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Şu ýylyň awgust aýynda ýurdumyzda birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmegi ägirt uly halkara ähmiýetli waka boldy.

Oňa Hazarýaka ýurtlarynyň ählisiniň, birnäçe sebitden daşary ýurtlaryň hökümet Baştutanlary, onlarça iri daşary ýurt kompaniýalary, banklary, maýa goýum gaznalary, dünýäniň ylym, bilermenler we maglumat bileleşikleriniň wekilleri gatnaşdylar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Forumyň dowamynda Türkmenistanyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda dürli ylalaşyklardyr şertnamalara gol çekildi.Mundan başga-da, 400 million amerikan dollaryna golaý möçberde söwda geleşikleri baglaşyldy.Bu forumyň çäklerinde Hazar maýa goýum tehnologiýalary sergisi hem-de halkara maslahaty geçirilip, möhüm ykdysady meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Birinji Hazar ykdysady forumynyň netijeleri boýunça kabul edilen Beýannama Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde resminama hökmünde ýaýradyldy.Biz giň we özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegiň başyny başlan hökmünde ata Watanymyzyň abraýyny hem-de ornuny tassyklan şeýle uly halkara çäresini ýurdumyzda üstünlikli geçirendigimize guwanmaga haklydyrys diýip, milli Liderimiz nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplygy halkara giňişliginde biziň hyzmatdaşlyk etmegimiziň esasy, daşary syýasy we daşary ykdysady işimiziň binýatlaýyn ýörelgesi boldy hem-de şeýle bolmagynda galýar.

Hut Bitaraplyk hukuk ýagdaýy dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly, özara bähbitli we hakyky ýagdaýlardan ugur alyp, gatnaşyklary ýola goýmaga şert döredýär.Sebitde hem-de bütin dünýäde oňyn, parahatçylygy dörediji orny eýelemäge, bu wezipeler ýerine ýetirilende Birleşen Milletler Guramasynyň tagallalaryna ýardam etmäge ýurdumyza mümkinçilik berýär.

Nesip bolsa, biz geljek ýyl garaşsyz taryhymyzda örän möhüm senäni — ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň şanly 25 ýyllyk baýramyny giňden belläp geçeris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Elbetde, ilkinji nobatda, bu biziň öz baýramymyz, türkmen halkynyň we döwletiniň beýik üstünligidir. Ýöne, onuň ägirt uly halkara ähmiýetiniň hem bardygyny bellemek gerek diýip, milli Liderimiz nygtady. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2017-nji ýylyň fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy arkaly 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi tötänden däldir. Şeýle hem şol Rezolýusiýada bitaraplyk syýasatynyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde möhümdigi, dürli ýurtlaryň arasynda dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde tutýan orny bellenýär. Şoňa görä-de, bu ýubileýi ösen döwlet hökmünde many-mazmunly we ýokary guramaçylyk derejesinde bellemek biziň üçin uly abraýdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Aşgabatda 2020-nji ýylda parahatçylyk, howpsuzlyk we ösüş meseleleri boýunça halkara maslahatynyň geçirilmegi bu baýramçylygyň esasy çäresi bolar.Baýramçylyga köp sanly daşary ýurtly myhmanlary, şol sanda ýokary döwlet we hökümet derejesindäki myhmanlary çagyrarys.

Biz 2020-nji ýylda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda maslahatlary, forumlary, medeni, sport çärelerini we ençeme beýleki halkara ähmiýetli köp sanly çäreleri many-mazmunly we ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmelidiris. Şeýle hem bu ýubileýi uly ykdysady we durmuş üstünliklerini gazanmak bilen bellemegi maksat edinýäris.

Hususan-da, 2020-nji ýylda onlarça senagat we durmuş ähmiýetli desgalary ulanmaga bermegi göz öňünde tutýarys. Şeýlelikde, öňümizde ählimiz üçin hem yzygiderli amala aşyrylmagy zerur bolan giň gerimli işler durýar diýip, milli Liderimiz nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bu ýubileýe haýal etmän, şu günden taýýarlyk görüp başlamalydygymyzy bellemek isleýärin. Şu maksatlar bilen degişli Guramaçylyk topary döredilýär hem-de meýilnamalar tassyklanýar.

Biz nesip bolsa, 2021-nji ýylda ýene-de bir taryhy senäni, ýagny berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk ýubileýini belläp geçeris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.Bu baýram hem strategik we sebit durnuklylygyny berkitmäge möhüm goşant goşýan, ygtybarly, jogapkärçilikli syýasy hem-de söwda-ykdysady hyzmatdaş, häzirki zaman dünýä syýasatynyň ähmiýetli şerti hökmünde Garaşsyz we özygtyýarly Türkmenistanyň berkararlygy nukdaýnazaryndan giň halkara seslenmesine eýe bolar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Daşary işler ministrligine bu şanly senäniň halkara ähmiýetini nygtap, biziň ilçihanalarymyzyň we konsullyk edaralarymyzyň, halkara guramalarynyň ýanyndaky wekilhanalarymyzyň ugry boýunça daşary ýurtlarda degişli çäreleri geçirmegiň meýilnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz geljekde öňde duran aýry-aýry halkara wezipelere şu günki mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Şolaryň arasynda ýurdumyzyň halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň geografiýasyny giňeltmek örän möhüm mesele bolup durýar. Şu ugurda biz hemişe açyk yglan edýän üýtgewsiz kadalarymyzy goldanmalydyrys.

Bu kadalar ýurdumyzyň içerki ösüşini gazanmak üçin Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň amatly şertleri üpjün etmelidigine daýanýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Ýurdumyzyň beýleki döwletlerdäki diplomatik wekilhanalary Türkmenistanyň bähbitlerine, ykdysady we eksport mümkinçiliklerine, maýa goýum taýdan özüne çekijiligine hem-de özara hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlygyna bolan gyzyklanmany höweslendirmelidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, ýurdumyzyň ilçilerine şu ugurda alnyp barylýan işleri güýçlendirmegi, bolýan ýurtlarynyň döwlet edaralary, kompaniýalary, banklary bilen ysnyşykly we netijeli işlemegi tabşyrdy.Milli Liderimiz ilçilere ýüzlenip, olaryň işleýän döwletleriniň söwda-senagat edaralary, telekeçiler hem-de senagatçylar birleşikleri we assosiasiýalary bilen yzygiderli aragatnaşyklary ýola goýmagy tabşyrdy we gyzyklanma döredýän önümleriň öndürilýän ýerlerine gidip, ýerli maýa goýum we söwda kanunçylygyny düýpli öwrenmegiň zerurdygyny belledi.

Sebäbi, häzirki döwrüň şertleri ilçihanalardan işiň hut şeýle düzgünini hem-de häsiýetini talap edýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.Türkmenistanyň gol çeken ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn resminamalarynyň gyşarnyksyz hem-de takyk ýerine ýetirilmegine ünsi jemlemeli. Şu meselede biziň hyzmatdaşlarymyzdan muny erjellik bilen talap etmeli diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Biziň ýurdumyz öz halkara borçnamalaryny hemişe ýerine ýetirýän ygtybarly döwlet hökmünde dünýäde uly abraýdan peýdalanýar. Şoňa görä-de, biz bu işleriň özara ýerine ýetirilmegine bil baglamaga haklydyrys. Şu meselede Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky wekilleri ata Watanymyzyň milli bähbitlerini berk goramalydyr. Şunuň bilen bir wagtda, ýurdumyzyň ilçileri we halkara guramalarynyň ýanyndaky wekilleri ykdysady, maýa goýum we maliýe ugurly halkara guramalary bilen özara hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etmeli.

Geljek ýyl biz Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça (ÝUNKTAD), Senagat ösüşi boýunça (ÝUNIDO) Konferensiýalary, Bütindünýä söwda guramasy ýaly düzümleri hem-de ýöriteleşdirilen birnäçe beýleki halkara düzümler bilen ýurdumyzyň gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek boýunça öňe uly ädimleri ätmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Häzirki döwürde biz daşary syýasat gullugynyň, daşary ýurtlardaky wekilhanalarymyzyň öňünde ýakyn ýyllar üçin iş ýüzündäki amaly wezipeleri goýýarys. Ýöne, elbetde, bu wezipeleriň ählisi hemişe baş maksadymyza, ýagny parahatçylygy söýüji, ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün edýän hem-de pugtalandyrýan, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrýan döwlet hökmünde Türkmenistanyň ornuny dünýä giňişliginde berkitmäge gönükdirilmelidir.

Munuň üçin Bitarap döwletimiz, ilkinji nobatda, goňşularymyz we beýleki ýurtlar bilen dostlukly, özara hormatlamak gatnaşyklaryny ileri tutmak esasynda ýola goýmagy dowam eder. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Merkezi Aziýanyň ähli döwletleri, Owganystan, Eýran, Azerbaýjan bilen däbe öwrülen dostlukly hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak berkarar döwletimiziň daşary syýasatynyň örän möhüm ugry bolup durýandygyny aýratyn belledi.

Biz Türkiýe bilen hyzmatdaşlygymyzy ösdürmäge hem uly üns bereris.Köpasyrlyk dostluk gatnaşyklary baglanyşdyrýan Russiýa Federasiýasy Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşydyr.Iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň taryhy tejribesine daýanyp, biz Russiýa bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de giňelderis diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Ýurdumyz indi köp ýyllaryň dowamynda Hytaý Halk Respublikasy bilen netijeli we ähmiýetli hyzmatdaşlyk edip gelýär.

Biz Hytaý bilen köptaraply gatnaşyklarymyzy giňeltmek üçin geljekde hem bar bolan ähli mümkinçiliklerimizi peýdalanarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Malaýziýa hem ýurdumyz bilen netijeli syýasy we ykdysady gatnaşyklary alyp barýar.

Häzirki döwürde bu döwletler bilen bilelikdäki ykdysady we durmuş taslamalarynyň üstünlikli amala aşyrylan ençeme anyk mysallaryny görkezip bolar.Biz ýurdumyzy özara gatnaşyklaryň gadymy taryhy birleşdirýän Hindistan we Pakistan bilen hem ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam ederis.

Türkmenistan Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy berkitmegiň ýoly bilen barýar. Ýakyn wagtda bu sebitdäki hyzmatdaşlarymyz bilen gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ähli zerur işleri geçireris diýip, milli Liderimiz nygtady. Ýewropa döwletleri ýurdumyzyň hemişe ygtybarly hyzmatdaşy bolupdy we şeýle bolmagynda hem galýar.

Biz geljek ýylda Ýewropa ýurtlary bilen Türkmenistanyň gatnaşyklaryny täze, has ýokary derejä çykarmak üçin ähli zerur işleri etmegi göz öňünde tutýarys.Döwlet Baştutanymyz Amerika kontinentiniň ýurtlary bilen gatnaşyklaryň ep-esli işjeňleşdirilendigini aýdyp, şol ýurtlaryň arasynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny aýratyn tapawutlandyrdy.

Türkmen-amerikan açyk we netijeli syýasy gatnaşyklary ykdysady, bilim we medeni hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmek üçin esas bolup durýar.Soňky ýyllarda Afrika kontinentiniň döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak üçin köp işler edýäris.

Biz bu işi dowam ederis hem-de Afrika ýurtlary bilen özara saparlaryň sanyny artdyrarys.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa, strategik hyzmatdaşymyz bolan Birleşen Milletler Guramasy, şeýle hem Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropa Bileleşigi, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen arkalaşykly işleriň gerimi giňeldiler.

Sebit ykdysady birleşikleri bolan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi, Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň Assosiasiýasy we ençeme beýleki sebit düzümleri bilen hem hyzmatdaşlyk etmegiň oňat geljeginiň bardygyny görýäris.

Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara strategiýasy parahatçylyk, döretmek we ösüş strategiýasydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.Bu strategiýa gyşarnyksyz eýermek bilen, berkarar döwletimiz bütin dünýäde mynasyp hormata, belent abraýa we ykrar edilmegine eýe boldy.

Türkmenistanyň daşary syýasaty onuň uzak möhletli döwlet we milli bähbitlerine, dünýä bileleşiginiň maksatlaryna hem-de wezipelerine laýyk gelýär. Ählumumy howpsuzlygyň we hyzmatdaşlygyň esaslaryny berkitmäge düýpli goşant goşýar.Biziň şu syýasatymyz geljekde hem üýtgewsiz galar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe möhüm resminamalara gol çekjekdigini aýtdy.Geljek ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň baýram ediljekdigi bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu şanly sene mynasybetli halkara maslahatyny, dabaralary we çäreleri geçirmek hakyndaky Karara gol çekdi.

Wise-premýerlere, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylaryna, ýurdumyzyň diplomatik hem-de konsullyk edaralarynyň baştutanlaryna ýokarda agzalan Karary ýerine ýetirip başlamak tabşyryldy.Resminamada şeýle hem degişli Guramaçylyk toparynyň düzümi hem-de baýramçylyk çäreleriniň meýilnamasy tassyklanyldy.

Soňra milli Liderimiz deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyny geçirmek hakyndaky Karara gol çekdi.Döwlet Baştutanymyz Daşary işler ministrligine, ulag pudagynyň we maliýe-ykdysady toplumyň ýolbaşçylaryna Birleşen Milletler Guramasynyň bu örän möhüm çäresini ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlamagy hem-de maslahat geçenden soň, onuň netijelerini iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ykdysady ulgamda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça wezipeleri durmuşa geçirmek, bu işe hil taýdan täze mazmun bermek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky” Karara gol çekdi. Şu resminamany ýerine ýetirmek boýunça işleri utgaşdyrmak üçin jogapkärçilik Daşary işler, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, şeýle hem Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň üstüne ýüklenildi.

Indi köp ýyllardan bäri biziň döwletimiziň diplomatik gullugymyzyň işini kämilleşdirmek üçin ähli zerur tagallalary edip gelýändigini, gullugyň işgärler düzümini, maddy-tehniki we maliýe üpjünçiligini berkidýändigini belläp, milli Liderimiz “Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakyndaky” Karara gol çekdi. Şu Karar bilen daşary ýurtlardaky ilçihanalarymyzyň, konsullyklarymyzyň we halkara guramalarynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalarymyzyň çykdajy hem-de wezipe sanawlary tassyklanylýar. Şunuň bilen baglylykda, Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrliklerine hem-de Merkezi banka şu resminamany takyk we gyşarnyksyz ýerine ýetirmek tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryny ösdürmek we diwersifikasiýalaşdyrmak işi dünýäde diplomatik taýdan gatnaşmagy giňeltmek, daşary ýurtlarda döwletimiziň bähbitlerini üpjün etmeli, türkmen raýatlarynyň kanuny hukuklaryny goramaly bolan ilçihanalarymyzyň hem-de konsullyklarymyzyň sanyny artdyrmak bilen alnyp barylýar.

Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, “Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynda (Kazan şäheri) Baş konsullygyny açmak hakyndaky” Karara gol çekdi.Döwlet Baştutanymyz Daşary işler ministrligine ýakyn wagtda Baş konsuly wezipä bellemek üçin teklip bermegi hem-de halkara kadalaryna laýyklykda, bu edarany açmagyň we onuň işini guramagyň ähli meseleleriniň üstünde işlemegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň BMG-niň kabul eden iri we uzakmöhletli maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygyny belläp, “Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin milli strategiýany tassyklamak hakyndaky” Karara gol çekdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy, Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda taýýarlanan bu strategiýanyň baş maksady eneligi we çagalygy goramagyň ýokary derejesini üpjün etmekde, çaganyň hemmetaraplaýyn ösüşe hukugyny netijeli durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň milli kuwwatyny berkitmekden hem-de mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekden ybaratdyr.

Döwlet Baştutanymyz Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty hem-de Bilim ministrliklerine BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri we beýleki halkara edaralary bilen bilelikde ýokarda agzalan resminamanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şu günki mejlisde milli Liderimiz şeýle hem “Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2020 — 2022-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky” Karara gol çekdi.

Bu meýilnamany Halkara migrasiýa guramasy bilen bilelikde Türkmenistanyň Hökümeti işläp taýýarlady.Onuň esasy wezipesi adam söwdasyny guramak we amala aşyrmak bilen bagly islendik synanyşyga garşy gönükdirilen çäreler toplumyny iş ýüzünde amala aşyrmak bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşary işler ministrligine, ýurdumyzyň ähli hukuk goraýjy edaralaryna degişli halkara düzümleri bilen ysnyşykly işläp, bu meýilnamany durmuşa geçirmäge girişmegi tabşyrdy.Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça 2020 — 2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli strategiýasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi.

Bu strategiýany ýurdumyzyň Hökümeti Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen bilelikde taýýarlady.Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň ählumumy terrorçylyga garşy strategiýasyny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. 2011-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda terrorçylyga garşy göreşmek boýunça hereketleriň sebit meýilnamasy kabul edildi.

Bu meýilnama häzirki döwürde Merkezi Aziýa sebitinde üstünlikli amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşary işler ministrligine ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralary bilen bilelikde agzalan milli strategiýany durmuşa geçirmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, gol çekilen resminamalar şu günki mejlisiň dowamynda öňde goýlan wezipeleri gyşarnyksyz ýerine ýetirmäge gönükdirilendir.Bu işler biziň daşary syýasat gullugymyzdan uly jogapkärçiligi, diplomatlaryň bilimlerini hem-de tejribesini iş ýüzünde ulanmagyny talap edýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we olaryň öňde goýlan ähli wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirjekdigine we geljekde ata Watanymyz Bitarap Türkmenistana täze üstünlikleri getirjekdigine ynam bildirdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň adyl Açyk gapylar syýasatyna görä birnäçe resminamalaryň kabul edilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz mejlise çagyrylan ýurdumyzyň daşary döwletlerde işleýän ilçilerine söz berdi.

Ilki bilen, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili A.Ataýewa çykyş edip, Watanymyzyň BMG-ä agza bolmagynyň ilkinji günlerinden bu abraýly halkara guramanyň ýurdumyzyň esasy strategik hyzmatdaşy bolup durýandygyny nygtady.

Bellenilişi ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygy atly Rezolýusiýanyň kabul edilmegi döwletimiziň taryhynda täze sahypany açdy hem-de onuň dünýä jemgyýetçiliginde mynasyp ornuny we ähmiýetini kesgitledi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda bolsa Baş Assambleýa ýurdumyzyň hemişelik bitaraplyk hukuk derejesini ýene-de bir gezek ykrar etdi.

Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp, türkmen tarapy halkara jemgyýetçilikde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek bilen maksady bilen, giň möçberli we uzakmöhletli başlangyçlary öňe sürýär.Umuman, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklipleri esasynda parahatçylyk we howpsuzlyk, durnukly energetika we ulag, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, şeýle hem beýleki halkara ähmiýetli meseleler boýunça Baş Assambleýa tarapyndan 13 Rezolýusiýa kabul edildi.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň çäklerinde köp sanly möhüm resminamalar işlenip taýýarlanyldy we olar halkara kadalaryna laýyklykda kabul edildi.Aýratyn bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmek, onuň bütin dünýäde abraýyny has-da artdyrmak üçin milli diplomatik düzüminiň işgärleriniň netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredildi.

Milli Liderimiziň yzygiderli aladasy netijesinde diplomatik gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, guramaçylyk meselelerini çözmek, işgärleriň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, çykyş edýän öz kärdeşleriniň-diplomatlaryň ählisiniň adyndan döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi.

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan örän wajyp resminamalaryň ýurdumyz üçin uly ähmiýete eýe bolup, olaryň gönüden-göni daşary syýasat işleri bilen baglydygyny belläp, pursatdan peýdalanyp, milli Liderimizi ýetip gelýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Soňra Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Rejebow çykyş etdi.Nygtalyşy ýaly, milli Liderimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döredijilikli daşary strategiýanyň netijesinde Türkmenistanyň dünýäniň döwletleri, şol sanda Ýewropa ýurtlary bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklary has berkidilýär hem-de hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolýar.

Ilçi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýetini belledi.Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 6-7-nji noýabrynda Italiýa Respublikasyna bolan resmi saparynyň netijeleri hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýokary derejede geçirilen gepleşikler döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açdy, mundan beýläkki gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlaryny kesgitledi.

Diplomat milli Liderimize ähli türkmen diplomatlarynyň adyndan daşary ýurtlarda hem-de halkara guramalarda Türkmen döwletiniň bähbitlerine wekilçilik etmäge bildiren uly ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy jogapkärli we möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi G.Elýasow çykyş edip ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň, Orta we Ýakyn Gündogar, Ýewropanyň hem-de Amerikanyň döwletleri, şeýle hem BMG, ÝHHG, GDA ýaly abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilýändigini belledi. Ýaponiýa Türkmenistanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitindäki möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzda Ýaponiýanyň birnäçe belli kompaniýalary işleýärler. Şeýle hem bu ýurduň işewür toparlarynyň köp sanly wekilleri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyna uly gyzyklanma bildirýärler. Şu ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiziň Imperator Naruhitonyň tagta geçmegi mynasybetli guralan dabara gatnaşmak üçin Ýaponiýa bolan iş sapary türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypa we däp bolan dostlukly hem-de netijeli döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädime öwrüldi.

Sapar mahaly döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Premýer-ministri, Parlamentiň wekiller Palatasynyň başlygy, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetiniň agzalary, Ýaponiýanyň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen bolan duşuşyklarynyň we gepleşikleriniň dowamynda türkmen-ýapon gatnaşyklaryny ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, diplomat sözüni jemledi.

Döwlet Baştutanymyz çykyşlary diňläp, öňümizde Halkara Bitaraplyk gününiň ýetip gelýändigini belledi.Bitaraplyk güni parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi hem-de hoşniýetliligi dabaralandyrýan ajaýyp halkara baýramdyr.Türkmenistan asyrlaryň dowamynda kemala gelen parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerimizi rowaçlandyrmak, Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyga gönükdirilen başlangyçlary öňe sürmek, syýasy, ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer ugurlarda halkara taslamalarymyzy we maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmek bilen, Bitaraplyk syýasatymyzyň dünýä üçin nusgalyk bolmagyny gazandy. Şoňa görä-de, geljek 2020-nji ýylda biz uly we möhüm halkara ähmiýetli wakany — Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 25 ýyllyk ýubileýini ýokary derejede belläp geçeris.

Bitaraplyk biziň alyp barýan içeri we daşary syýasatymyzyň binýatlyk esasyny düzýän, halkara gatnaşyklaryny many-mazmun taýdan baýlaşdyrýan we onuň ugurlaryny kesgitleýän netijeli gurala öwrüldi. Şoňa görä-de, biz parahatçylyga, döredijilige hem-de ösüşe gönükdirilen syýasatymyzy, halkara ähmiýetli taslamalarymyzy, düýpli özgertmelerimizi beýik maksada — Garaşsyz döwletimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmäge gönükdirýäris diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Türkmenistanda ykdysadyýetiň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak, sanly ulgama geçmek ugrundaky işler üstünlikli dowam edýär.Täze şäherdir obalar, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri, ýokary tizlikli awtomobil ýollary, iri innowasion senagat-önümçilik toplumlary gurulýar. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly atly Kararnamasynyň kabul edilmegi bolsa parahatçylygyň we dostlugyň berkarar bolmagy ugrundaky tagallalarymyzy bütin dünýä äşgär etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini tamamlap, halkymyza ýüzlenip, watandaşlarymyzyň ählisini Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady we berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, rowaçlyk, abadan we bagtyýar durmuş, Berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden
06.12.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşy
08.12.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
ÝUNKTAD Türkiýe Boýunça Ukdysady Ösüş Çaklamasyny Ýokarlandyrdy
14.11.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti UNKTAD-yň Baş sekretaryny kabul etdi