Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 1-njy dekabrda bolan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde yklymyň magistral ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň çäk ýagdaýynyň atrykmaçlygynyň ýurdumyza Ýewraziýa gatnaşyklaryny üpjün etmek üçin milli ulag serişdelerimizi amatly peýdalanmaga mümkinçilik berýänligini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli ulag ulgamlarynyň okgunly döwrebaplaşdyrylmagynyň zerurdygyna hem-de iň oňat dünýä ölçegleriniň derejesinde işlemelidigine aýratyn üns berdi.
Döwletimiz tarapyndan ägirt uly serişdeler gönükdirilip ösdürilýän milli awiasiýamyz hem şeýle möhüm pudaklaryň biridir.Bir ýyldan sähel gowrak mundan ozal paýtagtymyzda ýurdumyzyň esasy “howa derwezesi” bolan täze Halkara howa menzili açylgy.
Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistany yklymyň iri ulag logistik merkezine- Ýewropany we Aziýany baglanyşdyrýan möhüm halka öwürmek baradaky maksadynyň durmuşa geçirilmeginde ýene bir aýgytly ädim boldy.Aziada 2017-den bir ýyl öň açylan Aşgabadyň Halkara howa menzili diňe bir iri möçberliligi, gerimliligi we bezegi bilen däl, eýsem mümkinçilikleri bilen hem örän uly sport baýramyna gatnaşyjylarda we myhmanlarynda haýran ediji täsiri galdyrdy.
Bu döwürde howa menziliniň çäginde düzümleýin desgalaryň 100-e golaýy işe girizildi.Häzirki wagtda Halkara howa menzilinde hereket edýän döwrebap howa menzili 3 milliondan gowrak ýolagçyny kabul etmäge niýetlenen ikinji terminal bilen bilelikde, umumylykda alanyňda, ýylda 17 million adama ýa-da her sagatda 3 müň ýolagça hyzmat etmäge mümkinçilik berýär.
Doly mehanizmleşdiilen täze ýük terminalynyň üsti bilen 200 müň tonna ýük geçirilip bilner.Täze howa menzilinde ähli zerur düzümler bilen üpjün edilen, uzynlygy 3 müň 800 metrden ybarat iki sany uçuş-gonuş zolagy bar.
Howa hereketleriniň dolandyryş gullugy iň naýbaşy döwrebap nawigasiýa enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.Dünýä derejesindäki hyzmat ýola goýlan howa menzili islendik görnüşli we ýük göterişli uçarlary kabul edip bilýär.Milli Liderimiziň raýat awiasiýasynyň düzümleriniň ösdürilmegine, howa gatnawlarynyň kämilleşdirilmegine berýän ägirt uly ünsi netijesinde Aşgabadyň Halkara howa menzili ýurdumyzyň döwrebap ulag-üstaşyr düzüminiň möhüm halkasy boldy.
Esasy howa ýük daşaýjy bolan AOOT “Türkmenistan” howa kärhanasy yzygiderli täzelenilip durulýan birinji derejeli awiýa tehnikasy bilen enjamlaşdyrylandyr.Diňe soňky üç ýylyň içinde awiýa parkynyň üsti “Boing” kompaniýasynyň NG kysymly iň täze uçarlary bilen ýetirildi. С-sheсk tehniki hyzmatyň döwrebap düýpli görnüşiniň ýola goýulmagy netijesinde, awiatorlar uzak uçuş möhletleri bolan howa gämileriniň onusyny - uçuşa taýýar etdiler.
NG kysymly uçarlarynyň ähli nusgalarynyň arasynda iň meşhur bolan “737-700” we “Boing 737-800” täze kysymly amatly laýnerleri türkmen howa ugurlarynda öz serişdelerini işläp gutaran uçarlar bilen çalşyryldy.
Häzirki wagtda iň ýokary uçuş häsiýetnamalary bolan howa gämileriniň 24-si ulanyşda peýdalanylýar.Bu görnüşli awia tehnikalarynyň mukdary mundan beýläk-de artar we 2020-nji ýyla çenli milli awia parky bütinleý täzeden enjamlaşdyrylar.
Awia işgärlerini taýýarlaýyş mekdebiniň görkezme meýdançasynda ilkinji Boing-737 300 laýneriniň (eýýäm öz serişdesini işläp gutaran) goýulmagy “Türkmenhowaýollary” we “Boing” awia korporasiýasynyň netijeli hyzmatdaşlygynyň 25 ýyllyk taryhynyň nyşany boldy.
Bu mekdepde uçarlaryň we dikuçarlaryň başlangyç uçujylarynyň uçuşa taýýarlygyny guramak üçin okuw maşynlary “Daýmond” uçarlaryň dördüsi we “Emestron” dikuçarlarynyň ikisi alyndy.Mekdebiň binýadynda açylan täze okuw merkezi soňky kysymlaryň iň täze enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp gurlandyr.
Eger-de ozal NG kysymly Boing uçarlarynda uçýan ekipažlar şular ýaly okuwlarda okamak üçin ýylda iki gezek Boing kompaniýasynyň Angliýada ýerleşýän okuw merkezine giden bolsalar, indi uçuş düzümi okuwlary “öýde” geçýärler.
Munuň özi uçujy hünärmenleriň hünär taýýarlygyny çaltlandyrmaga mümkinçilik berdi.Paýtagtyň aerodrom toplumy döwrebap ýerüsti tehnika bilen enjamlaşdyrylandyr.Bu ýerde täze ýük göterijileriň, uçarlara ýangyç guýujylaryň, aerodromy arassalaýjy maşynlaryň, göterijileriň, münüş basgançaklarynyň we beýlekileriň 300-den gowragy ulanylýar. Ýerüsti tehnikalaryň köp görnüşleri howa menziliniň şertlerinde ilkinji gezek peýdalanylýar.
Aerodram ýangyç guýujy toplum bilen enjamlaşdyrylandyr.Ol turba geçirijiler ulgamy arkaly ÝÇS-nyň ammarlarynyň ätiýaçlyk çeleklerinden ýangyjy uçarlaryň ýangyç gaplaryna yzygiderli bermegi üpjün edýär.Munuň özi birwagtda hyzmat edilýän awia tehnikalarynyň sanyny artdyrmada, ýangyç guýmagyň dowamlylygyny gysgaltmaga hem-de serişdeleri düýpli tygşytlamaga mümkinçlik döredýär.
Täze tehnikany we tehnologiýany üstünlikli özleşdirmekde ýokary hünärli awia işgärlerini taýýarlamagyň orny uly boldy.Täze aeroporty gurmagyň we ony ulanyşa bermegiň döwründe 900-den gowrak hünärmenler taýýarlanyp, awasiýa hünärleriniň şahadatnamalaryny aldylar.
Munuň özi awiatorlara ýolagçylara hyzmat etmegiň derejesini düýpli ýokarlandyrmaga we bu görkezijini ýokary halkara ölçeglerine çenli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.Gysga döwrüň içinde ýolagçylary we ýükleri daşamak işi göwrüm taýdan-da, hil taýdan-da düýpli ýokarlandy.
Iň täze awiasiýa tehnikalaryny ulanmagyň hasabyna yzygiderli halkara ugurlarynyň çäklerini giňeltmäge we bar bolan ugurlarda uçuşlaryň ýygylygyny artdyrmaga mümkinçilik döredi. Şu ýylyň başyndan bäri paýtagtymyzyň howa ýük daşaýjylary tarapyndan howa ugurlarynda 2 müňe golaý halkara we - 4,4 müňden gowrak ýerli howa gatnawy ýerine ýetirildi.
Laçyn nyşanly uçarlar howa ugurlarynyň 18 halkara we 11 ýerli ugurlarynda awia gatnawlaryny amala aşyrdylar.Aşgabadyň awiaçylary Duşenbä we Ýerewana hem şeýle synag uguşlaryny geçirdiler.Bu ugurlaryň ählisi boýunça ýolagçylaryň 1620 müňüsi hem-de ýükleriň we poçtalaryň 11400 tonnasy daşaldy.
Awia ýük daşalyşynyň ykdysady görkezijileri düýpli ýokarlandy. Şu ýylyň başyndan bäri ýükleriň we poçtanyň daşalyşynyň depgini 30,6 göterim artdy.On aýyň içinde girdeji 52,3 göterim ýokarlandy.
Daşary ýurtly ýük daşaýjylaryň ýurdumyzyň howa giňişligini üstaşyr uçuşlar we ýangyç guýujyly aerodromlary üçin ulanmaga bolan gyzyklanmalary hem düýpli ýokarlandy.Awiatorlar howa giňişligini netijeli peýdalanmak we uçuşyň ähli tapgyrlarynda howa gämileriniň howpsuz we netijeli hereketini üpjün etmek üçin howa hereketiniň dolandyryş ulgamyny (HHD), hem-de gatnaw ugurlarynda we aerodrom zolagynda HHD-nyň awtomatlaşdyrylan ulgamynda peýdalanylýan padiolokasiýa desgalarynyň birnäçesini doly döwrebaplaşdyrdylar.
Mundan başga-da, Aşgabat aerodromy THALES kompaniýasynyň uçarlary enjamlar boýunça gondurmagyň döwrebap ulgamy we beýleki iň täze tehnikasy bilen enjamlaşdyryldy. Şeýlelikde, şu ýylda ýurdumyzyň çäginiň üstünden uçup geçýän howa we ýangyç guýmagy amala aşyrýan gämileriniň sany onlarça esse artdy.
Howa hereketleriniň işjeňligi hemişe artýar, çünki daşary ýurt awiakompaniýalary Ýewropa we Günorta-Gündogar Aziýanyň arasyndaky dolandyryşyň we nawigasiýanyň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan bu has gysga ugurlaryna ähmiýet berýärler. Şu ýylyň diňe on aýynda ýurdumyzyň aerodromlarynda uçarlaryň 1660-sy gondy we ýangyç guýdurtdy. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň ählisinde awia ýolagçylaryna hyzmatlaryň ähli toplumyny hödürleýän, uçarlaryň islendik görnüşlerini kabul etmäge ukyply howa menzil toplumlaryny hem-de uçuş-gonuş zolaklaryny gurmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň howa ulagynyň ösen düzümini döretmek we ony iň bir döwrebap enjamlar we tehnika bilen enjamlaşdyrmak baradaky umumy strategiýasynyň möhüm bölegidir. Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda Türkmenbaşy şäherinde halkara howa menzili, Maryda ýolagçy terminaly we uçuş-gonuş zolagy guruldy, Türkmenabatda täze döwrebap halkara howa menziliniň gurluşygy tamamlanyp barýar.
Daşogzuň aerodromynda Boing-777-200 LR uçarlaryny we uçarlaryň beýleki görnüşlerini kabul etmäge ukyply täze uçuş-gonuş zolagy guruldy.Türkmenistanyň raýat awiasiýasy özüniň düzümlerini işjeň ösdürmegi we halkara howa gatnawynyň çäklerini giňeltmegini dowam edýär.
Biziň awia kompaniýamyzyň wekilhanalary Aziýanyň we Ýewropanyň iri şäherleriniň 11-sinde açyldy. Şu ýyl awia petekleriniň satuwlaryny www.türkmenairlines.сom korporatiw saýtlary arkaly guramak meýilnamalaşdyrylýar.